EJEME
Goşgular | 2 teswir | 1256 okalan
Men saňa „jan” diýip bilmedim.
Sendenmi, ýa özümden?
Ýa bu sözi gördümmi suwjuk?
Ýa tersine,
Saňa diýjek bolamda süýjäp,
onuň
Dilimi keserne dözmedim,
Bilmedim.
Men saňa „jan” diýip bilmedim.
Sen welin, adymy jansyz tutmazdyň.
Nädip ony unutmazdyň?
Ýa goşýarmydyň janyma jan?
Bir gün oglum,
Dözer diýip ejesi üçün
Gözünden akjak bir damja?
Indi ses edip aglamda näme?
Men saňa „jan” diýip bilmedim, bilmedim...
Teswirler (2 sany)
Şirmyrat Akmyradow:
18 Sentýabr, 2014
Ow wal Sa lam Yl yas a gam
Yh la sy ňa my rat Se niň
Ejem maňa diýrdi 'Çagam!'
Gözýaşlarym jeýhun meniň
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Ene-perzent iki ten, bir jandyr. Perzent enäň bagrynyň parasydyr, gujakda ýüregi ýyladýan közdür, emedekläp ýörenje mähirdir. Soňra ... Soňra tirkeş-tirkeş gelen aýralyklar bilen synasyny ýakan gora öwrüler, ýürege sanjylan tyga-naýza...