GALKAN DAŞ BASAN
Üç asyr mundan öň, 1770-nji ýylyň gyşydy. Gününiň ýylysy ýokdy. Ol asyl bulutlardanam kän çykyp bilenokdy, ygallykdy. Bir garry ene oglunyň getiren çyg odunlaryny tutaşdyryp bilmän gargynjyraýardy. Ýaşy ýigrimiden aşan ogly ejseniň gargyşlaryna üns bermezlige çalyşýardy. Emma enesiniň gara öýüň ortasynda „agzyndan ot çyksa-da” ody tutaşdyryp bilmän kösenşine dözer ýaly däldi. - Eje, bolmasa özüm tutaşdyraýyn. Ene hyrsyz seretdi-de, uludan dem alyp demi ýetdiginden odunlaryň aşagyna üfledi Birdenem ot tutaşyp gitdi. Tüsse uran bolmagam mümkin, enäň gasyn-gasyn ýaňaklarynda ýaş damjalary göründi. Ol gözüniň ýaşyny gyňajynyň ujy bilen syldy-da daş çykdy. Daşarda sowuk gyş ýagyşy çisňeýrdi. Bir eline tagan bir eline et torbasyny alyp ene içeri girdi. Üç aýak tagany oduň üstüne goýdy-da getiren etini dogramaga oturdy. Ýüzüne hernäçe hyrsyz seretse-de, enäň bar guwanjy-begenji şu ýeke ogludy. Et dograp oturşyna ene oglunyň dünýä inişini ýatlady. „Ýanymda ýeke göbek ene. Kakasynyň başdaşy ak öýündenem çykmady. Geler diýip tama-da edemokdym-la. O tula meni görenden itini görenini gowy görýädi. Önelgesizligine men günäkär ýaly...” Kiçiräk süňkden taýan pyçak tas enäň elini kesipdi. Ejesinden gözüni aýyrman oturan ogly onuň alkymyna süýşdi-de elinden pyçagy aldy. Ene sessiz-üýnsüz çete çekildi. Ýigidiň ady Galkandy. Alamana giden kakasyna galkan bolsun diýip oňa bu ady göbek enesi dakypdy. Emma ertesi alamançylar elleri boş, bir jesedem aralaryna alyp gaýdyp geldiler. Jesedem Galkanyň kakasy Sarygul serdar bolup çykdy. Saryguluň ýyly sowlup sowulmanka-da başdaş aýaly obadan göçüp gitdi. Serdaryň yzynda eli bäbekli gyrnagy galdy. Il bir gowy zat, kimi Serdaryň içersi diýip, kimi ýetim galan çaga dözmän olara bäş-üç ýyl kömek etdi. Ýöne her kimiňem öz derdi özüne ýetik, ýek-tüki bolaýmasa kömek edýänlerem ýuwaş-ýuwaş azaldy. Ýene ene daýaw çykdy, ogluny ulaltdy, kemala getirdi. Ene çyg odunlary gowy tutaşan oduň ýakynyna örüp oturşyna ogly ýigit çykaly bäri özüni müýnli ýaly duýýardy. Ýogsa oglunyň hiç ýigitden kem ýeri ýokdy. Kem nirede, gaýta artykdam. Bu jelegaýlarda onuň bilen billeşmäge garşysyna çykmaga het edýän, gylyç oýnadyp, nyşana ok atyşmaly bolanda-da bäsleşip bilýän tapylmazdy. Oglunyň ýeke aýby – adynyň yzyna ‚,daş basan” lakamyny goşdular. Nämemiş dagdan aňyrdan getirlenden doglanmyş. Etden gözüni aýyrman oturan enä öz ýüregi dogralýan ýalydy. Galkan derdini ýeňletjek bolup ejesine ýylgyryp seretdi. Bu manysyz ýylgyryş gaýta enäň ýürek oduny hasam ölçerip, janyny ýakdy. Muny aňdyrmajak bolup ol turup iki adamlyk gazanjyklaryny taganyň üstünde goýdy. Galkan derrew agraslandy. Dograp bolan etini ejesiniň öňüne süýşürdi. Ene ony duzlap, gyzan gazana agdardy. Jany bar ýaly gazana atylan et jagyrdap ses etdi. - Çukura salan torbalaryňy açmasaň munda bir bişirerlik galdy. Galkan ejesiniň uzadan torbasyny alyp, daş çykdy. Öýlerinden daş atym demirgazykda, dagyň öwrüm berip duran ýerindäki, kiçiräk gowagy ýatladýan köwekde, Galkanyň et saklar ýaly ýörite gazan çukury bardy. Köwege ýagyş-garam ýagmansoň içi guruganlykdy. Geçen gyşdan öň gury dursun diýip Galkan ýakjak odunlarynam bu köwege basypdy. Ejesi muňa begenipdi. Emma bir günem odunlaryň arasynda ýylan görüp gorkdy. Şol günüň ertesi ene Galkana üýşüren odunlaryny o taýdan çykardyp dargytdyrdy. Köwegiň golaýynda guran çöp çalamam goýman çapdyrdy. Şondan soň ejesi ynjalsa-da, ýene köwege golaýlamazdy. Galkan daşyň üstünde ýüzüni galdyrman esli salym oturdy. Ol obadan düýn ugran alamançylara goşulmany üçin ejesiniň keýpi ýokdur diýip çaklady hem muňa erbet gahary geldi. Hatda içinden „Men alamana gidenlere goşulman diýip öň aýtdym-a” diýende ýumrugy düwlüp gitdi. Üç-dört gün mundan öňem bu içeride şatlyk höküm sürýärdi. Galkanyň keýpi daş ýaryp, ýigitligiň joşguny bilen ýere-göge sygmajak bolup ýördi. Ejesiniňem ökjesi ýere degenokdy. „Ejesiniň galkany, gyşda ojagymyň ýylysy, ýaz günümiň salkyny. Okuny awuna ýetiren balam, gidenje ýerinden getiren balam” diýip, goşgy goşup ogluny söýgüläpdi. Galkan şonda awy şowlap, bir keýigi atynyň öňüne basyp gelipdi. Getiren awuny eneli-ogul derrew pudarlap süňkünden aýrypdylar. Soňam çalygdyryp, deriden tikilen ýörüte torbalara salypdylar. Bäş torba arassa et! Ene neneň begenmesin, bu ep-esli günüň azygydy. Bu günem ejesi bäş sany çyg odun wagty bilen tutaşmady diýip ýüzüni demir darak bilen darap otyr. Içinden: „Magtymguly şahyr: „Bu dünýe mülkünde şadyr-soltandyr, Kysmatyna kaýyl bolan adamzat” diýipdirä. Bizem kysmatymyza kaýyl ýaşabermeli-dä. Wah, ony diýsemem, ömriboýy kysmatyna kaýyl ýaşap ýören dälmi näme, ejem görgüli?!” diýen Galkan özüne buýrup ýerinden turdy. Ol elindäki torbany gapdala oklap çukuryň agzyna goýan uly daşyny süýşürmäge durdy. Galkan gozgaýmasa bu daş ejesine güýç berjek daş däldi. Ol çukuryň agzyny açyp ondaky torbalardan et alyp, ejesiniň eline tutduran kiçi torbasyny doldurdy. Et täzejeligi ýaly durdy. Bişirmän iýibermeli – et Galkanyň gözüne üýtgeşik süýji göründi hem gaharyny ýatyrdy. Ogly gelinçä enäniň ataran agşamlyk şamynyň eti gowurmyşlandy. Göräýmäge enesiniň ýüregi düşüşen ýaly. Galkan däliden dogry habar edip içindäkini daşyna çykardy: - Düýnki alamançylara goşulmanyma gaharlanýarmyň? - Saňa şolara goşul diýýän barmy? Öňem diýen däldirin, indem diýmen. Şol ýoluň kakaňy ýuwudany azmy? Eden çaklamasynda ýalňyşandygyna Galkanyň ynanasy gelmedi. Emma ejesine mundan artyk bir sözem diýmedi. Ene töweregini sermeşdirdi. Eline atymçaýly düwünçek ildi. Ogluna: - Nahardan öň çaý owurtlajakmy, tüňçe gaýnady, içseň demläýin - diýdi. Ene gowrumy ýeten etiň üstüne birki käse suw guýdy. Içine suw guýlan gazan ýene bir jagyrdady-da, köşeşen ýaly sesini kesdi. Enäniň gözleri ýene oglunyň gözüniň içine seretdi. Bu gezek Galkan munuň sebäbini soraman durup bilmedi. Ene ogluna jogap bermezden öň göwni bir ýaly dişleriniň dökülmediginden döküleni kän bolansoň içine ýygrylyp duran dodaklaryny kümşerdip naharyň duzuny barlady. Soň ogluna jogap bermäge durdy: - Seredýänim, näme sen indi şeýdip öýlenmän geçekmi? Şony sorajak bolýan. Ýok, öýlenjekdirin diýseň, ejeň gaty garramanka öýlen, beýdip özüňi aldap ýörme. Ejesiniň gönüläp aýdan sözlerine Galkanyň ýüzi gyzyp gitdi. Ene häzir oglunyň ýüregine ýara salýanyny bilse-de, sözüni ýarpy bilinde ýolman: - Bärden saňa maşgala ýokdugyny gördük. Obada dadymyza ýetişip ýörenlerem jygba-jyga gelende gyzyny bize beresi gelenok. Dagdan aňyrda daýylaryň bar, şolaň üstüne git, özleri öýerer diýeýin diýsem, olam mende ýok. Bir ejem galypdy. Olam bireýýäm amanadyny tabşyrandyr – diýdi. Galkandan ýene ne ses çykdy, ne üýn. Ol biri ýeňsesinden basýan ýaly ýere siňip barýardy. Oglundan jogap bolmajagyny gören enä, soňkuja aýtjagyny aýtmakdan başga alaç galmady: - Oglum, sen ertir ýola düşäýseň näder? Galkan gahardanmy ýa başga bir dertden tenine pyçak sanjylan ýaly çalt dikelip başyny galdyrdy. Onuň hyrsyz gözleri garry ejesiniň içinden geçip barýardy: - Alamançylaryň yzyndanmy? Oglunyň seredişinden süňňi gowşasa-da, köpi gören ene aljyramady: - Ýok. Olar bilen däl. Has daşyrak, ýolam köp atly barardan kötel, başga oba git. Deraza. Ejesi Deraz diýenden bu obadan iki sany awuça kelte gaýaň töwereklerinde duşany, şonda öz dillerinde şeýle arassa gepleýşine olaryň haýran galyşlary Galkanyň ýadyna düşdi. Ejem sizlerden diýip aýtmaga dili barmansoň Galkan şonda: „Diliňizi oglankam siz tarapa söwda gatnap öwrendim” diýip, ýalan sözlemeli bolupdy. - Ýolum üýtgäni bilen niýetim üýtgänok. Etjegim alamançylyk bolanokmy näme? Hiç ýerigem gitmen. - Gitmeseň gitme, müjerret ötäý. Mundan soň Galkandan ses çykmady. Ejesem bir eli gyňajynyň ujunda aglap-aglap içinde ýaş galmadyk gözlerini süpürdi, bir eli bilenem naharyna duz atdy. Ol duz nahara däl, Galkanyň ýürek ýarasynyň üstüne atylan ýaly boldy. Ol dymyşyklyga uzak çydam edip bilmän, daşaryk çykdy. Daşarda sowuk ýagyş gara ýazypdyr. Kiçijik tozgalar Asmandan şol gaçyp dur, gaçyp dur. Bolmanda biri dillense. Hakykatdanam olaryň biri dillener diýip garaşýan ýaly Galkan olaryň gaýyp ýere düşüşlerine esli salym seredip durdy. Gulagyna ejesiniň hüňňürdisi geldi. „Günäkär sen bolmarsyň, şondan hekgerýäň. Ertir: „Ejem gyrnak bolmadyk bolanda halan gyzymy alardym, adam ýaly ýaşardym” diýjeksiň”. Galkan soňky döwürler enesi şeýdip özbaşyna hüňňürdäp ýörkä üstüne köp gelipdi. Bir salym hüňürdisi ýatan enäň ýene sesi geldi. „Men guraýyn. Çagam dünýä inende özüme sedary ogully eden enedirin diýýärdim. Soňunyň beýle-beýle boljagyny nireden bileýin”. Hüňňürdi ýatdy. Içerden enäň hynçgyryp aglaýan sesi gelýärdi. Galkan ýene Asmana seretdi. Galkan içerik eli et torbaly girdi. - Eje, munam gowrun. Hurşsuz oturmaly bolma. - Sen meni gaýgy etme. Gelinçäň dag çöplerini çeýnäp oňaryn welin oňaryn. Aman gidip, sag gelseň bolýar. Ertesi daň bilen Galkan ýola düşdi. Derazyň ýoly ýeke atly geçerdenem köteldi. Hasam „Bezemen gaýadan” aşylýan ýer howpludy. Galkanyň aty bir tarapy çuň jar, bir tarapy dik gaýa, ýokary galdygyça-da barha inçelýän ýoda bilen öňe ýöremekden ürküp kürtdürip durmaga başlady. Galkan bialaç atyndan düşdi. Öňüne geçip jylawyndan itmäge çalyşdy. Emma atyň rejesi öňe giderli däldi. Awda edişi ýaly atyny şu ýerde goýup gitse näderkä? Galkan içinden: „Nesibesi aýrylmadyk bolsa, yzyma gaýdamda tutup alaryn” diýdi. Birdenem kellesine başga bir pikir geldi. At horjunyny egnine atdy, eýer esbaplary çep goltugyna gysdy. Sag eline-de içi azajyk arpaly at torbany aldy. Torba gözi düşen at oňa tarap boýnuny uzatdy. Galkan atyna iýimden çala dadyrdy-da, öňe ýöräp ugrady. Aty ondan galmady. Hudaý-Alla bilen, şeýde-şeýde olar ýodaň hatarly bölegini geçdiler. Mundan aňyrsy eýýäm ýat ýurduň ýerleri bolansoň Galkanyň gözi töweregindedi. Emma hiç ýerde oduň ýagtysyna, ýa tüssä gözi düşmedi. Boýunda düşlärin diýip gelýän çeşmesine golaýlaşdygyça käkilik sürüleriniň jakyrdaşýan sesleri gelip ugrady. Uzak bir ýerde arlan gaplaňyň sesi çala eşidildi. Bu sese Galkanyň aty hem biynjalyk bolup, gulagyny keýertdi. Galkan egilip atynyň boýnuna kakdy-da: - Dorbaýym, arkaýyn ýöre, Alla bardyr – diýip, hem atyna, hem özüne göwünlik berdi. Galkan bir beýigi aşanda hol uzakda, deräň başlanýan ýerinde suwuň ýyldyrap akýanyny aty özünden öň gördi hem ýörişini çaltlandyrdy. Çeşmä gaty golaýlaman Galkan atynyň başyny çekdi. Çeşmäň başyna pyýadalap, gaty seresaply barmagy dogry bildi. Garşydan ýumşak şemal ösýärdi. Suwuň akýan ugrunda ýabany injirdir narlar ygşyldap otyrdy. Golaý bir ýerden owadan saýraýan bilbiljigiň sesi geldi. Uly daşlary penalap barşyna bu sesi eşidip, Galkan rahatlaşdy. Howply bir zat bar bolanda bilbiljik beýle saýramaz. Galkan atyny daňyp giden ýerine dolandy. Atynyň eýerini aýyryp şol ýerde-de goşuny ýazdyrdy. Çeşmäň boýuna atyny idip äkidip suwa ýakdy. Kiçeňräk tüňçesini dolduryp suw getirindi, ot ýakyndy. Tüňçesi gaýnaýança bu gezek içine arpany bolurak guýup attorbany bedewiniň kellesine ildirdi. Atyny attorba bilen aldap „Bezemen gaýadan” geçirşini ýatlap ýylgyrdy. „Menem Dorbaýym ýaly boş torba aldanyp şu günlere düşüp ýören bolmaýyn? Kim bilýär, şeýdibem ömrümiň iň kyn geçidinden geçjekdirin”. Galkan enesiniň salan gowurmasyny öňüne alyp içinden: „Başa gelenini görübereris-dä” diýip, özem garnyny doýurdy. Gün ýaşdygyça hälki bilbiljik has janygyp saýrap ugrady. Galkan: „Jübüdini çagyrýarmyka ýa hakykatdanam güli küýsäp saýraýarmyka? Şahyrlar ýazyberýändir, ol güli näme etsin?” diýip, aldanan atyna özüni deňemek pikirinden daşlaşdy. „Guş bolup gökde ganat ýaýsaňam, ýerde öz jübüdiň, höwürtgäň, jüýjejikleriň bolmasa bolýan däldir-dä. Şonuň hatyrasyna bilbil uzak gijesini ýatman saýrap geçirýärkä, Galkan daş basan, senem kelläňi etegiňe salyp aldanandyryn öýtme. Başga alaç ýok”. Galkanyň özüne ýüzlenip edýän bu ýöntemje pikir ýöretmeleriniň aňyrsynda dünýesi ýatyrdy. Ol „alaç ýok” diýse-de, alaman ýoluna düşeni üçin hem özüni günäli saýýardy, hem bigünä. Galkan çeşmäň boýunda ýatmagy hatarly gördi. Hälki gaplaňyň sesem bir böwründe ünji – ol gaty gijä galman çeşmeden daşlaşmak bilen boldy. Atyny ep-esli sürenden soň bir dagdan agajyna gözi düşdi. Ol barýan ýodasyndanam känbir sowa däldi. Atynyň jylawyny goluna baglap Galkan şol agajyň düýbünde gözüniň awusyny aldy. Galkan oýananda daň çala agarypdy. Ol derrew atyny eýerläp atlandy. Eger ýalňyşman gelýän bolsa, Derazam indi uzakda bolmaly däl. Galkanyň burnuna tüssäň ysy urdy. Ol atynyň başyny çekdi, gözýetimi ýeke-ýeke gözden geçirdi. Emma hiç ýerde tüsse görmedi. Atyny sürüp öňündäki beýige çykdy. Ol gözüne ynanmady. Aşakda, deräň ugrunda kiçiräk oba ýaýlyp ýatyrdy. Bu Derazdy. Heniz örmändirem. Çal tüssesine bürenip parahat ýatan oba Galkana: „Özüňi aklajagam bolup oturma. Goýnumda öz gün-güzerany bilen, parahat ýaşap oturan öýlerimiň haýsysam bolsa birini gan agladyp, göz dikip oturan uly gyzyny alyp gaçjaksyň-da günäkär bolmazmyň?” diýen ýaly boldy. Galkany bu asudalyk ýyldyrym uran ýaly etdi. Ol egilip Dorbaýynyň boýnundan gujaklady. Eli atynyň dogabagysyna degenden endamy jümşüldäp gitdi. Alaçany dakan ejesidi. Öýde galan, saçy sübse, eli kesewi ejesi göz öňüne geldi. „Edil şular ýaly obalaryň birinden kakamam ejemi atynyň öňüne basyp alyp gaýdandyr. Şeýtmedik bolanda men dünýä inmezdim, zürýatsyz ötüp kakamyňam yzy ýiterdi. Daş basan diýselerem, men boldum kakamyň dowamaty”. Atyndan syrylyp düşen Galkanyň kellesinde biri-birine çapaz pikirleri edil urşa giren ýaly çarpyşýardylar. „Meňem kysmatym kakamyňkydan tapawutly boljak däl. Alla jan bendeleriň dogrudyr öýdenleriniň ýalňyş, ýalňyşdyr diýenleriniňem dogry boljakdygynam aýdypsyň. Men bolsam häzir nämäň ýalňyş nämäň dogrudygynam bilip bilmän durun. Günäli bolsam özüň günämi geç, bigünä bolsamam ýolumy açyk et...” Arkadan, ähli zada parhsyz Gün dogdy. Allany çagyryp, ýüregini bire baglan Galkan ätiýaçdan egnindäki gyrmyzy donuny, başyndaky çöwürmesi bilen akgaýma tahýasyny aýyryp horjuna saldy. Horjuny ýanyna alsa onuň ýüzündäki teke gölli ýalpyldap, göze ilip durdy. Başga alaç tapman Galkan ony daşlaryň arasyna sokdy. Başyna ak ýaglyk daňdy. Atyna atlandy welin, hernäçe tanatmajak bolsa-da, ýene özüniň öňki türkmendigini duýdy. „Töwekgel işini Taňry oňar. Atymy tanap saklasalar, aty ogurlap gelýän diýäýerin” diýip, oba tarap ugrady. Galkanyň gelýän tarapynda obanyň suw alýan çeşmesi bardy. Ýakynlaşdygyça çeşmäň boýundaky aýal-gyzlar aýyl-saýyl görnüp başlady. Suwa gelenleriň degişip gülüşýän öz galmagallary, suwuň sesi at toýnagynyň sesini basan bolarly. Galkan çeşmäň boýundakylara ses ýetimdenem ýakyn geldi. Birdenem sar uçan ýaly, gyz-gelinleriň kimisi küýzesini elinden gaçyryp, kimi ýörite taşlap ökje göterdiler. Çeşmäň boýunda diňe bir gyz güýmenjiräp galdy. Beýle-beýle wakalary birinji gezek başyndan geçirýän Galkanyň ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Her niçik-de bolsa, gyzyň ýeke galanyny, üstesine-de onuň depesinden inen bürgüdiň öňünde gulagyny ýatyryp ýatmadan başga alajy galmadyk towşan ýaly bolup durşuny görüp ekezlendi. Bärden barşyna golundan tutdy-da, gyzy atynyň öňüne aldy. Jylawy çala öwreni bilen Dorbaý edil öwredilen ýaly, gelen ýodasy bilen ýüzin salyp yzyna gaýtdy. Galkan bir demde horjunyny goýan ýerine ýetdi. Jylawy çekip badyny çala gowşatsa-da, ol atyndan düşmän horjunyny daşlaryň arasyndan sogrup aldy. Ony öňüne basan gyzynyň gujagyna berdi. Gyz özüne horjunyň beriljegine garaşýan ýaly ony garbap alyp, özüne berk gysdy. Ep-esli ýöränlerinden soň dagyň inişinde öňüne agram düşüp atynyň kösenýäni üçin Galkan gyzy atyň ardyna geçirmek üçin saklandy. Oňa derazlylaryň dilinde „Atyň syrtyna mün” diýdi hem gyzyň bir bilegini goýbermän ony atdan düşürdi. Gyz nalaç diýlenini etdi. Birazdan ol: - Sen näme bärlerdenmi? – diýip dillendi. Içinden „Saňa tapawudy näme?” diýen Galkan gysgajyk jogap berdi. - Ýok. - Onda nireden, bäriň dilinde gürleýäň-ä? - Saňa näme? - Maňa näme däl. Atyňy yzyna dola. Ýeke garryja enem bar. Ol saňa meni alyp gaçmaňda-da, berip goýberer. - Hawa-la. Atbaşylap alyp gaýt diýýäňmi? Tapýanja emeline seret bu gyrnagyň. Gyzyň yzymda ýeke enem bar diýmesine Galkan ynanmady. Içinden: „Eger kowgy gelmese onda gyzyň diýýäniniň çyn bolmagam mümkin” diýip yzyna gaňryldy. Galkan oňa alarlyp: - Adyň näme seň? – diýdi. Gyz ýüzüni kese sowup: - Gyrnak – diýdi. Galkan içinden: „Ýüzüňi sowsaň sowuber. Öýe barsak ejem diliňi tapar” diýip, atynyň badyny gowşatman sürüberdi. Düýnki suw alan çeşmelerine ýetende Galkan atynyň başyny çekdi. Atdan özem, gyrnagam düşdi. Galkan gyzyň bilegini goýberenokdy. Ol: „Men gowsy munuň elini daňaýyn” diýip, başyndaky ýaglygyny alyp ony daňmaga durdy. Gyzyň şol hyrsyzlygydy. Eliniň daňylmasyny ol hasam ýokuş gördi. Galkan biraz arkaýynlaşyp horjundan akgaýma tahýasyny, gyrmyzy donuny çykaryp geýdi. Muny gören gyz daňylgy ellerini agzyna tutup, türkmençeläp: „Hih, türkmen. Alla dilegimi kabul etdi” diýdi. Alla ejesi ýesir düşüp ýat ilde ulalan gyzyň däl, Galkanyňam dilegini kabul eden bolmaga çemeli. Gyz: „Dogan jan, elimi bir çözsene” diýip gygyrdy. Aňka-taňka bolan Galkan gyzyň elini çözüp durşuna: „Maňa dogan diýme” diýdi. Gyz häzir ejabynam unudyp: „Sen meniň ähli zadymsyň, öz ilimiň bürgüdi” diýdi.
Teswirler (4 sany)
Hawa, häzir bize bu wakalar geň görünýär. Ýazmaga-da, okamaga-da gyzykly. Şol günleri ýaşanlara berekella diýmeli. Häzirki döwrümiziň şol döwürlerden nähili tapawut edendigini göz öňüne getirýärin, hem ata-babalarymyza ýüregim awap gitdi. Biz nähili bagtyýar durmuşda ýaşaýarys, muňa bolsa begendim.
Gowy eken
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Geň waka eken. Türkmenlerimiziňem görmedik güni ýogow.