SEÝIS DOGANLAR
Merdana özbaşyna seýisçilik ynanmakçy bolanlarynda göwnemändi. Agasynyň ýanyndan aýrylmajagyny aýdypdy.
- Merdan, näme sylanan ýeriňe gitmejek bolup dursuň ? – diýip, Nurgulynyň özi ara goşulmaly bolupdy.
- Aý, mendenem seýis bolarmy? Bir seýise kömekçi bolmaly bolsa oňararyn.
- Haçana zar kömekçi boljak? Birbada garaňkyrakdyr, soň agaň atlarynam ozup duran seýis bolarsyň.
- Bolmajak zady aýdýaňaý, agam. Gula ýel ber, eline-de pil ber diýilenini etjek bolýaň. Bulaşar ýörerindä.
Merdan çynlakaý gürrüňden gaçyp, galtagy alyp atlaryň ýatagyny arassalamaga gidiberjek boldy. Emma Nurgulynyň häsiýetinde başlan gürrüňini soňuna ýetirmän goýmak ýokdy.
- Hany, sen dursana, how. Meniklije oglanlaň birini ýany kömekçi edip alarsyň, menem arasynda atlaryňa göz-gulak bolup bererin. Näme ýaýdanýaň, öýmüze iki seýisiň aýlygy girse artykmaçlyk eder öýdýäňmi? Başarmajak bolsaň ilem diýmez.
Agasynyň soňky sözleri Merdana böwrüni diňletdi. Kakalaryndan galan garry öýlerinde yrsgallarynam aýyrman bile ýaşap ýören doganlaryň kem zatlary ýokdy. Ýöne şol öýe şu wagta çenli Merdan agasyndan az gazanç getirip ýördi.
„Besdir-dä. Dogrudanam men näme üçin özbaşyma seýis bolmaly däl? Agamyňky ýaly aýlyk almaly däl? Pulam puly welin, ozduran atyň abraýam özüňki. Häzir bar abraý agaň adyna gidip dur”.
Merdanda agasynyň abraýyna dalaş etmek duýgusy oýandy. „Dogrudanam, seýisiň edýän işi ýok. „Muny gordur, muny ýöret” diýip aýlanyp ýör. Agam soňky döwür çapyksuwarlyk etmesinem goýdy diýen ýaly. Atlary işledip, aýlawda çapyp ozup gelýäňem welin, Nurgulynyň aty ozdy diýilýär”. Merdan meseläň „muny gordur, muny ýöret” diýmededigine-de düşünýärdi. Ýöne haýsy aty näçeräk işletmelidigine özem düşünmän duranokdy. Özbaşyňa seýis bolmak gürrüňi çykanda-da ol içinden begenipdi. Soňam birden bulaşyp ýörmäýin diýip gorkupdy.
„At çapmaz, bagt çapar” diýleni Merdanyň seýis bolup işlän birinji ýylynda-da ýaryşa taýýarlan atlarynyň ozan gezegem boldy, galan gezegem. Baýraklardan nesibesindäkini aldy, toý bolsa baýraksyz galmady.
Ähli doganlaram biri-birine arkadyrlar welin, Nurgulynyň Merdana arka çykyşy başgady. Ekizlerem taýyny onça gowy görýän däldir. Gowy görmegem däl, Nurguly inisiniň ýüregini, niýetini biler durardy. Ol inisi bilen arkasy bitişik dogup soň aýrylyşdyrylan bir göwre mysalydy. Aýlawda her kimem Nurgulynyň bu häsiýetine beletdi. Merdanam, hemmelerem muny bolaýmaly ýagdaý ýaly kabul edýärdiler. Bir görmäge, muňa ýetesi zat barmy? Ýeser ýeri iki doganyň aty asla bir çapuwda çapmazdy. At eýeleriniň hersiniň öz atyny ozdurasy gelýärdi. Üstesine aýlawyň gyzykly ýeri, kimiň aty ozar – Nurgulynyňkymy Merdanyňky? Ikisem adygan çapyksuwar, indi-hä özbaşlaryna ikisem seýis.
Merdanyň özbaşyna işläp başlan ilkinji ýyly jähennem, ýöne eýýäm iki ýyl geçdi. Haçana çenli „O çapuwda agamyň aty bar, men indiki-de çapaýyn” diýjek? Göreşde ataňam bolsa sylama diýilmänmi?
Merdana bu sözi Nurgulam aýtdy. Merdan ýyljyraklap seýis mekirligini edip, sözi ters tarapdan aýlady:
- Agam, beýdiýmesene. Şu wagt ataň bilen billeşmeli bolaýsaň süňkleň syzlaberer.
Nurulyň weli öňki gönümelligi, ýüregindäki dilindedi:
- Onda-da ýaryş ýaryşdyr, güýçliň ozmaly bor-da.
- Ozjak atymyzy çekip galdyran ýerimiz ýok. Aga-ini bolup çapyşmamyzda-da at gyt däl-ä.
- Diýseňem-ä şu ýyl uly baýragy Dorguşuň bilen Owlaksakardan alaýsam diýýäň öýdýän.
Agasynyň bu gezekki aýdan sözüne Merdan ogurlykda tutulan ýaly boldy. Çünki hakykatdanam bu şeýledi.
Dorguş iki ýaşarka aýlawa getirilen güni Merdan ony synlap içinden: „Şu at bilen-ä baş baýraga-da gidişse bolar” diýipdi. At eýesem Dorguşdan hoşaldy. Ol asyl gönüläp: „Şulam baş baýrakda ozmajak bolsa, men-ä bilmedim” diýipdi. Ol barmak basyp beýleki hojalyklardaky iki ýaşarlary sanaşdyrdy. Algyr, Goşadepel, Gögerçin... Nurgulydaky Owlaksakara gezek gelende welin näme diýjegini bilmän saklandy. Maňlaýynda edil owlajygyňky ýaly akja sakarly dor at – Owlaksakar eýýämden özüni tanadyp, goşulan çapuwynda ozup duran atdy.
- Agaň Owlaksakaryny biziň Dorguşymyz bilen goşasy ýo-ga?
- Bilmedim. Agam baş baýraga at goşman durmazmyka diýýän.
- Täze ýyl bizem goşarys. Ýa Dorguş onça ýöremez öýdýäňmi?
At eýesiniň täze ýyl diýmesi üç ýaşarlaryň uly baýragyny Dorguşuň almagynyň häzirden gamyny iýmelidigini aňladýardy. Owlaksakar bolsun bolmasyn.
- Diňe agam däl, her kimem baş baýrakdan tamalydyr. Nesibämizde bolsa...
- Nesibe-de nesibedir welin, nesibäňde bolar ýaly etmegem gerekdir-ä.
Şondan bärem Merdanyň bar gaýgysy Dorguş boldy. Ol ony iki ýaşarka aýady, süňki gataşsyn diýip, kän çekeleşikli çapuwlara goşmady. Emma Owlaksakaryň welin, her çapuwda görkezýän wagtyny aýratyn belläp aldy. Onuň turuwlydygyna, üstesine-de bir kilometrlik ýoly bildimem etmän pellehana ýadaman gelşine Merdanyň gözi giderdi. Oňa şeýle söýünç bilen garaýanyna özi-öz ýanyndan ejap edip: „Gözüm bir degäýmesin” diýerdi.
Wagta salym barmy, ine, Dorguşam, Owlaksakaram üç ýaşady. Merdan atyny işletmesini artdyrdy. „Gyş dynçka iýenje käşirleriniň suwuny çykaraly” diýip, atbakar oglanlary bilen gülüşerdi. Müngisiniň artmasyny Dorguş sähelçe-de ýokuş görenok. Merdan muňa begenjine guş bolup uçaýjak bolýardy. Birden ýalňyşaýmaýyn diýip agasy her gelende Dorguşy oňa görkezerdi. „Gorgunyny artdyraýsam, näder?” diýip seýisçiligini sorardy. Nurgulam Dorguşuň seýislenşinde kem galmaz ýaly bilýänjesini inisi soramanka aýdardy.
Bir günem at eýesi olaryň üstüne geldi. Dorguşy ýaňy daşaryk çykarypdylar. Aga-ini seýisler bir gapdalda durup aty synlaýardylar. At eýesi syr bermän, saglyk-amanlyk soraşdy-da, olaryň gapdalynda durberdi. Nurguly bu gezek içindäkini aýtman öz athanasyna ugrady.
- Dagy näme, ol indi Dorguşdan gorkup başlandyr. Ula goşulanlarynda Dorguş Owlaksakarynyň sakaryny tozana gömüp, tanalmaz ýaly etmese, meňem zat bilmedigim. Sen ýöne agaňdan maslahaty azyrak sora.
Merdan at eýesine jogap bermedi. Atbakara aty ýerine sal diýip ümledi.
Uly toý barha golaýlaýardy. Merdan agasynyň at görmäge gelmesini selçeňletmesine näme diýjegini bilenokdy. Onuň özi agasynyň athanasyna bardy. Edil ara şeýtan düşen ýaly agasy athanada ýok eken. Ol şonda-da Owlaksakaryň ýatagyna baryp ony synlamakçy boldy. Onýança kömekçi ýigit oňa ýüzlenip:
- Agam, seýis aga Owlaksakaryň ýanyna adam goýbermegin diýip tabşyryp gitdi – diýdi.
- Menem goýbermegin diýen däldir-ä?
- Seýis hiç kimi atlandyrmady, adam goýberme diýdi.
Merdan bialaç: „Seýisiňe iniň gelip gitdi diýip aýt” diýip yzyna dolanmaly boldy.
Şol günüň ertesi Nurgulynyň özi geldi. Kömekçisiniň „öte geçenini” aýdyp güldi. Olar bu gezek Dorguşy ýatagynda synladylar.
- Inim sary, atyňy ula goşjakmyň?
Agasy Merdana haçandan bäri „inim sary” diýip ýüzlenmändi. Beýdiýmesi keýpiniň köküräk bolmagyndan bolmagam mümkin. Onsoňam ini bolsaň ini diýilersiň-dä! Emma bu söz Merdanyň çetine degdi hem agasynyň soragyna anyk jogap bermän „Görmeli-dä” diýip oňdy.
- Görseň gör welin, goşsaň atyň biabraý etmese gerek. Tabyna geliberipdir. Toýa çenli şu işledişiňe işlediber, hasam ýetişer.
Merdan ýene agasyna jogap bermedi. Nurguly ýylgyrdy:
- Hä, injigiň ejiz geljek bolýarmy? Agaň elinde işleýärkäň ula çap, kiçä çap zadyň gaýgysy ýokdy. Öz başyňa düşse, görseň aňsadam däldir. Menem kakam pahyr dirikä şeýledim. Birden aramyzdan gitdi welin, ilki bilýänjämem bilmeýän boldum, soňam bilmeýänlerimem bilýändirin öýdüp agzym bişdi. Senem şolaryň baryny başyňdan geçirmeli-dä. Hany, gaýrat edeli.
Mundan soň Nurguly athanasyna ugrady. Onuň yzyndan garap galan Merdan agasynyň eginleriniň içine çöküp gidenini gördi. Ol kakasyny, agasynyň özüne ilkinji gezek „inim sary” diýşini ýatlady.
Bir gezek kakasy pahyr iki ogluny ýaryşdyryp görüpdi. O wagtlar Merdanyň ýaňy başlan, Nurgulynyň bolsa, çapaksuwarlykda adygyp barýan döwürleridi. Şol gezek Merdanyň münen aty öň gelipdi. Şonda ozanyna begenjinden Merdan agasyna: „Agam jan, aty şeýdip çaparlar” diýipdi. Ol agasyna kakasynyň „Aty doly goýberme” diýeninden habarsyzdy. Ütesine Merdanyň agramam agasynyňkydan ep-esli ýeňildi. Bu zatlary Nurguly inisine düşündirjek boldy. Merdan bolsa: „Bahana tapmasana. Galdyňmy, galanyňy boýun alaý” diýip güldi. Nurgulynyň muňa birden gahary geldi-de: „Inim sary, gaýdyp meni ozaryn ötmegin” diýipdi. Şonda agasynyň „agzy sary”, „gögele” manysynda „inim sary” diýmesini Merdan gaty görüp: „Entek görübereris kimiň sary, kim gökdügini” diýip, agasyna jogap gaýtarypdy. Bu zatlary ýatlap barşyna, ýene bir aý çemesi wagtdan uly baýrak üçin agasy bilen gidişmeli boljakdygyny häzirden syzan Merdanyň süýekleri gowşap gitdi.
Güýzki möwsümiň iň uly toýy – Garaşsyzlyk baýramynyň toýam ýetip geldi. Üç ýaşarlardan uly baýraga goşuljaklaryň arasynda Owlaksakaryňam, Dorguşuňam ady bardy. Ol ikisinden başga-da saýlama on at nal yzly çapuw ýoluna çykjakdy. Olaryň hiç birem peslär ýaly atlar däldi. Ikiýaşarkalar Owlaksakardan, Dorguşdan yza galan atlaram olaryň arasynda bardy. Emma şol gezeklerinde seýisleriň emel edip, atyny ýörite doly güýjüne çapmadyk bolmaklaram ahmal. Daruwdanam çen tutar ýaly däl. Her kimiň etjegi içinde – olam garşydaşyňy her edep, hesip edip ýeňip, uly baýragy almak.
Merdan çapuw ýoluna Dorguşy biraz öňüräginden alyp çykdy. Ol atym köşeşsin diýse-de, muny özüni köşeşdirmek üçin eden bolsa gerek. Beýleki atlaram hä diýmän ýola çykdylar. Merdan gözlerini elek-çelek edip her aty aýratyn gözden geçirýärdi. Haýsysyna köp seretdigiçe göwnüne şol atam Dorguşyny ozaýjak ýaly bolup barýardy. Ol aljyrajak bolýanyny duýyp, özüni ele almaga çalyşdy. Häzir agasyna gözi düşse-de boljak. Emma çapuw ýolunda Owlaksakar görnenokdy. Agyzdyrygyny çeýneýän Dorguşuň garşydaş atlara haýbat atýan mysaly hyjuwlanmasy oňa biraz teselli berdi. Ine-de, Owlaksakaram athanasyndan çykdy. Ähli çapyksuwardyr seýisleriň gözi ondady. Merdan onuň tabynyň öňküleriniňem çeni däldigini gören badyna aňdy. Ol „Bu at häzir ganat baglamasa-da ýagşydyr” diýdirýärdi. Owlaksakary münüp oturan Nurgulynyň atyndan göwnihoşam bolsa ýüzi agyrdy. Çünki, atyň taby aşa gowy bolanda, özüne öte agram salýanynam bilmän bedenine şikes salybam bilýär.
Atlar gezekli-gezegine tomaşaçylaryň öňünden geçip ugradylar. Toýçy märeke-de Owlaksakary görenden şowhunyny artdyrdy. Bu gezek uly baýragy onuň aljakdygyna bil baglaýanlar märekede mese-mälim agdyklyk edýärdi.
Nurguly Merdan bilen ýanaşanda: „Algyry sypdyrma” diýip ýetişdi. Merdan agasynyň bu sözüne nähili düşünjegini bilmedi. Öz ýanyndan: „Özüniň Owlaksakary bilen turuwdan gaçjagy belli. Menem ony kowman Algyry saklamalymykam? Ýa bu gün ol çapuwy başgaça gurnajakmyka? Men ozaryn, senem Algyry sypdyrma-da ikinji bol diýdigimikä? Ýok, o diýeniň bolmaz agam jan. Kimiň atynyň nähili çapjagyny ýol görkezer” diýip Merdan içini gepletdi.
Ine-de atlar toýhanadan ýola düşdüler. Aralyk 2800 metr. Eliňde baryny görkeziber. Hakykatdanam bu gezek Nurguly Owlaksakary başgaça çapjak ýaly etdi. Turuwdan ony öňe salmady. Atyň jylawyny berk çekip orta gürpde saklady geldi. Öňe ilki Gögerçin düşdi. Müçesi biraz kiçiräk, demirgyr Gögerçini münüp oturanam ussat çapyksuwarlardan biridi. Ara maý salyp bildigi ýetdirmänem biler. Merdan Dorguş bilen ony kowsammykam diýdi. Algyram onuň ygyndan aýrylanokdy. Onýança nädip beýle çalt geleni belli däl, Owlaksakar Dorguş bilen gapdallaşdy. Merdan gyssanyp agasyna seretdi. Nurguly oňa „Men saňa näme diýdim?” diýip gygyrdy. Atlaryň toýnagynyň sesinden ýaňa Merdan onuň näme diýenine düşünip bilmän galdy. Owlaksakar batly barşyna Gögerçiniňem deňinden geçdi-de çapuwyň öňüni çekip ugrady. Inisi agasynyň yzyndan kowmaz, gaýta ony gaçyrar diýip pikir edendir-dä, Algyryň çapyksuwary Dorguş bilen gapdallaşdy. Merdan jylawy gowşatjagynam bilmedi, çekjeginem. Biri hemaýat edäýjek ýaly sagyna-soluna bakdy. Goltugynyň aşagyndan yzyna seretdi. Yzdaky topardaky atlaryňam toýnak uruşlary batly. Jygba-jyga gelende, agaň näme diýenine düşünmän galsaň, ine, iň ýamany. Ol öz ýanyndan agasy „Aty gyssama diýýän” diýendir öýdüp çak etdi hem jylawyna agram berdi-de, Dorguşy biraz çekip Algyry öňe goýberdi. Ýoluň ýarysy geçenden soň Gögerçin asgynlap ugradymy ýa Algyr has güýjedi ol onuň deňinden geçdi. Merdanam ondan galman Gögerçin bilen gapdallaşdy, soňam ondan öňe düşdi. Owlaksakaryň welin, şol bir parlap gidip oturyşydy. Nurgulynyň niýeti yzdaky atlary turuwbaşdan ýadadyp, pellehana surnugdyryp eltjek bolýana meňzeýärdi. Ol çapuwyň tizligini barha güýçlendirýärdi. Hakykatdanam bu tizlige eýgeräýmek aňsat däldi. Atlar sozan guýruk hersi bir ýerde galyp ugrady. Hatda Algyra-da Owlaksakaryň ygynda oturmak başardanokdy. Ol Owlaksakardan iki göwre yzdan barýardy. Hernä bu ýokary tizligi Nurguly Owlaksakara dözmän uzak saklamady. Ol badyny gowşadan badyna Algyram, Dorguşam ýetlişjek ýaly etdiler.
Çapuw bir salym orta tizlikde dowam etdi. Dogrusy, atlar barha ýadap barýar, indi tizlik ýokarlanmasa gerek. Emma beýle bolmady. Yzdan ýene iki at – Gaýduwsyz bilen Ýadygär dykdyrlyp geldi. Olaryň çapyksuwarlary jylawy doly goýberensoň atlar gelişlerine Dorguşuň deňinden geçip, Algyr bilen gapdallaşdylar. Merdan baýrakdan tamasyny üzüp ugrady. Çünki ol Dorguşuň jylawyny gowşatsa-da onuň şol bir badydy. Iki atly biri-biri bilen çekeleşip Owlaksakaram alkymlap ugradylar. Ýöne ol janawar eýgerder ýaly däl – çala jylawy gowşandan öňe omzap iki atlydan arany açmaga başlady. Muny görüp Algyram badyny gataltdy. Ol iki atlyň deňinden edil Owlaksakaryň bady ýaly bat bilen geçdi. Dorguşa-da güýç gelen ýaly Algyrdan galmady. Iki atlyň welin barha bady ýatyp olar soň yzdaky toparyňam aýagyna eýgerip bilmän galdylar. Bir edenleri ýaryşyň tiziliginiň ýene ýokarlanmagyna sebäp boldular.
Başda öňe saýlanan üç at soňky öwrüme-de öň düşdüler. Göni ýol bilen pellehana tarap ilki Owlaksakar, soň Algyr bilen Dorguş ýanaşyk gaýtdylar. Göni ýolda Algyryň barha aýak uruşy gowşap ugrady. Çapyksuwary onuň jylawyny doly goýberipdi. Merdanam Dorguşy gyssap ugrady. Nurgulam elinde baryny edip atyny sürýärdi. Owlaksakar boýnuny öňe süýndürip, şeýlebir aýagyny ýokardan alýardy welin, toýnakary gulaklarynyň deňinden gaýdýarmyka diýdirýärdi. Emma bu zatlar Merdana görünenokdy. Ol öz atynyň iki gulagynyň arasyndan öňünde bir Owlaksakaryň çapyp barýanyny, Nurgulynyňam eýýämden gamçysyny galgadyp ugranyny görýärdi. Algyr yza galypdy. Merdanam Dorguşa gamçy çaldy. Ýene azajyk gaýrat etse... Öňde agasynyň aty. Agam... agam sary...
Hernäçe dişini gyjasa-da Merdanyň gamçy urýan eliniň ysgyny gaçan ýaly bolup gitdi. Ol atyny gamçylamasyny goýup, ony diňe gyssady. Märekäň deňine ýetilende Dorguş şowhuna göterildi. Aga-ini deňleşdiler. Atyny aýak aldygyna gamçylaýan Nurylynyň „Haýda, haýda” diýýäni Merdanyň gulagyna ildi. Şonsuzam Merdan ozmak üçin jan edip, haýdap gelýärdi. Yzyndan Algyr ýetip gelýändir öýdüp ol gyssandy.
Ine-de pellehana. Dor atlaryň maňlaýy sakarsyzy sakar atdan bir boýun pellehanadan öň geçdi. Atynyň ozanyna begenjinden Merdan üzeňňä galyp dikeldi. Birdenem agasyna gözi düşüp özüni lampa eýere goýberdi.
Owlaksakar agzyndan ak köpük saçyp barýardy. Ol öňki, pellehanadan ýadaman geçýän Owlaksakar däldi. Atynyň bady gowşandan Nurguly atyndan böküp düşdi. Derrew eýeriniň çekisini gowşatdy. Gapdaly bilen ylgaşlap ugrady. Onýança kömekçisi gelip jylawy Nurgulynyň elinden aldy.
- Saklama. Aýlaber – diýip gygyran agasynyň sesi Merdana has ýiti geldi.
Owlaksakaryň çalaja titreýändigi onuňam gözüne ildi. Janawaryň boýnundan, gerşinden syrygan der toýnaklaryna baryp ýetýärdi. Iki müň sekiz ýüz metr aralagyň galaba bölegini öňüňe at geçirmän, onda-da şeýle ýokry tizlikde gelmek aňsat däl bolara çemeli. Nurgulynyň kömekçisi aty baýrak gowşurylýan meýdança alyp gelende Owlaksakar biraz rahatlaşypdy. Janawar gulaklaryny keýerdip, geçen çapyşygy göz öňünde aýlaýan ýaly çapuw ýoluna seredýärdi. Dorguş welin ýeňşini duýýan ýaly öň aýaklaryny tiz-tizden gezekleşdirip, ýerden göterip oýnaklaýardy. Goltugy eýerli Merdan agramyny çekdirip, eminleriň deňinden geçip gitdi. Bir ýerden çykan Dorguşuň eýesi ony garsa gujaklady. Goltugyndaky eýeri aldy. Ony gutlap bir zatlar diýdişdirdi. Meranyň agasyndan gaçanyny kem görmeýän gözleri, ýene-de ony gözleýärdi. Şol wagtam Merdan arçalaryň aňyrsyndan Nurgulynyň: „Inim sary” diýenini eşitdi. Nurguly arçalykdan çykyp inisine:
„Gözüň aýdyň. Men saňa agaň atlaryny ozup duran seýis bolarsyň diýmänmidim” diýip, gelşine ony gujaklady. Bu at eýesiniň gujaklaýşy ýaly bolmady – uzaga çekdi. Merdan agasynyň egninden üstaşyr athana seredip durşuna: „Beý diýmesene” diýdi. Nurguly inisini gujaklamasyny goýup, geň galyp:
- Näme diýmäýin? – diýip sorady.
- Aý, indi bir inim sary diýme-dä, how.
Ähli ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly bolan Nurguly insiniň bolşuna hezil edip güldi. Onýança meýdançada gezim etdirilip ýörülen Owlaksakar olaryň deňine geldi. Nurguly:
- Seni ozduran şu atdyr, bildiňmi şony? Algyr ony gaçyrmajak bolup başda ýadady. Hernä diýenimi etdiň. Sen yzymdan kowarmykaň öýdüp gorkupdym.
- Menmi... Maňa sen ozsaňam özüm ozan ýaly.
- Haý, ejeme çeken damaryň bar bolsun seň, ýene daşymdan aýlanýaň. Pellehanada bolşuň-a başgady?
- O wagt aga ýadyňa düşýämi...
Gülüşip duran aga-inä toý gününiň baş baýragy garaşýardy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.