KÖPÜŇ BIRI
Goşgular | 1 teswir | 1600 okalan
Köpüň biri bolsadym, Aýagma basmasalar. Bir süýji dilli bolsadym, Üzüm deý asmasalar. Gökden damja deý damsam, Saýwana urulmasadym. Yzymdan edilip ham-sam, Gaýbana urulmasadym. Gömseler ýerden çyksadym, Ýüregim ak kömelek. Atylsam ganym çykmazdy, Bolsadym ak kebelek. Dünýä menek-menek, nirdesiň melek? Bu panyň özi duzak, duzaklar gurulmasady, Öňe düşen imanlydan, uzakda durulmasady. Oklansam, ýollara daş bolsam, Daşlara syrdaş bolsam, Sogap iş elimden gelmez- Günäden bir daş bolsam. Goý, köpüň biri bolaýyn, Aýagyma basyň, basyň. Men bir süýji dilli bolaýyn, Soň isleseňiz asyň.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Ine iñ halaýan goşgylarymyñ biri