KAKAMA ALAN SOWGADYM
Söwda etmegiňem öz keýpi bar eken. Ilki alýaň, soňam alan zatlaryňy satýaň ýene-de zat almak üçin. Goňşymyz Bossan daýza maňa: „Oglum söwdagärlik diýip muňa hondan bärsi bakmagyn. Gadymdan bäri bar kärdir. Iliň zeruryny bitirersiň, ilem saňa hem alkyş aýdar, hem hakjagazyňy berer. Birki gezek ýük almaga gidip gelseň, öýüňde oturasyň gelmez. Öýüňdäkilerem ilki garaňky görerler soň welin, haçan ugraýaň diýip duran bolarlar”.
Bossan daýzaň aýdýany dogry bolup çykdy. Ilki bada men oňa ýoldaş boldum. Soňa-baka Bossan daýza toýa-beýlekä görünmeli diýip ýolundan galsa-da, men galmadym. Iki ýyl bäri söwda bilen gidişýän...
Bu gürrüňler nämä gerekdi? Men size kakama alan sowgadym hakynda gürrüň bermekçidim. Ýöne gürrüňi şeýdip başlamasam aýtmakçy bolýan zadym düşnüksiz bolar öýtdüm. Näme diýýärler, geplemäni oňarmaýan gaýta köp geplär. Meňkem şoňa bardy. Indem öýmüz-içerimiz hakynda aýtmasam boljak däl.
Maşgalamyzyň körpesi men. Garry öýde oguljygym, gelnim, ejem-kakam – hemmämiz bile ýaşaýas. Özümden uly agalarymyň ikisem özlerine jaý salynyp täze oba göçdüler. Birem durmuşa çykan aýal doganymyz bar. Ejemem, kakamam ozal kolhoz işlän daýhan adamlar. Häzirem pensiýada. Kakam gapydaky mal-gara, üzüm beýleki diýip güýmenje tapynýar. Ejemem jorapjyk, jempirjik ören bolýar, ýöne esasy güýmenjesi, altyn aşygym diýýäni, meniň iki ýaşap barýanja oglum.
Söwda başlamda ýaýdanan kakam indi beýleki ogullarynyň ýanynda: „Körpämizä sizden yrsgally çykaýjak ýaly. Tüweleme, täze käri ony elinden çekilen ýaly etdi” diýip, begenjini daşyna çykarýar. Kakamyň gözüne satmaga getiren zatlarymam özümiňki ýaly görünýän boldugy-da. Ýogsa, üýtgeşik baýan zadymam ýok. Maňa-da garrylarym hoşal bolsa bolýar, gazananjama kaýyl hezil edip ýörün. Täze ýyl bolsun, ýa başga bir bahana bilen dogrusy, aýal doganyma, agalarymyň hersine öz bahasyndan delje zatlary getirmegi ýadymdan çykaramok. Kakama gowy telpek, ejeme 2-3 sany dürli gülli ak gyňaç alyp berdim. Gelnime-de, ogluma-da bir oýnawaçjyk getirýän welin giden ýerimden sowgatsyz gelemok. Gaýta keýwanym: „Puluňy tygşytly harja, ýogsa söwdaňdan deňme-deň çykýaň” diýýär.
Deňme-deň çykarynmy? Hasabym deň çykaýan ýagdaýynda-da özümiziňkileri begendirenimiň, olara adymyň yzyndan „jan” diýdirenimiň belli bahasy ýo-ga.
Şeýdip ýörşüme täze ýylda kakama has gowy bir sowgat etmek göwnüme geldi. Hakykatyny aýtsam, bir üýşmeleňde gepläp özüni tanadaýmasa başga elinden zat gelmeýän obadaşlarymdan biri: „Siz, söwdagärlere belet men. Manatma manat, köpüjegiňize çenli sanap ýörenler diýerler size. Artdyrýan zadyňyz bar bolsa, bolmanda kakaňyza köwüşjik alyp bererdiňiz” diýdi. Näme oňa: „Kakama sowgat almaýanymy nä bilýäň?” diýeýinmi? Ýylgyryp oňaýdym. Soňam, kakama näme sowgat alsam hemme kişi görerkä diýip pikir etdim. Oňa motor alyp bereýin-le diýdim. Özem elektrik togy bilen işleýän, sessiz. Bir ýurtda-ha görüpdim, gören badyma-da göwnüme ýarapdy. Kakam sürüp oňarmaz diýer ýaly däl, ýönekeýje ýasalan. Benzine-ýaga bulaşyp ýörmeli däl. Iň gowy ýerem tarlap ýürege düşjek gümany ýok. Oba içinde, ogullarynyň ýanyna gatnamaga, mal-gara birki halta ot getirmäge-de ýarajak. Batgalyklarda sürüp ýörmeseň döwüljek zadam däl, medeniýetlije, arassaja. Bahajygam bardyr. Aý, puluň bir alajy bolar.
Garaz şol motordan kakama alyp bermegi ýüregime berk düwdüm. Soňky söwdamam şowluja boldy, motory alaýamda-da kösenje galyp ýörmejegimi hasapladym. Söwdada esasy zat hasabyňy bilmeli. Indiki haryt almaga gideňde arkaýyn gider ýaly bolmaly-da.
Ýene-de motory almakçy bolamda, näme üçindir, köp ýaýdandym. Bir kemçiligini tapyp bilsem almajakdandym. Emma, gözüňe sowaýyn, ýasap bilipdirler. Üstesine täze ýyly gabatlap bahasynam gowja arzanladypdyrlar. Aldym. Ony harytly gaýtjak ýük maşynyň bir burçuna ýükletdim. Ep-esli ýerem tutdy. Zyýany ýok, esasy zat kakam oňa münüp oba aýlansa, her ýeten dilini uzatmaz ýaly bolsa bolýar.
Ýanymda ýeňiljek ýüküm, uçara mündüm, obama harytly maşyndan öň geldim. Gelşime-de hany kakam diýip soraýan. Kakam öýde eken.
- Sag-aman gelýäňmi, oglum – diýip, öňümden çykdy.
Görüşdik, hal-ahwal soraşdyk. Men çemodanymdan bärik ugrajak bolup durkak alan ownuk-uşak zatlarymy çykaryşdyrdym. Bir owadan, agaç gaply gök çaý alypdym. Ony kakama uzatdym.
- Bäh, munuň gabyny bütewi agaçdan köwüp ýasapdyrlar öýdýän, ýelimlenen ýerem ýok ýaly.
- Hawa, üýtgeşik çaý diýip gaty öwdüler.
- Ýüzünde ýazgylary ne beýle kän eken?
- Hytaýyň Konfusiý diýip bir akyldary bar, şoň sözlerini owadanlap ýazypmyşlar.
- Ony okarys diýip biljekdäl, hany içini bir göreli.
Kakam çaýgaby açjak ýaly etdi-de saklandy.
- Ýok, men muny häzir açmaýyn, günortan sakaldaş gelmeli. Şoň bilen açaýyn.
- Açyber kaka, o näçe içseňiz ýeter.
- Ýetjegini bilýän. Akmyrat sakaldaş bilen keýpini görüp açaýyn-da.
- Aý gör-dä. Ejemiňä jorasyna garaşmak aladasy ýokdur, ol-a açar.
Men şol çaýdan ejeme alan gutymam çykardym. Ejem ony eline aldy-da:
- Gaby bir zada degýän eken. Menem açmaýyn, açsam kakaň özüniňkini tä meňki gutarýança ellemeýä – diýip gülüşdirdi.
Olar bir guty çaýa şeýle begenýärler, motory dagy görseler näderkäler? Motor alanymy aýdaýjagam boldum-da, menem häzir aýtmaýyn, täze ýyl gijesi, gapyda daşynyň agaçlaryny aýyramyzda özi görsün diýdim. Ejemiň hakykatdanam çaýy açman sandyjagyna salyp ýygnaýyşyny görüp gülkim tutdy. Dogrudanam, adam pahyrda çigit ýaly göwün bar diýilýäni çynow.
Soň öýüme geçip gelnime, oguljygyma alan sowgatlarymy paýlaşdyrdym. Soňam uklapdyryn. Ýoluň ýadawlygyndan, öýüňe dolanmagyň rahatlandyryjy täsirinden bolandyr-da, çala garbak-gurbak edinip ýatyp galypdyryn. Agşama ýakyn oýandym.
- Saňa-da täze getiren çaýyňdan ataýynmy? Kakaň özüne şondan demläý diýdi.
- Ataý. Menem kakam bilen bile içerin.
Kakam meni görüp gobsunjyrady-da:
- Turduňmy oglum. Çaýyňa içip görendiris. Akmyrat näme diýýär, bu çaýa öwrensek soň öz içip ýören çaýymyzy beýläk oklaýmasak diýýär.
- Kaka içjegiňiz şo çaý bolsun, ýörite çaý söwdasyny edýänler bar şolara sargaýarys.
- Gymmat däl gerek özi? Ýöne gowy zat eken.
- Ýok-la, ýerinde arzan. Sen arkaýyn iç kaka.
Kakam menden, men söwdamdan hoşal göwün açyp çaý içdik. Üç-dört gündenem harytly maşynam geldi. Derrew getirilen zatlary alyjylara, dükanlara dargatmak bilen boldum. Täze ýyl gijesineçenli motor bir hepdä golaý açylman, bassyrmaň aşagynda durdy.
Kakam meniň söwdama garyşmaýardy. Näme getirdim, näçä satýan hiç gyzyklanmazdy. Gapa düşürilen ýük gowja egsigýänçä, dogrusy, meýdanda köpräk bolanyny kem görmeýän ýalydy. Ejem gürrüň berdi, ol bir gezek: „Munça harydy getirip, bahasyny garyşdyrman satyp peýdasyny görüp otyr. Ogluň saňa çekipdir öýdýän. Menä daşyndan hopugyberýän” diýipdir. Ejeme çekipsiň diýýäni kakam hiç haçan hojalyga, özüne gerek zadam dükandan ýa jygyldykdan ýeke alan adam däl, mydam ejeme aldyrardy. Ýene gürrüňi başga ýana sowup barýan.
Ahyry täze ýyl agşamsam geldi, kakama getiren motorymyň daşyny açmaga durdum. Kakam öz işi bilen deňimden geçiberjek boldy welin, ony sakladym.
- Kaka, şuny täze ýylyňa diýip saňa ýörite aldym.
- Haý, oglum, garry adamyňam täzeý yly bormy?
- Näme bolman kaka, gaýta adam garradygyça çaga ýaly bormuş diýýälerä.
„Hä, indi men saňa çaga ýaly bolaýdymmy?” diýýän ýaly gülümsiredi-de:
- Gabarasy ep-esli bar, munyň näme? – diýdi.
- Motor.
- Bu ýaşdan soň maňa motor nämä gerek? Siziň ýalykak sürjek motorymyzy, maşynymyzy sürendiris.
- Ýok, kaka bu ýeňiljek. Özüne-de benzinem guýmaly däl, ýagam.
- Beý, onda ol nädip ýöreýär?
- Tokdan.
Daşyny aýyramsoň sowgadymyň ýalpyldap durşuny görmäge göz gerek. Kakama nädip sürülýänini görkezdim. Özüne mün diýdim welin, göwnemän dur. Ahyry:
- Göwnüň üçin münäýmesem, oglum, bu meň goşum däl.
- O nämüçin?
- Aý, ýok-la. Ýöräpjik ýörsem janyma-da gowy ýakýar.
- Merdan kakamlara, Nazar kakamlara ýadamanjyk bararsyň.
- Kakalaryny ýadatmajak bolsalar olaň özi geläýsin.
Näme diýsem tersimden tutup ugran kakam getiren sowgadymy alarly däl. Almasa gynanjagymy aýtmaly boldum:
- Kaka menä çykdaja galyp, ýörite saňa getirdim. Oba içine aýlansaň.
- Nätdiňaý, meň ýaşymda motor münüp ýören barmy?
- Hawa kaka, şuň çykýan ýerinde dagy garry daýzalara çenli motor münüp ýör.
- Olaň öz ýurdy, öz işi.
- Bizem münsek münübermeli. Her kim gowy zatdygyny görse, alynar münüler.
- Näme motor söwdasyny etjek bolýamyň?
- Ýok-laý, kaka. Men saňa diýip aldym. Hol gün sadakada Şiri aga „Kakaňyza puluňyzy dözeňizok” diýip dur.
- Haý, senem, Şiri ýaňradyr-da. Şoň gepi diýibem bular ýaly çykdaja galarlarmy?
- Jykdajysy hiç kaka, münseň bolýar.
- Ýok how, bolmajak zadyň gürrüňini etmesene.
Men mundan soň diýere söz tapman özümi aşak goýberäýdim. Kakam gynananymy görüp, maňa ýol salgy bermäge durdy.
- Sen munyňy motor söwdasyny edýänlere satdyraý. Alan bahaňdan-a alynar-la?
Men jogap bermedim. Getiren motorymyň bir guty çaşýça görülmänine janym ýanýardy.
- Aý, jan oglum, ilki maslahatlaşsaňam boljaga. Bolmasa özüň münüber. Oba içinde maşynly aýlanyp ýöreniňden...
Men ýene sesimi çykarmadym. Kakam mundan artyk çydamady, mellegiň aýak ujundaky mallaryna bede atmaga ugrady. Içimden „Gapyda dursa müner” diýip, pikir etdim. Soňam: „Ýok, münmez. Muňa: „Il ýüzne, ile gürrüň bolmajak bolup sowgat alýan ekeniň” diýmese-de biri” diýip, alada galdym. Motory derrew ýerlemek bilen boldum. Hernä alyjysy duşdy.
Bu wakadan soň ep-esli wagt geçdi. Öňki getiren hytaý çaýym boşap, täzesini aldym. Motor kakamyň ýadyndan çykyp gidendir öýdüp ýördüm. Ol getiren çaýymy aldy-da: „Täze ýyl bolsun, ýa başga bir gün kakaňy, asyl her kimem, ýürejigiňde gowy görseň şo gowsudyr. Gaty içiňe sygman diliňe alsaňam, özüne eşitdirmän başga biriniň ýanynda aýdylýandyr. Ol-a ynsan, malam gowy görseň syzýandyr. Şirli ýalylar bisin diýdigiň bulaşdyrarsyň” diýdi.
Kakama bu sözleri diýdireniň motor sowgat etjek bolşumdygyna şo bada düşündim. Kakamyň ýalňyşyny çykarjak bolubam däl: „Näme üçin? Goý, bilsinler-dä” diýdim. Kakam diýýäňmem diýmedi. Gözümiň içine seretdi-de, oňaýdy. Kakama entegem aýtjaklarym bardy welin, ýerlikli aýdyp bilmän sözümi has uzaldaryn öýdüp çekindim. Ol-a bäş sözlemde ähli aýtjagyny aýdaýýar, maňa weln şol başardanok-da.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.