MENIKLI TAZYŇ WEPASY
Çar tarap daglyk bolansoň bu ýerlerde Gün doganda ilkinji
şöhlesi dag başyny ýagtyldyp, ýaşanda-da soňky ýalkymlary dag gerişlerinde eräp
gidýär. Dünýe döräli bu şeýle. Bu düzgüni ony döreden üýtgedäýmese üýtgedip
biljegem ýok.
Ýazyň ýyly Güneşine seredip, wagt bar ýaly
görünse-de, onuň duýdurman dagyň aňyrsyna aýlanjagyny aňyndan geçiren Diňli
uludan dem aldy. Mydamam öňüne has umytly garaýan, şahandaz inisi Deňli onuň egnine
kakdy.
-
Golaýyna-da geldik, Gysyň jaryna ýeteli, şonda-da hiç zat
duşmasa bu gün tüýs bolmajagy.
Bahar paslynda deňizem öňküsinden owadan tolkun atarmyş
diýýärler, dag içinde-de dünýäň günden-güni zyýada. Daglyk ýerde doglup,
bileni-biteni dag, özlerem dagyň bölegi ýaly daýaw ekiz ýigitler heý muny duýmajakmy?
Arman, irdenki alan towşanlary diýäýmeseň olaryň bu gün awlary oňmandy. Dogrusy,
şol towşanam çöpüň içinden çykaryp, kowalap-kowalap, surnukdyryp alan ýantazylary
Meniklidi.
Bürgüdiň goşa ganaty ýaly islendik meselede deň
gopýan ekizler yza – öýe-de dolanjak bolmadylar, ýa başga bir uguram
saýlamadylar. Ilerligine, Gysyň jaryna tarap ugradylar. Şol ýerler awuň iň bol
ýeridi. Oňa derek Gysy adyny töweregindäki gaýalary biri-birine gysylan ýaly
golaý ýerleşýändigi
üçin alan, bu jar çuň hem tokaýlyk bolansoň onda
aw awlmak kyndy.
Gysa gidýän ýoda dardy. Ekizleriň biri öňden
beýlekisi yzyrakdan barýardy. Köplenjem, häzirem öňdäki Diňlidi. Agasynyň
berdaşly eginlerine seredip barşyna Deňli on alty-on ýedi ýaşlaryndaka,
kakalaryny öýde goýup, daga ilkinji gezek özbaşdak gaýdyşlaryny ýatlady.
Şol günem edil şu ýoda bilen barýardylar.
-
Diňli men-ä murtumy syrjak.
-
Hä? Oň çykany haçan, eýýämem syrjak diýýäň?
-
Aý, murt saňa gowy gelişýär.
-
Men-ä gaýta saňa gowy gelişýär diýip ýördüm.
-
Meni oýnajak bolýaňmy?
-
Oýunmy, däldigini şu wagt aýna bolaýsa bilerdiň.
-
Gaýyp dellekçidäki ýaly aýnamy?
Tutuş jelegaýda ýeke adamda aýna bardy, olam Gaýyp
dellekçide. Ol her kimiň başyny syryp berenden soň: „Aýna seret-de, özüňi bir
tanap gal” diýip, degişerdi hem el ýalyja aýnasyny uzadardy. Ekizlere bolsa:
„Size aýna gerek däl, biri-biriňize seredäýiň” diýerdi. Şonda Deňlem degişgenlikde dellekçiden
kem galmajak bolup, aýnany alyp, bir özüne, bir Diňlä seredip: „Dogrudanam, bu
ikisiniň haýsysy menkäm-aý” diýip, hezil edip gülüpdi.
Ýadyna düşen bu waka Deňlini häzirem ýylgyrtdy. Ýadawlygyny
aýryp, süňňüni ýeňletdi. Awuçylykda şeýdip geçen gowy günleri ýatlamak,
ýürekden ýylgyrmak, suwda ýüzýänleriň ellerini batly hereketlendirip, öňe
okdurlyp barýarkalar arasynda kellelerini suwdan çykaryp dem alyşlary ýaly bir
zat bolsa gerek. Çünki aw ýyljyraklap edilýän iş däl. Ýeke ädimiňem artykmaç
ätmersiň. Ýylçyr gaýalarda aýagyň taýyp ýykylmazlygyň, hasam awyňy gapyl basmagyň üçin mydam ädimiňi dürs, saýhally
basmalysyň.
Medresäniň oňa gatnaýanlary gitdiçe
sypaýylaşdyryp, häsiýetini ýumşadyşy ýaly, awyçylygam öz şertlerine
uýgunlaşdyryp, ekizleri beýleki obadaşlaryndan tapawutly edipdi. Olaryň dag daşlary
ýaly bedenleri berk, garaýyşlary sowuk, hereketleri çürt-kesikdi. Diňe awda
däl, oba içinde-de, gaty zerur bolaýmasa, olar geplemezdilerem, gözleri bilen
düşünşer oturardylar.
Deňli ýüzüni ýokary galdyrdy. Ýaz şemaly bulutlary
ýüküni ýeňletmägede goýman dag başyna üýşürýärdi. Bulutlar ýönelige üýşmez,
üýşensoňlar, ýagarmyka ýagmazmyka diýip oturmaly däldir, dag ýerinde çagba
öwrülmek olar üçin hiç zat.
Deňli agasyna ýüzlendi:
-
Ýagyş ýagarly görünýärmi?
Diňlem bulutlaryň bir tarapa akyşyna seretdi-de:
-
Ýaz ýagyşydyr – diýdi.
Ýazyna ýagyş güýzüň ýa gyşyň ýagyşy ýaly çapgyn,
sowuk bolmaýar. Bir zada penalap ýetişseň, çaltam geçip gidýär. Gyşyň ýagyşyna galma, ýazyň
ýagyşyndan. Asmandan inýän şol bir damjalar gyşyna doňduryp barýandyr, ýazyna
welin şähdiňi açar.
Deňliň deňinden barýan Menikli birden gozgalaň
tapdy. Deňli sakga durup taza seretdi. Diňlem şobada saklandy. Menikli
ysyrganyp gulagyny keýerdýärdi, gözi jar tarapady. Deňli onuň bagyny çözdi.
Emma tazy öňe okdurlyp gidibermedi. Diňli inisine çala elini galgadyp, öňe
ýöremegi dowam etdireli diýip yşarat etdi hem düýäň örküjinden ulurak, öňdäki
gara daşa tarap ümledi. Şol daşdan aňryk eňňit başlanyp, aňyrsy tokaýlyk jardy. Ekizler
daşa tarap ýakynlap ugradylar. Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemalam şol tarapdan
ösýärdi. Awçy halky şemal öňünden bolsa begenýär. Şemal yzyňdan össe awuňy
ürküzer ýörersiň.
Loňkuldap öňe düşen Menikliniň henizem
rahatlaşmaýandygy Deňlini begendirdi. Diýmek, aw uzakda däl. Daşyň deňine ýeten
Diňli çalt çommaldy. Bu awy göreňde edilýän hereketdi. Deňli doganynyň ýanyna
çaltyrak ýetjek bolmagyň deregine, ädimlerini öňküsindenem has eserdeň basmaga
çalyşdy. Öňde Menikli ýer bagyrtlap, Diňlem ýapyrlyp otyrdy.
Ýigrimi ýaşyň gyzgyn gany kükregiňi ýaryp
barýarka, şeýdip ýuwaşdan-ýuwaş ädimlemek, syçanyň hininden çykaryna garaşyp
oturan pişik ýaly gymyldaman ýapyrlyp oturmak awyçylygyň hem kyn, hem gyzykly
ýeridi. Awuňy ele salaňsoň, näçe joşsaň joşuber! Ýöne ekizler şonda-da
kelpeňlik etmejek bolup, diňe nesibelerindäki zady alandyklaryna düşünip
duransoňlar üýtgeşik joşmazdylar. Berekella diýýän ýaly biri-birlerine serederdiler,
şolam ýeterlikdir.
Belki keýik sürüsiniň üstünden barandyrlar?!
Yhlasa myrat! Deňli agasynyň deňine ýetende süri bolmasa-da, hol aşakda, jaryň
ugrunda bir äpet goçuň başyndaky gijini ýatyrmaga çalyşyp, uly arça daragtyna
şahyny oýkap dyranyny gördi. Arman, goç peýkamyň oky ýeterden daşdady. Oňa
golaýlap bolsady, ýa özi atyma gelse? Menikliniňem iki gözi goçdady. Ýöne awuň
tazylyk däldigine düşünýän ýaly ol eýeleriniň etjek hereketine garaşyp,
gymyldaman ýatyrdy.
Diňli inisine üm bilen şu taýda garaş diýip, goçuň
çepinden aýlanyp ony bärik gaçar ýaly etmek niýeti bilen aşaklap ugrady.
Agasy gideni bilen Deňli sagdakdan bir ok alyp
goçy nyşana aldy. Ol sähel bärligine gaçsa bolýar. Deňli peýkamynyň ýüzündäki
her uran awundan soň edýän belliklerine seretdi. Olaryň sanynyň häzir ýene bir
çyzyk artmagy gaty ahmal. Belki, Hudaý!
Diňli goç bilen ara bir gerişi salyp, pişik
basyşyny edip, aşaklap barýardy. Ol hem aşak düşýärdi hem goçy inisiniň gözi bilen görmek üçin arasynda
gaňyrlyp yzyna seredýärdi. Inisiniň ýaýyny gezäp durşuny görüp, goçuň ýerini
üýtgetmänine göz ýetirýärdi. Töwereginden bihabar goç, dogumyna bäs gelip
bilmän, götinjekläp arçany süsýärdi, inçejik aýaklary bilen ownuk daşlary peşäp
töwerege pytradýardy. Şu bolşuna ol özüne nähili howp abansa-da duýarly däldi.
Diňli eýýäm onuň deňine ýetipdi. Ol ýuwaşlyk bilen aradaky gerşe çykyp
ugrady. Gerişden boýnuny uzadyp, goçuň daş tozadyşyny gördi. Goç häzir ony göräýse
ýokarlygyna – Deňliň duran ýerine ýa-da aňyrlygyna jaryň içine tarap gaçmalydy.
Ýöne keýikler agaçlaryň arasynda bat almak kyn düşensoň aňsat jara – tokaýlyga
gaçmaz. Gerşi aşan Diňli agaçlara, uly daşlara bukdaklap gelşine sähel salymdan
goç bilen aralygy gowy ýygyryp, ýaýyndaky oky nyşanadan sypdyrjakdy. Muny
aňyndan geçiren Deňlem goçy agasyndan öň özi awlamak üçin ýuwaşlyk bilen
aşaklap ugrady. Birdenem goç sakga durdy-da, temegini göge tutup ysyrgandy.
Ýokardan köwsarlap inen şemal goça özüne tarap barha ýakynlaýan howpy aňdyrdy.
Goça jar tarapa gaçmakdan başga alaç galmady. Agaçlaryň seýregiräk ýerini saýlap,
ol iki bökende gözden ýitip gitdi. Ahmyrly atylan oklar howada şuwlap, boş ýere
sanjyldylar. Diňli awlaryny gaçyranlaryna gaharly daş ýumruklady.
Galyň gara bulutlardan gaýdan ilkinji damjalar Deňliň
çermelen, gyzgyn golaryna, ýüzüne damdy. Iri-iri damjalar Diňlini köşeşdiren
bolmaga çemeli onuň gaşlary ýazyldy. Dogrusy, indi etjek alajyňam ýok. Ol jaryň
ugry bilen inisine tarap dyrmaşyp ugrady. Nazarlary biri-birine ýeter ýaly
golaýa gelende ol inisiniň müýnli gözlerini gördi. Diňli onuň egnine kakdy.
-
Zyýany ýok.
-
Uly awdy-da...
Onam öz günäleri bilen
sypdyrdylar. Nätjek, soňky puşman, başa duşman, geçeni geçdi bilenden gowsy
ýok.
Damjalar gitdigiçe gürelip, sähel
salymda çagba ýazdy. Gelen ýagyş arçaň aşagynda penalardan güýçli boldy. Ol şeýlebir
güýçli ýagmaga durdy, damjalaryň gürlüginden ýaňa iki ädim öňüň görnenokdy.
Ekizler çaltyrak, beýigiräk ýere çykmasalar siliň ugrunda galmaklary ahmaldy. Olaryň
aýagynyň aşagyndaky daşlar edil ereýän ýaly akyp, aşak süýşýärdi. Çagbaň
güýjüne ýylçyr gaýalaryň ýüzünden bulaklar akyp, göz açyp-ýumasy salymda däli
sile öwrüldi. Sil jaryň ugry bilen, hälki gaçan goçy kowalaýan ýaly, ekizleriň
edil on ädim aşak ýanyndan, towlanjyrap, uly-uly daşlary top togarlan ýaly
öňüne alyp, agaçlary goparyşdyryp akyp başlady.
Diňli zordan bir ädim ädip Deňlini
gujaklady. Häzir ýykylaýdygyň sil alyp gitjekdi. Indi olar dört aýak, biri-birinden
berk ýapyşyp ýokarlygyna hereket etmäge başladylar. Iküç gezek yz-yza ýiti
ýyldyrym çakdy. Birdenem
Menikliň çyňsan sesi eşidildi. Ekizler töwereklerine garanşyp, tazylaryny
gözlediler. Emma ýagyşyň derdinden töwerek çap-çaldy, iki ädimden aňryň saýgartmaýardy.
Üznüksiz çyňsaýan Menikliň sesi ekizlerden barha daşlaşýardy.
Jardan çykyp aýaklaryny basýan ýerleri berkeşensoň
doganlar biri-birlerini goýberdiler. Tazylarynyň sesiniň gelmesi galdy. Çagba
ýokarlara süýşen bolmaga çemeli, güýçli ýagyşyň, siliň güwwüldisi daga ýaň
salýardy.
Golaýlaryndaky gaýaň köwülen
ýerine Deňliň gözi düşdi. Guruganlyk bolanda iki bökeňde baraýmaly, bäş
ädimlikdäki gaýa ýetmek üçin ekizler görgi baryny gördüler. Her niçigem bolsa
biri-birine tekge berip ekizler gaýa ýetdiler. Aňyrrakdan bir ýerden aýlansaň köwe
eltýän ýoda-da bardy. Ýöne häzir aýlanara ýagdaý ýokdy. Diňli iki tarapyna
garanjaklady. Soňam iki eliniň barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip Deňlä
ümledi. Deňli derrew agasynyň ilki eline, soň egnine basyp köwe çykdy. Soň
Diňlem taýynyň uzdan elinden ýapyşyp, ýokarlygyna dyrmaşyp çykdy. Üçünjimiz
hany diýýän ýaly ekizler biri-birlerine seredişdiler. Kiçiräk diýmeseň köwüň
içine ýagyş urmaýardy. Siliň suwy ýeterdenem ol ýokardady. Ýagyş kiparlan ýaly boldy. Deňli
durup bilmän Menikliň adyny tutup gygyrdy. Emma sesi bäş ädime-de ýaýramady.
Dagyň öz gohy özüne ýetikdi.
Köwüň bir böwründe bu ýerde ozal
düşlän awyçydan galan ep-eslije odun çaşyp ýatyrdy. Doganlar billerindäki
çakmak daşy çykaryp ot ýakmaga girişdiler. Ýazyň güni bolsa-da, entek oduň
ýylysynyň ýakymy bardy. Endamlaryna ýelmeşip duran eşiklerini guratjak bolup
doganlar oda ýakyn oturdylar. Siliň sesi güýjemese peselenokdy.`
Sil Menikli bilen bile onuň
awlanja towşanynam äkiden bolmaga çemeli. Deňli egnindäki aw torbasyny goça
tarap ýakynlamaga başlanda ýere taşlanyny ýadyna saldy. Diňli elindäki kesewisi
bilen közleri köwden daşary süýşürip, ýerlerini giňeldip durşuna:
-
Bizi Alla gorady – diýdi.
-
Diňe bizi däl, gaçyrmadyk bolsak, goçam sil alsa alardy.
Diňli inisiniň sözüne ýylgyrdy.
-
Eger ony uraýan bolsak, awumyza başagaý bolup, özümizi sile
aldyrybam bilerdik.
Deňli agasynyň aýdanlaryny
tassyklap başyny atdy-da:
-
Silden nätdikä, goç gacyp ýetşdimikä? – diýdi.
Awyçylardan ürküp jaryň tokaýlygyna
urduryp giden goç sildenem gaçyp ýetişipdi. Ol siliň geljegini aňan ýaly badyny
ýatyrman garşydaky kerte çykdy. Kertiň üstünde gymyldaman ýagyşa ýuwunyp
durşuna, goç aram-aram burnuny parladyp, tutuş durky bilen silkinýärdi-de, ýene
öňküsi ýaly temegini göge tutýardy. Ol birki günlükde ýaş goçdan ýeňilip aýrylmaly
bolan sürüsiniň ysyny küýseýärdi. Aşakdaky sil oňa hiç zat ýalydy.
Hakykatdanam oňa howp beýik gaýa
tarapdan gelmelidi. Gaýaň düýdünde ýagyşyň geçerine garaşyp, aç ýolbars ýatyrdy.
Ýolbars ýagyş kiparlandan kertiň üstünde duran goçy saýgardy. Arman goç bilen
aradan däli bolup sil akyp ýatyrdy. Oňa siliň geçerine garaşmakdan başga alaç ýokdy.
Dag içinde garaňky çalt düşýär.
Ýagyş diňip, bulaklaryň akmasy galansoňam, badyny gör nirelerden alyp gaýdýan
siliň sesi uzak wagtlap ýatmady. Dar
köwüň içinde doganlar ýanaşyk otyrdylar. Diňli göwnüne Menikli bir daşyň
düýbünde busup galan ýaly boldu-da, köwden aşak boýnuny uzatdy. Emma gözüne
ilen zat bolmady. Ol Menikliň adyny tutup ýene birki gezek gygyrdy. Menikliden
jogap eşitjek bolýan ýaly doganlar diňşirgendiler. Emma siliň sesinden başga
hic zat eşidilenokdy.
Diňli hem özüni, hem inisini köşeşdirjek
bolup:
-
Itiň jany berk bolar, sil alanam bolsa aňsat ölmez –
diýdi.
Agasynyň bu sözlerine rahatlaşan
Deňlä golaýynda ýerleşen Diňliň dem alyşam eşdilip durdy. Ol:
-
Bu dünýä gelmänkäk başlanan ömrümiziň dokuz aýynam biz
şeýdip, dar ýerde gysylşyp geçirendiris – diýip ýylgyrdy.
-
O günlerden bir zatlar seň ýadyňda-da galandyr.
-
Aý, ýok, ony diýsem ýalançy.
-
Ýat onda, uzakly gün ýadamadyňmy?
-
Uzakly gün hiç-le, ýaňy seni ýokaryk çekip bilmezmikäm
öýdüp, gorkyma gaty ýadadym.
Inisiniň bu henegine Diňli jogap
bermedi. Uzak wagtlap Menikliň aladasy doganlaryň aňyndan çykmady.
Olar ertesi irden oýananlarynda elhenç
görnüşe gözleri düşdi. Düýnki al-ýaşyl öwsüp duran jaryň owadanlygyndan nam-nyşan
galmandyr. Sil
jaryň kä ýerlerini öňküsindenem çuňaldyp gyralaryny opurypdyr. Suwuň ýaýrap
akan ýerlerinde
bolsa äpet daşlaryň arasynda bilinden omurlan arçalar köklerini Asmana tutup ýatyrdylar. Olaryň arasyndan hezem
şillirdäp bulanyk suw akýardy.
Köwüň öňünden geçýän inçe ýodajyk
bilen ekizler aşak indiler. Olar Menikliň maslygyna duşmakdan gorksalaram iki
gözleri siliň geriren daşlarynyň, döwen agaçlarynyň arasyndady. Kim bilýär
ýaraly ýatandyr?!
Jaryň gutaraýmanka öwrüm edýän
ýerinden geçeňsoň, öňüňden çeşme сykmalydy. Olaryň ümzügi şoňa tarapdy. Jardan
çykaýmaly bolanlarynda öňden barýan Diňli aşak oturdy. Hiç zat görmese-de,
Deňlem çommaldy. Şol oturşyna çalarak öňe süýşüp seretse, düýnki goç ýoluny
ýitiren ýaly öwrümiň aňry ýüzünde, düňderlişip ýatan arça töňňeleriniň arasynda, gidere ugur tapman keýerjekläp ýör.
Minneti inçejik aýaklaryndan
çekýän goç aç ýolbarsdan uzakly gijesini gaçyp geçirip, henizem özüni dürsäp bilmän
ýördi. Emma edil garaşyp oturan ýaly öňünden çykan häzirki howp oňa gutulmaga
maý bermedi. Peýkamdan çykan goşa ok goçdan sowa geçmedi. Alla berse guluna,
getirip goýar ýoluna diýleni boldy. Ekizler billerinden ak saplylaryny çykaryp,
haýal etman, uran awlaryny soýmaga girişdiler.
Başga aňsadyrak aw duşmazmyka
diýip seňkildäp barýan ýolbars birden özünden sap atyp gaçan goçuň ganynyň
ysyny aldy. Göni ysyň gelen tarapyna gaýtdy. Şol döwürlerde üstlerinden däriň
ysy gelmänsoň ýyrtyjy haýwanlar adamlary özlerinden asgyn hasaplardylar, olardan
beýle bir çekinip barmazdylar. Gaçyran awuny soýup oturan iki awuçyny esli
aralykdan gören
ýolbarsyň
gözüne olar hiç zatça-da görünmedi. Ol gara daşyň aňyrsyndan çykdy-da, ekizleriň
üstüne ok ýaly atylyp gaýtdy.
Şol wagt biri egninden çeken
ýaly, yzyna sereden Diňli üstüne gelýän ýolbarsy görüp ýetişdi. Ol aljyrap, aýagy
taýyp, gapdalyndaky uly töňňäň düýbüne ýykyldy. Muňa garaşmadyk ýolbars badyna Deňlini egni bilen
kakyp, ony läşden hol beýläk oklady. Awuçylaryň ikisindenem ýeňil dyndym hasap
eden ýolbars işdämenlik bilen goçuň çalynan damagyna agzyny urdy. Ýatan
ýerinden diňe Menikliň reňkindäki ullakan göwräniň deňinden atylyp geçenini gören
Diňli ýolbarsyň agyz urany taýydyr öýdüp onuň arkasyna hopba boldy hem elindäki
ak saplysyny ýetşibildiginden işletmäge başlady. Muňa garaşmadyk ýolbars
hyňralyp arkasyna aýlandy. Diňli bir eli bilen ýolbarsyň saçyndan penjeläp,
beýleki eli bilenem pyçagyny onuň ýüregine ýakyn ýerden sançmaga çalyşýardy.
Arman pyçak Diňliň sag elindedi.
Şonda-da böwründe agyry duýan ýolbars silkinende Diňli hol beýläk ýazylyp
gitdi. Ýolbars onuň bilen bellisini etmek isleýän ýaly läş bilenem bolman
Diňlini aşagyna alyp kellesinden agyz salmakçydy. Onýança ýerinden turup ylgap
gaýdan Deňlem özüni ýolbarsyň üstüne oklady. Ikinji biriniň üstüne bökenine
aljyran ýolbars aşagynda iki ýana çabalanýan Diňliň kellesine agyz urmaga maý
tapmady. Oňa derek Diňliň aşakdan ýüregidirdä diýip uran pyçagy sanjylmaly
ýerine sanjyldy. Diňli ak saplysyny sanjylan ýerinde towlap soň yzyna sogurdy. Ony
ikinji gezegem ýolbarsyň böwründen sançdy. Emma yzyna sogurmaga ýetişmedi. Deňliňem
ýokardan urýan urgularynyň agyrsyna şydaman ýolbars it oturşyny edip yzyna
çökdi. Ol üstüne bökenden dynmaga çalşyp, birýana togarlandy-da zordan aýagynyň
üstüne galdy. Onuň hereketleri gowy haýallapdy. Ýolbars Diňliň üstünden aýrylan
badyna, Deňli gözi ýok ýaly doganyny bagyrtlap, ony gyra çekmäge durdy. Ýolbarsyň
aýak üstüne galanyny görüp, Deňli Diňlini ýerde goýup dikeldi. Garpyşaýmaly
bolanda Deňli sesiniň ýetdiginden „Agam jan” diýip gygyrdy. Elinden-aýagyndan,
bedeniň hiç bir agzasyndan özüne kömek bolmadyk wagty haýwan-ynsan iň soňky
güýjüni sesine goýýan bolmaga çemeli. Ýolbarsam erbet arlady-da jaryň oý ýerine
agyp gitdi. Mundan artyk hereket edip bilmän damarlary dartylyp, doňup duran Deňliň
ýolbarsyň ýykylanyny görüp süňňi gowşady. Aýaklary özüni götermän lampa aşak
oturdy. Şol oturşyna-da essi aýylyp
ýykyldy... Bir haýukdan Deňliň gulagyna Menikliň üýrýän sesi eşidildi. Ol munuň
huşudygyna-da, düýşüdigine-de düşünmedi.
Hakykatdanam üýren Meniklidi. Ýagyş
güýjäp başlanda ýyldyrymdan gorkusyna jara tarap gaçan Meniklini sil alypdy. Towlanyp
akýan suwuň badyna ol kä ýerde daşa urulýardy, kä
ýerde uly töňňelere. Ýöne tazy janawarda agram barmy, urulan ýeri awunsa-da,
hiç ýeri döwülmän, ýyrtylman ol tä siliň bady ýatýança akyp gitdi. Akmasy galan
badyna-da, ol suwdan çykyp obalaryna tarap ylgady. Gapylaryna baryp, burnuny
ýere sokaýjak ýaly bolup, duran ýerinde aýlandy hem erbet uwlady. Ekizleriň enesi
tazyny gujagyna aldy. Ol tutuş göwresi bilen galpyldap durdy. Gözleri ýetimiň
gözleri ýaly gussadan doludy. Ene tutuş obany örüzdi. Oba adamlarynyň ýygnanany
görüp, Menikli öňe düşdi. Paltamydyr, pilmidir eline ilen zady ýarag edinen
adamlar, ylgawyny ýazdyrman Gysyň jaryna tarap barýan Menikliniň yzyna zordan eýerýärdiler. Olar jara
ýetiberenlerinde ýolbarsyň sesini eşidip sakga durdylar. Emma it wepasy Meniklide
gorky-ürki goýmandy. Ol gaýta öňküsindenem badyny gataltdy. Itiň batyrgaý ylgap
barşyny gören adamlar ýene onuň
yzyna düşmeli boldular. Wakaň bolan ýerine ýetenlerinde olar bir gapdalda
ekizleriň, bir gapdalda-da ýolbarsyň, iki arada-da goçuň läşiniň ýatanyny
gördüler. Olar wagtynda gelip ýetişipdiler, ekizleriň demi gelip gidýärdi. Ajaly
ýetmedige ölmek ýok. Tebibiň yhlasy ýerine gowşup kyrk gün diýlende ekizler
aýak üstüne galdy.
Bu wakadan soň Gysyň jarynyň
öwrüm edýän ýerine Ýolbarsly öwrüm diýen at galdy. Ýolbarsa diýdirýändirler:
„On awyçydan gorkmaryn, iki dogandan gorkaryn. On awyçyň birine topulsam
dokuzysy gaçar. Iki doganyň bolsa biri beýlekisini taşlap gaçmaz”. Bu gürrüňem şo döwürlerden galanmyş.
Çar tarap daglyk bolansoň şu günlerem
bu ýerlerde Gün doganda ilkinji şöhlesi dag başyny ýagtyldyp, ýaşanda-da soňky
ýalkymlary dag gerişlerinde eräp gidýär. Dünýe döräli bu şeýle. Bu düzgüni ony
döreden üýtgedäýmese üýtgedip biljegem ýok.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.