BIR OWUÇLYK ÝAGŞYLYK (Kyssa) | Eserler | Ylýas Amangeldi

BIR OWUÇLYK ÝAGŞYLYK (Kyssa)

Esseler | 7 teswir | 794 okalan

Ýadymdan çykanok, o wagtlar talypdym. Häzirki döwürdäki ýaly oba gatnaýan awtobusam kän däldi. Köplenç şäherden gaýdýan uly ýoluň ugrunda düşüp oba pyýadalap gaýtmaly bolýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Obamyz ho-ol görnüpdur, talyplyk ýaşndakaň bu iki arany ýöräniňe ýöredimem diýmeli däl.  Öýmüze tarap pyýadalap ugradym. Sähel ýöremänkäm yzymdan bir ýük ulagy ýetip saklandy. Men begenip ulaga mündim. Sürüjini tanadym. Ol obamyzda toý naharyny bişirip berýän, alçak adam, Mesgendi. Olam meni tanady.

-         Okuwdan gelýärmiň?

-         Hawa – diýip, başymy atdym.

-         Hany onda, jaýlaşykly otyr, men seni öýňüze çenli äkidip, bir owuçjyk sogap gazanaýyn – diýdi.

Men ýat öýe giren ýaly çugtduryp oturanymy duýup, arkanyrak süýşüp, rahat oturdym.

-         Sogaby owuç bilen ölçeýärlermi, Mesgen aga?

-         Haý senem-ä. Bedreläp ölçenýän sogaplaram bar.

Geňirgenip, obdaşymyň ýüzüne seretdim.

-         Näme geň görýäň? Ýagşylyk, haýyr iş, sogap – bularyň bary hasaplydyr. Bihasap zat ýog-a, ýaňky uly ýoldan oba çenli ätjek ädimiň sanynyň bolşy ýaly.

Meni “bedreläp” gazanylýan sogabyň nämedigi gyzyklandyrýardy. Mesgen gürrüňini dowam etdirdi.

-         Halyknazar agany-ha tanaýansyň?

-         Gündogar başda oturýan, uzyn adammy?

-         Edil özi, biziňem goňşymyz. Arada gapysyndaky dalbarysynyň üzümlerini kesjek bolup ýykylypdyr. Çep eli goşaryndan jaýrylypdyr. Olaň üzümini mundan öň Söýün kesip berýärdi. Bu ýylam kesjek eken. Halyknazar agaň özi Söýüne azar bolmajak bolupdyr. Görýäňmi, inijik, Söýün Halyknazar agalaň her gezek üzümlerini kesip berende nähili ýagşylyk edýän eken? Talyp bolsaň hasapdan başyň çykýandyr, hasapla-da. Meňki ýaly bir owuj-a bolmaz. Bedrä-de sygmazmyka diýýän. Hä?

Meýlis aga “hä” diýip ýene bir gaýtalady-da, bir eli bilen böwrümi gyjyklan boldy. Biz gülüşdik.

-         Ýa olar ýaly hasaby entek geçeňizokmy? Mekdepde okaýan gyzjagazym-a kynyrak sorag berseň, “Biz entek ony geçemizog-a” diýäýýär.

Oba-da ýetdik. Köçämiziň deňinde düşüp galmakçy boldum.

-         Beý, obadaş, gazanjagymam bir owuç ýagşylyk, ýa şonam maňa kän görýärmiň? – diýip, agyr ýük ulagyny öýmüze tarap sowdy. Getirip gapymyzda düşürdi. Taňryýalkasyn aýdyp, düşüp galdym...

Ondan bäri elli ýyl geçipdir. Halyknazar agalaram ýok, Söýünlerem, Mesgen aga-da. Ýöne onuň “bir owuçjyk” ýagşylygy welin ýadymdan çykanok. Agyr ýük ulagyny sowup, öýmüze düşüreni üçin däl, onuň “bir owuçjygam” bolsa ýagşylyk etjek bolup ýaşamalydygy hakynda beren sapagy üçin. Eliňden gelse, sähelçe zadam bolsa, adamlara ýagşylyk edip, sogap gazanyp ýaşamalydygyny aňyma şeýle berk guýup bileni üçin Mesgen aga belki “bedrä-de” sygmajak sogap gazanandyr. Şondan soň bu öwüdi mydam ýadymda sakladym diýsem ýalançy bolaryn. Ony unudyp, köp-köp sogaplary gazanmagyň deregine, deňimden geçirenime gynanyp oturýan. Ýöne ony ýatlan gezeklerim, “Bu gün näçe owuçlyk sogap gazandymkam?” diýip özümden soraýanym ýadyma düşýär.

Indi-hä garralypdyr. Biriniň ýüküni göterşeýin diýjek gümanyňam ýok. Gaýta seniň ýüküňi göterişýärler. Gojalygyň iň erbet tarapam şu bolsa gerek – eliňden  gelýän ýagşylyk gaty az. Ýöne onam diýmeli däl, başga biriniň saňa kömek etmegine, şeýdibem sogap gazanmagyna sebäp bolýan, “Öwredip ýüregimize düşdüň” diýdirmän, bilenjämi aýtjak bolýan. Arman, olaryňam möçberi owuçdanam kiçi bolaýmasa?

Teswirler (7 sany)

Yunus:
20 Aprel, 2024

Agam tuweleme soz yok agam sizden bir hayys men elimde atly kitap ba nadip su sayta yerlesdirmeli?

Yunus:
20 Aprel, 2024

Erbet dal

Yunus:
20 Aprel, 2024

Erbet dal. eser biraz gyzykyly bolayjak yaly wn biraz gyzyksyz

Yunus:
20 Aprel, 2024

Boljak esasy zat eserin ozune cekijeligi bolmasy.

Kerwen:
21 Aprel, 2024

kerwen:yunus sen aydyan sozlende azajyk jan bar eser biraz gowy yazylmandyr

kerwen:
22 Aprel, 2024

ylyas aga soz yok sular yaly eserlerin howri kop bolsun ylyas aga men haÿysymy bitirip bera agam

:
28 Aprel, 2024

ylyas aga teswire jogap berinda hickim siziñ eserñizden kanagatlanoklar gowja ÿazyñ ya bolmasa biznes kitaplar goÿuñ...?

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.