ÝENE ÝARYM SAGATDAN... | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÝENE ÝARYM SAGATDAN...

Esseler | 0 teswir | 637 okalan

Ýene ýarym sagatdan gije sagat12- i bolýar. Emma şol ýarym sagat geçýänçä gije-gündiziňdolanok. Göräýmäge ýarym sagat hiç zat. Ine, öňümdäki galanja ýyllaram (kim bilýär aýlardyr, günlerdir?) geçmese, ömrüm dolmaz, doly gutarmaz. Küşdi ömür bilen deňeşdirsek, häzir men endişpilde (oýnuň jemleýji bölegi, soňy). Debýudy (oýnuň girişini) nähili geçirenimem bilemok. Çöplerimi çem gelen ýerlere göçüpdirin. Soň, mittelşpilde (oýnuň ortasy) şonuň üçin kösenmeli bolupdym. Indem, endişpil... Kimler oýnuň soňuny “utuşly” geçirjek bolup “halk ýazyjysy”, bolmanda “at gazanan” boljak bolup, soňky güýjüni goýup ýör. Kim bolsa ”Şunça ýyl ýaşan bolsaň gowumy-erbet bir ady şeýle-de gazanansyň” diýýär, gülýär. Başga biri bolsa, “Seň gülki ýadyňa düşýär” diýip gatyrganýar. Menem içimden pikir edýän:”Endişpilde-de edil debýutdaky ýaly gowşak göçümleri edýän bolaýmaýyn?”

Oýny nähili başlanyňa ser salyp bolýar. Oýnuň soňuna bolsa baha-da berip bilmersiň. Ömrüm manyly gutarsa gowy dälmi näme? Manyly bolanda nähili bolýar? Şonam, çintgäbersem bilerin öýdemok. Yzymda baýlyk galmajagymy bilýän. Birki kitap, olam syçanlara iýmitlik bolmagam mümkin. Birki kino. Olam gury tekje saklap ýatmasa? Iküç dost. Olaram yzýanyň ýa öňýanyň giderler. Çagalaň? Olaryňam hersiniň öz ömri, ýazgydy, görjekleri bar. Oňa meniň indi dahylymam ýok diýseňem bolýar. Näme galdy? Gidirlen çöpler, düşülen duzaklar, ahmyr, arman... Kemine şahyr diýmänmidir “Owal arman, ahyr arman,/ Ýol saldym armana garşy”.

Ýaňy-ýakynda “Kakam bizi nähili gowy görerdi” diýip ýatlap, gözüme ýaş aýlanymy bilmän galypdyryn. Bolmanda şol söýgüni ödänem bolsam bolardy. Şonam başarandyryn öýdemok. Şonam diýip kiçeldip aýtmadym. Ol meniň ilkinji etmeli, ilkinji ödemeli borjum bolany üçin diýdim.  

Çöpleriňi aldyryp, utulmaga tarap ýuwaş-ýuwaş göçüm etmekden kyn zat ýok. Onda-da oýnuň düzgüni şeýle tä utulýançaň göçmeli. Indiki, ertirki göçümim näme bolar? Bu gün bir derekli göçüm etdimmi? Ýa düýn?..        

Nämäniň derekli, nämäniň dereksizdigi hakynda pikir edemde bir rowaýat ýadyma düşdi. Bir soltanyň akylly piri bar eken. Ol pir soltana mydam, o dünýesini ýatladyp gezer eken. Ilki o dünýäň, soň bu dünýäň aladasyny et diýer eken. Emma soltan adam, o dünýesini bu dünýesinden öňe geçirip bilýärmi?!

Bir günem soltan pirini alyp gelmegi buýrupdyr. Buýrugy ýerine ýetirmäge gidenler barsalar, pir süýji ukuda ýatan eken. Emma buýruk soltandan! Ony berjaý etmän bolmaýar. Piri oýarýarlar hem soltanyň öz huzuryna çagyrýandygyny aýdýarlar. “Başga wagt tapan dälsiň?!” diýip, käýinjiräp pir köşge gelýär. Soltan pirini gaharly, bir hili öýkeli ýaly görýär.

-         Pirim, näme göwnüňe degen barmy, ne beýle gaharlysyň?

-         Nökerleriň meni şu wagt alyp gaýtmanlarynda bolmadymy? Ne gözel uklapdyryn.

-         Ukudan oýardylar diýip, soltanyň huzuryna gaşyňy çytyp gelmek gelşiksiz dälmidir?

-         Haý, soltanym. Ýöne bir uky däldi. Düýş görüp ýatyrdym. Düýşümde meni bir ýurda soltan edýärler. Ýaňy täjimi geýjek bolup durkamam turuzdylar.

Soltan piriniň bu gürrüňine gülüpdir hem:

-         Seň göreniň düýşdäki bir soltanlyk. Oýanyp gözüňi açdygyň, ol ýok. Şoňa-da şeýle gynanarlarmy? – diýipdir. Pir hem soltanyna:

Meniň şol soltanlygym gözümi açdygym gutarmaly, bu aýdanyň dogry. Seniňem soltanlygyň gözüňi ýumdugyň gutarar – diýip, jogap beripdir...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.