AÝLAWYŇ JADYSY
Bir säwlik bilen atlaram, aýlawam kän bir göwnünden turmaýan ýoldaşym bilen aýlawa geldik. Ony aýlawa gyzykdyrmagy asla aňyma-da getiremokdym. Atlary synlamaga, keýp edip çapyşyk görmäge päsgel bermese razydym. Ol näme üçin meniň bilen aýlawa gaýtdy şoňa-da düşünmedim. Elimize çapyşyklaryň tertibini alyp ýerimize geçenimizden:
-
Ýene bedew, ýene
at. Bäh, adamlar ýadanoklaram-aý – diýdi.
Sesimi çykarmadym. Oňa jogap
gaýtarmak ody öz üstüňe çekmek ýaly bir zatdy. Ol bir salym dymdy-da, birinji
çapyşyga goşuljak atlar görnüp ugrandan ýene başlady:
-
Ynanaý, şu atlaryň
reňki başga diýäýmesem bary birmeňzeş-dä.
Biri ozup, biri galjaga-da meňzänok. Gurjak ýaly-da, deň tow berip deňem
goýberseň, towlary gutarýança bile giderler, bile-de durarlar.
Aýlawda bir-biregiň gürrüňine
goşlmak geň hasap edilmeýär. Her kim ýaýdanman pikirini aýdyp, köne tanşyň ýaly
gürrüňe goşulşyberýär. Çapyşygyň, atlaryň täsiri “Biri bilen gürleş, içiňdäkini
paýlaş” diýip günüňe goýmaýan boldugy-da. Aýlawdakylar şeýdip pikirini aýdyşyp,
jedelleşip, gyzygşyp bir-birleri bilen bir göwrä öwrülýär. Şowhun, şagalaň
emele gelýär. Ýoldaşymyň aňyrýandaky oturan ýigidem bize goşuldy:
-
Häzir görersiň, şol
gara atyň ediberşini. Gurjakmy, dälmi bilersiň.
Ýoldaşym tanamaýan birisiniň özüne
gönüläp jogap berenine ýüzi üýtgäp gitdi. Oňa meni tanaýandyr öýtdi. Menem syr
bermän atlary synlap otyryn. Birden menem ýaňky ýigide:
-
Gara at diýýäň weli
ýasmanlylaryň melesem-ä gurat görünýär – diýdim.
Ýigit ýoldaşymdan üstaşyr
ýylgyryp seredip maňa jogap berdi:
-
Şol ikisinden biri
gelmeli-dä sag-aman ýola düşseler. At tanaýan ekeniňiz agam.
Menem ýylgyrdym. Ýoldaşym biparhsyrap
ýüzüni eýläk-beýläk sowan boldy. Biziň bolşumyzyň üstünden gülýän ýaly
syrtaryldam. Menem oňa ähmiýet bermedim. Elbetde, göwnüňe ýaramaýan zada bolan
garýyşyňy içiňde saklamagam, gowy gören zadyňa gyzyklanmagy gizläp bolmaýyşy
ýaly kyndyr-da. Birinji çapyşyk başlandy. Atlar hakykatdanam deň güýçli
bolansoňlar bir toplum bolup barýardylar. Dura-bara atlaryň arasy açylyp ugrady.
Soňky öwrümden pellehana tarap gaýdylanda hälki gara bilen mele at
beýlekilerden saýlanyp öňe düşdüler. Olar burun deňläp, ok ýaly gelýärdiler.
Ikisiniňem yza galasy gelenok. Çapyksuwarlaram elderinde baryny edip olary
gyssaýarlar. Tomaşaçy märekäňem şowhuny barha güýjeýärdi. Ýanymyzdaky ýigit
ýetişibildiginden “gara, gara” diýip gygyrýardy. Menem mele atyň adyny tutup
gygyrman durup bilmedim. Toýnaklar deň urulýar, gamçylar deň işleýär. Haýsy
alar? Çapyşyk hemmäni doly erkine alypdy. Atlaryň bolup gelşi oglanyrak bolsaň
duran ýeriňde bökdürjek. Pellehana-da golaý. Birden atlara parhsyzsyraýan
ýoldaşymyňam “mele” diýip gygyrany gulagyma degdi. Atlar pellehana alkymlap
gelende ol “Mele ozdy, mele” diýip gygyrdy. Hakykatdanam pellehanadan mele at
garadan bir boýun öň geçdi. Ýoldaşym arkama kakýar. Ýanyndaky nätanyş ýigide
seredýär. Ýigidem ýylgyryp “Gözüňiz aýdyň” diýdi. Menem hamala öz atymyz ozan
ýaly oňa sag bol diýdim.
Ikinji çapyşykda atlar hasam
deň güýçlüdiler. Birini goýup beýlekisini saýlar ýaly däldi. Bize goşulşan
ýigit bilen çapjak atlaryň haýsysynyň öň geljegi hakynda çaklamalarymyzy
aýdyşýardyk. Ýigit:
-
Birinji belgili
bilen dördünji belgili geçen çapyşyklarynda gowy çapdylar. Ýedinji belgidäkem
gaty ýyndam at. Siz näme diýýäňiz – diýip, ol maňa seretdi.
Menem dördünji belgidäki seýisi
bilen çapyksuwarynyň hasabyna ozaýmasa, ýedinji belgili ondan has gowy at eken diýdim.
Ol meniň bilen ylalaşdy. Soň bolsa dördünji belgili atyň seýisiniň atasy
hakynda eşidenlerini gürrüň berdi.
-
Baba Annaseýidow diýip
eşidipmidiňiz?
Men oňa “Hawa, hawa” diýip
jogap berdim. Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň meşhur seýisi. Häzir onuň
nebereleri aýlawda tanymal seýisler.
-
Baba seýisiň
elinden geçen meşhur atlaryň arasynda Ýelhan diýen bir demir gyr atam bolupdyr.
Ol belli bir menzilde öňüne at geçirmändir. Emma aralyk onuň çapýan menzilinden
uzasa, galar eken. Muny garşydaş seýislerem bilip, bir uly baýrakda eminlere
haýyş edip menzili uzaltdyrypdyrlar. Babaň menziliň üýgedilmegine garşydygy
hakyndaky aýdanlarynam hiç kim goldamandyr. Şonda ol başga bir seýisiň atynyň
adyny tutup: “Şu at bilenem ozaryn” diýipdir. Onuň “ozaryn” diýýän aty baýrakly
çapyşyklara goşulsa-da birinji üçlüge-de düşüp bilmän gelýän at eken. Baba
aýdyşy ýaly şol atyň seýisi bilen gepleşip, ony özi çapyşyga taýýarlapdyr. Aty
her gün münüşe çykarýan ekenler. Baba-da ony münüp özüçe seýisleýän eken. Soňam
ýene aty eýesine gowşurýan eken. Şeýdip ol şol aty on bäş gün seýisläpdir. Uly baýrakda-da ony özem çapyp ozupdyr. Soň aty
ýene öňki seýisine beripdir. At ýene öňküsi ýaly ortaça çapypdyr. Onuň seýisi
ýogsa Baba atymy nähili seýisleýärkä diýip ondan gözüni aýyrmandyr. Üýtgeşik
eden zadynam görmändir. Emma Babaň her gezekgi müngüsiniň atyna gowy täsir
edýänini görüpdir. Baba Annaseýit diýilýän şeýle ussat seýis eken.
Biziň üçimizem Baba Annaseýidiň
neberesiniň seýislän atyna janköýerlik etdik. Dördünji belgidäki at gaty
çekeleşikli geçen çapyşykda garşydaşlaryndan bir dogabagy aralyk öň geçdi. Soň
üçünji çapyşyk, dördünji, bäşinji... on çapyşygyň onusam geçdi. Olaryň hersinde
bir ata janköýerlik edip toý gününiň nädip tamamlanynam bilmändiris. Atlaryň
reňkinden başga zady bilmeýän ýoldaşymam günüň nädip beýle çalt geçenine haýran
galdy. Ol menden indiki aýlaw günem geljekmi diýip sorady. Menem nesip bolsa
diýdim. Ol “Gideňde habarlaşaly. Elim degse menem geljek. Hezil ekenä aýlaw
diýilýän” diýdi. Onuň “eliniň degjegi”, aýlawyň jadysyna düşendigi gözünden
görnüp durdy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.