AK KÖÝNEK | Eserler | Ylýas Amangeldi

AK KÖÝNEK

Hekaýalar | 0 teswir | 1578 okalan

Baharyň kä günleri üýtgeşik gün bolup gelýär. Arman, günleriňem edil adamlar ýaly biri-birlerine meňzemeýändigini, hatda arasynda aýratyn tapawutlysynyň bolýandygyny ol deňiňden geçenden soň bilip galýaň. Häzirem üstünden kyrk ýyl geçenden soň şeýle günlerden birini ýatlap otyryn...

Dogrusy, günler bize gaty meňzeş görünýär. Elbetde, bir gün beýleki güni bolşy ýaly gaýtalaýan däldir, emma birsydyrgyn geçip duransoň olary biri-birinden tapawutlandyrmagam kyn. Aýratynam mekdebiň soňky synplaryndakaň. Okuwa gidýäň, gelýäň. Sapaklaryňa taýýarlanýaň, garnyňy doýurýaň, telewizor görýäň, soňam ýatýaň. Ertirem irden turarsyň, düýnki günüň gaýtalanmasy başlanar. Üýtgäýjek zat, taryhyň ýerine üçünji sagatda matematikadyr. Ýa okuwdan soň futbol oýnamaga gidersiň. Öýe gelersiňem welin, „Futbol diýip munça ýadaýançaň, okuwyňy okap ýada...“ diýip kakaň käýiner. Senem: „Okaýana“ diýersiň, bolany. Ýa ýene şoňa meňzeş bir tapawutjagaz bolup geçer.

Ine, şeýle tapawutjagazlaryň birinde-de meniň durmuşymda şol güni beýlekilerden üýtgeşik eden, adaty bolmadyk bir waka bolup geçdi. Gysgaça aýtsam, şol gün synpdaşym hem goňşymyz Merdandan bir geň hat aldym.

Merdanyň aşaky synpdan bir gyz bilen günde diýen ýaly görşüp ýörendigini bilýärdim. Ýöne „gyzly meselä“ men gaty biparhdym. Ondana futboluň gürrüňini edeniňem gowy! Munuňam sebäbi özüm hem öýdäki berilýän edep bolmaly, ýöne şol wagtlar ony başga zatda - gyzlarda görýärdim. Çünki, olaryň hiç biri owadan däldi. Merdan welin, islendik gyzdan bir owadanlyk tapýar. Ol gyza kellesini gyzdyryp sapagyna ýetişmän ýörenem däl, synpymyzda iň ökde okuwçy. Hakykatdanam, onuň gyzlardan baş çykaryşy güýçlimi ýa geometriýany bilişi – anyk aýdaýmak kyndy. Islendik gyz hakynda islendik maglumaty şondan soraýmaly. Nädip ýadynda saklaýar, nädip olary garjaşdyrman bilýär haýran galaýmaly. Merdanyň ýene bir gowy tarapy gyzlar hakynda bilýänlerini biderek ýere ýaňrap ýörmez. Asyl onuň bu ukybyny diňe ýakyn gatnaşyk edýän dostlary bilýärdi.

Mekdepden öýe gaýdanymyzda-da köplenç onuň bar gürrüňi gyzlar hakyndady. Meni bolsa futbol hemem goşgy ýazmaga ýaňy başlan döwürlerim, şahyrçylyk gyzyklandyrýardy. Olam: „Sen haýsy goşguly kitaby alsaň alaý, içinde hökman söýgi hakynda goşgy bardyr“ diýýärdi. Onuňky dogrudam. Soň ol maňa: „Ýa senem söýgi hakda ýazyp, ýazanlaryňam bize görkemäge utanyp ýören bolaýma?“ diýdi. Bu hakykatdy. Men söýgi hakynda, hakykatdanam, goşgy ýazjak bolýardym. Emma olar ýazanlarymyň içinde iň halamaýanlarym, iň biderekleri bolup çykýardy.

Biz mekdebe pyýada gatnardyk. Mekdep bilen öýlerimiziň arasam bolaýsa ýigrimi minutlyk ýol. Şol ýol içgysgynç bolmaz ýaly hemem „söýgä düşünjek bolup“ kä günler Merdanyň gürüňlerini diňlänimi kem görmezdim. „Häsini“ berseň, ol tä öýe ýetýänçäk gürlär-gürlärdi-de, soňam, gözümden aňýandyr-da, maňa: „Sen bu zatlara düşüneňoga“ diýerdi. Menem ýylgyraýardym. Sebäbi, hakykatdanam, haýsydyr bir Jereniň gök reňkli köýnegi geýmegi gowy görmeýändiginiň, oglanlara bolsa ak könek geýseler gowy gelişýär diýip hasap edýändiginiň  meniň üçin nämesi gyzykly bolsun?!

Ine, şol üýtgeşik diýýän günemem Merdan matematika sapagynda yzdan maňa hat geçirdi. Hatynda şol Jeren diýilýän gyzyň meniň bilen gyzyklanýandygyny ýazypdyr. Matematikam öňem gowşak bolansoň, sapakdan ünsümi bölesim gelmedi hem haty jogapsyz goýdum.

Merdanyň hatyna jogap bermesemem, bir hili ýüregimiň gürsüldisi artan ýaly boldy. Şol bada Jeren diýilýän gyzy göz öňüme getirmäge başladym. Emma onuň ýüz keşbi doly ýadyma düşmedi. Görsem tanajagymy bilýärdim, ýöne... Ol näme üçin meniň bilen gyzyklanýarka? Dogrusy, belli zat, ýöne beýtmek gyzlara aýyp dälmidir? Içimden „Merdanyň tapyp ýören boş gürrüňlerinden biridir“ diýdim. Sapak gutardy.

Merdan meniň ýanyma, menem onuň ýanyna howlukdym. Dostum daşaryny yşarat edip:

- Gezelimi? – diýdi. Menem sesimem çykarmadym-da, onuň yzyna düşüp daşary çykdym. Biz jaň kakylýança mekdebiň howlusynda aýlandyk. Merdandan „O meni näme etjekmiş?“ diýip soradym. Merdanyň göwni bir ýalydy:

- Hökman bir zat etmelimi? Berýän soragyň nähilaý?

- Gyzyklanýan bolsa bir sebäbi bardyr-a?

- Sebäbimi... sebäbi ol seni söýýär diýdirjek bolýarmyň?

Merdanyň bu sowalyna ýüzüm gyzyp gitdi. Tas: „Bar gitsenaý, kellämi agyrdyp ýörme“ diýipdim. Ýöne ol egnime elini atyp ýetişdi-de:

- Sebäbi sen mekdebe mydam ak köýnekli gelýämişiň. Ol henize çenli seniň gözenek-gözenek, ala köýnek geýeniňi görmändir.

Bu jogaba ýüzümiň gyzmasy aýrylyp, hezil edip güldüm. Soňam:

- Sen oňa aýt, ejemem maňa ak köýnek gowy gelişýär diýýär – diýdim.

Meniň çynymdy. Gürrüň berip oturan wakam mundan kyrk ýyl öň bolup geçensoň, şol ýyllarda mekdebe oglanlar ak köýnekli gelmeli diýlerdi, ýöne bu düzgün beýle berk tutulmaýardy. Ejem welin o gelişýär, bu gelşenok diýip, göwnümi ýykman, meniň mekdebe talap edilşi ýaly geýnip gitmegimi düzgüne salan, maňa galan ömrümde-de düzgünli ýaşamagy öwreden eken.

Birdenem Merdandan garaşmadyk zadyny haýyş etdim:

-         Sen maňa şol gyzy görkezsene.

Merdan geň galyp:

-         Sen näme ony tanaňokmy? – diýdi.

Men oňa tanasamam göz öňüme getirip bilmeýändigimi aýtdym. Bu haýyşy ýerine ýetirmek Merdan üçin hiç zatdy. Ol iň soňky sapaga girmänkäk Jereni maňa daşyrakdan görkezdi hem:

-         Gowy gyz, sypdyrma – diýdi. Meňem kesirligim tutdy-da:

-         Gowy bolsa, sen näme üçin ony däl, jorasyny saýladyň? – diýdim.

-         Näme, sen Maraly gowy görýäňmi?

-         Ýok-how. Maralyň özüňe nesip etsin.

-         Onda näme beý diýýäň?

-         Dogru-da, eger ol Maraldan gowy bolsa, sen oň bilen tanyşardyň-a?

-         Hawa, maňa Maraldan gowy gyz ýok. Ýöne eger sen Jereni gowy görseň, Jerenden başga gyz seňem gözüňe-de ilmez.

Söýgi meselesinde bu meniň ilkinji alan sapagymdy. Kim kimi gowy görse, ol oňa hemme kişiden gowy. Söýgi hakynda alan bu sapagymdan kyrk bäş minut soň mekdepdäki sapaklaram tamam boldy. Biz ýuwaşja ýöräp öýe barýardyk. Men içimden „söýgi setirlerini“ düzýärdim hem Merdanyň geçjek ikinji sapagyna garaşýardym. Ol esli wagt sesini çykarmady. Soňam:

-         Bilýäňmi näme, häzir biz Jerenleň ýaşaýan köçesinden gideli. Eger Jeren öňümizden çyksa, diýmek munuň bir manysy bolmaly – diýdi. Soňam bu aýdanyny has giňişleýin düşündirmäge durdy:

-         Söýgüde köplenç şeýle bolýar. Halajak gyzyň garaşmaýarkaň öňüňden çykýar. Men muny kitapdan okadym. Häzir Jerene aňsat-aňsat duşmajagymyz belli gerek? Ol öýlerine barandyr. Okuwdan ýadap gelibem... dynç alýandyr. Şeýle gerek? Ýok, eger ol okuwa göteren kitap-depderlerini öýlerinde goýup, ýene yzyna köçä çykan bolsa, ýa-da köçelerinden ýöräp bize pete-pet duşsa onda...

-         Näme onda?

-         Onda, bu bir zady aňladýar.

Merdan Jerenleriň ýaşaýan köçesine, öýüne çenli belet eken. Ol öňümizdäki köçeden  çepe sowuldy. Menem dostumdan aýrylmazlyk üçin hem onuň aýdýanlarynyň ugrunda bardygy-ýokdugy gyzykly bolansoň yzyndan galmadym. Ine-de biz öwrülen köçämiziň ugrundaky dükanyň deňinden geçdik. Köçe boşdy. Merdan Jerenleriň öýleriniň deňine ýeten bolmaly. Mundan aňry gitmek manysyz diýýän ýaly edip Merdan durdy-da, yzyna – maňa tarap öwrüldi. Öwrüldem-de, yzyňa seret diýip ümledi. Menem yzyma öwrüldim. Görsem Jeren. Özem şeýle golaýda. Men aljyrap „Salam“ diýdim. Olam maňa: „Salam“ diýdi-de, öýlerine girip gitdi.

Merdan ýöräp barşyna kikir-kikir gülýärdi. Ahyry ol gülküsini basyp:

-         Eý, biz oňa öňümzden çykarmyka diýsek, yzymyza düşüp gelýän eken. Hökman onuň sende göwni bardyr, ýogsa yzyňa düşüp gelmezdi.

-         Goýsanaý biderek gürrüňiňi. O näme meň yzyma düşüp geldimi? Dükandan bir zatlar getir diýip ugradandyrlar...

-         Elinde hiç zat ýokdy.

-         Aý, aljak zady dükanda gutarandyr, nä bilýäň? Yzymyza düşer ýaly ol biziň bärden geljegimizi nirden bilsin?

-         Dagy näme, ol ýörite yzyňa düşen däldir, ýöne... yzyňdan ep-esli ýöräp geldi gerek? Diýmek, durmuşda siziň ýoluňyz bir tarapa, olam seň yzyňa düşmäge taýýar.

-         Goýsanaý, durmuş-surmuş diýen bolup pal atmaňy.

-         Ine görersiň.

Jedele gyzyp biz Jerenlerden ep-esli daşlaşdyk. Merdan henizem göz astyndan maňa seredip ýylgyryp gelýärdi.  Men welin ulygyz ýaly utanýardym. Men nire, söýüşmek nire? Birdenem ýene ýüzüm gyzyp ugrady. Beren salamyma jogap beren Jereniň ýüz keşbi aňymda janlandy. Onuň uýalşy meniňkidenem beterdi. Emma ýüzi ýap-ýagtydy. Şol ýagtydan ýaňa men oňa arkaýyn seredibem bilmedim. Olam bir zatdan utanan ýaly ýüzüni aşak saldy. Nämä utandyka? Ýa biziň köçelerine ýönelige sowulmandygymyzy aňaýdymyka? Birdenem onuň ak köýnek hakynda aýdanlary ýadyma düşdi. Hiç kim känbirüns bermeýärkä meniň ak köýnekli mekdebe gelýänm Jereniň gözüne nädip ildikä? Ol „oglanlar“ diýende meni göz öňünde tutandyr. Diýmek, meni ýörite synlapdyr-da? Ýüregimiň urşy hasam güýjedi. Özümi däliräýjek ýaly duýýardym. Birdenem ony Jeren diýmedik bolsa näme diýen pikir kelläme geldi. Men ony ýuwaşlyk bilen, oýuna garap anyklamaga durdum.

- Merdan sen oýun edýänsiňlaý, Jeren men hakda hiç zadam diýen däldir.

Merdan janygyp:

- Eger çynym, Maralyň ýanynda gürläpdir. Olam maňa aýtdy – diýdi.

- Aý, Maral öz gowy görýän oglanynyň dosty bilen, jorasyny tanyşdyrjak bolýan bolaýmasa? Ýa özüňsiň belaň körügi?

- Eý-ý, nädýäňaý, men näme üçin olar ýaly gep tapaýyn?  Halamadyk bolsaň, öz işiň. Ýöne menden bir sowul. Belaň körügi diýip...

Merdan gaharlandygyça men begenýärdim. Çyny bolmasa beýdip gaharlanmazdy. „Oýun edýän-how“ diýip, bu gezek men Merdanyň egnine elimi atdym. Ýüregimdäki joşguny basjak hem ony Merdana bildirmejek bolup şahalardaky ýaňja çykan ýaşyşyk ýapraklara sereden boldum hem:

- Ýaprajyklara seret, olar güldenem owadan görünýär – diýdim. 

- Senem gep tapýaňaý? Halamadyk bolsaň, öz işiň...

Biz öýmüze ýetdik. Me muňa begenmänem durmady. Çaltyrak ýeke özüm galasym gelýärdi. Öýe girip öz otagyma geçdm. Goşgy ýazýan depderimi elime aldym. Emma, bir setirem ýazmadym. Dogrusy, depderimi goýup gowy görýän şahyrlarymyň kitaplaryndaky söýgi hakyndaky goşgulary okadym. Uzakly gün Jereniň keşbi aňymdan çykmady. Şeýdip ýazyň şol täsin gününi nädip geçirenimem bilmedim. Ol günüň üýtgeşik gün ekendiginem kyrk ýyldan soň, indi bilip otyryn. Okyjymy ýöne, şol günden soňky bolan wakalar has beter gyzyklandyrýandyr.

Men matematika sapagynda çözgüdine düşünip bilmän galan meselämi çözjek bolýan ýaly, birnäçe günläp bir topar soraglara jogap gözläp gezdim... Men ony södümmi, ýa bu ýaşlyk ýelginimi, ýa utanjymyň aňyma uran gazaply tolkunymy, baş çykarasym gelýärdi. Merdan „Hat ýazjakmy?“ diýibem sorady. Ilki baş atdym, ýöne soňam ýazmajagymy aýtdym. Merdana öňümde girip bilsem ýokary mekdebiň, girip bilmesem gullugyň garaşýanyny aýtdym.

Hat ýazmadyk bolsam, diýmek, söýen däldirin diýip biljek däl. Şol günden soň söýgi hakyndaky goşgulaym göwnümden turup ugrapdy. Şol wagt gulluk, okuwa girmek nireden ýadyma düşdükä? Megerem, olaram öz eden pikirlerim däl-de, öýdäkileriňkidir. Ejem dagy edil meniň başyma düşjekleri bilýän ýaly, şu hem şuňa meňzeş maslahatlary häli-şindi aýdardylar. Maslahata gulak asan bolsam, söýen däldirin. Ony diýsemem şol gün, „ak köýnekli gürrüň“ näme üçin kyrk ýyldan soň änigi-şänigi bilen ýadyma düşüp dur? Aýratynam, maňa nesip etmedik Jereniň ýüzniň ýagtysy...                                

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.