Eserler | Ylýas Amangeldi

WAGT BILEN IKI-ÇÄK

Esseler | 0 teswir | 285 okalan

Ýetmiş bir ýyl mundan öň ýanyma gelipsiň. Şondan bärem ikimiz bile. Gaty köp adam, köp zat maňa sendenem ýakyn durupdy. Emma hemmesi gitdi, diňe sen galdyň.

Men saňa “Wagtym ýogam” diýipdim. Hawa, ýoksuň öýdem-de sen bar ekeniň. “Wagtym ýetenok”, “Wagtym geçdi”, “Wagtdan yza galýan”, “Wagtym bolsady”... diýibem çykdym. Ýöne Gurbannazyryň “Gazaply kazysy”, sen “mydam başymda” ekeniň. Gurbannazar halypaň ýaşka düşünenlerine gojalyp akyl ýetirjek bolýaryn.

Geldi-geçersiň öýdýärdim. ... dowamy

BEGENDIRMEGIŇ BEGENJI

Esseler | 1 teswir | 440 okalan

 

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egirip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Bir ýumagy sarap boldy-da ejem:

-         Körpejäm, hany gel seni bir gujak-gujak edeýin – diýipdi.

Ejem bizi näçe gowy görse-de, gujaklap-ogşap ýörmezdi. ... dowamy

WEZIPÄŇI BERJAÝ ETMEK

Esseler | 0 teswir | 464 okalan

 

Ýakynda bir rowaýat okadym. Ol “Ideal (kämil) ner” diýlip atlandyrylýar.

Rowaýatda dört sany syýahatçy hersi bir nere münüp ýola düşýär. Uzaga çeken hem başdan geçirmelere baý bu syýahat soňlananda syýahatçylar gören, başdan geçiren wakalaryndanam beter nerlerine haýran galypdyrlar. Nerler syýahatyň juda agyr geçen ýerlerinde-de, sähelçe-de ejizlemän uzagy nazarlap, syýatçylara gaýta syýahaty dowam etdirmäge ruhy itergi beripdirler. Şeýle wepadar, çydamly hem güýçli nerleri saýlap alanlaryna olar begenipdirler. Başga ... dowamy

AÝLAWYŇ JADYSY

Esseler | 0 teswir | 467 okalan

 Bir säwlik bilen atlaram, aýlawam kän bir göwnünden turmaýan ýoldaşym bilen aýlawa geldik. Ony aýlawa gyzykdyrmagy asla aňyma-da getiremokdym. Atlary synlamaga, keýp edip çapyşyk görmäge päsgel bermese razydym. Ol näme üçin meniň bilen aýlawa gaýtdy şoňa-da düşünmedim. Elimize çapyşyklaryň tertibini alyp ýerimize geçenimizden:

-         Ýene bedew, ýene at. Bäh, adamlar ýadanoklaram-aý – diýdi.

Sesimi çykarmadym. Oňa jogap gaýtarmak ody öz üstüňe çekmek ýaly bir zatdy. Ol ... dowamy

BIR OWUÇLYK ÝAGŞYLYK (Kyssa)

Esseler | 7 teswir | 794 okalan

Ýadymdan çykanok, o wagtlar talypdym. Häzirki döwürdäki ýaly oba gatnaýan awtobusam kän däldi. Köplenç şäherden gaýdýan uly ýoluň ugrunda düşüp oba pyýadalap gaýtmaly bolýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Obamyz ho-ol görnüpdur, talyplyk ýaşndakaň bu iki arany ýöräniňe ýöredimem diýmeli däl.  Öýmüze tarap pyýadalap ugradym. Sähel ýöremänkäm yzymdan bir ýük ulagy ýetip saklandy. Men begenip ulaga mündim. Sürüjini tanadym. Ol obamyzda toý naharyny bişirip berýän, alçak adam, Mesgendi. Olam meni tanady.

dowamy

ÝAGYŞLY GIJE

Esseler | 4 teswir | 597 okalan


Gijäniň ýary. Daşarda ýagyş ýagýar. Indiki penjireler damjalaryň şybyrdysyny öýe eşitdirmeýär. Bogunlaryňdaky agyrylar duýduraýmasa, ýagyşyň ýagýanam bildirenok. Gyş bolsun, ýaz bolsun, biziň ýagyşlarymyz ygallyk ýurtlardaky ýaly bir başlansoň hepdeläp, hatda aýlap diňmäni bilmeýän ýagyşdan bolmansoň, bir salym ýagar, diňer. Bu-da Gün dogmanka diňse gerek. Gadyrly myhman ýaly, geler-gider. Gelende begendirer, gidende-de bir hili özüni küýsedýän inçe duýgulary goýup gider. Damjalary teşnelik bilen özüne siňdirýän topragyň haly, gör, niçikdir? Ýagyşyň ... dowamy

ÝENE ÝARYM SAGATDAN...

Esseler | 0 teswir | 637 okalan

Ýene ýarym sagatdan gije sagat12- i bolýar. Emma şol ýarym sagat geçýänçä gije-gündiziňdolanok. Göräýmäge ýarym sagat hiç zat. Ine, öňümdäki galanja ýyllaram (kim bilýär aýlardyr, günlerdir?) geçmese, ömrüm dolmaz, doly gutarmaz. Küşdi ömür bilen deňeşdirsek, häzir men endişpilde (oýnuň jemleýji bölegi, soňy). Debýudy (oýnuň girişini) nähili geçirenimem bilemok. Çöplerimi çem gelen ýerlere göçüpdirin. Soň, mittelşpilde (oýnuň ortasy) şonuň üçin kösenmeli bolupdym. Indem, endişpil... Kimler oýnuň soňuny “utuşly” geçirjek bolup “halk ýazyjysy”, ... dowamy

ÖMRÜŇ MANYSY

Esseler | 2 teswir | 1571 okalan


Täze ýylyň bir aýy gecip barýar. Muňa begenmelidigimem ýa-da tersine, gynanmalydygymam anyk bilemok. Ömrümden ýene bir aýyň duýman durkam diýen ýaly gecip gidenine gynansam gynanyp oturmaly. Edil şonuň ýaly ömrümiň heniz tamamlanman ýene bir aýy ýaşamagyň maňa-da nesip edenine begensemem begenip oturmaly. Günüme şükür, il bilen deň ýaşap ýörün. Töweregimde salam berýänleriň özüme bildirmän köpelip gidip oturşyna begenýärin. Salam berýänlerimiň azalyp gidip oturşyna-da, ýüregim gyýylýar.

Görsene, özümdenem ... dowamy

ÝYL TÄZE

Esseler | 0 teswir | 1137 okalan

Täze ýyl baýramy täzelenmegiň baýramy. Bu baýrama taýýarlanyp agaçlar bireýýäm könelen ýapraklaryny dökdüler. Ýagyşa suwa düşünip, gara süpürindiler. Olaryň şahalaryna gonýan guşjagazlara çenli ýeleklerini çalyşdylar. Aşakda toprak ýüzündäki buzuň eräp, üstüne ekin ekilmegine, gursagyna täze tohumlaryň atylmagyna garaşyp ýatyr. Öňki owlak-guzularynyň sesini unudan goýun-geçiler, böwürlerini deňleşip ýörler. Olar sähralary, giň çöl alaňlaryny täze mäleşmeler bilen doldurjakdyklarynyň buýsanjy, aladasy bilen ýaşaýar. Daglarda daşlaryň sessiz ýatyşy garlaryň ... dowamy

WELOSIPEDÇILER MAŞGALASY

Esseler | 1 teswir | 1683 okalan

 

(oçerk)

Türkmenistanda welosipedçileriň arasynda ilkinji çempionlaryň biri kakam Amangeldi Hangeldiýew agaç tekerli tigirlerem sürüpdir. Soň, 1930-njy ýyllarda süren welosipedleri içgili-daşgyly demir tekerleriň ýaňy çykan döwri eken. Şol ýyllary göz öňüne getiriň. Häzirki ýaly asfalt köçeler ýok, gumak ýollar. Käýerde bir oba. Atly arabalar esasy ulag. Şol arabalaryň geçen ýoly at toýnagyndan ýaňa küpürsär ýatar eken. Şeýle ýollarda-da welosiped ýaryşlary guralar eken. Şeýle ýaryşlaryň birinde Arçmandan Aşgabada ugramankalar kakam ... dowamy

ÝÜREK URMAK BILEN ÇÄKLENMEÝÄR

Esseler | 1 teswir | 1468 okalan


 

Beýik Pyragy:

„Dostlar, ne müşgül işdir, gowuşyp aýrylyşmak,

Wysala magrur olma, hijrana nazar eýle“

 

– diýip gidipdir.Onuň bu sargydyny tutan, beýik halypanyň soňky döwür şägirdi Gurbannazar Ezizow:

Körpe, köpden bäri saňa hatam ýazamok. Içiň gysman durýarmy? Gullugyň agramly bölegi ýörişdir. Ir bilen turup, düşegiňi düzedişdirip, ýuwunyp-ardynyp, soňam hatara durýansyňyz. Kakadygym sebäplem bolmagy mümkin, maňa siziň şol hataryňyzdan owadan, janlandyryjy, ruhuňa güýç goşýan gözellik ýok ýaly görünýär. Egin-eşikleriňizde, ýüzüňizde-gözüňizde ýekeje-de artykmaç ýygyrt, salam-sajaklyk, bidüzgünlik – adamy ruhy taýdan çökgün görkezýän ... dowamy

HAÝYR SÖÝERLIK

Esseler | 2 teswir | 1176 okalan


 

 

Ýaşaýyşdaky hereketlilik, nämedir bir zatdan gijä galyp barýan ýaly adamlaryň alňasap ýörişleri, bir tarapdan ýaşaýşy gyzykly edýänem ýaly. Adamlarda erjellik, göreşip gazanmak we gazananlaryň gadyryny bilmek artýana meňzeýär.

Elbetde, kim gaýkyny söýýär, kim küýküni. Kimiň dogumly, kimiňem parahat ... dowamy

Direg, "Miwe köp bolsa eger..."

Esseler | 1 teswir | 1286 okalan

            Dünýäni saklaýan zat ölümdir öýderdim. Dogrusy ilki başda, ýaňy dünýä diýlen şäheriň gyrasyndan girip ugramda "Munuň diregi söýgi" diýipdim. Soň söýgüden, şo ýyllardaky düşünýän söýgümden daşlaşyp, ol direg ynamdyr diýen karara geldim. Emma dil bilen näçe düşündirilse-de, edil "Ussasyny" düşündirip bolmaýşy ýaly, düşündirip bolmaýan "şäheriň" öwrümli köçelerinde entedigimçe ynamyň direg derejesinden ejizdigi, ynamam saklaýan bir diregiň bardygy barada oýlanyp ugradym. Ýogsa ynam uly güýç, gaýrat, kuwwat çeşmesi. Bu çeşme saňa tarap bir ... dowamy

SAG GÖZÜM, ÇEP GÖZÜME MÄTÄÇ

Esseler | 0 teswir | 1187 okalan

 

Beýik Pyragyň «Sag gözi çep göze mätäç eýleme» diýen meşhur setirini bilmeýän türkmen az-az bolsa gerek. Menem goşga düşünelim bäri bu setiriň, tutuş şol goşgunyň aşygy. Mundan soňraky aýtçaklarym Beýik akyldar şahyryň bu sözleri bilen sazlaşykly gitmeýän ýaly görünmegem mümkin. Gurbannazar Ezizow «Men nire, sen nire eziz Pyragy!» diýip ýazypdy. ... dowamy

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 0 teswir | 1231 okalan


 

DÖRDÜNJI HAT

 

Körpäm, gowumydyr ýagdaýlaryň?

Bu haty ýazmak pikirimde-de ýokdy. Senem oňa garaşan dälsiň. Kakamdan ýene bir hat geldi diýip begenensiň. Men welin, ... dowamy

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 4 teswir | 1604 okalan

 

          Birinji hat.

 

Körpe saglykmydyr!

 

«Kakam näme üçin maňa hat ýazanok, hat ýazsyn-la» diýeniňi okap, saňa hatyň birini däl, ikisini, ... dowamy

ŞARDAN GORKÝAN ÇAGAJYK

Esseler | 0 teswir | 1126 okalan


Bir gyzjagazyň şardan gorkýanyny eşidip bir bada geň galdym. Heýem şardan gorkularmy? Çagaň gowy görüp oýnaýan zady şar dälmi näme? Emma, ojagaz hakykatdan şardan gorkýan eken. Şary gördügi, götünjekläp, aglamaga başlaýar. Ejesi, çagaň bir şary oýnap ýörkä gujagynda ýarylanyny, şondan bärem şardan gorkýanyny aýdyp öýdäki şarlaryň ýellerini goýberişdirdi. Men gyzjagazy gujagyma aldym. ... dowamy

GYLDANAM INÇE...

Esseler | 1 teswir | 1352 okalan

 

 

Ömrüň tanapyna-da gyl ýaly inçe diýýärler. Syrat köprüsem gyldan inçe, gylyçdan ýitimiş. Gyl sözi, halk rowaýatlarynda, aýtgylarymyzda-nakyllrymyzda kän geçýär. Ýogsa ol siňe seretmeseň känbir göze-de ilenok. Durmuşda-da inçe senediň ussadynyň çyzyklary mysaly, ujypsyzça mähir ýürege üýtgeşik gözellik bolup ornaýar.

 

«Entek oglan bolýaň» diýseňem hakyň bar. Çünki, aklym kesýär, altmyş ýaşla-da oglan bolýaň diýse agasynyňky dogrudyr. Oglan diýmek beýle-de dursun, käýýemäge-de, urmaga-da, agamsyň hakyň bar. Saňa «siz» diýip ýüzlenip, garşyňa gitmejek boldum. Pikirimi aýdaryn, haçanda aýt diýseň, ýa-da seniň ýeriňe aga bolamda diýdim içimden. «Giç bolmazmy?» diýip, şeýtan ... dowamy

DILEG

Esseler | 0 teswir | 1094 okalan

 

Dünýä meşhur kino eserleriniň biri («Stalker» A. Tarkowskiý) şeýleräk esasda alnypdyr. Barylmasy gadagan edilen bir ýerde bir jaý bar. Şol jaýa baryp kim näme dileg etse, şol bada hasyl bolýar.

Ertekä çalymdaş bu esas filimde örän hakyky, şeýle bir çynlakaý görkezilýär welin, ... dowamy

ŞEMAL BILEN SÖHBET

Esseler | 0 teswir | 1128 okalan

 

Aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. Geldi-de elini egnime goýdy. Men onuň elini gysmakçy boldum. Ol bolsa, boýnuma saraldy. Soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. Gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! Haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zady gaty görlenok?!