ENELER
„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”
Gurbannazar Ezizow.
Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...
Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi. Ol ikinji bäbekden soň „Guzym, beýdip janyňy orta goýma. Il gowudyr, ogulluk alaýrys” diýibem gördi. Emma, sesini çykarmaýan gelniniň niýeti bäbekdedi. Gaýnynyň bir aýdanyny iki diýdirmeýän Amansoltanyň bu meselede aýak diremeginiň aňyrsynda enelik, öz bäbegiňi huwwalamak islegem ýatsa ýtýardy welin, onuň çökder ýeri gelin bolup gelen öýüniň ýaýarwyny dowam etdirmek diňe onuň özünden çözülmelidi. Agtyga gözüm düşse bolýar diýip dileg edip ýören garrylaryň armany ähli zatdan agyr geljekdi.
Bularyň baryny terziň bir gapdalyna goýup, beýleki tarapyna-da öz janyny goýan Amansoltan bu gezegem birinjisini saýlapdy. Üçünji däl, bäşinji gezegem bolsa ol şony saýlamaga ýaýdanjak däldi. Adamsy Berkeliň şäherli tanyş lukmanlary geçen gezek bäbege jan girenden Amansoltany telim barlagdan geçiripdiler. Ýöne dünýä injek çagaň ogulmy-gyzdygynam öňünden görkezip duran, häzirki ýaly üýtgeşik enjamlar o döwürlerde ýokdy.
Berkeliň özüniň aýal ugrundan bolmasa-da, käriniň lukmandygy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýardy. Indiki dünýä injegiň hatyrasyna häzirki ýaşap ýöreniň janyny howp astynda goýmaga onuň razy bolasy gelenokdy.
Kakasy Sähet aga ýaşlaryň durmuşyna kän goşulmazdy. Pikirini aýdanda-da gaty seresaplydy. Diňe ejesi: „Nalaja galan bolsak başga gep. Nalaja-da goýmasynda, oglum. Biz öz ýanyndan bir zatlary hasap ederis, eýtsek eýle bolaýmasyn, beýtsek beýle bolaýmasyn diýeris, ahyrynda-da nesibämizdäkini göreris” diýip, gelniniň tarapyny çalardy. Berkeli içinden: „Mundan beterm nalaçlyk bolarmy?” diýse-de, ejesiniň „nesibeli” gürrüňi onuň barja hasabyny bulaşdyryp, näçe gündür aňynda aýlap ýören pikirlerinde ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Üstesine-de göni gelen ajalyň öňünde luknaçylygyň nähili ejiz gelýändigini lukman bolansoň göre-göre gelýärdi.
Ýene içerde eneleriň diýeni boldy. Bu gezek Berkeli Amansoltana hiç zat tabşyrjagam bolmady. Ol aýdylaýjak ownuk tabşyryklara aňryýany bilen düşünýärdi. Tuwak eje-de gelniniň elini sowuk suwa urdurmazlyga çalyşýardy. Hatda öýdäki biş-düşe-de özi ýetişjek bolardy. Han gelinsiremek nire – Amansoltanyň muňa gaýta kejebesi daralardy. „Enesi, beýtseňiz, men beter bolýan” diýip, gaýnyna nägileligini aňdyrardy. Emma, Tuwak ejäňki ýürekdendi. Il örmänkä hamyryny ýugrup basyryp goýýardy. Ilerki çeşmeden getirmeli suwy bedireleň kiçirägi bilen iküç gatnap, özi getirerdi. Mal-garaň ýanyna-ha gelnini öňem eltmändi, ind-ä asylam eltmeýärdi. Gözüne ullakan äýnegini dakynyp elinden Magtymgulusyny düşürmeýän gaýn atasam elinden gelenjesini ederdi. Odun-çöpüň ownugyraklaryny bölekleşdirip goýardy.
Öňki iki bäbekde-de özüni günäli ýaly saýýan, obaň göbekenesi Annagözel ejäňem bir aýagy olardady. Her gezegem: „Geçip barýan, sowulaýdym” diýip gelerdi. Bar aladasam Amansoltan.
- Gelin, göwrümiňi giň tutgun. Alla berjek bolsa derýasynda kändir. Bu yhlasyňa ol senem boş goýmaz.
- Wah, enesi bir ýerde oturyp bilenok. Beýtseň erkeklerem aljyradýaň diýibem çykdym. Çete çykýa-da aglaberýä...
- Haý gelin, sen bilmersiň oň çeken jebirlerini... Tutha-tutluk, açlyk. Kakasyny, gaýyn atasyny bir günde sürgün etdiler. Durmadyk çagasynyň sanyny aýtsam ynanmarsyň. Gaýnataňy urşa alanlarynda ýeke ogly Berkeli bilen galdy. Alla jan beterinden saklasyn. Birim bar müňim bar diýip, saňa gözlerini dikip oturandyrlar. Tüweleme şu gezek bäbegiň ugry düzüw. Inşalla, inşalla.
Şol arada gapydan giren Tuwak ejä söýünç bilen garap:
- Boýdaş jan, şu gezek Alla ýüzüňizi güldürjek ýaly – dýdi.
- Şeýle bolsun-da...
Tuwak eje bu gezek tas hemme kişiň gözüniň alnynda aglapdy. Emma bir ýerden gelen gaýratyna daýanyp, gaýta ýylgyrdy, „Çaý äbereýin” diýdi. Ýöne Annagözel ejäň şol gyssanmaçlygy. O planylaň gelninem görmeli diýip, uzak eglenmän çykyp gitdi. Tuwak eje: „Annagözel bilýändir. Sen zady gaýgy etmegin. Berkelä-de ýuwaşlyjak bilen aýdyp, onam begendiräý. Men aýtsam özünden tapýandyr diýer” diýip, bu habara begenjinden näme işläp ýöreninem bilmän daşaryk çykdy.
Bäbegiň dünýä inmeli güni barha ýakynlaýardy. Annagözel eje näme diýse-de, Amansoltan böwrüni diňlemesini goýanokdy, aladasy gün geçdikçe artýardy. Bu gün onuň haly hasam beterleşdi. Berkeliň „Şäheriň bäbekhanasyna äkideýin” diiýmesine gelni razy bolmady. Berkeli barlaga äkidende-de ýaýda-ýaýdana giderdi. Häzirem içinden: „Annagözel ejäň mylaýymlygy o taýdakylarda barmydyr, ýokmudyr” diýip ikirjiňlendi. Üstesine-de şäher lukmanyna gidibem eli boş geldi diýdiresi gelmedi. Öz ýanyndan, olaram biabraý edäýjek ýaly, päkliginden gaýdýan sadalygy bilen adamsyna: „Öýi gowy görýän” diýdi. Dogry, şol wagt Berkeli „Gidersiň” diýse, ýogam diýmezdi. Mundan bihabar Berkelem içinden: „Özi göwnemese bolmaz” diýdi. Tuwak eje ýene Annagözel ejäň üstüne ylgamaly boldy.
Biriniň kömege çagyraryna garaşyp oturan ýaly, bilindäki ýasy, düýe ýüň guşagynam aýyrmadyk Annagözel eje Tuwak ejäni görenden ýerinden turdy.
- Bolaweri jora jan, gelniň haly üýtgändir.
Iki ene çybşydyklap ilerki hatara tarap ýola düşdüler. Berkeli Amansoltanyň ýanyndan aýrylyp bilmän penjrä garap otyrdy. Ejesi bilen göbekenäň gelýänini görüp, ol ýerinden turdy. Amansoltanyň ýüzüne soňky gezek seredýän ýaly naýynjar bakdy. Göbekene içeri girenden Berkeli öýden çykmak bilen boldy. Bosagada ogly bilen pete-pet gelen Tuwak eje içeri girmän ogluny çete çekdi.
- Berkeli, şu gün hepdäň näçinji güni?
- Ikinji güni.
- Ýalňyşan bolaýma?
- Ýok eje, şu gün sişende. Hä näme?
- Aý mendirindä. Öňküjeleriň ikijigem sişenbe gününiň gijesi gidipdiler.
Dilinden sypan soňky sözler bilen syryny açanyna süňňi gowşap giden Tuwak eje zordan yzyna öwrülip öýe girip gitdi.
Berkeli içinden „Haý menem, ýokary bilimli lukman halyma şu oba aýallaryna Amansoltanyň janyny ynanyp çykdym gaýdyberdim. Ejem bolanda näme, Annagözel eje bolanda näme, olaň düşünjelerine seredä” diýdi. Yzyna girermen boldy. Bu gezek ony ejesi gapyda garşylady. Ejesiniň „Hä, näme oglum?” diýmesine jogabam bermän Berkeli gözi ýok ýaly içeri girdi. Gele-gelmäşe Amansoltanyň elinden tutup „Şähere gidelimi?” diýdi. Ggyssaga düşen gelniBerkeliň jaýdan çaltyrak çykanyny isläp başyny ýaýkady. Öýden çykan Berkeli ur-tut maşyny otlap şäherdäki lukmanlaryň üstüne gitdi. Ol gelnini alyp gidip bilmese-de, bolmanda lukmany getirmekçidi.
Gelniniň baş ujunda oturyp, derini sylyp berýän Tuwak eje zol-zol: „Şu gijäni gaýrat etde geçir gyzym, daňy atyr” diýýärdi. Amansoltan ahyry çydaman: „Enesi, men nädip gaýrat edeýin, janymy alyp barýar” diýdi. Emma sanjylary gowşap ýene özüni dürsände-de, gaýnyndan näme üçin daňa çenli garaşmalydygynyň sebäbini soramady. Ol öz ýanyndan enesi aýtdymy diýmek şeýle-de bolmalydyr diýene meňzeýärdi. Gözüni daşaryň garaňkysyna gaýta-gaýta aýlap „Wah daň ataýsa” diýýän Tuwak ejä ahyry çydaman göbekenäň özi: „Aý gyz, daňyň näme dahyly bar, alaýdyň ýöne?” diýdi. Tuwak eje bu gezek diline berk boldy: „Mendirin-dä, gijäni ätläýsin diýýän-dä” diýip jogap berdi. Annagözel eje Amansoltanyň ýüzüniň reňkini halaman: „Sen gowsy ogluňy tap. Şähere äkitsin, bäbegiň gelşi düzüwem bolsa, gelin bizi aljyratjaga meňzeýär” diýdi. Onýança gapydan ak ýektaýly lukmanlary yzyna tikäp Berkeli girdi. Olar Amansoltany maşynlaryna mündürip şähere alyp gitdiler. Annagözel eje „Allaň özi abraý bersin” diýip olary ýola saldy. Berkelem ejesini öz maşynyna mündürip olardan galmady.
Şähere getirip Amansoltany bäbekhanaň iki gat jaýyna saldylar. Tuwak eje ogly bilen daşarda galmaly boldy. Olaryň bu gapyda ilkinji gezek durup görüşleridi. Tuwak eje bäbekhanaň şeýle uly binasynyň bardygyna ilki geň galyp bakdy. Soň welin gözüni gündogardan aýyrmady. Eneli ogul gijäni çirim etmän geçirdiler. Berkeliň gözi bäbekhanaň gapysyndady, Tuwak eje-de zol-zol daňyň agarmaly ýerine bakýardy. Ine-de jahan ýagtylyp ugrady. „Ne beýle eglendiler” diýip ogly zowzuldaklap ýörkä, Tuwak eje pyşyrdap „Gijäni ätledi gaýratly gelnim” diýip alada-da galman, bag suwarylýan krandan suw alyp täret kyldy. Otlugyrak ýerde pürenjegini ýazynyp namazyny okady. Alla şükür etdi. Onýança-da „Bäbekhanadan ogluňyz boldy, buşluk” diýip çykdylar. Tuwak eje içinden: „Atan daňym, Daňatarym. Ýaşyň uzak bolsun” diýdi.
Şeýdibem enem pahyr adyma Daňatar dakypdyr...
Soň Daňatar agaň iki oglan bir gyz jigisi bolupdyr. Häzir olardan önenler obada bir hatar bolup otyrlar. Onuň aňyrsynda ene gaýraty ýatyr. Hakykatdanam eneler nähili jomart, nähili giň...
Teswirler (2 sany)
like :)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Gowy