ÝAGYŞLY GIJE
Gijäniň ýary. Daşarda ýagyş ýagýar.
Indiki penjireler damjalaryň şybyrdysyny öýe eşitdirmeýär. Bogunlaryňdaky
agyrylar duýduraýmasa, ýagyşyň ýagýanam bildirenok. Gyş bolsun, ýaz bolsun,
biziň ýagyşlarymyz ygallyk ýurtlardaky ýaly bir başlansoň hepdeläp, hatda aýlap
diňmäni bilmeýän ýagyşdan bolmansoň, bir salym ýagar, diňer. Bu-da Gün dogmanka
diňse gerek. Gadyrly myhman ýaly, geler-gider. Gelende begendirer, gidende-de
bir hili özüni küýsedýän inçe duýgulary goýup gider. Damjalary teşnelik bilen özüne
siňdirýän topragyň haly, gör, niçikdir? Ýagyşyň şeýle çalt geçenine gynanjyna
ol bugaryp, ümür-dumana bürener. Howada-da kir-kimir galmaz. Ýapragyny döken
agaçlaryň şahalary ýagyş suwuna suwa düşünendiklerine, onuň damjalaryny özlerine
siňdirip bildikleriçe siňdirendiklerine, armanlary ýokdur. Arman, bu uzaga
çekmez, olar sähel şemala gurar. Ümür syrylyp, topragam çalygar.
Çygly ýurtlarda munuň şeýle
bolaryna ýagyşly günden beter garaşýarlar. Bulutlar syrylyp, bahymrak Gün
çyksady diýýärler. Biz welin onuň tersine, ýagyş uzak ýagdygyça begenýäris. Gadyrly
myhmany öýden ugradasymyzyň gelmeýişi ýaly. Ýöne myhmanyňkam üç gün. Bizde
ýagyşam diňmän, setanda-seýranda bolaýmasa, üç gün nire, bir günden kän
ýaganok. Bu gezegem şeýle boljakdygyny “howa maglumatçylary” öňünden aýdandyr.
Ukudan doly açylan aňymdan “Ömrüňi
şu ýagyş ýaly gysga-da bolsa, siňňitli ýaşap geçirsediň” diýen pikir geçýär. “Özüňem
ýadaman, töweregiňem ýadatman, gideniňden soň küýselip durlar ýaly ýaşap
geçsediň” diýlen düşünjeden, dogrusy, beýnim ýagyr bolandyr. Ony gaty köp ýerde
eşitdimem, okadymam. Ine, özümem içimden gaýtalap otyryn. Ol her kimiň elýetmez
arzuwy ýaly. Jygba-jyga gelse welin, janyň sag, süňňüňe buýrup, bir gün artyk
ýaşap bilseň şonça gowy. Ýaşamak ýadatmaýar.
Ýaşaýyşyň özi-hä, milliomlarça
ýyl bäri dowam edip dur, ýene-de dowam eder diýýärler. Ýöne heňňam garramaýar
diýselerem, onuňam garraýandygyny alymlar aýdýar. Geçmejek zat, diňmejek ýagyş
ýok bolmaga çemeli. Ýagyşdan soň bolsa, dünýä has tämiz, päk, arassa bolýar...
Görogly näme üçin özüne 120 ýaş
diledikä? Has dogrusy, “Görogly” eserini döredenler oňa näme üçin şeýle uzak
ýaşy diletdilerkä? Dünýeden gansyn diýipmi? Içinde Çardagly Çandybiliň arassa
howasyndan ýene bir gezejik kükregimi dolduraýyn diýen arman galmasyn
diýdilermikä? Ol ahyrynda şeýle-de boldumyka? Eserde Watanyny duşmanlaryndan
gorajak bolup, ahyrky demine çenli elinden egri gylyjyny düşürmedik Görogly,
ömrüniň tamamlanjak pursadynam ýadyndan çykarana meňzeýär. Ol “Bu gün meniň
ömrümiň soňky güni, aýagymy uzyn salyp ýataýyn-la” diýmändir. Dogrusy, muny oňa
diýdirmändirler.
Halk gahrymany şeýle-de
bolmaly. Çünki her kim ondan görelde alýar, ömrüni onuňka meňzeş geçirmäge
çalyşýar. Oglanlygyndan her kimiň Görogly, Bezirgen bolmak arzuwy. Genjim baýa
deňeseler welin gaharyň geler. Gyzlaryň Agaýunus peri, ýa Aýsoltan bolasy
gelýändir. Görogly ýaly ýigide ýanýoldaş ýa Bezirgene uýa bolmak
üçin.
Aýnanyň ýüzünden syrygýan
damjalar ejemi ýatlatdy. Onuň pagta ýaly ýumşak elleri bardy. Şol ellere başymy
goýmagy halardym. Körpeligimden bolmagam mümkin.
Ýadyma düşýär bir giden
ýerimden uzagyrak eglenip gelip, kakam bilen elleşip görüşemde, elimi goýberesi
gelmändi. Menem utanypdym. Soňam ol gülüp: “Iýen-içeniň özüňki, hany,
gören-eşidenleriňden habar ber” diýdi. Ýüzüne göni seretmäge çekinýän kakama
gören-eşidenlerimi nädip habar bereýin?! Öz jaýyma girip çykman oňdym. Gulagym
welin kakam dagyň bolýan otagynda. Kakam ejeme bir zatlar diýip gülýär. Maňa
gülýändir. Menem bärden ýylgyrypdym... Häzirem ýylgyranymy bilmän galypdyryn.
Soň ejem kakamyň nämä gülenini gürrüň beripdi. Men bäbekkäm erbet igläpdirin.
Adam bolmaz öýdüpdirler. Kakam şony ýatlap: Tüweleme, ýigit çykaýdy” diýip
gülüpdir... Ýyl geçip dur. Kakalar özleriniň garraýandyklaryny unudyp,
ogullarynyň ýigit çykanyna begenýärler. Nähili geň dünýe!
Ýagyşyň her damjasyny bir
perişde göterip gelermiş diýip eşidipdim. Çynmy-ýalanmy bilmedim, ýöne olar
ýönekeý damjalar-a däl. Ýagyşyň aşagynda durup, elimiň aýasyna ýygnananja
damjany ýüzüme sylaýyn diýdim. Ýatanlary örüzäýmäýin diýip, pişik basyşyny edip
öýden çykdym. Gökden ýagýan gar gatyşykly ýagyş eken. Şabyrdap, sesem edenok,
ümsümje ýagyp dur. Onýança öýden biri çykdy.
-
Ata, ukyň
tutanokmy? Sowug-a, üşäýme.
Bu on bir ýaşlyja agtyjagym.
-
Bardym, oglum,
bardym. Maňa diýýäň, özüň üşärsiň. Egniňem ýuka.
Biz derrew öýe girdik. Eneleri,
doganlaram oýanypdyr. “Öýüň doly perişdekä, ony ýagşyň aşagyndan gözläp ýörmäň
näme?” diýip özüme käýindim.
Teswirler (4 sany)
hmm...erbet dal yaly eser
ylyas aga mynyña gowy bolmandyr.
ylyas aga mynyña gowy bolmandyr. Mena halamadym.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
arzuwcyl: gowy eser eken ylyas aga howri kop bolsun agam