ÝALŇYŞMA SÖÝGIM!
Ýekeje dilegim, ýalňyşma, söýgim,
Seniň ýoluň tämizlikde synalar.
Bu dünýede goýup giden yzlarym,
Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.
Başga bir söýginiň jogaby bolma,
Öz söýgiň üçinem sorama jogap.
Söýýänleri üçin zor bilen söýme,
Söýmediler diýip ýagmagyn borap.
Algy-bergi kimin söýüp, söýülip,
Dünýeden niçeler bigam ötdüler.
Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,
Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.
Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,
Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.
Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,
Olar aň perzendi, sen ýürek tary.
Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,
Oda perwanalar urulýar dogry.
Ine, şonuň üçin hak söýgini söý,
Ine, şonuň üçin söýgün sen dogry.
Teswirler (2 sany)
Ajaýyp setirler
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Salam, siziñ" Ýalñyšma söýgim "atly goşgyñyzy gaty haladym. Men öz düzen "Ýalñyşan Söýgi "atly goşgym bn atlarnyñ gabat gelşine hayran!))