KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ... (2) | Eserler | Ylýas Amangeldi

KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ... (2)

Hekaýalar | 0 teswir | 2001 okalan

(Soňy)


 

Selim ýene gülüp hezil etdi. Gülkiň arasynda dostunyň çetine-de degdi. Sähet utanyp gyzarýardy. „Indi bu tüketmez” diýip gaýtalaýardy. Gülüp ýadan Selim bir çöpjagazy aldy-da, ýerde dikligine bir göni çyzyk çyzdy. Soň keseligine-de bir çyzyk çekip atanak ýasady. Sähediň olardan bir many çykarjak bolýan ýaly gözüni aýyrman oturşyny görüp, çyzyklaryny pozuşdyrdy. Dostunyň çynlakaý, agras ýüzüne bakyp içinden: „Aljak gyzyňy şuňa saýladaýsaň” diýdi. Soň bu pikirini dile getirdi.

-         Bilýäňmi näme, Sähet? Gel ikimiz şähere gideli.

-         Näme işe?

-         Aý, okaýan ýerimizi görersiň. Gyzlarymyzy synlarsyň.

-         Men aýtdyma daýymyň gyzy maňa bolýar diýip.

-         Ýok, özüň üçin däl, meň üçin.

-         Seň üçinmi? Men siziň gyzlaryňyzy näbileýin?

-         Bilersiň. Daýyň gyzynyň gowudygyny görmänkäň bilipsiňä.

-         Ol maňa gowy. Senem özüňe gowyny özüň saýla.

-         Seň saýlanyň maňa bolýa.

Sähet çalaja güldü-de:

-         Okaýan ýeriňe barýas, bir topar gyzam hatara dur, menem birini saýlap saňa şuny alaý diýýän. Näme ol köýnekmi başga birine saýlatdyrar ýaly? Köýnegem özüň saýlanyň gowy – diýdi.

Selimem muňa güldi. Ýöne bir hili öz üstünden özi gülýän ýaly göründi.

-         Oňardyňaý! Men-ä çynymy aýtdym, senem köýnek diýýäň... Saýlamalymyň köýnek däldigine düşünemsoň şeýdip ýaýdanyp durun. Aslyna seredeňde saýlaýanam ýok, saýlanýanam. Her kimiň öýlenmeli, ýa durmuşa çykmaly wagty gelýär, mesele-de çözülýär. Öýlenmege kör düýäňi köprüden geçirmek diýip gaty gowy aýdypdyrlar. Şol kör düýe köprüden geçsehä gülzarlyga ýetýäň, geçip bilmese-de...

Selim soňky sözleri aýdanda ýüzi sallanyp, uludan demini aldy. Sähet onuň ýüzüne naýynjar bakyp:

-         Nämäň kör düýesi? Uly il geçip dur. Senem gül ýaly gyza duşarsyň, gül ýalam ýaşarsyň – diýdi.

-         Her kimem öz ýanyndan şeýle pikir edýär. Öýlenýärem welin... ýa bäş ýyla ýetmän aýrylyşýar ýa-da masgara bolup ýörmäýin diýip nalaç ýaşap ýör. 

-         Edil beýle-de däl bolaýmasyn?

-         Içinde bardyr hakyky biri-birine mynasyplaram, ýokdur diýjek däl.

-         Deň etmän, duş etmez diýilmezdi, seňki dogry boljak bolsa.

-         Hawa, nadana nadany duş eder.

-         Biderek jedele girmäli. Ejelerimize-kakalarymyza seredäý.

-         Seretdim-dä. Ýüreklerindäkini daşyna çykaryp bilmän, nädeýin-dä maňlaýyma ýazylan eken diýip oňup ýörler.

Sähet has agraslandy.

-         Biziň Mamur enemiz-ä tanaýaň. Şondan gülşüp-degşip: „Ene atam pahyr seni gowy görýärmidi beri?” diýip soradyk. „Näbileýin-dä, elli ýyl heňkirişmän-ä ýaşadyk. Başlarda „ýaz gününiň ýagyşam” bolsa bolandyr. Gaty ýüzi agyrdy-da bendäň. Aýal adam bilen aňsat bile oturmazdy” diýdi.

-         Görýäňmi, bile oturmaz, göwün açyşmaz. Ýekesireýärmi ýa başga derdi barmy, pikirinem edýän däldir.

-         Yzyny diňlesene. Bize gülki gerek, „Ene bir gezejigem saňa söýýän-beýlekem diýmedimi?” diýip soradyk. Enemizem: „Bir gezek: „Mamur, elimde bolsa, şu döşümi ýaryp seni ýüregimiň ýanynda goýsadym. Seň ornuň şo taýdadyr” diýdi” diýip atamyzy ýatlady welin, haýran galdyk. Ine söýgi, ine bagt. Nalaçlykdan däl, şeýle söýgiň güýji bilen olar elli ýyl ýaşaşypdyrlar. Ýogalmadyk bolsalar ýüz ýylam ýaşardylar.         

Selim sesini çykarmady. Dünýede näçe adam bar bolsa şonça-da dürli ýaşaýyşyň bardygyna dostlar düşünip otyrdylar. Selim dostuna:

-         Biziň içerimizi bilýäňä, mümkin şondandyr çukura gaçjak ýaly bolup duranym. Ejemem, hem çaltyrak ölenenimi isleýä, hem soň ökünmez ýaly bolgun diýýär.

Dostlardan bir salym ses-üýn çykmady. Sähet bir hili özüni müýnli ýaly duýdy. Içinden: „Näme boljakmyş, entek dostuň okaýan ýerine bir gezegem baryp göreňok. Bararsyň bile okaýan gyzy bilen tanyşdyrar, pikiriňi aýdarsyň. Özüňi hil bir zat ýaly edip goýduň” diýip pikir etdi. Soňam çyny bilen:

-         Meni näme üçin äkitjek bolýanyňa düşünemok, Selim? Men hökmanmy? – diýip sorady. 

-         Sen hökman.

-         Näme üçin?

-         Seň ýüregiň ak. Dostuňa gerek diýilse, özüňe saýlanyňdanam gowsuny saýlarsyň.

-         Eý, beýdiýmesene, käşgä agaň bolsam.

-         Wah, agamam ýok-da...

Dag tarapdan ösen ýumşak şemal almalaryň agramyna egilen şahalary çalaja yrady. Soňam iki dostuň göwünlerini açmaga ýörite gelen ýaly, olaryň köýneklerini çalaja pasyrdatdy, ýüzlerini sypap geçdi. Ýaşlygyň häsiýetem şu şemalyňky ýaly, ugruny çalt üýtgedip bilýär. Selim dostuna seretdi-de:

-         Bu zatlar hiç-le, hany sen daýyňlara gidişiňden gürrüň bersene – diýip, gürrüňiniň hörpüni üýtgetdi.

Şemal olaryň kä çynlakaý gürrüňe girip, kä gülşüp oturyşlarynyň ruhuny jümle-jahana ýaýradasy gelýän ýaly ýany bilen alyslara äkitdi. Ýigitleriň gülküsi almalygy kärendesine alan, häzirem oňa aýlanyp gaýdaýyn diýip gelýän Mätiň gulagyna-da ildi. Gülki oňa ýaramady. Içinden: „Bu ýoknasyz gülüşýänler kimkä?” diýip, ädimini gataltdy. Göni ýol bilen barybermän almalygyň çepinden aýlanyp, assyrynlyk bilen Selim dagyň oturan ýerlerine ýakyn geldi. Kä gülüşip, hümürdeşip oturan ýigitleriň elleri alma uzamazmyka diýip garaşýan ýaly bir salym olary synlap durdy. Arkalaryndan gelensoň oturanlaryň kimlerdiginem tanap bilmedi. Gelenden-geçenden bihabar dostlar henizem öz gürrüňlerine gümradylar. Ahyry Mäti: „Ekende ýok, dikende ýok, harmanda häzirler diýsänim” diýip käýinjiredi-de ýigitleriň üstüne ugrady. Olar haýbatly çykan sese tarap öwrüldiler. Selim tanamasa-da Sähet gören badyna Mätini tanady:

-         Salowmaleýkim, Mäti aga.

-         Waleýkim. Sähet senmidiň? Ýanyňdaky kim?

-         Bu Selim, Hekim agaň agtygy.

Dostlar Mäti bilen elleşip görüşdiler.

-         Hä, Hekim telekeçiň ogly diýsene...

Olar hakynda eden pikirinden, gaharyna aýdan gepinden utanan Mäti ýaýadandy. Emma muny daşyna aňdyrmajak bolup:

-         Almalary dadyp bir gördüňizmi? Çigiiräk görmeseňiz arkaýyn ýoluberiň.

-         Sag bol, Mäti aga. Ýygmaga duraňyzda kömekleşmäge geläýeris.

-         Ony etseňizä iş bitirýäňiz...

Iki dost Mäti agany bagda galdyryp, öýlerine garşy ugradylar. Selime öýlerine çenli ýol gysga göründi. Sähedem haýal ädimläp bir zatlar soramakçy bolýana meňzeýärdi. Ahyry Sähet:

-         Şähere haçan gitjek? – diýip sorady.

-         Bilmedim. Bir hepde dagy bärde bolaýmasam. Hä, näme?

-         Gideňde aýdaý, bile gidäýeris diýjek boldum.

Selim hälki eden ýerliksiz teklibine ökünip:

-         Hökman däl. Men ýöne, diýäýdim – diýdi.

Sähet Selimiň „ýöne diýäýdim” diýmesine ynanmady.

-         Gaty gördüňmi? Çyndanam, gideli. Näme kömegim degse, men bar...

Selimiň gözi köwşüniň burunlaryndady. Aýaklary ät diýdirip ädilenok, özleri ýöräp gidip oturan ýaly. Selim başyny galdyrdy-da Sähediň gözüniň içine seretdi. Dostunyň goýun gözleriniň seredişinde müýn duýulýardy.

-         Sähet, sen maňa gideli diýen bolsaň, menem kyn görerdim. Sen...

Sähet Selimiň sözüni böldi:

-         Kyn göremok, gideli. 

-         Hany, görübereris. Köçämize geldik, öýe sowulýan.

Sähet dostunyň göwni galyp, ýollary aýrylşyp barýan ýaly gyssandy. Ony öýlerine äkitjek boldy. Selim sapaklaryma taýynlanmaly diýip göwnemedi. Dostlar sagbollaşyp aýrylyşmankalar Selim daýysynyň gyzyndan utanşyny ýatladyp Sähede güldi. Bu gülkä gaharlanmaga derek, Sähediň ýüzi açyldy. Olar „Habarlaşybereris” diýşip aýrylyşdylar.

Öýlerine ýetip barýarka Selimiň telefonyna hat geldi.

Oguljemal: „Selim, dogrudanam sen obaňyza gitdiňmi?” Selim: „Hawa. Synagda bahalar bir hepdäň içinde nähili taýýarlananyňa däl-de, bir ýylda nähili okanyňa goýulýar dälmi näme?” Oguljemal: „Bilýäniň gürrüňi başga-da. Gitmedik bolsaň... görüşäýjekdim... Bir düşünmän, çözüp bilmän oturan meseläm bardy”.

Selim ýylgyryp, içinden „Şol mesele mende-de bar” diýdi. Jogaby welin: „Bolmasa, yzyma baraýaýyn?” diýip ýazdy. Oguljemal: „Ýok-la, sençe düşündiren-ä tapman welin, başga birinden soraýaryn”. Selim: „Häzir awtobusa münsem iki sagatda barýan”.

-         Eje, men yzyma gitmeli boldum. Sen ýöne gynanma. Synaglarymyz bir aýa-da çekenok. Onsoň ymykly gelýän... Şu wagt gelmelem däldim... Ýüregim gyssy-da... Senem ýekesireýänsiň öýtdüm... Kakamam geler. Telekeçiň işi kän-dä... Eje, gynanaňok gerek?

Selim yzyna, Aşgabada ugrady. Ejesi ýene perzendiniň didaryndan doýup bilmän ýeke galdy.  

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.