ÝÜREK URMAK BILEN ÇÄKLENMEÝÄR
Beýik Pyragy:
„Dostlar, ne müşgül işdir, gowuşyp aýrylyşmak,
Wysala magrur olma, hijrana nazar eýle“
– diýip gidipdir.Onuň bu sargydyny tutan, beýik halypanyň soňky döwür şägirdi Gurbannazar Ezizow:
„Bu aýralyk bolmasa,
Güýzüň görki näm bolsun?“
– diýip ýazypdyr.
Bu mysallary deňeşdirmek ýa-da olaryň asyl durkunyň meňzeşligine ünçi çekmek üçin almadym. „Çäýnegini ýuwup süpürmäge hukuk gazanmagy“ arzuw eden Gurbannazaryň özi, Magtymguly halypasyna ýüzlenip: „Men nire, sen nire eziz Pyragy“ diýmänmidi näme. Meniň ünsümi çeken mesele nazar eýlemek, seretmek, görmek meselesi.
Özüniň naýbaşy eserleriniň biri bolan „Güýz“ sonetler çemenini ýazan, häli-şindi güýz paslyna ýüzlenip, özem güýzde aramyzdan giden Gurbannazar Ezizow bu pasylda aýralygy gördi hem ony bize-de görer ýaly etdi. Belki-de onuň „güýzüň görki“ diýýäni halypasynyň nazar eýle diýen hijranydyr?
Gözellik ony göreniň gözündedir diýlen ajaýyp düşünjäni tassyklaýan, bu beden agzamyzyň bize diňe öňümizi saýgarmak üçin berilmändigine şaýatlyk edýän şeýle mysallary has-da uzaltsa bolardy. Ýöne bu ýerde başga bir sowal ýüze çykýar: Edil gözümiz ýaly beýleki beden agzalarymyzam has uly wezipeleri ýerine ýetirmäge borçly ýa olary ýerine ýetirip ýören bolaýmasyn?
Ýüregimize diň salalyň. Eger onuň bar hyzmaty diňe bedendäki gany hereketegetirip bizi diri saklamak bilen çäklenýän bolanda, biz kim bolardyk? Söýermedik, söýülermidik? Öz çagamyzyň galpagyny sypamagam islemän bilerdik.
Dilimiz gurak, gözlerimizde mähiriň ýeke şöhlesem bolmasa, biz buza öwrülerdik.
Ellerimiz öz ýylysyny ýitirip, hyzmaty diňe tutanyny saklamak, uzadylany almak, islemedigini iteklemek bilen çäklense, ol dost egnine atylarmydy? Onuň hatda salama-da ýaramazlygy mümkin.
Aýaklarymyz şer işe tarap ädilesi gelmän bizi saklap „kösemese“, kim bilýär, gör, näçe belalara artyk uçurardyk?!
Aňyndan haýa, wyždan, ygrar... ýaly duýgular ýitip, diňe öz bähbidine „goşmak-aýyrmaga“ gümra bolup gezse, adamzady Ýer bir göterermikä?
Ýadyma düşýär, ýetginjekdim. Ilkinji gezek „sowuk salamlaşdy“ diýen jümläni eşidip, bu näme diýildigikä diýipdim. Soň özüm birine içimden „Seredişi sowuk“ diýdim. Ondan soň ýaşap ýörkä adamyň ýüreginiňem sowuk bolup bilýändigine göz ýetirmeli boldum. Şol sowuklaryň ýanynda gyşyň iň aňzakly gijesem ýazyň bir güni ýalydy. Ýöne, şükür, ýyly günlerim has köp bolupdy. Kyn günlere uçuran mahalym, olara gaýta has köp duşupdym.
Bir gezek, Börmäň daglaryny – has anygy Ekiz dagyny synlap barýarkak münüp oturan ýük maşynymyz agdaryldy. Ýoldaşlarymyň arasynda iň agyr ýara alany men boldum. Bedenimde agyrmaýan ýerim ýok diýen ýalydy. Ýanymdakylaryňam şikes almadygy ýokdy. Töweregimizdäki Ekiz dagynyňam, Bezeg dagynyňam hiç bir görki galmandy. Gaýta olar barha garalyp, Güneşi bizden gizläp, aljyradyp ugrapdylar. Hol uzakda mal ýatagynyň üçegi akjaryp çala görünýärdi. Şol mal ýatak häzir gözümize iň owadan barlykdy. Sürüji ýigit onuň golaýdaky obaň mal fermasydygyny aýtdy. Eger müdir şol ýerde bolsa, onuň ýeňil maşyny bolmaly diýdi. Emma oňa entek ýetmekde iş bardy. Aramyzdan ikimiz – Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Tokar Tugurow hem agam Hydyr fermanyň jaýyna tarap ugrady. Hernä müdir bar eken. Yzlaryna ulagly geldiler. Bizi iň golaýdaky – Saýwan obasynyň doktoryna äkitdiler. Tokar neressäň topugy çykan eken, Hydyryň goşary jaýrylypdyr. Meniňem gapyrgalarymda döwlenleri bar hem egnim ezilip, bir golum galanokdy. Sürüji ýigidiň bir gapyrgasy döwlüpdir.
Yzymyza Aşgabada geldik. Kakam şonda meni hassahanada ýatyrmaga-da dözmändi. Ähli dermanlarymy öýde aldym. Haçan gözümi açsam başujumda kakam bardy. Şol günleriň birinde-de Börmeden bizi alyp giden maşynyň sürüjisiniň kakasy, ýene bir ýaşuly töwella geldi. Olar kakamdan bir müçe töweregi ýaşdylar. Kakam saglyk-amanlykdan soň, ogullarynyň halyny sorady. „Şükür gowy, çöregimiz bitin eken“ diýişdiler.Agyr gürrüňiň başlanaryna garaşyp ýatyrdym.Myhmanlardan ýaşulusy düşegi dyrmap, kakama ýüzlendi. Ol iki sözünden bir „oglum günäkär“ diýýärdi. Hakykatdanam onuň ogly günäkärdi. Biz şol gün onuň maşynynda dagyň gerşini yzarlap barha ýokary galyp barýardyk. Bir ýanymyz kert jülgedi, bir gapdalymyz dagyň gerşi. Maşyn beýikden aşmaga sähelçe galanda güýji ýetmän durjak bolup ugrady. Sürüji maşynyň tizligini üýtgetmekçi boldy. Başa barmady. Soň ol maşyny duruzmakçy boldy. Emma el tormozam, aýak tormozam işlemeýän eken. Maşyn yzyna – aşaklygyna gidip ugrady. Ol barha bat alýardy. Şu gidişine gidip otursa, aşagyndan öwrüm edip geçen gaýamyza baryp bat bilen urulmalydy. Sürüji maşyny gerşe tarap öwrüp saklamakçy boldy. Tekerleriniň biri gerşe münenden maşyn togarlanyp gitdi...
Ýöne bu waka bolupdy, geçipdi. Häzir bir ata beýleki atanyň öňünde ýetişibildiginden derini sylyp otyr. Oglunyň günäsi geçilse bolýar, ol ähli zada kaýyl. Kakam onuň aýdanlaryny diňläp ýyly ýylgyrdy. Bu ýöne bir ýylgyrmak däldi, ol meniň on iki süňňümi yzarlap ähli döwüklerimi seýikläp geçen ýaly boldy. Kakam:
- Siziň ogluňyz meň ogullarymy daşlap urup, bir ýerlerini döwmändir. Özem şol maşynyň içinde ahyryn. Onuň üçin özüňizi ýazykly görmäň – diýip, gelenleri razy edip ugratdy.
Soň ýaşa dolan gözümi görüp: – Gowumyň oglum? Näme bijaýrak agdarlaýdyňmy? Bitişer oglum, ten ýarasy bitişer. Gaýrat edeweri oglum, meň janym siziň burnuňyzyň ujunda, çala asgyrsaňyzam çykyp gitjek bolup dur... – diýdi.
Men mundan uly mähiri görmedim, görerinem öýdemok. Diňe ata ogluny şeýle söýüp bilýär. Şol söýgi maňa söýmegi öwreden söýgidi. Kakam maňa şonda diňe söýmegi däl, bagyşlamagam öwredip gidipdi.
Bu wakanyň üstünden 35 ýyldanam köp wagt geçipdir. Indi oturyp pikir edýän – kim bilmeýär tyg ýarasynyň bitip gidýändigini? Durmuşda söýüp, söýülip, bagyşlap, bagyşlanyp ýaşamalydygyny bilmeýänimiz barmy? Emma bulary bilmek bir başga, berjaý edip, yzyňdaky neslňe-de ony miras goýup gitmek bir başga. Häzir öz ogullarym şol wagtky ýaşyma ýetdiler. Kakam pahyrdan alan şol sapagymy olara geçirip bilermikäm diýip alada galyp otyryn. Birdenem daşardan körpe oglumyň sesi eşidildi. Ejesinden meni soraýardy. Ýoldaşlary bilen Serdar ýoluna diýip,turmankam öýden çykyp gidişidi. Gapyny açdy. Salam berip ellerini uzatdy. Men onuň elini gysyp, gözüne seretdim, ýüregini göresim geldi...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hemme zat beýnide bolup geçýär, gynansak-da. Meselem elsiz Ylýas, golsuz Ylýas, golak Ylýas, agsak Ylýas, bir böwrekli Ylýas, emeli ýürek oturdylan Ylýas bolup biler (Hudaý saklawersin). Emma kellesiz Ylýas bolup bilmez. Ylýas kellelidir diýip pikir edýän men-ä. Gozgalýan tema möhüm. begmyratkaka86@rambler.ru