ATAMYŇ GYLYJY
Heniz ýigriminji asyra-da girilmändi. Tomsuň güni bolansoň daşary edil häzirki ýaly yssydy. Serhet berkitmeleriniň birinde gulluk etmek möhletleri dolanlar yzlaryndan täze baranlara orunlaryny berip Aşagabada ugrapdylar. Kyrk töweregi atly gulluklary tamamlanam bolsa, düzgün-nyzamy saklap, topar tutup gelýärdi. Olaryň sag-aman Aşgabada aşmaklaryna jogapkär ýolbaşçy komandir öňde, yzynda bolsa beýleki atlylar. Bir tarapy uly jeňňele sapyp gidýän dag gerşiniň deňine ýetenlerinde jigitleriň atlary birden tebil tapdy. Atlar jylawa buýdurman biri-birine gysylýardylar. Gulaklaryny keýerdip, dag tarapa diňkesini dikip, sakga durýardylar, käbiri yza serpigýärdi. - Ah-ow, ýigitler, bir bela-ra bar. Her kim çuslanypdy. Birden jigitlerden biri atynyň dikan seredýän tarapynda, dagyň çür depesine golaý kiçiräk ýapyň ýüzünde bir ýolbarsyň ýatanyny gördi: - Ýolbars! - Hany? - Hol ýokarda, ýeke arçadan aňyrrakda, ýapa seret. Dag derelerinde özüni soltan saýýan şir dünýeden bihabar güneşläp ýatana meňzeýärdi. Ýöne kim bilýär, ol jigitleriň atynyň ysyny alyp, indem awuna ýakynlaşmagyň ugruny gözläp ýatan bolmagam ahmal. Garadan gaýtmaz, mähnet ýyrtyjy aşakdan seredeňde otluçöp gabyndan uly bolmansoň, anyk bir zat diýmek kyndy. Ýolbarsy ilki gören jigit ony bir oka tabşyraýsam näder diýýän ýaly egnindäki ýaragyny eline aldy. Onýança jigitleriň ýolbaşçysy bir goluny ýokary galdyrdy. Bu onuň „Maňa üns beriň” diýmeli bolanda edýän yşaratydy. Sözüni yşarat bilen başlaýyşyndanam başga, diliniň az-kem çalgyrtlygy onuň milletiniň türkmen däldiginden habar berýärdi: - Degmedige degmesek niçikdi? Birbada hiç kimden ses çykmady. Ýöne hälki jigit elindäki ýaragyny ýene egnine asmagy kyn gördi. Ýolbarsyň ýurt eýesi özi ýaly bigam ýatyşy onuň çetine degen borly. Bolmanda ony ýatan ýerinden gaçyrman, guýrugyny ýamzyna gysan güjükler ýaly deňinden sessizje geçip gitmegi ol özüne kiçilik bildi. - Kemendir, ony bir oka tabşyraýsak näder? Özi bir pişikdir welin, niýetini bilip bolmaz! - Pişikmi? – diýip, hemmeleriň ünsüni özünde jemläp duran ýolbaşçy loh-loh güldi. Onuň münüp oturan gara atynyň syrdamdan daýawlygy diýäýmeseň ýolbaşçy diýer ýaly beýleki jigitlerden geýminde-eşiginde uly tapawut ýokdy. Ol: - Atjakmy? Atar sen, bir okda almarsaň, olam ýaraly, gany bilen üstümize gelse, öňünde durajakmy sen? Olam şeýle. Oraznazar mergen ýaly biri bolaýmasa, bir okda alardan ýolbarsyň ýatan ýeri daşyrakdy. Emma bir zyňanda atlylara ýeterdenem ol has ýokarda. Ýaralanyp üstlerine gaýdyberende-de, munça atly-ýaraglylar amanyny-zamanyny bermän ony läş edip taşlasa gerek. Muny aňyndan geçiren jigit gaýtmyşym etmän ýaragyna ok sürdi. - Aý, bir başa bir ölüm, şondan gorkup ýazzyny bererä öýtme, kemendir. - Onjak bolsa dur, ras gorkmaýar, namartlama. Ýaragy bäri ber. Gyljyňy al, bar pişigiň niýetini bilip gaýt. Jigit baştutanyň diýişi ýaly edip bilmedi. Hatda gözüniň içine seredilip edilen bu teklibi eşidenden onuň endamlary tikenekläp gitdi. Ýöwselledi. - Ýaragym barka... - Şiriň iki penjesi boş ahyr?! Ýa türkmen jigit gorkdy? Soňky sözlerini aýdanda atlylaryň ýolbaşçysy gytyjak murtuny sypap, çala güldi. Bir ýerde durasy gelmeýän atlar galagoply ýagdaýy duýýan ýalydylar. Belki ýolbaşçylarynyň köp manyly gülüp aýdanlary, olaryň üstündäkileri has beter gozgalaňa salan bolsa gerek. „Şiriň penjesi boş” diýip baştutanlary Oraznazar mergene-de mergenligini görkezre ýer goýmady. Ýatan ýolbarsyň üstüne eliň ýeke gylyçly barmaga-da gaýrat gerek. Onýança jigitleriň biri atyndan düşdi. Üstünden eýesi düşen at gorkunç bir zady gören ýaly has beter uçganaklady. Atyndan düşen Hangeldi sakgal jylawy atynyň kellesinden geçirip öňüne aldy-da, berk silkip goýberdi. Eýesine tabyn at derrew ýuwaşady. Ýaşy ýigrimi bäşi alkymlap barýanam bolsa, sakgalyna-murtuna päki degirmänsoň, Hangeldiniň adynyň yzyndan „sakgal” lakamyny goşardylar. Ol agras ädimläp gelşine egninden tüpeňini düşüren dostuna atynyň jylawyny berdi. Jigitleriň ählisiniň gözi oňa gönükdi. Hangeldiniň egnindäki tüpeňini bir uly daşa söýäp, başyndaky ak telpeginem şol daşyň ygynda goýuşy, aýagyndaky sary gonç ädigini çykaryp telpeginiň biraz bärirägine atyşy, gür gaşlarynyň üstünden baştutana bir seredip, gyrmyzy donunyň iki syýyny biline guşaýyşy, balagynyň gonjuny dyzyna çenli çermeýişi, bilindäki gyljyny sogrup alyp, gynyny ädiginiň üstüne oklap goýberişi – hereketleriniň ýeke birisem olaryň gözünden sypmady. Her kim garaşylmadyk bir wakanyň şaýady bolýandygyny syzdy. „Dogrudanam, Hangeldi sakgal ýolbarsyň üstüne gidiberjekmikä?” diýip, ikirjiňlär ýaly bolmady. Ol dodaklaryny müňküldedip içinden okan dogasyny tamamlap elini ýüzüne ýetirende, adata görä jigitleriňem ählisi elini ýüzüne syldy. Şeýdibem olar Hangeldi sakgalyň ýolbarsyň üstüne eli ýeke gylyçly gitmegini goldan ýaly boldular. Jylaw eline berlen jigit saklanyp bilmedi: - Sakgal dur! Aýagy ýalaňaçlanyň bilen ol saňa gapyl basdyrmaz. On ädim ýetmänkäň... Ýoldaşy „dur” diýende yzyna hyrsyz gaňyrlan Hangeldi onuň soňky sözlerini diňlejegem bolmady. Oty-çöpi saralyp sowrulan ýylçyr dagyň gyzgyn daşlaryna ýalaňaç aýagyny dözümli basyp barşy indi onuň dur diýeniň bilen durmajagyny aýdyp durdy. Ýolbarsy gapyl basmak onuň akylyna-oýuna-da gelenokdy. Gaýta tersine, ädimlerini gyssanmaç alyşy heniz ýakynlaşmanka gelýänini aňyp ýolbars gaçyp gitmese bolýar diýýäne meňzeýärdi. Ädigini bolsa ol aýagym taýmasyn diýip çykarypdy. Hangeldi sakgalyň gylyç oýnadyşyna ýoldaşlary beletdi. Onuň gylyçly golunyň goşarynda edil süňk ýok ýalydy – başyny galdyran kepjebaşyň kellesi kimin, islän tarapyna, çalt öwrüler durardy. Ýöne häzir, gyljyňy hernäçe oýnadyp bileňde-de, dereleriň soltany bir arlap üstüňe gaýdanda eliňde-goluňda ysgyn goýarmyka? Emma arryldy eşdeni bilen ysgyndan gaçjak adamam beýdip, aýagyny ýalaňaçlap onuň üstüne gitmese gerek. Göterim, ýeňles biri bolsa käşgä. Hangeldi sakgal o-da däl. Ol jigitleriň arasynda iň agrasy, iň gönümelidi. Sakgaly üçin däl, bu häsiýetleri sebäpli deň-duşlary oňa „aga” diýip ýüzlenerdiler. Hemmeler bilen deň Hangeldi sakgalyň yzyndan garap galmaly bolan ýoldaşy atlary saklatmansoň ýere düşmeli boldy. Dogrusy, atlardan beter ol özüni bir ýerde saklap bilenokdy: - Menden boldy. Bary şu iki barmak dilimden boldy. Yzynda dostunyň özünden beter howsala düşüp ugranyndan bihabar Hangeldi dözümli basýan ädimlerini indi hasam ýygjamladyp ugrady. Ol aslynda ýoldaşlarym yzymda näme işleýärkä diýip pikirem edenokdy. Biraz gyssanmaçlyk edendenmi, ädimini hernäçe eserdeň ätlese-de, Hangeldiň aýagy çala taýjak ýaly etdi. Dagyň daşyna degen elindäki ýalaňaç gylyjy zyrňyldap gitdi. Ol sakga durup ýokaryk – ýapa seretdi. Häzirki ýeten ýerinden oňa ýolbarsyň diňe art tarapy, uzyn guýrugy görünýärdi. Guýruk gymyldanok. Ýolbars parahat ýatyrmyka, ýa başyny galdyrdymyka? Ol guýrukdan gözüni aýyrman bir salym garaşdy. Hereket bolmady. Diýmek, ýolbarsyň şol ýatyşy. Hangeldi düýrügip, garşydaşy bilen ýübe-ýüz bolmaga howlugýan ýaly ýene haýdap ugrady. Aşakda duranlaryň howsala düşmäge başlanlary barha köpeldi, ýöne her kim bir pikirdedi. Olardan biri: „Ýeke goýbermeli däldik” diýdi. Bolýan zatlarda özleri günäkärlenip barylýan ýaly başga biri: „Oňa biz git diýmedik, özi gitdi” diýdi. Ýene biri bolsa: „Häzir agamyň şony edişine bir seret!” diýip, duran ýerinden haýbat atdy. Oraznazar mergen ýaragyny egninden alyp eýeriniň üstüne kese atdy-da, atyny ýolbaşçynyň golaýyna sürdi. Komandir onuň näme üçin alkymyna gelenine düşünip dursa-da, sesini çykarman, daga dyrmaşdygyça kiçelip barýan ýaly görünýän Hangeldiden gözüni aýyrmady. Hangeldi dagyň gap bilinde ösüp oturan ýeke arça ýetdi. Arçaň kölegesine giren mahaly onuň bir şahasyndan uly guş pasyrdap uçdy. Hangeldi guş bilen däl, „Häh” diýip, indi özüne doly görünýän ýolbarsa seretdi. Ol güneşläp ýatan eken. Bu gün awy şowlap, garnyny gowy doýrup ýatan ýolbars pasyrda göwünsiz başyny galdyrdy. Arka tarapdan ösýän dag şemaly onuň uzyn saçlaryny galgatdy. Şemal aşakdan ösýän bolanda Hangeldi alkymlap gelmänkä ýolbars onuň ysyny almalydy. Edil şol wagt kölegä girip sakga durmagam ony görünmez ýaly eden bolmagy mümkin. Uka özüni basdyran ýolbarsyň gözleri süzülip durdy. Şonda-da, dag daşlaryny ýeke-ýeke sanaýan ýaly töweregini doly gözden geçirenden soň ol agyr kellesini ýene öň aýaklaryna ýassady. Dag başyny ümsümlik gurşap aldy. Hangeldi ýolbarsyň ýene rahat ýatanyny görüp, uludan demini aldy-da, Alla şükür etdi. Dogrusy, guşuň uçanyndan biynjalyk bolan şir turup, silkinjiräp, jeňňelige tarap selkildäp gidiberen bolanda, Hangeldiň şükür etmesi ýerlikli boljakdy. Häzir welin, şükür eder ýaly onuň bähbidine üýtgän zat ýok – öňde hany geliber bakaly diýýän ýaly görünýän şir ýatyr. Hangeldiniň göni ajalyna barýan bolmagam ahmaldy. Şeýle bolan ýagdaýynda-da däbine-ybadatyna berk bu adam ýene şükür etse gerek. Çünki, guşy uçuryp, şol sebäpli ganatlaryň pasyrdysyna şiri oýarmagyň, soň ýene onuň başyny penjeleriniň üstüne goýdurmagyň, edil şonuň ýaly bir gelmişegi jigitlere ýolbaşçy belledip, onuň gyjyt beriji sözleri sebäplem ony häzir eli ýalaňaç gylyçly, ölsem öleýinli ýagdaýa düşürmegiň adam oglunyň elinden geljek zat däldigine ol gaty çuň düşünýärdi. Atynyň üstünde, öýdäkilerini ýatlap barýany ýaňy dälmidi näme? Ýene az salymdanam näme bolup geçse, şolam bolar geçer. Onuň paýyna düşýäni ikirjiňlenmezlik, milletiniň abraýyny ysnatdan gorap, synagdan mert durup geçmek. Aslyýetinde indi deminem kän sojaman almaga çalyşýan Hangeldiň bu zatlaryň pikirini edere-de pursaty ýokdy. Aňyny ýolbarsdan başga zada sowman indi her ädimini has eserdeň basýardy. Akylyndan geçýän, ýüregine berk düwen ýeke niýeti bardy. Olam aralyk bäş ädime ýetende „Ýa Alla” diýip gygyryp ýolbarsa topulmakdy hem elinde baryny edip garşydaşyny ýeňmekdi. Şol bäş ädime-de indi az galypdy. Gara atly komandir ýene elini göge göterdi. Jigitler indi Hangeldidigem saýgartmaýan nokatdan bir pursatlyk gözlerini aýyrdylar. Ýolbaşçy egninden çalt ýaragyny aldy-da, oňa ok sürdi. Muňa garaşyp duran ýaly jigitlerem ýaraglaryny okdan doldurdylar. - Ýokary, ýokary atmak gerek. Buýruga dogry düşünilip, agzybir göçen kyrka golaý tüpeňiň sesi gaýalarda ýaňlanyp ala-zenzele döretdi. Ýolbars tarsa ýerinden turup sesiň çykan ýerinden daşlaşmak üçin jeňňelige tarap özüni zyňdy. Edil oklanan daş ýaly düýrügip, birdenem gözünden uçan şiriň yzynda, muňa garaşmadyk Hangeldi aňalyp galdy. Ýoldaşlarynyň edenini oňlaman başyny ýaýkap aşak seretdi. Jigitleriň ýolbarsyň gözden gaýyp bolanyna, oňa derek özlerine tarap Hangeldiň seredip duranyna begenşip tüpeňlerini ýokary göterişleri çala saýgardýardy. Ýolbarsy gözünden ýitiren Hangeldi bialaç yzyna ýöräp ugrady. Hälki basyp geçen daşlaryna ýene-de basmak nesibesinde bar eken. Ýeke oturan arçanyň deňine ýetip, onuň sergin saýasynda dag howasyndan kükregini doldurdy. Bu howaň şeýle lezzetlidigini birinji gezek duýan ýaly gaýta-gaýta uludan dem aldy. Edil ýaňam gözüni däl, tutuş durkuny ýolbarsa gönükdirip hereket edip gelen Hangeldiniň birden on iki süňňüne gowşaklyk aralaşdy. Täzeräk syrdyran başynda der düwmejikleri peýda boldy. Eliniň aýasy bilen derini sylyp, ol asmana garady. Çaýkelmi, hälki uçan dag guşy ýokarda gaýyp ýördi. Ol asman giňişliginde haýsy tarapa uçup gidende-de gelişmän durjak dälkä, näme üçindir bir aýlanan ýerinde aýlanyp, pelpelläp ýör. Ýeke arçada onuň höwürtgesiniň bar bolmagam mümkin. Hangeldi kellesine gelen bu çaklamasynyň anygyna ýetjek bolubam durmady. Göge uzak garanyndan boldumy birden Hangeldiň dyzlary saňňyllap, başy aýlanjak ýaly etdi. Indiden soň bu saňňylly näme, baş aýlanma näme?! Ol aşak oturyp demini dürsedi. Hangeldiň bir daşyň üstüne çökenini saýgarmagy başaran, ýiti gözli Oraznazar mergen: - Agam-a şiri gylyçdan geçirip bilmänine gynanyp çökäýdi – diýip ýylgyrdy. Muňa jigitler ala pakyrda berdiler. Demlerini tutan dartgynly pursatdan soň olara gülere bahana gerekdi. Sözleri aýyl-saýyl, düşnükli bolmasa-da, ýoldaşlarynyň şatlygyny Hangeldi edil ýanlarynda ýaly duýdy. Aşakda özi ýaly gyrmyzy donly, başlary ak telpekli jigitlere, olaryň münüp oturan atlarynyň uçgnaklap durşuna seredip onuň ýüregi jigläp gitdi hem ol bu görnüşden rahatlyk tapdy. Ýuwaş-ýuwaşdan süňňünde saňňylly-beýlekiden nam-nyşan galmady. Ol ýerinden turdy-da, dagdan aşak düşmesini dowam etdirdi. Ýoldaşlaryna golaýlaberende atyny tutup duran dosty jyalwlary başga birine berip öňünden çykdy, ony garsa gujaklady. Özüniň gujaklanmasynam artykmaç görüp Hangeldi oňa: - Haý, sen-ä. Näme dolanmaz öýdüpmidiň? – diýdi. Dosty ony goýberip ýylgyrdy: - Ýok, ýok dost jan, begenjime... Beýleki ýoldaşlaram biri ýomak atyp, biri egnine kakyp ony şadyýan garşyladylar. Atynyň aýaklary duran ýerine çüýlenen ýaly sarsman duran ýolbaşçy bir elini eýeriň gaşyna diräp, Hangeldä içginden-içgin seredýärdi. Ol başyny ýaýkap oňa ýüregindäki sowaly berdi: - Hangeldi, sen hossarsyz däl, öýüňde eje-kaka, gelin garaşmakda. Beýle gözsüz batyrlyk neýe gerekdi? Hangeldi ädigini geýip oturan ýerinden ýolbaşçysyna jogap bermegi gelşiksiz hasaplady. Tä atyna atlanýança ondan ses çykmady. Muňa düşüş ýolbaşçy tagapyl edip jogaba garaşdy. - Kemendir, ara gaýrat, bigaýratlyk düşensoň ýöräberdim-dä. Ýöne ýigitlere tüpeň atdyryp oňarmadyňyz. - Hä, neçün? - Häsi, gara başy ýene bir synagdan geçiräýjekdim. - Haý, sakagal, synagdan geçdi, wo geçdi – diýip, başam barmagyny çommaldan ýolbaşçy soň äheňini üýtgedip, sakynyp sözüni dowam etdirdi: - Bu... saňa görä, ýolda barýarka synag, keýp, lezzet. Jigitleriň biri ýolbaşçysynyň sakynmasyna kömek etmek niýeti bilen, onuň sözlerini has düşnükli bolar etdi: - Seniň üçin ýolugry synag. - Hawa-hawa , ýönekeý... ýolugry synag, oýun. Has beter synag, köp-köp synag öňde bolup biler. Ýolbars hiç, ony başardy. Mundan soňunam başarjak, sakgal! Ýolbaşçy gelip Hangeldi sakgalyň arkasyna kakdy. Atlylar dag etegini syryp ýollaryny dowam etdirdiler. Agşama golaý öňlerinde, ýakyn ýyllarda ýarylanyna ýigrimi ýyl dolmaly Gökdepe galasynyň sudury garalyp, çala göründi... Ilkinji türkmen serhetçilerinden biri, atam Hangeldi sakgalyň başyndan geçen bu wakany maňa kakam pahyr gürrüň beripdi. Men şonda eşidenlerime känbir ähmiýetem bermändim. Öz ýanymdan atamyň hereketini nadanlyk, özüňi oýnatdyrmak hasap eden bolmagymam mümkin. Kakamdan hatda şol dag gerşiniň anyk niredediginem soramandyryn. Wakanyň ýeke-täk şaýady – olam atamdan galan miras, dilsiz-agyzsyz gara gylyç. Könelip gynynyň gaýyşlary gopuşan şol gylyjy kakam pahyr ejeme ilki ogullarynyň, soň agtyklarynyň bäbekkäler başujunda goýdurypdy. Ejem pahyr gylyç bäbekleri gözden-dilden gorar diýip yrym eden bolsa, kakam belki kowmumyz ata-babalary ýaly ýürekli bolsun diýendir.
Teswirler (2 sany)
Sagboluň
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Sag boluñ. Ellerñize güller bitsin!