EKIZ PÄLWANLAR
Annadurdy pälwan üç gyzdan soň bolan ogullarynyň ekizdigini eşidende çalaja başyny ýaýkady. „Has köpräk dileg edäýdimmikäm? Gel-gel ekiz bolaýmalymy diýsene”.
Annadurdy bäbekkä indikijämiz ogul bolsun diýip gelnejesi gyz bäbegini doýrup-doýurman ony gujagyna alar eken. Şeýdibem ol hem ejesini, hem gelnejesini emip ulalanmyş. Üstesine-de Annadurdy ejesiniň körpesi – iki ýaşaýança süýtden aýrylmandyr. Onuň pälwan ýigit bolup ýetişmegine-de şu zatlar sebäp bolanmyş diýip köp gürrüň ederdiler. Aslyýetinde welin, Annadurdyň kakasam, ejesem daýaw adamlar bolupdyr. Olaryň tiresine „aýylar” diýýärler. Tirebaşylary, dagyň gür jeňňelleriniň birinde aýy bilen başa-baş tutluşyp, şonam ýeňen belli pälwan bolup geçen. Kim bilýär gadym döwürlerde daglarymyzda aýy bolsa-da bolandyr, ony ýeňen pälwanyň ýaşap geçen bolmagy mümkin. Ýöne aýylar tiresiniň adamlaryna sypatlary aýa meňzänsoň şeýle at berlen bolmagam ahmal. Olary gördügiň tanaýmalydy. Annadurdynyň özünden uly dört doganyň dördüsem garaýagyzdan, eginleri ýasy, döşleri gapak ýaly ýigitlerdi. Hatda ýeke aýal doganlaram joralaryndan bir sere saýlanar durardy.
Emma Annadurdyň agalarynyňam, tiredeşleriniňem hiç biri pälwanlyk etmändir. „Siziň aňryňyzda şeýle güýçli pälwan bar bolsa, biriňizden-biriňiz orta çykardyňyz ahyry” diýip, obadaşlary aýylara kän gyjyt bererdiler. Şol gepiň aşagynda galmajak boldularmy, Annadurdy: „Ýykylsam ýer göterer” diýip, toýlarda orta çykmaga başlady. Aýylaň ýüzi güldi – Annadurdy atly pälwan bolup ýetişdi. Bir tarapdan Annadurdyň şeýle adygyp gitmegi olara bähbidem boldy. Indi aýylara Annadurdy pälwanlar diýip başladylar.
Bir okuň degen ýerine ikinji ok aňsat-aňsat degmezmiş diýýärler. Annadurdy tiresinde pälwançylygy başga-da ýöreden bolsun diýip agalarynyň ogullaryndan, tiredeşlerinden ekabyrlaryny yzyna tirkäp toýlara-da äkidip gördi. Ýöne olaryň emelsizliklerine her gezek başyny ýaýkap galmaly boldy. „Öz oglum bolaýsa, bäbekliginden biline guşak daňaryn” diýip, ahmyr etdi. Ine-de biline guşak daňyljak ogulam dünýä indi welin, ýeke özi gelmedi. Annadurdy ekizje bäbejiklerine seredip bir ýylgyrdy.
- Keýwany bulaň haýsy birine guşak daňarkak? Biri arryjak, biri mürrüjek.
- Arryjagam bolsa aýyň çagasydyr.
Aýalynyň göwün etjek bolanyna Annadurdy gülüp jogap berdi.
- Onyň-a rastdyr.
„Aýyň çagalary” günlerini sanap ösdüler. Iki aýakly iki günde. Annadurdy ekizleriniň haýsysyndan pälwan çykjagyny kesgitlemek isleýän ýaly olary aýak bitenden tutluşdyryp ugrady. Heniz oglankalar Annadurdy olary obaň ýakasyndaky çägelige çykaryp billerine guşak daňdy. Ikindi bilen agşamyň arasy bolansoň ekizleriniň deň-duşlaram olaryň tutluşygyny görmedi.
- Kyýas näme gowşak durýaň, agaň bolanda näme? Göreşde ataňam sylama diýýändirler. Bekiräk dur.
Mundan soň ekizleriň kiçisem etini gatatdy. Kowus hernäçe dyrjaşsa-da, indi oňa inisini pylçap ýykyp durmak başartmady. Çekeleşdiler-çekeleşdiler, ahyram kakalary olary biri-birinden aýyrdy.
- Emel bileňizoga. Gara güýç bilen alaýjak bolýaňyz.
Kowus kakasy bilen ylalaşmady:
- Kaka, men çopan badagyny bilýän.
Kyýasam kem galmady:
- Onyňa menem bilýän.
Ogullarynyň bolşuna Annadurdyň keýpi göterildi.
- Diňe çopan badak däl, göreşde emel kän. Men size her gün bir emel öwredeýin, soň üç bolup toýa gideris.
Üç bolup toýa giderden entek kän irdigini Annadurdy bilip durdy. Ol muny ogullary göreşe has höweslensinler diýip aýdypdy. Ýöne şol günden başlap ekizleri göreşe höweslendirjek bolup ýörmeli bolmady. Olar öýde-de ejeleriniň düşegini orta ýazyp göreşi dowam etdirdiler. Ogullarynyň boýlaryna guwanýan ene birbada olara „beýtmäň” diýmedi. Gaýta Annadurdy:
- Beýdip öýde aýallar göreşýändir. Göreşesiňiz gelse guşagyňyzy alyp çägelige çykyň – diýdi.
Ýene Kowus kakasyna gowy görünjek bolup jedirdedi:
- Hä, ho Mämmetgeldileň toýunda gelne baş salýas diýip ejemem göreşdi.
- Sen göreşmediň gerek?
Kakasynyň soragyna Kyýas hezil edip güldi. Kowusyň muňa gahary gelip:
- Ýör çyksaň – diýip, eli guşakly inisiniň üstüne süründi.
- Ýör, näme senden ýykylar öýdýäňmi?!
Annadurdy başga bir zatlara güýmenenlerden bolup ogullaryndan yza galdy, soňam assyrynlyk bilen olaryň göreş tutjak ýerlerine bardy. Biri-birleri bilen başagaý ogullary onuň gelenini görmediler. Kowus ulusy bolandanmy Kyýasdan biraz irimçikdi. Ol jigisiniň guşagyndan şatyrdadyp tutdy-da, göterip daşyndan bir aýlady. Soňam ýanbaşyna alyp pylçap goýberdi. Beýle erbet ýykylaryn ödüp garaşmadyk Kyýasyň gahary bogazyna dykyldy. Ol hasyr-husur erinden turup agasy bilen ýene billeşdi. Kowus ýaňky eden emelini ikinji gezegem gaýtalap, jigisini ýykdy. Annadurdy saklanyp bilmän ogullaryna golaý bardy. Kowus ýykanyny, Kyýas ýykylanyny kakalary gördümikä-görmedimikä diýip onuň ýüzüne seredişdiler.
- Kyýas, ýaňky ýaly emele düşeňde bada-bat dyzlaryňy garşydaşyň döşüne goýup, gujagyna hopba bolgun. Şeýtseň ol seni ýanbaşyna alyp bilmez. Ýere pylçaýyn diýse-de sen dik aýagyňa düşersiň. Hany gel bäri.
Annadurdy Kyýasy ýeňillik bilen ýerden göterdi-de oňa ýaňky emeli öwretmäge durdy. Soň ol ogullaryny gaýtadan tutluşdyrdy. Kowusa emelini gaýtalatdyrdy. Bu gezek Kyýas onuň döşüne dyzlaryny goýdy. Çeýeje Kyýasa ol beýle bir kynam düşmedi. Şepdibem ol bu gezek özüni ýykdyrmady.
- Indi seret, Kowus seni nalaç ýerde goýmaly bolanda senem çalt, garaşman durka oňa çopan badagyny at.
Ogullarynyň göreşe barha ökdeleýändigini Annadurdy pälwan söýünç bilen synlaýardy. Olary göreş görsünler diýip ýany bilen toýlara äkidýärdi. Bir günem ogullary on ýaşlaryna ýetiberende özbaşdak toýa gitmäge rugsat berdi. Özüniňem olar bilen gidäýmek hyýalynda ýok däldi. Arman, o toý uly, adygan pälwanlaryň çagyrylan toýy däldi. Şonda-da gitse boljak, emma „Iki sany çülpesini yzyna düşürip gelipdir” diýdirmekden çekindi. Baraňsoňam ogullaryň ýykylaýsa-ha bar onsoň, deň-duş pälwanlarynyň gyjydy gutarmaz. Hernä ogullary toýdan biabraý bolman geldiler. Hersiniň elinde bir toý paý, özi ýaly oglanlara goýulýan baýragy alyp gelipdirler.
Ogullary ulaldykça kakalar garramak bilen. Annadurdy pälwanyň bir mahalky „arryjak-mürrüjek” diýen ekizleri, arzuw edişi ýaly, haýsysynyň egine münse, bildimem etmän göterip äkitjek goç ogullar bolup ýetişdi. Töwerekdäki obalarda „ekiz pälwan” diýlip tanalyp ugradylar. Anndurdyň bolsa göreşe gitmesi selçeňledi. Giden ýerindenem ahmyrly dolanmasy artyp başlady. Ahyry bir günem ol biline guşak daňyp orta çykmasyny goýdum etdi. Ýöne şonda-da uly göreşli toýlara henizem çakylyk alýardy.
Bu günem ýatymlyk ýol aşyp barylmaly goňşy welaýatdan uly toýa çagyryp gitdiler. Ol gidermisiňiz diýip ekizlerine maslahat saldy. O toýa ýöne-möne pälwanlaryň ýygnanmajagyny aýtdy. Özi näme diýse şoňa kaýyl bolsalaram ogullarynyň göreşli toýa çakylyk bar diýlenini eşidenlerinden gözleri ýalbyrap gitdi. „Iň uly baýrak bolmasa bäri ýandaky baýrakda belki nesibäňiz bardyr” diýip, Annadurdy pälwan ekizlerinem alyp şol toýa gidermen boldy.
Toý diýseň uludan tutulan eken. Ilki bedew atlar çapyldy. Iki ýaşarlar, üç ýaşarlar hersi özbaşyna topar bolup çapdylar. Iň soňunda-da adygan uly ýaşar atlara gezek geldi. Bu çapyşykda-da Begnazaryň doruny eýgeren at bolmady. Begnazar aga atynyň baýragy, köşekli düýäni bir gyra daňdy. Şondan soň gezek pälwanlara berildi.
Toýa gelen pälwanlar Annadurdy pälwan bilen elleşip görüşip, ýanyndaky dogmalary tanamansoňlar, olara känbir ähmiýedem bermediler. Mereke-de owazasy ile dolan Annadurdy pälwanyň göreşini görjekdi. Göreşiň beýemçisi onuň adyny tutup bu günki toýa goňşy welaýatyň belli pälwanynyň gelenini aýdyp gygyrýardy. Pälwanlaryň arasynda hatda Annadurdy pälwan diýilýän bilen billeşip bolmazmyka diýip arzuw edip ýörenleriňem bardygyny gaýta-gaýta aýdýardy. Annadurdy beýemçä özüniň diňe göreş görmäge gelenini duýdurdy. Göreş gyzygyberse belki olam saklanyp bilmez diýip umyt eden bolsa gerek, beýemçi bu habary märekä ýetirmedi.
Göreş ýetginjek oglanlaryň göreşi bilen başlandy. Olaryň bäş-alty tutluşygyndan soň, ady tanalyp ugran jahyllar gezekli-gezegine orta çykyp ugrady. Her orta çykana garşydaşyň özi isleg bildirip gelmelidi. Berilýän baýragam göreş saýy ýokarlanýardy. Jahyl ýigitleriň arasyndaky iň uly baýraga gezek gelende Annadurdy pälwan Kyýasa orta çyk diýip ümledi. Haçan kakamdan yşarat gelerkä diýip oturan Kyýas eminiň ýanyna baryp, ikinji guşaga eýe çykdy. Göreşiň beýemçisi ondan adyny, niräň pälwanydygyny sorady. Kyýas gysgaça goňşy welaýatdan gelenini hem öz adyny aýtdy.
Emin ony jahyllaryň baş baýragyna çykardan ejiz gördümi, ýylgyraýdy. Emma meýletin çykana, onda-da myhman ýigide „Deňiň däl bolaýmasyn” diýip bolýarmy? Ol ikinji guşagy Kyýasyň biline daňdy. Ýerli pälwan Kyýasa birbada äsgermezçilik bilen baksa-da, birinji tutluşygynda ýykylansoň biraz çuslandy. Birinji tutluşygyndaky ýaly gözsüz batyrlyk edibermedi. Bu sebäpli ikinji tutluşyk biraz uzaga çekdi. Emma Kyýas ýene owadan emelleriň birini ulanyp, garşydaşyny ýykdy. Alan baýragyny – bir semiz toklyny egnine alyp Kyýas kakasynyň ýanyna geldi. Märeke-de, eminem, göreşiň beýemçisem onuň Annadurdy pälwana çalym edip duranyna şonda aň edip galdy.
Şondan soň abraýly pälwanlar orta çykdy. Olar dörtdüler. Beýemçi: „Uly baýraga dalaş etjek ýene barmy?” diýip gygyrdy. Bäşinji bolup orta çykar diýen tama bilen beýemçiniň iki gözi Annadurdy pälwandady. Emma, myhman pälwanyň „Göreşmäge däl, göreş görmäge geldim” diýeni çyn bolaýjak ýaly. Çünki ol iň bärkisi, egnindäki toý donunyň bagjygynam çözenokdy. Ol ümläp Kowusa orta çyk diýdi. Annadurdy pälwanyň ýaşlygyny ýatladyp duran Kowus epeý basyp orta çykdy. Kyýasam orta çykasy gelip nädip ýerinden turanyny özi bilmedi. Kakasy oňa-da başyny atdy. Kyýas bilen ortadakylar alty pälwan boldular. Emin myhmanlaryň hersini bir topara geçirip, pälwanlary üç-üçden iki topara böldi. Ýaryşyň şertine görä her toparyň ýeňijisi iň soňunda baş baýrak üçin göreşmelidi.
Armanly bolmaz ýaly pälwanlar öz aralarynda üç gezek tutluşmalydy. Tutluşygy ilki ýerli pälwanlar başlamaly edildi. Ilki Kyýasyň toparyndaky pälwanlar tutluşdy. Annadurdynyň ekizleri indi ýanyndadylar. Ol „Tutluşjak pälwanyňy tanaryň ýaly olaryň göreşişine üns et” diýýän ýaly Kyýasa seretdi. Oňa muny ýatlatmak gerek däldi.
Orta çykanlardan eginlek, uzyn boýlusyna Motdy pälwan diýýärdiler. Töwerekden eşidilýän hümürdilerde onuň ady köp tutulýardy. Ol birinji tutluşygynda garşydaşynyň aýagyny ýerden üzüp, gaty çalasynlyk bilenem ýanbaşyna aldy-da agdaryp goýberdi. Muny görüp Kyýas kakasyna seredip ýylgyranyny bilmän galdy. Pälwanlar ikinji tutluşygynda biraz çekeleşdiler. Emma birinjide ýeňilen pälwan ýene şol bir emele düşdi. Garşydaşyny iki gezek ýeňen Motdy pälwan Kyýas bilenem tutluşmaga taýýardy. Emma emin oňa dynç berip, ikinji toparyň ýerli pälwanlaryny orta çagyrdy.
- Kowus, garaýagyz, burunlak pyýada Ahmet pürsýan diýýändirler. Ol bir toýda kakaňam ýeňipdi. Şol köýen arymy alyp beräýseňiz, ogullyk borjuňyzy ýerine saldygyňyz. Gaty sypjyk hem güýçlüdir.
Kakasynyň aýdyşy ýaly Ahmet pälwan öz ildeşini iki gezegem, agram görmän ýeňdi.
Orta Kyýas bilen Motdy pälwan çykdy. Ýerli pälwan myhmandan irimçik, daýaw görünýärdi. Özünden uly göwre bilen tutluşanyna Kyýasyň biraz sussy basyljak ýaly etdi. Emma birki silteşikden soň ol özüni tutdy. Şol ikarada-da Motdy pälwan ýanbaşa alma emelini gaýtalady. Kyýas muňa taýýaram bolsa, aýagy ýerden üzülen badyna dyzlaryny garşydaşynyň döşüne goýmaga ýetişmedi. Ol hyrçyny dişläp ikinji tutluşyga hyruç bilen başlady hem maý bermän Motdy pälwany daşyna aýlamaga durdy. Pälwanlaryň hiç biri garşydaşyny özüne çekip dikeldip bilenokdy. Birdenem muny etmek Motdy pälwana başartdy. Ol ýene-de garşydaşynyň aýagyny ýerden üzdi. Emma bu gezek Kyýasyň dyzlary onuň döşündedi. Beýle ýagdaýda Motdy pälwan garşydaşyny ýere zarply ýatyrmak isledi. Emma Kyýas ýere iki aýagyna düşdi hem garaşman durka oňa çopan badagyny saldy. Motdy pälwan nädip arkan gaýdanyny bilmän galdy. Pälwanlaryň üçünji göreşi has çekeleşikli boldy. Töwerekden „çilşir-de”, „aýagyna kak” diýip gygyrýan janköýerleriň sesi al asmana göterilip, özleri ortada ýalydylar. Kakasynyň „gyssanma” diýip gygyrýan sesi Kyýasa eşeidilýän bola gerek. Çünki mäleşip duran giden goýun sürüsinde-de enesiniň sesini guzusy eşidýärem, tanaýaram.
Kyýas kakasynyň aýdyşy ýaly gyssananokdy. Motdy pälwan welin egninden bolup duran bir ýaş pälwan bilen şeýdip çekeleşip duranyna namys edip, zol-zol hüjüme geçýärdi. Onuň her hüjüminde özüne hüjüm edilýän ýaly Kowusam özi bilmän düýrügip, etini gatadyp otyrdy.
Hüjümleri Motdy pälwany gowja ýadatdy. Şol wagtam kakasynyň „Terse towla” diýen sesi Kyýasayň gulagyna ildi. Ol sagyna aýlanyp durkalar birden garşydaşyny çepe aýlady. Motdy pälwan öz aýagyna büdräp diýen ýaly birden nädip dyzyna çökenini bilmän galdy. Ol guşagyny çözüp durşuna Kyýasyň arkasyna kakdy.
Gezek ikinji toparyň pälwanlaryna geldi. Ahmet guşak daňyşyp durkalar, burnuna salyp: „Eý ogul, men seň kakaňam ýykypdym” diýdi. Kowus: „Habarym bar” diýip ony jogapsyz goýmady. Ahmet pälwanam Anndurdy pälwanyň ýagyrnysyny ýere degirende Kowusyň ýaşlaryndady. Şonuň üçin ol garşydaşny ýaş görmedi, gaýta ondan erbet eýmendi. Kakaňy ýykdym diýip sussuny basarmykam diýip eden tamasam gaýta tersine çykdy. Ol içinden Annadurdy pälwan aryny ýere salmak üçin ogullaryny ýörite getirendir diýip pikir etdi. Guşakdan dartyşy dagam edil kakasy.
Emin pälwanlaryň arkasyna kakyp göreşe başlaberiň diýen yşaraty berdi. Kowus gözüni alardyp egninden üstaşyr töweregine seretdi. Düwülgi iki ýumrugyny dyzlarynyň üstüne goýup, ekiz taýynyň awuna topuljak arslan ýaly bolup oturşy onuň gözüne ildi. Kowus içinden „Arkaýyn otur inijik, kakamyň aryny saňa ýetirmen” diýdi. Hakykatdanam Ahmet pälwanyň tutluşyk başlamanka baldyrlary syzlan bolmaga çemeli. Ol göreşe gorka başlady. Gorkuşy ýalam ol diňarkan gaýdyp, bijaý ýykyldy. Annadurdy pälwan oturan ýerinden zöwwe galyp, elindäki telpegini ýumruklady-da, „Häh, berekella!” diýdi.
Ahmet pälwan ikinji tutluşyk üçin ýerinden tursa-da, bilindäki guşagyny çözdi. Bu ýeňildim diýmegi aňladýardy. Muny görüp Kyýas kakasynyň ýüzüne seretdi hem ony gujaklap ýerden göterdi. Emma Ahmet pälwanyň ýüzünden ýalan ýylgyrmasy aýrylanokdy. Ol guşagy getirip Kyýasyň öňüne oklady. Bu hereketiň manysyna bada-bat düşünen Annadurdy pälwanyň ýüzi üýtgäp gitdi.
Kyýas öňüne oklanan guşagy ýerden göterdi. Kowusyň garşysyna indi ol orta çykmalydy. Ýykylsa ýykyldym diýip, ýyksa agamy ýykdym diýip gynanjak Kyýas haýal ädimläp eminiň ýanyna bardy. Emin elinden guşagy alyp, onuň biline daňmaga durdy. Onýança beýemçi pälwanlaryň ýanyna gelip:
- Ahaw, jemagat toý eýesi ekiz doganlary biri-birine garşy goýmaň diýýär. Baýragyňam üstüni ýetirip, myhman pälwanlaryň hersine bir köşekli düýäni berjegini aýdýar. Göreşi bes edäýsek näder? Soňky söz jemagatyňky.
Göreş görmäge gelenleriň aglabasy „Akyl gürrüň”, „Dogrusy şol”, „Ikisem halal gazandy” diýip gygyryşdy. Ýöne olaryň arasynda „Tutluşsynlar”, „Göreliň-dä haýsysy baş pälwan” diýenlerem boldy. Annadurdy pälwan durup bilmän orta çykdy:
- Bizden razy boluň adamlar – diýip, ogullarynyň bilindäki guşaklary çözmäge durdy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.