ÝYL TÄZE
Täze ýyl baýramy täzelenmegiň baýramy. Bu baýrama taýýarlanyp agaçlar bireýýäm könelen ýapraklaryny dökdüler. Ýagyşa suwa düşünip, gara süpürindiler. Olaryň şahalaryna gonýan guşjagazlara çenli ýeleklerini çalyşdylar. Aşakda toprak ýüzündäki buzuň eräp, üstüne ekin ekilmegine, gursagyna täze tohumlaryň atylmagyna garaşyp ýatyr. Öňki owlak-guzularynyň sesini unudan goýun-geçiler, böwürlerini deňleşip ýörler. Olar sähralary, giň çöl alaňlaryny täze mäleşmeler bilen doldurjakdyklarynyň buýsanjy, aladasy bilen ýaşaýar. Daglarda daşlaryň sessiz ýatyşy garlaryň eräp, üstlerinden bulaklaryň akaryna garaşýana meňzeýär. Olar şonda bolmanda ýerlerini üýtgedip bir agdarnarlar, ownugyraklary bolsa (bular daşlaryň ýaşlary bolmagam ahmal) tolkunlaryň elinden tutup suw bilen tans ederler. Eýýäm derýalaryň suwy köpelipdir, diýmek daglarda çeşmeleriň sany artandyr. Hatda Asmandaky Güneşem täzelenmegiň nuruny dünýä çaýyp, her gün öňküsinden ir dogýar. Durmuşda her hili ýagdaýlar bolup bilýär. Muny hemmämizem bilýändiris, şonda-da indiki ýazjaklarymy geň görmezligiňiz, ýasama hasap etmezligiňiz üçin aýdaýýaryn. Mundan altymy ýa ýedi ýyl ozal täze ýyly dagda garşylasym geldi. Özem ýeke özüm. Bu maňa başartdy. Täze ýyla üç-dört gün galanda Garrygala gitdim. Ol ýerdenem dag eteinde bir öýde ýeke galdym. Daş çykyp haýsy tarapa baksam diňe dag. Kybalmdaky daga seretdim. Bir bölek bulut gelip onuň biline ak ýaglyk kimin saralypdyr. Bulutlar şeýlebir aşak düşüpdirler, olardan ýokarda dagyň depesi, tegelenip duran Aý hem ýyldyzlar görünýärdi. Bulutlaryň häzirki saklanan ýerine gündizlik bolsa arkaýyn çykybam biljekdim. Gije daga çykmak hatarly bolansoň bu görnüşi aşakdan synlap oturmakdan başga alajym ýokdy. Birdenem göwnüme dag başyny aşak egen ýaly body. Ol özüniň şeýle ägirtdigi sebäpli maňa ýoldaş bolup, ýanymda bileje oturyp bilmeýändigine, “Ýeriň myhy” edilip ýaradylandygyna örtenýän ýalydy. Birdenem dag tarapdan şemal ösdi. Bulutlar Aýyň ýagtysynyň arasyny kesip, ilerligine, başga bir dagyň gerşine tarap akmaga durdy. Bulutlar doly akyp gutarýança dagdan gözümi aýryp bilmedim. Şol bir görnüşe uzak seredenimdenem bolmagy mümkin, gözümiň ýaşaryp gideninem duýmandyryn. Dag meniň başymy şemaly bilen, menem dagyň başyny gözlerim bilen sypadym. Şeýdibem täze ýylymy garşy aldym. Ertesi irden gijeki bulutlaryň akyp geçen ýerine çykdym. Daga gije dynman ýagyş ýagan ýaly, ýekeje gury daşa-da gözüm düşmedi. Ýa dag uzak gijesini aglap geçirdimikä? Şol täze ýyl meni şeýle bir täzeledi, dowam etdirmegi kyn görüp taşlan işlerime täzeden ýapyşdym. Ýaltalyk, özümdäki halamaýan häsiýetlerim menden umma gaçdy. Tutuş ýylyň dowamynda ýapyşan işim diňe ilerlemek bilen boldy. Soň birnäçe ýyllap her täze ýylymy şeýdip daglarda garşylasym geldi. Gidibem biljekdim. Emma indi gitsem bary ýasama bolaýjak ýaly boldy. Dagyň bilinde şol ötegçi bulutlara gözüm düşmänem biler. Dag tarapdan ýumşak şemalyň ösüp, başymy sypajagyna-da ynamym ýok. Hatda dagyň öz ägirtliginden örtenip oturanynam görmän bilerin. Ýöne her ýyl diýen ýaly täze ýyl dabarasynyň arasynda penjirämden dag tarapa seredýärin. Onda-da her ýyl diýen ýaly bulutdan, ümürden ýaňa, dag nire, goňşy öýleriň üçegi zordan saýgardýar. Daga gitmäge derek şol goňşy öýlere girip-çykyp, täze ýyllaryny gutlaýaryn. Olaram bize gelýärler. Adama biri-biriniň göwnüni awlamak şeýle aňsat! Şol aňsat göwün ýakynlygyny gazanmak üçin hemem gije howaňam bulaşmagy mümkin, arkasynda Güneşi gizläp ugran daglaram göresim gelip daş çykdym. Köçämiziň gyrasyndaky agaçlaryň ýagyşa ýuwunyp gara süpürnen şahalaryna ilki gözüm düşdi. Soň üşäp ýatan ýere seretdim. Dokja serçeleriňem iki-ýekesi ondan-oňa uçup gonup ýör. Ýene iki gözüm daglarda. Beýik daglaryň başyndaky eremän ýatan gar Günüň solgun nuruna ýalpyldap görünýär. Göwnüm ýene şol daglary küýsedi. Bir kiçijik daş bolup dag gerşinde ýatsadym, gözýaş kimin arassa säher çygyna ýuwulyp, täze ýyly täzeçe başlasadym… Birdenem goňşy öýleriň biriniň gapysy çala açylyp, biri maňa tarap boýnuny uzatdy-da: “Goňşy, geliber, geliber arkaýyn” diýip seslendi. Ýeňil ädimläp çagyrlan ýerime tarap ugradym. Içeri girenimden jaýyň ýakymly ýylysy süňňüme ýaýrap gitdi. Goňşym ýaly bolmasa-da, eşigimi ýeňletdim. Öý eýesiniň egninde diňe sport köýnekçesi bardy. Köýnekçesiniň döşünde-de başga dilde bir zatlar ýazylgydy. Goňşymdan ýazgyň manysyny soradym. - Üýtgeşik zat däl, “Bulutlar göçýär” diýen ýaly manysyz jümle. Dagdaky göçen bulutlar ýadyma düşdi. - Beýle bir manysyzam däl. - Aý, hawa, hyýalhonlara manysy bolsa-da bardyr. Goňşym çaý guýup berip durşuna, maňa seredip ýylgyrdy. Onuň ýanynda bir adym hyýalhondy. Hem hyýalhon diýerdi, hem “Seň ýaly bolup bolsady” diýip bu häsiýetimi gowy görerdi. Onuň näme üçin ýylgyrýandygyna düşünip duramsoň, menem ýylgyryp: - Täze ýyldan täzelenmek başlanýar. Hemme zat täzelenýär. Ýyl täze – diýip, içimden geçýän duýgulary daşyma çykardym. Goňşym meni hezil edip diňledi-de: - Goňşy, täzelenmek diýýäniň bilen ylalaşasym gelenok. Gaýta hemme zat könelýän bolaýmasyn? – diýip, maňa garşy çykdy. Özüne geňirgenip seredýänimi görüp, ol diýjek bolýan zadyny has düşnükli edip aýtmaga durdy: - Täze ýyldan soň şu ýyldaky zatlaryň hemmesi öňküsiniňem üstüne ýene bir ýyl könelýär gerek? Şu ýyl täzejeligine alan ýeňil ulagymyň ýyly eýýäm bir ýyl köne. - Könelmeli zat, könelse gowy-da. - Näme könelse-de, ulagyň könelsin diýmesene goňşy. Hawa-da, könelmesin diýemizde-de etjek alajymyz ýok. Aýawly münmeli diýäýmesek. - Könelen, zat bolsun. Könelse ony satyp ýene täzesini alarsyň. Ruhumyzyň pikirini edeli-le. Ynsanperwerlik könelmesin, päk ýüreklik könelmesin. - O diýýän zatlaryň şeýle-de könelmez. - Wah, ulajygym welin köneljek-dä diýýäňmi – diýip, degişip goňşymyň egnine kakdym. Ol hezil edip güldi. Şeýdip gülüşip-degişip goňşularda eslije oturaýypdyryn.“Täze ýyly çagalarymyň arasynda garşylaýyn” diýip, goňşyma gowy-gowy arzuwlar edip turdum. Goňşymam meni ugratmak üçin daş çykdy. Köçeden lukmanlaryň tiz kömek ulagy geçip gitdi. Onuň içindäkiler bilen zordan baş atyp salamlaşyp ýetişdik. Goňşym geçip giden ulagyň yzyndan seredip durşuna: “Lukmanlaryňkam aňsat däl. Hernä özi kömek etsin-dä” diýdi. Ulagda oturan mekdepe bile okan synpdaş gyzymyzdy. Ol bir gezek sapakda pes baha alany üçin aglapdy. Şol gün sapaga taýýarlanman gelipdir. Ýogsa ol bäşlikçidi. Häzir ol lukman. Bahanam özüne özi goýýandyr. Özi goýmasa, dertli bolup oňa ýüz tutanlar, tanyş-biliş, töwerek-daşy – durmuş goýýandyr. Hernä aglamaly bolýan däldir-dä? Indi ol aglasa çagalygyndaky ýaly diňe özem aglamaz... Goňşym bilen hoşlaşyp: „Dertler täzelenmän, könelip gutulyp gitsin. Derdimizi köneldýänler, ýeňledýänler daşymyzy gurşap, dertlerimize dert goşulmasyn” diýip dileg etdim. Goňşym: „Munyň bilen ylalaşýan” diýip galdy. Men eýýäm öýdedim. Gujagymdaky agtygym döwünen hozunyň maňzyny maňa-da iýdirjek bolýar. Atasy üçin ondan süýji maňyz ýok. Ömrümiň maňzyna barabar. Arman, dişim basanok. Hernä ejesi kömege ýetişdi. Gelin oglunam ýanyna alyp, atalary üçin bir käse maňyz üwäp getirdi. Üwelen hoz maňa käsäň içinden „Armanyň galdymy?” diýýär. Ýüzüm däl ýüregim ýylgyrdy. Könelmek, täzelenmek hakynda bolsa şeýle netijä geldim. Her kimiň könelmegini isleýän zady bardyr. Goý, ýetip gelýän täze ýylymyz olary on iki aý, üç ýüz altmyş bäş günläp köneltmek bilen bolsun! Köplenç bir zadyň könelmegi başga bir täzäniň döremegine getirýär. Edil agaçlaryň köne ýapyragyny döküp täzeden pyntyk ýaryşy ýaly köneleri dökülip, täzeleri olaryň ýerini tutýar. Penjireden daşaryk seretdim. Daglar duman içinde. Diňe goňşymyň jaýynyň üçegi aýyl-saýyl görnüp dur.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.