KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ... (1)
Uniwersiteti gutardyş synaglaryna taýýarlyk döwri başlalan güni Selim oba gitmegi ýüregine düwdi. Onuň aladasy synaglardan kösenmän geçmek däldi. Ony ejesiniň soňky jaňlary birahat edipdi. Kakasy bilen arasyndaky sowuklyk has güjän bolmaga çemeli. „Ýa ejemiň meni göresi gelip tapýan zatlarymyka? Kakamam bir gaharjaň, telekeçiligiň işem bahana...”
Selim obalaryna gidýän awtobusyň irdenkisine mündi. Iki sagada ýetmänem obalaryna geldi. Oba aýagyny basan badyna onuň göwnüne burnuna ýel düşen köşek ýaly dabyrap geçip barýan ýaşlygy birden kürtdürip saklanan ýaly boldy. Awtobusdan düşen ýeri bir gün däl, iki gün däl, birnäçe ýyllap mekdebe gatnan köçesiniň uly ýol bilen kesişýän ýeridi. Selimiň aňynda şol ýyllar bir pursatlyk janlanan ýaly boldy: dosty Sähet bilen jedele gyzyp barýarlar. Bolaýsa 13-14 ýaşlaryndadyrlar... Selim ýylgyrdy. Üstünden on ýyl geçen şol günleriň göz öňüne gelmesi onuň göwnüni açdy. Edil şonuň ýaly edip geljeginem göresi geldi. Ýene on ýyldan... „Ýaşym 30-danam aňyrda. Mekdebimizde matematika mugallymy bolup işleýän. Hälkije Selim ýalyjalar „Salam mugallym” diýýärler. Menem maşgalaly-zatly uly adam, olara „Salam-salam” diýip jogap berýän... Öýde ejem bilen gelnim maňa garaşyp oturandyrlar. Öýümiň üýtgeşik, mährem ruhy bardyr”. „Öýüm” diýende Selimiň gözüne ejesi bilen şol ýüregini çalt urdurýan synpdaşy Oguljemal göründi hemem gapyny batly ýapyp çykyp barýan kakasy...
Synaga taýýarlanmak üçin ýanyna alan kitaplary salynan torbasynyň uzyn bagynyň egninden aşak syrygmasy Selimi şu gününine getirdi. Ol bu gezek çagalygyny ýatlandakysy ýaly ýylgyryp bilmedi. Ädimlerini çalt alyp öýlerine ugrady.
Öýlerine ýetip-ýetmänem dosty Sähede jaň etdi.
- Dost, barmyň?
- Bardyryn. Bäriläpsiňow.
- Hawa, oba aýlanyp gaýdaýyn diýdim.
- Oňarypsyň-da. Häzir nirede, öýdemiň?
- Ýetip barýan. Sen öýdemiň?
- Hawa.
- Onda menem öýmüze baraýyn, soň almalyga gideli. Özüm jaň ederin.
- Bolar.
Selimiň gözi daşaryny süpürip ýören ejesine düşdi. Ol elindäki sübsesini taşlap oglunyň ýakyn gelerine garaşdy. Soňam ony garsa gujaklady.
- Eje, gowumyň?
- Şükür oglum. Näçe gündir seni getirjek bolup daşaryny süpürýän. Barýan diýip jaňam edäýeňok.
- Barýan diýmän gelsem has begenersiň diýdim.
- Wah, gelseň razy.
- Kakamam öýdemi?
- Işe diýip çykyp gidişi.
- Telekeçiligem kakamy ýadatmasa-da biri. Özi gowy gerek?
- Aý, kakaňdyr-da. Ine çykar bir ýerden. Men çaý goýaýyn.
Selimiň göwnüne ejesi syr bermejek bolup çykan ýaly göründi. Içinden: „Çaltyrak oba dolanmaly” diýip, pikir etdi.
Ejesi bilen çaý başynda-da bu pikir Selimiň aňyndan çykmady. Ejesine okuwynyň indi az galanyny, azajyk gaýrat etse geljegini aýtdy. Ejesi: „Wah gelersiň-le. Gelseňem işe durarsyň, kakaň ýaly öýde tapdyrasyň ýok” diýdi.
- Ýok, eje, obamyzyň mekdebine işe alsalar, sapaklarymy geçip gutardygym derrew gelerin.
- Wah, oglum, seni öýersem, gelnim maňa höwür bolaýmasa.
- Olam bolar eje, azajyk howlukmaly.
- Ýok, howluk diýjek däl. Soň ökünmez ýaly bolaly oglum.
Selim kakasy hakynda söz açjak boldy. Ýene-de kaka kaka bolýar. Soňam „Maňa Sähet garaşýar” diýip, çykyp gitdi. Oba geldigi „Sähediň ýanyna” diýip gitmesine belet bolansoň, ejesi „Çaltyrak köwlengin” diýip, käýinjiräp galdy. Onýança-da Sähedem göründi. Ol Selimiň telefon ederine-de garaşman ýola çykypdyr. Olar „gelýäňmi-de gelýäňmi” bolşup almalyga ugradylar.
Ýaňy bişip ugran, düzüm-düzüm almalar gep başy boldy. Selim köne rowaýatda soraman dişlän almasy üçin bir derwüşiň soltanyň gyzyna öýlenmeli bolşuny gürrüň berdi.
- Ýa bizem herimiz bir almany dişläýsekmikäk?
Sähet dostunyň bu gepine güldi. Bir zatlar aýtjak ýaly etdi-de özüni saklady. Selim dostunyň ýuwdunany aňdymy Sähediň ýüzüne çiňerlip seretdi. Soňam ýylgyryp, dostunyň başyndaky papagynyň gaşyna kakyp goýberdi. Sähet muňa ilki düýrügdi, soňam:
- Goýsana-how, çaga oýunlaryňy – diýip gatyrganjak ýaly etdi.
- Bor, bor. Bir hili seni görsem elim gijäberýär.
- Köp wagt boldu-la gelmäniňe? Okuw soňunda aňsatlaşýar dälmi näme?
- Okuw-da. Diplom iş, garaz, ol-bi, wagtyň nädip geçeninem bileňok.
- Ol-bi diýýäniň okuwdan başga aladalardyr-da.
- Aý hawa... Hä, sen başga alada diýen bolup... Şol alada-da baraý.
Sähet:
- Düýnem oglandyk, bu gün eňegimizi päki bilen günde gazap ýören ýigit çykdyk. Wagt gaty çalt geçýär – diýdi.
Selim dostunyň täzeliklerini eşidesi geldi.
- Watyň çalt geçýänini bilmeýän barmy?! Hany özüňde näme täzelik? Ejeň dagyň teklibine näme diýdiň?
- Men-ä bolýa diýdim. Bahym sähet aljaklar öýdýän.
- Gutlaýan! Seňki aňsadaý. O gyzy gördüňmi beri?
Sähet dogumlandy. Utanjy beýlede goýup ekabyrsyrady.
- Görüşdimem...
Selim dostunyň gyz bilen ilkinji duşuşygy hakyndaky gürrüňini hezil edip diňledi. „Häsini” ýetirip oňa gowja içini dökdürdi. Dogrusy, Sähediň özüniňem şol wakalary ynanşýan birisi bilen paýlaşasy gelip giden bolmaga çemeli, baryny demi-demine ýetmän gürrüň berdi.
- Al saňa gerek bolsa! Ýa menem şeýdäýsemmikäm?
Sähet oňa garaşmadyk jogabyny berdi:
- Menä etme diýjek. Seň näme tanap duran daýyňlaň gyzy barmy? Üstesine-de okadyň. Özüň ýaly okuwly gyzam al-da.
- Al diýýäň, seňki ýaly aňsat däl, arabaňy daşda tigirle diýilse nätjek?
- Olar ýaly gözüni göge dikenler bilen näme işiň bar? Ýok diýmejegini saýla-da. Ýöne seň diýýäniňem jany bar, bir hili üýşendirýäler-aý. Şol daýymyň gyzy öň öýe-de gelýärdi. Arkaýyn gürleşýärdimem. Soň ýörite duşuşmaga baramda, aýtdyma aljyrap durun.
Dostlar bir salym gülüşdiler. Selim Oguljemala telefonunda hat ýazjak bolşuny hakydasyna getirdi. Şol hat ýazylmanam galansoň ondan söz açyp durmady. Sähet Selime soragly nazaryny dikip, dymyşyklygy bozdy:
- Aý onda-da seňki aňsat, günde görşüp, şonça ýyl bile okaňsoň, bahanjyk tapylar. Ýa meni aldap otyrmyň?
- Eý, okuwlysy gowudyr öýdýän bolsaň, senem biri bilen tanyşdyraýyn.
- Diýdimä!
- Ýok, how, dostuň üçin gepleşmek aňsat.
- Hä, mende özüňi synap görjek, şeýlemi? Aý, ýok dost, sag bol. Okuwly gyz maňa eýgertmez.
- Näme eýgertmän? Iň pukarajasy...
- Daýymyň gyzam gyzdan peslär ýaly däl. Ýadyňa düşýärmi, oň oglan jigisi?
- Hä, ho arassaja geýinýänmi?
- Bir gün men ondan nädip beýdip gezip bilýäň, üç gün obada bolduň eşigiň ütügem pozulmandyr diýip soradym. Doganym öwretdi diýýär. Doganym diýýäni şo gyz. Haçan görseňem elinde kitapjagazy.
- Okuwyna taýýarlanýandyr-da?
- Ýok, okaýany okuwyna degişli zatlar däl. Çeper edebiýat, özüňi köpçülikde nädip alyp barmaly, şoňa meňzeş zatlar. Gyz dogany: „Adamyň diňe garny däl, ruham ajygýandyr” diýipdir. Şony eşitdim-de...
- O gyza aşyk bolduň!
(Dowamy bar)
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.