ÖMRÜŇ MANYSY
Täze ýylyň bir aýy gecip
barýar. Muňa begenmelidigimem ýa-da tersine, gynanmalydygymam anyk bilemok.
Ömrümden ýene bir aýyň duýman durkam diýen ýaly gecip gidenine gynansam gynanyp
oturmaly. Edil şonuň ýaly ömrümiň heniz tamamlanman ýene bir aýy ýaşamagyň
maňa-da nesip edenine begensemem begenip oturmaly. Günüme şükür, il bilen deň
ýaşap ýörün. Töweregimde salam berýänleriň özüme bildirmän köpelip gidip
oturşyna begenýärin. Salam berýänlerimiň azalyp gidip oturşyna-da, ýüregim
gyýylýar.
Görsene, özümdenem dört ýaş uly
garry öýmüzde maşgala „höwürtgejigimi“ guranyma eýýäm 47 ýyl bolupdyr. Poeziýa
baýramçylygynyň geçirilýän gününde dünýä inen ilkije oglumyň adyna Toýlymyrat
dakanymyzam ýaňy ýaly. Şol oglumdan eýýäm agtyk gördüm. Onsoň täze ýyldan bir
aýyň geçmegi, onuňam nädip geçeninem aňman galmagym geňem däl. Ömri üç
ýüz ýyldanam uzak bolan jandarlar üçin dagy, bir aýynyň biziň bir günümizdenem çalt geçýän bolmagam
mümkin.
Heniz oglankam ýer depmek üçin
pil saplanym ýadyma düşýär. Saplaýyşymdan boldumy ýa pil sapylyk agajym port
ekenmi, ol uzak hezil bermän döwüldi. Şonda kakam “Oglum, o pil sapynyň-a ömri
jyzlanyň ömri ýaly bolaýdy“ diýipdi. Jyzlan diýiliýäniň uzak ýaşamaýan bir
möjejik ekendigini soň öwrendim. Gyzyklanyp görsem çybynlaram bary-ýogy 15 gün
ýaşaýan eken. Ine, şol jandarlar üçin welin bir aý tutuş iki ömür. Göwnüme, olara 15 gün
däl-de, 360 sagat ýaşaýarlar diýsem ömürleri uzak görünjek ýaly
boldy. Ýöne kim bilýär, olaryň ýaşan bir minudy biziň bir günümize, bir günleri
bir aýymyza deňdir? Miweli baglaryňam köpüsiniň gülüniň ömri 15-20 gün. Şol 15
günüň içinde olar özlerinden soňa miwe goýup ýetişýärler.
Tutuş ýaz pasly ücin bir aý,
ömrüniň üçden birine deň. Üç aý ömrüniň dowamynda ýaz gör näçe garlary eredip,
näçe ýagyşlar ýagdyrýar! Näçe otlar gögerip, näçe jandar dünýä inýär! Gör, näçe
güller açylyp, näçe miweler emele gelýär!
Ynsan ogluna ýaşa diýlip birgiden
sagatlardyr günler, aýlardyr ýyllar berlen. Emma oňa bary-ýogy üç aý dowam
edýän pasyllaryň islendigi ýaly önjeýli ýaşamak berlipmi? Ýok diýmäge
howlukmalyň.
Günortanlardy. Gyşyň günem
bolsa howa açyk. Ýazyň bir günümikä diýdirýär. Dükana barýardym. Okuwdan gelýän
4-5sany başlary akgaýma tahýalyja oglanlar öňümden çykdy. Biri-birlerinden
öňürdip salam berdiler. Gujagyma bir desse alan ýaly boldum. Hersi bir gül
mysaly, hersiniň öz sesi, öz garaja gözleri, öz ýylgyryşjygy bardy. Her güli
aýratayn bagryma basyp ysgasym geldi. Nebsime haý diýdim. Begene-begene
salamlaryny alyp ýolumy dowam etdirdim. Bu gülleriň öňümde açylany 15 gün däl,
15 minuda-da çeken däldir. Şeýle pursatlary özüm ýaşatmanmydym? Ýaşadypdym.
Kakamyň doganoglan inilerinden
biri goňşymyzdy. Biz, Hydyr ikimiz ýaňkyja oglanlardanam birki ýaş kiçidik.
Öýden oýnamaga çyksak, garyndaş goňşymyz köçäň gyrasynda dur. Ony görüp terse
gaçmakçy bolduk. Emma ol „Ekizjeler“ diýenden sakga durduk. Gaçsak biedeplik
etdigimiz boljak. Yzymyza dolanyp baryp, garyndaşymyza edil uly adam ýaly iki
elimizi uzadyp salam berdik. Ol ikimiziňem elimizi bir eliniň aýasyna sygdyryp,
soňam herimizi bir goltugyna gysdy. Ýaňaklarymyzdan ogşap, gulaklarymyzdan
taýly gezek dişlän boldy. Biziň gyjygymyz gelip hem jykyrdap gülýärdik, hem
onuň elinden sypmaga çalyşýardyk. Birdenem sypyp yzymyzy garaman gaçardyk. Şol
pursatlaram 15 minutdan uzaga çekmezdi. Emma men ony gör näçe gezek mähir bilen
ýatlandyryn. O bende gör näçe gezek ýatlandyr! Belki adam ömri aýlary ýyllary
bilen däl-de, şeýle pursatlary bilen ajaýypdyr?!
Ata-babalarymyz ýaşan ýaşlaryny
müçede hasaplar ekenler. On iki ýaş – bir müçe. Şeýdip hasaplasaň ýetmiş iki ýaşanyň
ömri alty müçe bolýar. Şol müçelere siňňin seretseň hersi bir basgançak mysaly.
Oglanlyk müçesi... Ýigitlik müçesi... Orta ýaş müçesi...
Şahyr Gurbannazar Ezizowdan şu
gürrüňi birnäçe gezek eşidipdim:
„Bir adam, bir ýurtda
mazarstanlyga aýlanyp ýörkä, mazar daşlarynyň ýüzüne ýazylan ýazgylary okap,
haýran galypdyr. Olarda bir merhumyň 15 gün, başga bir merhumyň bir aý, ýene
biriniň 3 aý ýaşandygy ýazylypdyr. Ol “Bu mazarstanlyk çagalaryňkymy?” diýip
sorapdyr. Oňa “Ýok. Biziň däbimizde adamyň ömri ýaşan bagtyýar, manyly, peýdaly
günlerine görä kesgitlenilýär” diýipdirler“.
Bu rowaýaty gaty kän gaýtalan
şahyryň öz ömri üç müçä-de ýetmedi. Ýöne göwnüme, ol öz ömrüniň şol köp
gaýtalan rowaýatyndaky ýaly hasaplanmagyny isleýän ýaly bolup dur. Şeýdip
hasaplasak, Gurbannazar dünýäde baky ýaşajak adamlaryň hataryna girýär.
Gülleriňem ömri solýança. Emma
solýançalar olar gül bolup ýaşaýarlar. Şeýdip ýaşamagyň diňe güllere
berilmändigine ynsanlaryňam gül ömri sürüp bilýändiklerine şükür edýärin. Başga
bir rowaýatda gül ömri ýaşaýan kämil ynsanyň hatyrasyna belalar onuň ýaşaýan
obasyndan kyrk menzil sowlup geçermiş diýilýär.
Ýene-de pil depip ýören ýaşlyk
döwrümiň ýatlamalaryna dolanmak isleýärin. Şol döwürler aga-iniler jemlenşip
esli ýeri pil bilen agdaryp çykardyk. Şonda aramyzdaky agamyz ýadamazlyga
çalşardy. Beýlekilerimizem ondan galmajak bolardyk. Şeýdibem ýerlerimizi nädip
agdaryp çykanymyzam bilmän galardyk. Şol günler agamyň bize ýylgyryp seredip,
alyn derini sylyşy häzirem göz öňümde. Häzir ýaşy ýetmişe ýeteňkirlän agam: “O
günlere taý geljek zat ýokdur” diýýär. Bu biziň üçinem şeýle. Şol gňnler bizi
taplapdy, gaýratly edipdi, sözüň hakyky manysynda ýaşadypdy. Şäherden gelen bir myhmanyň pil bilen agdarlan
ýeriizi görüp: „Traktora sürdürdiňizmaý“ diýeni ýadymdan cykanok. Eger agamyz işeňňirlik
görkezmese, işiň öňüni çekmese, bize şonça ýeri agdaryp çykmak mümkin başartmazdy,
başardaýanda-da gaty kynlyk bilen başardardy. Belki şonuň üçin müň işçiden, bir
başçy diýilýändir?
Örän uzak ýoly geçmek üçin
durnalar hatara düzülýärler. Hatardakylaryň ählisiniň ganat kakyşy iň öňdäki
ýeke durnaň ganat kakyşyna goşulýar. Öňünden urýan şemala kükregini gerip,
beýlekileri ygyna düşürip barýan durnanyň agramy kän görýäni belli. Emma şonda-da
onuň ümzügi öňe, sähelçe-de badyny gowşatmaýar. Il derdini paýlaşmakdan geçen
öz derdindenem saplanmaga gaýrat etmegiň ýerine gününi zeýrenje öwürýänler
özlerine gynanylmakdan lezzet alýarlar. Gurbannazar şahyr olar barada “Gynanylýan
adam hakyky däldir“ diýýär. Başga bir goşgusynda bolsa ol:
“Sen sanama gara saçyň agyny
Sen sag-aman öreniňe monça bol“
– diýip ýazýar.
Diňe ägirt şahsyýetler –
ömürleri ýyllar bilen ölçenmeýänler bu düşünjä uýup ýaşaýarlar. Şeýdibem olar
at-abraýlary bilen diňe öz ömürlerini däl, tutuş il-ýurdunyň ömrüne ömür
goşýarlar.
Beýik Pyragynyň ömür hakda
ýazanlaryny yzarlap şeýle setirleriň üstünden bardym.
Gapyl olma, adam ogly, bir gün ömrüň bar seniň,
Ötse ýigitlik pasly, günde ýüz müň armandyr.
Günde ýüz wagt arz edip,
gaýdyp almaz sen ony,
Ötürmegil gapyl başdan,
ösen şemal döwrandyr.
Her bir işge baş goşup,
alma ilniň käýişin,
Tä ömür ahyr gidermiş,
her gadamda zyýandyr.
Pynhan syryn aýan eýläp,
Pyragy diýdi derdini,
Illerim alkyş okaýar,
bildim, derde dermandyr.
Magtymguludan soň hakykatdanam söz
gutarýar.
30-njy ýanwar, 2018-njy
ýyl.
Teswirler (2 sany)
Ylýas aga galamyňyz ýiti bolsun, siz duýgulary gowy beýan etýäňiz.
Gurbannazar agaňyzyň özi aramyzda bolmasa-da, bize galdyran uly mirasy, ýatdan çykmajak eserleri bilen aňymyzda, kalplarmyzda ýaşaýa.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Salam Ylýas aga. Gaýratyňyza berekella. Galamyňyz elmydama ötgür bolsun. Agam eger rugsat berseňiz şu ýazgyňyzy alyp başga sahypada paýlaşsak bolarmy?