TÄZEDEN DOGULMAK | Eserler | Ylýas Amangeldi

TÄZEDEN DOGULMAK

Hekaýalar | 1 teswir | 1217 okalan

Ukusyny alyp, göwnihoş oýanan Halnazar doglan gün hakyndaky meşhur aýdyma hiňlendi. Doglan gün nireden ýadyna düşüp ýör, ol geljek tomus ýigrimi bir ýaşamaly, häzir bolsa daşarda gyş.

“Dogrudanam, bir gezejik dogulmak az. Bir kitapda: “Adam üç gezek dogulýar: hakyky dünýä inen güni, öýlenen güni hem aradan çykan güni” diýibem okapdym. Ýöne bu-da az. Hakykatda adam her uklap oýananda täzeden dünýä inýän bolsa gerek. Ýaşulylar uka “kiçi ölüm” diýmeýärlermi näme. Şol “ölümden” oýanmak, gaýtadan direlmek. Edil birinji dünýä inişiň ýaly däl bolmagy mümkin. Aý, onam kim bilýär, oňam ukudan oýanmakdan üýtgeşik tapawudynyň ýok bolmagam ahmal”. Bu pikirlerini mundan aňryk dowam etdirmän Halnazar düşeginden dikeldi. Penjiräniň tutusyny syryp daşaryk seretdi. Gijeki ýagan gardanmy daşaryň ýagtysynda ýumşaklyk bardy. Ýalaňaç agaçlaryň şahalarynda petde-petde gar el bilen goýlan ýaly. Birdenem şahalaryň birine guş gondu-da, onuň sarsgynyna şahalardaky “el bilen goýlan” petdeleriň birnäçesi paýrap ýere döküldi. 

Halnazar tutyny yzyna syryp daş çykdy. Gyzaryp dogan Gün tomusdaky ýaly ýiti däl, kiçelen mysaly, hem dym gyzyl, hem owadan. Halnazaryň oňa “naşyja” diýesi geldi. Ony üýtgeşik bir zada meňzetjek boldy, emma aňyna laýyk zat gelmedi. Howa-da şeýle arassa! Häzir ukudan oýanmaga täzeden dogulmak diýseň gelşibem dur. Düşýäni bildirip ugan gara çaçlaryny iki eli bilen seçelendiren Halnazar, soňam barmaklary bilen ony daraklady. Tämiz howany hezil edip içine sordy. Elini nädip gara uzadanyny bilmän galdy.

Gar däl-de, başga bir zat bolsa, şeýle özüne çekiji, enaýy aklygyň sowukdygy geň galdyrjak. Emma, gar – pamyk däl, ol sowuk bolman bilmeýär. Belki-de, onuň özüne çekijiliginde sowuklygynyňam paýy bardyr. “Muny indi name etsemkäm? Yzyna zyňaýmasam? Yzynamy?” Halnazar elinde mazaly tokgalan  garyny yzyna zyňasy gelmedi. Ol ony toýnaklap duran iki şahanyň arasyna gysdyrdy. Şol wagt arkasyndan biriniň adyny tutup bir zatlar diýýäni eşidildi. Halnazar sesiň gelýän ýerine – goňşularynyň saryýagyz, uzynja, ýedi-sekiz ýaşlaryndaky ogluna gaňyrlyp seretdi.

-         Kakam: “Ýüz manada bölegiňiz barmy?” diýýär.

-         Bardyr, bolmaly.

Bäşim jogabyny alan badyna hyrra yzyna öwrüldi-de öýlerine ylgady. Içinden: “O name ötägitdi?” diýen Halnazar, onuň “ýüzlügi” getirmäge gidenine düşündi. Halnazaram ony böler ýaly pul almak üçin öýe girdi. Asylgy eşikleriniň jübüsini barlaşdyrdy. Ýöne jübüsindäki pul ýüz manada sähel ýetmedi. Sähel ýetmese-de ýetmedigi. Üstüni dolar ýaly ejesine garaşaýmasa? Olam sygyrlaryny sagmaga gidendir.

-         Eý, Bäşje, üç manady ýetmedi, ejeme garaşaýmasak.

Bäşim Halnazaryň aýdanlaryny öýdäkilerine eşitdirip, näme etmelidigini soramak üçin ýene ýelk ýasap yzyna gitdi. Biraz salymdan Halnazaryň ejesi Şeker eje-de garyň üstüne seresap basyp, mal ýatakdan eli bedreli geldi.

-         Eje üç manadyň ýokmy?

-         Şu wagt üç manady name etjek? Galdyrylgy düşekleň iň aşakysynyň arasyny gör. Düýn bölekleri şoňa gyssyrypdym.

Halnazar derrew ejesiniň aýdan puluny tapdy. Ýüz manady jemläp, Bäşim yzyna gelmedimikä diýip daşaryk çykdy. Halnazar ony şunça kösänine gynanyp ýüz manady gysymynda, goňşularyna ugrady. Iki gözem garda. Kim üstüne basan bolsa garyň ýüznüde yzy ýalpyldap dur. Holha Bäşimiň ädiginiň yzy. Ol Halnazarlar iki arada gatnapdyr. Birdenem Bäşim öýlerine girip gitdi. Halnazaram onuň yzy bilen diýen ýaly gapyny çekdi.

-         Getirdiňmi oglum. Ilki Amanlara gidäýmelä. Şekkilerden işiň bitesi ýok, gep gelmese oňaý.

Bu ses Bäşimiň enesi, ýaşy segsene golaýlan Oguljemal ejäniň sesi. Onuň Şekkiler diýýänem Halnazarlar. Oguljemal ejäniň diýenleri gulagyna ilen Halnazar ýüzüne urlan ýaly bolup gapyda saklandy. Ol gullukdan geleli goňşy aralykda “Şekkiler pylan, pismidan” diýip eşidýän gybatlaryndan ýadapdy. Ýeňse damaryny gatadyp: “Oguljemal eje, bir aýagyňy gore sokup otyrsyň, Şekkilerden name ýamanlyk gördüň, beýdip gybatyny eder ýaly” diýse diýäýmeli ýeri geldi. Halnazar onam etmän “Açmadygym eken” diýip gapyny ýapyp yzyna gidibermekçi boldy. Emma beýdip gitmek, girip içiňi dökeniňdenem erbet bolaýmasa? Öýdäkileriňem hemmesiniň gözi oňa gönükdi.

-         Salawmaleýkim.

Salamy oýlap tapanlar gaty akylly adamlar bolmaly. Ol häzir Halnazaryň gaharynam basdy, oňa çykalga-da boldy. Kiçiräk çagalaryň heniz turmadyklaram bardy. Pejiň başynda outran Oguljemal eje çaýyny ýaňy öňüne alan eken. Bäşimiň ejesiniň elinde oglunyň getiren puly bardy.

-         Aleýksalam. Halnazar senmiň? Gurgun ördüňizmi?

-         Şükür. Sizem sag-aman ördüňizmi? Ýaňy Bäşim gelip-gitdi-de, soň yzyna gara bermänsoň geläýdim.

Bäşimiň ejesi gaýnyna derek jogap berdi.

-         Hä, men iberdim. Okuwa gidenlerinde bölek pul gerek bolýa-da. Amanlara böldürdik. Geçäý, Merdanam daş çykdy, häzir geler.

-         Aý, bolýar. Menem işe gitmeli, geçip oturmaýyn.

Halnazar gelişi ýaly çykyp gitdi. Ýerdäki garyň aklygy, barha ýokary galýan Günüň şöhlesine hasam ýitelen ýalydy. Halnazar olary gaty-gaty basgylap öýlerine girdi. Süýdi ýaňy süzüp bolan Şeker eje oglunyň beýle ir bilen Oguljemal ejelere getmesini geň görüpdi. Salym geçmänem gaty-gaty ýöräp yzyna gelşini welin halamady. Gyssanyp diýen ýaly oglunyň yzyndan girdi. Oglunyň seredişi başga…

Körpesi bolansoň Şeker eje onuň tüýsi üýtgese bilerdi. Agasy ýaly ol sähel zada çytylýan ogul däl. Şeker eje soraman durup bilmedi. Üç manady bahana edip:

-         Oglum ýaňky puly nämä soradyň? – diýip, oglunyň ýüzüne soragly garady.

Halnazar birbada jogap bermedi. Öňünde ýüzüne seredip duran ejesidi. Edil egnine geýe-geýe öwrenşip giden köýnegi mysaly. Agasam Halnazar gullukdan gelip, iküç aý geçip-geçmän gelnini alyp şähere göçensoň, öýde diňe ejesi ikisi galypdy. Ol başyndaky ak gyňajy çekindiren Oguljemal eje däl. Şonuň üçin Halnazar häzir gaharyny daşyna çykarman saklanyp biläýse ýagşy. Jogap bermese-de, ýüzüne seredip dilini dişlände Halnazaryň gözüniň agy köpelip gitdi. Şeker eje ol gözlerden çaltyrak ýüzüni sowmak bilen boldy. Gyňajynyň ujuny dişläp daş çykdy. Süzen süýdüni atardy. Çogdurmazlyk bahanasy bilen ogly işe ugraýança süýdüň ýanyndan aýrylmady. Ýöne ataran süýdünden öň ýüregindäki harasat gübermäge başlady. “Adamymam maňa beýdip gözüni alartmandy. Menemä oň ugrunda jan serek. Atylan daş ýeke galan naçara degýär. Pynhan gijelerimiz “Şekerim, seni hiç haçan ýeke goýman” diýseňem bar külpeti täk başyma atyp gitdiň…” Bäş-alty ýyllykda tarpa-taýyn ýogalan adamsyny ýatlan Şeker ejäň gözýaşy saklatmady. Asyl ony saklajagam bolmady. Öňi-soňy öýde oňa “Nämä aglaýaň?” diýjek galmandy.

Halnazar maşynyny otlap işine gidip barşyna “Öýde bir özi. Menem işe diýip çykyp gidýän. Töweregi bilen äbe-de-jüýbe bolaýmaly welin…” diýip, içinden ejesine käýinip barýardy. Birdenem ýoluň gyrasy bilen barýan Bäşime gözi düşdi. Ol maşyny saklap gapysyny açdy.

-         Bäşşe, mün mekdebiňe çenli.

Bäşim teklibe mähetdel sürüjiniň gapdalynda joňkardy. Dogrusy, doly joňkarmaga egnindäki torbasy päsgel berýärdi. Halnazar bir eli bilen oňa arkasyndakyny aýyrmaga kömekleşdi.

-          Munyň aç eşege ýük eken-le.

-         Aý…

Şol barmana Halnazaryň eli onuň buz ýaly saçlaryna degdi.

-         Eý, kelläňe bir zat geýseň bolmaýarmy?

-         Torbamda.

-         Ejeň ony saňa torbaňa sal diýip beren däldirä?

Bäşim jogap bermedi. Halnazaryň irdenki bolşy ýaly, onuň iki gözi ýoluň ýakasyndaky gardady. Ol saklanyp bilmän hälden bäri alada edip gelýän zadyny Halnazardan sorady.

-         Agşama çenli erärmikä? 

-         Kim bilýär welin, eräýmese.

-         Menem erärmikä diýýän.

-         Hä, okuwdan gelip typyp oýnajaksyň.

Bäşim Halnazara jogap bermän, ýylgyryp oňaýdy. Halnazaram garyň şeýle tiz erejekdigine gynanýan ýaly uludan dem aldy. Emma ony “gynandyrýan” dert has ulurakdy.

“Ine, otyr ýanyňda Şekkilere at dakýan içeriden çykan birisi. Dogry, ol entek oglan, köp zatlara düşünýänem däldir. Emma, onuň garaja gözleriniň çuňunda Şekkiler eýýäm belli bir şekil almaga başlandyr. Soň şol şekil aňsat-aňsat aýrylmaz. Ejem şuňa düşünenok. Her kimiň çigit ýaly göwni bar. Hersini bir süýji söz bilen hoşlap gezibermelä. Ýok, hökman dogrusyny aýtmaly…”

Öýde Şeker eje süýdüň çogmasynyň golaýa gelenini aňsa-da, aşagyndaky gazyň ýanyşyny peseltmek huşuna gelmän gazany göterip otdan aýyrjak boldy. Soňam birden name etmelidigi ýadyna düşen ýaly gaz pejiň burmasyny towlady. Hernä süýt çogmady. Güberlip gazandan döküläýmeli bolan köpürjikler dem salymyň içinde pyssardy.

Bu zatlardan, elbetde, habarsyz Halnazaryň maşynyny mekdebiň golaýynda saklap, Bäşimi düşürip goýberen soň, birden ýüregi ynjalan ýaly boldy.

“Ejem jana döneýin-le. Kakam aýrylanda indi nädip ýaşarkak diýipdim. Başga bir aýal ejemiň duran ýerinde asylam durup bilmez. Aýjemal eje-de “Şekkiler” diýen bolup oturmaga gyňajyndan utansyn…”

Mundan soň Halnazaryň pikirleri öýlenmek meselesine ýazyp gitdi. Gullukdaka öýdäkileri “göleli gürrüň” diýşip her hatlarynda diýen ýaly toýdan söz açýardylar. Halnazara-da olary okamak hoş ýakýardy. Emma, halaşýan, öýlensem diýip göz öňünde tutýan gyzam bolmansoň olara “goýuň biderek gürrüňiňizi” diýip jogap bererdi. Häzirem şeýle. Agasam şähere edil Halnazar çaltyrak öýlensin diýen ýaly edip göçüp gitdi. “Oňa-da dogry düşünmeli, şäherden jaý berýärkäler göçmese, soň kösenmegi mümkin. Häzir gum-gukluk içerileri çaga-çugadan dolsa…” Halnazar edýän pikirlerine ýylgyranyny bilmän galdy. “Eýýäm çaga-çuga diýen bolýaň…”

Halnazar içinden tanaýan gyzlary hakynda pikir öwürdi. Synpdaşlaryny ýatlady. Emma hiçisinden göwni suw içmedi. “Gowy gyz gören badyňa tanadar-la…”       

Öýde Şeker ejänem köşeşdiren ogluny çaltyrak öýermek pikiri boldy. “Derrew ýumşaýar. Töweregine düşünişi başgalanar”. Olam ogluna mynasyp bolaýjak gyzlary birlaý aňyndan geçirdi. Aňynda obaň ilersinden girip gaýrasyndan çykdy. Başga obalary, şäherli tanyşu-garyndaşlaryny ýatlady. Ahyry birinde saklandy. “Amansähediň gyzy, oňa Halnazar janam ýok diýmez…” Amansähet Şeker ejäň adamsynyň elinde işläpdi.

Şol barmana Şeker ejäň gulagyna daşarda biriniň ardynjyramasy eşidildi.

-         Wiý, Amansähet, bu senmi? Geleweri.

-         Şeker eje, şähere barýadym-da sowulaýdym, geçip oturmaýyn.

-         Öý-içerileriňiz gurgunçylykmy? Gülsoltan gelinem gurgunmy?

-         Şükür Hudaýa. Sizem sag-gurgun oturanmysyňyz? Oglanlaram işleşip ýörmi?

-         Hawa, ulusynyň şähere göçeni-göçeni, kiçisine işem tapyp berdi welin, öýde ýeke galmaly bolaýdym. Işlemese-de erkek kişä gelişjek däl.

-         Işlesinler, işlesinler Şeker eje. Gezen ýerlerinde sagja gezsinler. Kiçiňi öýerseň saňa-da höwür bolar.  

-         Inşalla, perişdeler omyn diýsin Amansähet jan. Durdy neresse aýryldy-da, bar aladany maňa goýdy ötägitdi. Wiý, saky-saky edip saňa habaryňy aýtmaga-da maý bermändirin.

-         Habarym aýak üstünden aýdyljak habaram däl welin, gel Şeker ejeden soraýyn, şu dogrusyny aýdar diýip sowuldym. Öýe baryp ejelerini alyp gaýdan bolsam has göwnejaý boljak eken.

-         Aýby ýok,  Amansähet, tapawudyňyz name.

-         Şeker eje diýýänä, öýdäki gyzlaň ulusyna siziň atasy öý obaňyzdan Melejeler söz aýdyp geldiler. Bizem sorap-idäli diýdik.

Şeker ejäň bu habara ýüzi üýtgäp gitdi. Amansähedi içeri geçirip arkaýyn gepleşsem diýdi. Emma ýene syr bermedi.

-         Şeker eje, ýa habaryny alaýyň diý, deňimiz dälem bolsa, bir sözde aýt. Aýdanyň bolar.

-         Bizi sylany Hudaý sylasyn. Amansähet jan, menä Melejelere at dakyp biljek däl. Ogullaryny özüňiz görüň, ýaşlary tanabam bolanok, ýöne içireleri gaty agzybir, gepleri gep, sözleri söz adamlardyr. Özem adam çykýan ýerdir…

-         Hä, şeýdiýsene, Şeker eje, men saňa ynanýan. Galanam Alla işidir-dä…

Amansähet ýolda goýan maşynyna tarap ýönelmek bilen boldy. Şeker eje tutan guşy elinden alnan ýaly bolup galyberdi. “Ilem, gyz, başga obadan gelip, nirede nähili maşgala baryny  bilip ýör. Bizem gözümiziň alnyndakyny görmän… Melejelerem erbet içeri däldir welin, gyzyňda öz göwnüm bardy diýäýsemmikäm? Ýog-eý, seňki köýsün, meňki bitsin edip bolarmy? Her kim maňlaýyna ýazylana duşmalydyr-da”. Özüne göwünlik berip, Amansähetleri ýatlamajak bolsa-da, ol içeri uzakly gün Şeker ejäň aňyndan çykmady. Durdy nerese bilen Amansähet öýlenende gelinaljy gidenlerine çenli ýatlady.

Gar günüň düşmeýän ýerlerinde az-owlak bar diýäýmeseň, agşam düşýänçä galapyn ýerde eredi. Gün gysga bolansoň Halnazar işden agşama ýakyn geldi. Gapylaryna gelende ilki gözüne ilen zat agajyň şahasyna gysdyryp giden tokga gary boldy. Ol eräp kiçelipdir. Agajyň aşagynyň gary eräp, dünýe palçyk. Halnazar köwşüni palçyk etjegini bilse-de, çaga ýaly, höwesine buýrup bilmän şol gar tokgasyny aljak boldy. Aýgyny seresaply basyp agajyň aşagyna bardy-da oňa elini ýetirdi. Uzak gün eräp gar tokgasynyň içi boşap gidipdir. Halnazaryň eli degenden ol patylap ýere gaçdy-da çym-pytrak boldy.         

-         Gyýw, palçygyň içinde name işläp ýörsüň?

Bu ejesidi. Ol Halnazaryň gelerine garaşyp, ýola seredip otyrdy. Oglunyň maşynynyň gapa gelenini görübem daş çykypdy.

-         Hiçle, eje. Näme iýýäs?

-         Öýe bir gir…

Eneli-ogul agşamlyk edinmäge oturdylar. Amansähediň gelip-gidenini biri bilen paýlaşmasa içine sygdyryp bilmän oturan Şeker eje ony ogluna gürrüň berdi.

-         Tumaramy?

-         Hawa, uly gyzynyň ady Tumar dälmi?

-         Hawa Tumar. Bizden bir ýyl öň mekdebi gutarypdy.

-         O senden ulumydyr?

-         Hawa, jigisi Sülgün bizden bir ýaş kiçi.

-         Meň diýýänim şo bolaýmasyn?

-         Şol bolmagy gaty ahmal – diýip Halnazar gülüp goýberdi.

-         Boldy-boldy. Şodur.

Şeker eje oglunyň maňlaýynyň derçigenini söýünç bilen synlady. Halnazar gürrüňi başga ýana sowjak bolup gardan gürrüň açdy. Ejesi oňa jogabam bermedi. Soňam oturdy-oturdy-da:

-         Diliňe berkligiňem edil kakaňda. Özüm üstünden barýançam bir zadam aýdaňok.

-         Nämäni aýtmadym?

-         Sülgüni.

-         Aý, eje, menä ýöne diýäýdim.

-         Öňüräginden şeýdip diýäýmeli-dä. Tumardanam gijä galmasak galmazdyk. Ýa Sülgüni ondan gowumy? Tumar ulam diýdiňä?

Şeker eje çynlakaý sypata girip ogluna garap otyrdy. Halnazar bu gezek emele düşmedi:

-         Aý eje, sen ýaman mekiraý.

Dünýesi giňän Şeker eje hezil edip güldi.

-         Men häzirjek Amansähetlerden habar alyp geleýin.

-         Baý-bow, eje, naharyňy bir arkaýyn iý. Entek Sülgüniň razy boljagyny nä bilýäň?

-         Razy edersiň-dä.

-         Onda men ilki razy edeýin, soň sen gidäý.

Şeker eje oglunyň teklibini eşidip böwrüni diňledi. Soňam oňa-da razy bolmady:

-         Ýok, Amansähetler beýle içeriden däldir. Ilki men baraýyn, onsoň sen gyzy bilen gürleşiber.

-         Eje, agşamyň haýryndan ertiriň şeri diýimändirlermi name?

-         Akyllysyran bolma. Häzir naharymyzy iýeli, gitjek diýdimmi giderin.

Halnazar ýene bir bahana tapdy:

-         Eje ýeke özüň gideniňden gelnejemem alyp gitseň gowy bolaýmasa.

-         Gyýw, sen näme aýak diräp dursuň?

-         Aýak dirämok-da… eje, men ilki Sülgüni göräýeýin.

-         Bor-da, sabyr rahmandan. Ýöne sen uzaga çekdirmegin…

Halnazar beýleki otaga geçip telewizory açdy. Gap-çanaklary ýygnaşdyran Şeker ejäň girdi-çykdysy ýatmady. Halnazaryňam gözi telewizorda bolsa-da, pikiri Sülgündedi. Ejesi oglunyň ýanyna geçip bir salym Amansähetlerden gürrüň berip, olaryň öwgüsini ýetirdi. Soň ýadawlygy bahana edip öz otagyna geçip düşegini atdy. Halnazaram bu gije adatdakysyndan ir düşegine geçdi. Emma eneli-ogulyň ikisem uzak wagtlap uklap bilmedi. Ahyry uka gitdiler. Ertir “täzeden dogulmak” üçin…   

 

 

   

 

 

          

 


Teswirler (1 sany)

haknazar:
22 Aprel, 2014

Gaty gyzykly bolupdyr. Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garasyas. Okamda obam yadyma dusup gitdi. Elleriniz dert gormesin.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.