GURJAKLYJA GYZJAGAZ
Gyzjagaz gurjak oýnaýar.
Gurjagyň bilen gürleşmän nädip oýnajak? Öz gürüňlerini diňe özleri eşidýär.
- -Gurjajygym, sen oglanjyk, men gyz. Nähili
gowy! Gowy gerek? Men dünýä inemde kakam dagy ilki begenmändirler. Soň
begenipdirler. Olam bilýärmiň näme üçin? Oglan jigsine seredişer diýip
begenipdirler. Oglan jigim bolýança men saňa seretmeli. Oglan gurjagy maňa
kakam ýörite gözläp tapyp getirdi. Sen nähili gowyja! Saçyňam buýraja. Aýdymam
aýdyp bilýäň.
Gyzjagaz gurjagynyň böwrüne
basyp oňa aýdym aýtdyrdy. Gurjakdan gelýän aýdym şowhunly bolsa-da gyzjagaz ony
diňläp otyrka çalaja ýylgyrmadam. Kakasy gurjagy getiräýende onuň aýdymam
aýdýandygyny görkezipdi. Şonda gyzjagaz begenjine aýdymyň heňine tans
edýänlerden bolup eljagazlaryny galgadypdy. Emma häzir aýdym gutarýança ol
sessiz oturdy. Aýdym gutaransoň örüme gelip ugran saçlaryny gulagynyň ýeňseine
geçirip gurjagyny gujagyna aldy. Ony bagryna basdy.
-
Meniň akyllyjam.
Bilýäňmi oglanlar gyzlardan näme üçin gowy bolýarlar? Olar toý edenlerinde
toýlaryna begenýärler. Gyzlar toý edende gaýta aglaýarlar. Özlerä toý edýärler,
özlerem aglaýarlar. Nädip aglamasynlar, öýlerinden gidýärler. Menem ulalyp
şeýdip gidemde aglaryn. Ýöne sen aglaýmagyn. Sen aglasaň, onda ... onda...
men nädip gidern? Sen aglabam bileňog-a. Ajygaňogam, suwsaňogam. Diňe meni gowy
görýäň hem meniň ýanymdan aýrylasyň gelenok. Ýatamda-da ýüzüme seredip otyrsyň.
Ýatyrsam welin ýatýaň. Gözjagazlaryňy ýumup derrew uklaýaň. Menä beýle çalt
uklap blemok. Ejem ýadyma düşýär. Kakam ýadyma düşýär. Içimden olar bilen
gürleşýänem. Näme gürleşýäň diýýäňmi? Sen entek kiçijigä oňa düşünerden. Olar
maňa jigi getirmegiň gürrüňini edýärler. Ýene gyzymyz bolsa näderis diýýär
ejem. Kakamam bir dostunyň dört gyzdan soň oglunyň bolanyny gürrüň berýär. Ejem
köp çagamyz bolsa meniň bilim büküler gider, çalt garraryn diýýär. Kakamam muňa
ynanýar. Ejemiň garranyny islänok. Ho, goňşymyz bara, Bike daýza,garryja daýza.
Garryja-da bolsa gowy daýza. Sen entek ony tanaňok. Ine ňkidip görkezerin. Şol
Bike daýzaň näçe çagasy bardyr? Bäşdir, ondur
diýjeksiň. Şeýle garrapdyrda. Ejemden eşitdim, ýekeje gyzy bar eken. Şol ýeke
gyzynyň öýünde-de ýaşaýar. Ejem menden senem men garramda öýüňde ýaadarmyň
diýip sorady. Ýaşadaryn diýdim, soňam ejemden köp çagasy ýok bolsa ol nädip
garrapdyr diýip soradym.
-
Adam garraýar-da, wiý? – diýdi.
-
Onda näme üçin... –
diýsemem ejemden yzyny soramadym. Öňi-soňy maňa sen entek kiçijik bu zatlara
düşünmersiň diýerdi. Ulularyň gürrüňini diňleýäň diýip ýene käýýärdem. Nädip
diňlemäýin? Meňem ulalasym gelýär-ä. Seň näme üçin ualalasyň gelenok, gurjajygym?
Hawa-da ulalyp öýüňde saklar ýaly seniň ejeňem, kakaňam ýok.
Gyzjagazyň ady Maral eken. Beýleki otagdan onuň ejesiniň
sesi geldi.
-
Maral, goý şol
gurjagyňy-da, gel indi. Nahar
bişdi.
Maral gurjagyny goýup ejesiniň ýanyna gitdi. Naharyň
başynda ejesi ondan gurjagyna näme at dakanyny sorady. Ol: „At dakamok“ diýdi.
-
Dakarlar-da. Owadan
at känä.
-
Oňa gurjak diýseňem
bolýar. Ady jigime dakjak.
Ejesi ýylgyrdy. Ýöne şondan soň sesini çykarman naharyny
iýdi. Çaga bilen düşünişmek kyn bolýar. Ol seniň işe gitmeliňem bilenok, başga
bahanalaryňam. Jigisi bolaram welin ikisini aralamak işdir.
-
Jigiň bolsa
oýnawaçlaryňy dargadyşdyrar. Saňa-da azar berer.
-
Özüň aýdýaňa çaga
edep berseň akyllyja bolýar diýip. Menem oýnawaçlarymdan ýadamda olary
dargadasym gelýär. Edemoga. Akyllyja-da bolasym gelýär.
-
Bor gyzym. Kakaň
işden gelsin gürleşerin. Saňa ogul jigi alarys. Ogul jigi gowy gerek.
-
Bike daýza ikisem
gowy diýýär.
-
Ejeňe diý diýibem
Bike daýza öwretdimi?
Maral ejesine jogap bermän turup gitdi. Ol öz jaýynda
gujagynam gujagyna alyp ýerine geçdi. Onuň böwrüne basyp aýdymyny aýtdyrdy.
Aýdym şatlyklam bolsa gyzjagazyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
oran gowyja yazylan seyle hekayalary gaygyly gunde gowunlerimizi acyan hekayalary hodurleyaniz ucin sagbolun!