* * * | Eserler | Ylýas Amangeldi

* * *

Goşgular | 0 teswir | 990 okalan

Başga hiç zat gerekmez, Maňa Sen gerek, Sen gerek. Ýunus Emre * * * Dam damja. Damja-damja dam. Her demim. Her günüm, Her ýyl, Her ömür bir damja. Her döwür. Bir damjadym menem. Senden inen bir damja, Ýüzümi Özüňe öwür. Yhlasym artypdyr, gözlerim görýär. Görmän bilmeýän. Bilmeýän görmän. Görenimi gördürme, Diňe görenini gören kördür. Daşymy gurşady goýazy ümür Allahym, kör etme meni, Ýüzümi Özüňe öwür. Ädim-ädim ädilýär ädimlerim, Maňa ýol gerek, men ýola gerek. Höwesim köplüge gitmek. Köplüge gidýän. Köplükde galmagal, Köplükde gowur... Köplükden gidýän. Men kime gerek? Dünýämi tersine çöwür, Ýüzümi Özüňe öwür. Ýaşaýarkam Güneşi ber, Ber maňa Aýy. Gündizlerim ýagty bolsun. Ýatmasyn gijelerim. Men bir bijeli men. Näme düşüpdir bijäme, Altynmy, kümüşmi, mismi Ýa kömür? Sensiz men ýok. Ýerem ýok, gögem,. Güneşem ýok, Ýaşypdyr gijämiň Aýy... Ýüzümi Özüňe öwür. Damjalap ýagyş ýagyp dur, gubur üstüne, Başym üstüne. Güneşsiz gijäm üstüne. Dostam ýok, agladyp goýdular ýary. Hany gyşyň gary? Diňe sowugy bar hem gara gabyr. Didelemden syrygýar ýaş, Ömürem ýok, ýaşam ýok. Ýagyşam ýok... Gözýaşym damja-damja Utanjymdan ýalbarýaryn çalaja: Şindem bolsa, giç hem bolsa, Ýüzümi Özüňe öwür.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.