BEDEW ATYŇ DÜÝŞI | Eserler | Ylýas Amangeldi

BEDEW ATYŇ DÜÝŞI

Hekaýalar | 0 teswir | 1229 okalan

 

Haýwanat dünýäsiniň çäginde adama iň ýakyny atdyr.

Çünki atyň edil adamdaky ýaly ruhy ýaşaýyşy bar we ol düýş görýär.

 

Gündogaryň sopuçylyk ylmynyň ýazgylaryndan.

 

Annanyýaz seýisiň gyrynyň arkasyna eýer degip agyrdypdyr diýen habar aýlawa ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Seýis atyny bu halda görüp gözüne ýaş aýlanmyş,aglanmyşam diýýärdiler. Seýis aglamasa aglan däldir welin, bu habary eşiden gynandy. Çünki ol at ýylyň iň uly baýragyny – „Garaşsyzlyk” baýragyny alar diýlip gelinýän üç atyň biridi. Uly toýa, şol toýda geçiriljek baýraklyýaryşa-da iki hepde galypdy. Aýlawyň weternar wraçy Gyrguşuň arkasyna azyndan 10 gün eýer atmaly däl diýip gidipdir. Bu bolsa aty 10 günläp münmek bolmaýar diýildigidi. Şonça wagtlap aty münmän goýup soň ony nädip baýraga goşjak?

„Nesbedir-dä, bu ýyl bolmasa täze ýyl” diýip, duýgudaşlyk bildirip gelen seýisleri Annanyýaz gaty parahat garşylady. Içindäki ahmyryny olara aňdyrmazlyga çalyşdy. Emma bu ahmyryň aňyrsynda tutuş bir ýylyň azaby ýatyrdy. Has dogrusy Gyrguş taýlykdan saýlanyp çapuw ýoluna toýnagy degen güni seýis içinden „Bu at abraý eder inşalla” diýipdi. Ynha indem bir geleňsiz işgäriň eden säwligi zerarly aty özüniň ýeňmegi gaty ahmal bolan iň uly baýragyna goşulman galjak.

Günäkäri şol gün işinden boşadan seýis aýlanýar-dolanýardy-da Gyrguşyň ýatagynyň agzyna nädip baranyny bilmän galýardy. Öte yhlaslylyk edip aty gereginden artyk işledeni üçin özünem günäkärleýärdi. Çapuw möwsümleriniň ýazkysynda-da, güýzküsinde-de janawar bu ýyl öňüne at düşürmän geldi. Emma soňky „Garaşsyzlyk” baýragy başga bolýar. Mesele ozana ýapyljak baýragyň has ýokary boljakdygynda-da däl,aýlawda seýis bilen seýisiň, çapyksuwar bilen çapyksuwaryň agramy şu baýrak bilen ölçenýärdi.

Annanyýaz weternar wraça dermanlaryň gowusyndan-gowusyny ulanyp, aty çaltyrak  müner ýaly ýagdaýa ýetirtmek isläp, hernäçe kebelek bolsa-da, bary netijesizdi.

-         Seýis, sen aty şu gün görmeli däl-ä. On günden bärde aty münseň, ýarasy has beterlär. Bar münüber diýemde-de, at seni golaýyna-da goýmaz. On gün diýibem men seni gynandyrmajak bolup bärden aýdyp durun. Ýöne göreli, belki on günde gutulaýady.

-         On gün diýýäň, uly baýraga iki hepde galdy. Şo çapuwda çapmajak bolsa, bir aýdan gutulsa-da tapawudy ýok.

-         Wah, nädeýin, Annanyýaz jan. Aty kän münüpsiň. Janawarda et galmandyr.

-         Haý şol haýwan, ýeňiljek eýeriň boşaryna howlugyp, agyr eýeri salmadyk bolanda beýle bolmaly däldi-le.

-         Nesibedir-dä, ýyl boýy baýrak alma kemini goýmadyň.

-         Ile-de gezek ber diýýäňmi? Seňkem dogry dogtor jan. Ýöne atyň gözüne seredä. Şu wagtam aglajak bolup dur. Çapuw güni gel, ony ýola çykarmasam, şonda görersiň bolaýşyny.

-         Onda-da ozjagyny bilýän aty sen aýtmagyn. Ine, dermanlary, iki wagtyna çalarsyň. Gurap aýrylmaly-da...

Seýis atyny iýdip daşary çykardy. Gyrguş kellekisineagram salyp, elden sypaýsam diýýärdi. Agşam şemaly goňşy athanalardan garşydaş atlaryň der ysyny getirýärdi. „Seýisim näme üçin meni münmeýärkä?” diýýän ýaly, at ýer peşeýärdi. Gözüni çapuw ýoluna dikip, keýerlip durýardy. Bu wagt münüş wagty dälem bolsa, ýolda iki-ýeke at görünýärdi. Olara gözi düşüp janawar çala hokrandy. Seýisine özüniňem ýola çykasynyň gelýändigini aňdyrjak bolýan ýaly şol tarapa çala dyzady. Annanyýaz atynyň her hereketinden diline düşünip durdy.

-         Wah, janawar...

Annanyýaz beýdip odundyryp durman aty yzyna – ýatagyna äkitmäge hyýallandy. Ýöne atynyň ýatagyna salanyň bilen köşeşmejegem köre hasa.Atbakar oglana bedirä suw aldyryp, atyň aýaklaryny ýuwdurdy.

-         Aýagyňy ýuwup berip durkalar bir köşeşäý-dä, janawar...

Ertesi daňdan, münüş wagty gelende Gyrguş darajyk ýatagynyň içinde iki-baka aýlandy. Ýatagyň kiçijik penjiresinden burnuny daşyna çykaryp hokrandy. Ýer peşedi. Atyň hokranşyny görüp, seýis ony diňe eýeriň keçesini atyp münsem näderkä diýdi. Ýöne eýersiz-üzeňňisiz bu atyň üstünde oturyp biljek gümanyň barmy, üstesine ýarasyna-da degersiň? Seýis ony ýene daşaryk alyp çykdy. Bu gezek ol ýola gözüni dikibem durmady. Daşyna çykany bilen öňe omzady. Kellekiniň tanapyny tutup duran seýisiň özi bolansoň ol elden sypyp gidip bilmedi.

-         Dur janawar. Dur diýdim men saňa. Näme keýpine münülmeýändirin öýdýäňmi? Hop-hop.

Gyrguş ýuwaşady. Ýöne ýaňky ýaly gaçmak oýnuny ol haçan etse edibermelidi. Annanyýaz atbakar oglana gamçy getirip ber diýip gygyrdy. Gamça gözi düşen Gyrguş gaharly kişňedi.

-         Kişňeseň kişňäber. Ýola-ha çykaýaňok.

Garagol çaga bilen gepleşýän ýaly gaharly hüňüňrdeýän seýis elindäki kellekiniňtanapynysilkip goýberdi. Sypyp bilmejegine gözi ýetensoň Gyrguş eýesiniň daşyndan aýlanmaga başlady. Aty aýlandygyça seýisem bagy uzaltdy. Aýlanýan aralygy bat almaga maý bermänsoň janawar zordan öňürdikläp bilýärdi. Gulaklarynyň ýeňsesinden çyg görünenine begenen ýaly, Gyrguş badyny gataltmaga dyrjaşdy. Kellekiň tanapyndan berk tutup duran seýis atynyň bolşuna hem begenýärdi, hem ony elinden sypdyrmazlygyň gara gaýgysyndady.

Beýleki atlary münüp işletmäge çykan atbakarlaryň yzyna gaýdyp gelenlerini görende seýis Gyrguşy tanapda aýlap duranyna eslije wagt bolandygyny bildi. Aty ýuwaşatmaga çalyşdy.

-         Hop-hop janawar.

Gyrguş badyny peseltdi. Ýörişe geçdi. Seýis ony ýöredibem esli aýlady. Atbakarlar beýleki etmeli işlerinem unudyp, Gyrguşyň ýaňy dogan Güneşe hasam owadan görnüp aýlanyp durşyny höwes bilen synlamaga durdular. Başga wagt bolsa seýis „Aňkarşyp oturmaňyz näme? Dagaň işli-işiňize” diýip, olary dyr-pytrak ederdi. Emma häzir onuňam keýpi atynyňkydan pes däldi. Ýogsa kellekiniň tanapyndan aslyşa-aslyşa gollary gurara gelipdi. At ahyry duraňkyrlady. Seýis oglanlardan iň ekabyryny ýanyna çagyrdy.Tanapy onuň eline berip:„Aty ýataga salaý” diýdi. Gyrguşyň burnuny parladyp ýataga tarap barşyny yzyndan synlap duran seýis atbakarlaryň arasyna bardy. Olaryň içinde seýisiň ýaňy murty taban körpe ogly Söýünem bardy. Ol mekdepden rugsat berlende, dynç günleri at münüşmäge gelerdi. Soňky synpa geçeli bäri bolsa kakasy oňa her çapuw güni birden-ikiden at çapdyrýardy.Oglunyň ýyljyraklap, ýüzüne bakyp duranyny görüp, seýis çaga ýaly ony kowalamaga durdy.

-         Hany men şuň murtuny syraýyn-la.

Kakasynyň gaty keýpi kök bolanda edýän bu oýnuna belet Söýünem ökje göterdi.

Gyrguş welin ýatagynda ýüregi düşüşen ýaly parahat durdy. Kiçijik penjireden burnuny daşary çykarmak beýle-de dursun, oňa tarap bakanokdam. Atynyň rahatlanyny gören Annanyýazyň dünýesi hasam giňedi. Ol uly baýraga çenli atynyň tabyny nädip saklap biljekdiginiň ýoluny tapanyna begenýärdi. Esasy zat çapuw güni at arkasyna eýer atdyrsa bolýar. Gyrguşyň deri gaýdansoň ony täzeden kellekiledi. Kellekiniň tanapyny Söýüne berip, berk saklagyn diýip tabşyrdy. Özem usullyk bilen baryp atynyň arkasyna derman çaldy. Derman ötýän bolmaga çemeli, endamyna degenden Gyrguş eýesine agyz saljak ýaly kellesini oňa tarap çalt öwürdi. Söýün çekibem ýetişmedi. Gyrguş kakasyna agyz urandyr öýdüp ol gorkup gitdi.

-         Kaka dişläýdimi?

-         Haý, gorkak, seýisinem at dişlärmi? Onda-da muň ýaly häsiýetli at.

Ertesi gün daňdan Gyrguşy seýis kellekiniň tanapyny has uzaldyp daşary çykardy. Bu gezek at gaçjagam bolmady, ýagdaýa düşüş eýesiniň daşyndan aýlanmaga durdy. Ýene-de iki sagat çemesi aýlansoň seýis aty ýatagyna saldy. Bu ýagdaý on gün dowam etdi.

Toý gününe dört gün galypdy.Çapyşygyň tertibinde Gyrguşy ussat çapyksuwar Öwezli çapmaly diýlip görkezlendi. Seýis Öwezlä „Sen göwnüň islän atyňy çap, baýrak nesibäňden galma” diýdi.

Çapywa iki gün galanda atlar daruwa çykarylyp öňünden aýak urşy barlanyp görülýär. Weternar wraç gelip Gyrguşa ýeňlijek çapuw eýerini salyp darydyp biljekdigini aýdanam bolsa, Annanyýazony daruwa çykarmady. Gyrguş bilen bile uly baýrakda çapmaly Karary darydyp oňdy.„Gyrguşdan tamasy bolsa, kakam beýtmezdi” diýip, muňa Söýün hasam gynandy.

-         Näme keýpiň ýok, ogul?

-         Aý, Gyrguşy darytmadyk. Öwezlem ony münmejek bolsa...

-         Näme biziň atymyz diýip olbaýrakdan galsynmy? O bolmaza.

-         Ýa Gyrguşy goşjagam dälmi?  Kararam gowy darady.

-         Goşarys. Öň Karary Gyrguşa kömekçi bolsun diýip goşardyk. Bu gezek Gyrguşyň Karara peýdasy degmegi mümkin. Şu gezek Gyrguşy özüň münäýseň nädýär?

-         Menmi?

-         Hä näme?

Annanyýaz oglunyň gözlerinden bir zatlar okajak bolýan ýaly onuň içine-içine seretdi. Söýin beýle teklibe garaşmandy. Onuň çapyksuwar bolup at çapmaga başlanyna ýaňybir ýyl. Gyrguş bilen bir gezek kiçiräk baýragam alyp gördi. Ýöne „Garaşsyzlyk” baýragynyň çekeleşigi başga bolar. Şonda-da Söýüniň oglan ýüregi oňa tas „Çapaýyn, kaka” diýdiripdi. Akyly welin bada-bat oňa garşy çykdy. Içinden: „„Garaşsyzlyk” baýragynda çapardan ir-how maňa” diýdi.Ol özüçe dogry çykalga tapdym hasap edip:

-         Agramymam ýetmeýär – diýdi. Annanyýaz bu jogaba garaşyp duran ýaly:

-         Menem seniň ýalykam başlapdym uly baýraklarda at çapmaga. Kakam pahyr ädigimiň her gonjuna ep-esli gurşun gysdyrardy – diýdi.

-         Masgara bolaýmasak?

-         Nämäň masgarasy? Atdyr-da bir-de ozar, bir-de galar. Gyrguşyňa häzir nähili çapjagam belli däl. Nädýäň çapýaňmy?

-         Sen näme diýseň...

Söýün boýnuny birýana gyşardyp sözünem soňlap bilmedi. Bu onuň ýüregindäki gorkudan hem oglanlygyndan habar berýärdi. Kakasam gürrüňi belli bir netijä eltmän şol ýerde goýdy. Ol ogluna bir ýumuş buýrup athana ugratdy-da yzyndan synlady. Entek oglanlykdanam doly saýlanyp-saýlanmanka oglunyň gerşine uly ýüküň düşüp barýanyna nebsi agyrdy. Emma niýeti – Gyrguşy oňa çapdyrmakdy. Şeýtse bähbitli ýerlerem, ters boljak ýerlerem bardy. Birinjiden, Söýün Gyrguşa münse garşydaşlary oňa kän ähmiýedem bermezler. Ikinjiden, bu çapuw ogluna uly mekdep bolar, tejribe gazandyrar. Edil şonuň ýalam Gyrguşuň üstüne oglanyň münenini duýup, jylawa buýdurmajak bolmagy mümkin. Birden, öwrenjelik edip Söýün eýeriň üstünde çala çaýkansa, Gyrguşyň arkasyndaky agyrysam gozgap biler.

Bulary, bulara meňzeş bähbitli hem ters taraplary akylyndan geçirip,seýis belli bir ýerde oturyp karar tapmady. Kakasyny ýatlady, öz oglanlyk ýyllary zol-zol gözöňüne geldi durdy. „Gyrguş, üstünde-de oglum oturyp ozaýsa...” „Göwnüň isleýändir, ilem baýragy almagyň gije ýatman pikirinde gezýär. Öwezli ýaly öýli-işikli, jahyl çapyksuwar bilen at gamçylaşyp pellehahana gelmeli bolsa, jygba-jygda ogluň ejiz geljegi görnüp durmanmy”.

Eýýäm agşam düşüpdi. Aýaklary ony Gyrguşyň ýatagyna eltdi. Görse oglam atyň ýanynda. Söýün kakasyny görüp ogurlykda tutulan ýaly birbada aljyrasa-da, „Kaka, atyň arkasa gowy gutulyşypdyr” diýdi.

-         Gaşaw degrip gördüňmi?

-         Ýok. Häzir göräýeýin.

Söýün dem salymyň içinde demir gaşawy alyp geldi. Ilki atyň boýnuny gaşaşdyrdy. Soň gaşawy atyň sagrysyndan ýöretdi. Ýuwaşlyk bilen eýer atylýan ýere ýakynlaşdy. Seýis öz ýarasynyň üstünden demir gaşaw ýöredljek ýaly tisginip, ogluna „Dur” diýip gygyrdy. „Degme, süpürseň eliň bilen çala süpür-de çykaý ýatagyndan”. Söýin kakasynyň diýişi ýaly etdi.

Gyrguşda toý gününiň golaýlap gelýänini syzmak häsiýetiniň bardygyny Annanyýaz bilýärdi. Häzir ony ýeke goýmak iň dogrusydy. Karar welin beýle däldi. Oňa çapyldam bir çapylmadam bir ýalydy. Seýisler şular ýaly parahat aty has gowy görýärler. Gyrguş ýaly aty tabynda saklamak kyn bolýar.

Seýis atbakarlaryň otagyna bardy. Söýüniň olara gatyşman bir çetde çugtdyryp oturanyny görüp,öýlänkigozgan gürrüňine ökündi. Içinden: „Çapdyrjagam bolsaň, çapdyrmajagam bolsaň, özüň kararyňy aýdalmalydyň” diýdi. Seýis ertir toý güni özlerinden çapuwa goşuljak beýleki atlaryň haçan taýyn bolmalydygyny, kimiň näme işleri etmelidigini atbakarlara tabşyryşdyrdy. Söýüni ýanyna çagyryp işgärleriň otagyndançykdy.Söýün kakasynyň yzyna düşüp barşyna onuň näme diýjeginiň aladasyndady. Annanyýaz athanadan çykdy. Suwdan çykan balyk ýaly uludan demini aldy.

-         Söýün,  Gyrguşa ertir özüň münersiň. Ozsaňam, galsaňam nesibämiz. Ýöne bu hakda atbakarlarymyzyň ýanynda-da dil ýaraýmagyn. Irräjik ýatda dynjyňy al.Çapuwyň nähili agyr boljagyny özüň bilýäň. Aralygam öňki çapýan çapuwlaryň ýaly gysga däldir.

Çapyşyk möwsümi başlanandan soň, tä toýlar sowulýança, Söýün aýlaw günleriniň öň ýanyndaky gije mydam bärde ýatardy. Kakasy irräk ýat-da dynjyňy al diýip tabşyransoň, düşegine ir geçdi. Degşip-gülüşmäni halaýan atbakarlaram ýatmak bilen boldular.

Aýlawdaky ähli athanalarda çyralar adatdakysyndan bu gije irsöndi. Athanalaryň depesinde daşarda ýanýan çyralar bilen, ertir hyryn-dykyn doljak,tomaşaçylaryň oturýan ýerleriniň çyralary söndürilmän goýlardy. Atbakarlaryň, hatda seýisleriňem arasynda bu gije düýş görmek, şol düýşüňe salgylanybam atlarynyň ýeňjegini-ýeňiljegini öňünden biljek bolmak endiklilerikändi. Şonuň üçin häzir her kim çaltyrak uka gitjekdi, gowy düýş görjekdi. Söýüniň welin, näme üçindir birden ejesini göresi geldi. Içinden „Ertir Gyrguş bilen birinji bolaýsam, şol ejem jan seniň üçin ozdugymdyr” diýdi. Bahymrak uka gitse, göwnüne gowy düýş görjek ýaly, zor bilen uklajak boldy. Birdenem „Ertir Gyrguş bilen turuwbaşdan gaçsammykam, ýa Garamaşalyň ygyny saklap gelsemmikäm? Karary kakam nähili çapdyrarka? Ony Rüstem münse, erbed-ä çapmaz. Beýleki atlaram güýçli welin, Garamaşal bar-da. Gyrguşyň arkasy sagat bolanda ol bujagaz atlara eýgertmelem däl...” diýip içini gepletmäge başlady. Beýdip dowam edip gidip otursa, ýatyp bilmejegine düşünen Söýün, içinden 1,2,3,4... diýip sanamaga başlady. Kellesine nähili pikir gelse-de, kowup, ol erjellik bilen sanamasyny dowam etdirdi. 624, 625...828, 829... Ol ahyry uklap galdy.

Annanyýaz seýis  düýşe ynanmazdy. „Düýş nämä gerek, atyň aýdyp dur ahyryn nähili çapjagyny” diýerdi. Bu gije welin,  onuňam „Düýşüme näme girerkä?”diýen pikir aňyndan geçdi. Emmaöňli-soňly düýş görer ýaly rahat ýatybam bilmedi. Irkildi oýandy durdy. Bir irkilende ogly Söýün murtuna päki degirýärmi, muňa-da gahary gelip käýinýärmi, ber-bulaşyk zatlar düýşüne girdi. Olaram nämä ýorjagynam bilmedi.

Gyrguş welin dik duran ýerinden, göwresiniň agramyny yzky aýaklaryna gezekleşdirip atyp süýji uka gitdi. Jany sag at, sygyr maly ýaly ýere ýatmaýar.  Giňiräk ýere çykarylsa, agnar-turar, şeýdibem taýlykdan soň bütin ömrüne adama aýak üstünde durup hyzmat eder. At ozal ganatly bolup, Asmanda uçup gerezer eken diýýärler. Adama ýüregi bilen berlip, oňa hyzmat etjek diýende, perişdeler ata ganatlaryň gyrylar diýenmişler. At şonda-da, ganatlaryndan geçip adamyň ýanyna ýere gonanmyş. Şondan bärem gaty göwni göterilen at, uçsam diýip aýak aldygyna çaparmyş, atyň ýyndamlygam şondanmyş.

Gyrguşa düýşünde perişdeler ganatlaryny gaýtaryp berdiler. Ol ganatlaryny bir galgadanda bulutlaryň üstüne çykdy. Her buluda bir aýagyny basyp durşuna aşak seretdi. Ýerde ähli seýisu-atbakar oňa haýran. Diňe Annanyýaz bilen Söýün ikisi ýarymýaş aglaýardy. Söýüniň kakasy: „Özümden boldy, özümden boldy. Beýle gowy seýislemeli däldim” diýip gygyrýardy. Gyrguş muňa seredip durup bilmän ýene ýere gondy. Ýöne bu gezek onuň ganatlary gyrylmady. Öň aýagynyň birini epip seýisiniň öňünde egildi. Annanyýaz ogly bilen artlaşyp Gyrguşa mündüler. Gyrguş ganat kakyp ýene asmana göterildi. Aşak seredip barýan Söýün ýokary galdyklaryça aşakda gyzaryp görünýän aýlawyň kiçelişine haýran galdy. Athanalar otlyçöp gabyndan uly däldi,adamalar garja-garaja nokatlar bolup çala görünýärdi. Çapuw ýolam kiçele-kiçele tamdyrdan çykan çörek ýaly boldy. Söýün durup bilmän: „Kaka-kaka aşak seret, aýlawymyz çörege meňzeýär” diýdi. Annanyýaz: „Ol biziň çöregimizdä. Oňa ikilik etmegin, ony har etmegin” diýip, janygyp ogluna öwüt bermäge durdy. Gyrguş seýisiniň sesine oýandy. Gözüni açsa hakykatdanam seýisi bilen ogly öz dillerinde hümürdeşip durlar. Diňe olar onuň arkasynda däldiler.Özüniňem ganatlary ýokdy.

Annanyýaz ogly bilen geljekki çapuwyň maslahatyny edýärdi.

-         Eger at tanaýan bolsam, şu gün bu janawaryň öňüne at geçmeli däl. Görä munuň uçaýjak bolup durşuny.

-         Garamaşalam gowy darady kaka, gördüňä.

-         Şu gün atymyzhiç maşalyňada eýgertmeýär. Sen ýöne ony goýberme. Başarsaň iň soňda bol. Özüňem gaty seresap otur. Töweregiňe yzyňa garanjaklajak bolma. Bir oturşyňa, kündük ýaly, guýma kenek ýaly otyr. Düşünýäňmi? Soňky öwrümde-debar güýjüne goýberersiň. At seni pellehana özi öň getirer...

Annanyýazyň aýdanlaryny tassyklaýan ýaly Gyrguş iki sapar çala baş atdy. Bu hereket atlara mahsus hereketdi, ýöne onuň aýratyn gözüne ilmegini Annanyýaz gowulyga ýordy. Tas ogluna: „Seret Gyrguşa, ol meniň aýdanlarymy tassyklap dur” diýipdi. Emma beýle oraşan yşaratlar dile alynmaýar.

Uly toýa ýygnanan märekeden ýaňa aýlawda aýak basara ýer ýokdy. Birinji çapyşygam „Garaşsyzlyk” baýragynyň çapyşygydy. Annanyýaz „Kebelek” diýlip atlandyrylýan eýer şekilinde tikilen iki gat gaýyşy Gyrguşyň arkasyna atdy. Eýerden uly görünýän üzeňňileri düzedişdirdi. Atyň başyny saklap duran Söýün:

-         Kaka, ýaraň üstüne ýumşak bir zatjagaz goýjak dälmi? – diýip sorady.

-         Ýok. Goýan zadyň gaýta aşagyna düýrüger. Hany çekinem çekeýin sen aty berkiräk sakla.

Annanyýaz çekini çekende at gobsunjyrar öýdüpdi. Emma Gyrguş ýere sanjylan ýaly bolup durdy.

-         Daşarda münäýjekmi?

-         Şeýdäýeýin.

-         Çykar onda, Alla ýaryň.

Söýün Gyrguşy uýanyndan idip daşary çykaryp barşyna agşamky ýaly onuň arkasyndan elini ýöretdi. „Kebelegiň” üstünden ýaraň ýerleşýän ýerini sypady.Daşarda kakasy çala gop berenden ata atlandy. Atlansa-da, atyň arkasyny agyrdýandyryn öýdüp ynjakly oturmady.

-         Wiý dur, gurşunlaryňy al.

Onýança atbakarlaryňbiri gurşunlary uzatdy. Annanyýaz olary oglunyň ädiginiň gonjuna dykyşdyryp durka, birden Söýüniň murtuny syranyna gözi düşdi.

-         Haý, garagoljam, ony nädäýipsiň? Çapuwdan soň özüm syrjakdyma.

Kakasynyň „garagoljam” diýmesine ýylgyran Söýüniň göwni göterildi. Onýança Karary münjek çapyksuwaram geldi. Ol Karary münüp çykýança Annanyýaz ogluna soňky tabşyryklary berdi:

-         Atyňa gamçy uraýmagyn. Asyl ber şo gamçyňy bärik. Şu gezek gamçy urulyp ozmaly bolsa galaýsyn.

Söýün birbada gamçysyny bermejegem boldy. Soňan içinden:”Seýis, wiý, kakam gowy bilýändir” diýip, gamçysyny oklap goýberdi. Kararyň çapyksuwary Rüstem Söýüniň gamçysyny kakasyna oklanyny gördi. Toýhana barýarkalar ondan: „Gamçyňy näme taşladyň?” diýip sorady. Söýün: „Gamçylaşmak aladam ýok, kakam aty ynjytman gidip-gelseň bolýar diýdi” diýip jogap berdi.

„Garaşsyzlyk” baýragyna çykan iň saýlama atlar toýhana ýygnandy. Öwezli goňşy obaň Garamaşalyny münüpdir. Ine-de atlar ýola düşdiler.

Gyrguş jylawy gara güýjüne çekýän Söýüniň goluny goparyp barýardy. Ondan yzda at ýokdy. Karar öňüräkdedi. Ýoluň gyrasynda durup atlardan gözüni aýyrmaýan Annanyýaz ýetişibildiginden: „Berekella, berekella” diýýänini özem bilenokdy. Bu „Berekella” Kararyň çapyksuwaryna degişlimi, ýa Söýüne – düşüner ýaly däldi. Atlar ýoluň ýarysyny geçdiler. Gyrguş orta gürpe bardy. Soň üçünji orna geçdi. Öňde Garamaşal bilen onuň sagrysyny ýassanyp barýan Karar bardy. Göni ýola çenli iki öwrüm galanda Söýüniň entek oglandygy bildirip, golunyň güýji gaçdy.Uýluklary gowşap, „Guýulan kenek” ýaly oturmasy kynlaşdy.  Ol indi jylawy tutup oturyp bilse razydy. Jylawyň gowşanyny bilen Gyrguş öňdäki ikiň yzyndan ýetdi. Şol badyna-da öňe saýlandy. Toýnaklary gulagynyň deňinden gaýydýan Gyrguşa edil ganat biten ýalydy. Ol barha arany açýardy. Soňky öwrümden öwrülip ýeke özi gönä çykan Söýün yzyma seretsemmikäm diýdi. Oturyşyny üýtgetmän goltugynyň aşagyndan seredip gördi. Yzda bölek-bölek bolup öz atynyň tozanyndan başga görünýän zat ýokdy. Ol kakasynyň tabşyrygyny saklap yzyna gaňrylmady, elinde baryny edip atyny gyssamaga başlady. Dogrusy, Gyrguşy gyssamagam gerek däldi. Ol deňiz ýakasyndaky ak çarlaga meňzäp, uçup barýan ýalydy. Pellehana golaýlap, Söýüniň indi yzyndan at ýetmejegine gözi ýetende Garamaşal bilen Karar ýaňy gönä düşüpdiler. Pellehanadan geçenden soň demi-demine ýetmejek bolýan Söýün atyň başyny çekip yzyna gaňryldy. Karar bilen Garamaşalyň gamçylaşyp gelýändiklerini gördi. Emma kimiň ikinji baýragy alynyny aňşyrmak oňa başartmady. Pellehandan geçen Kararam ýetip geldi. Söýün zordan onuň çapuksuwaryndan: „Nätdiň?” diýip sorady.

„Ikinji inijigim, ikinji!”. „Gözüň aýdyň”. „Sag bol, seňem gözüň aýdyň. Deňämizden nädip geçeniňem bilmän galypdyryn. Bir görsem ho-ol öňde tozap barýaň”. Söýüniň begenjinden uçaýjak bolup, ylgap gelýän kakasyna gözi düşdi. Hossaryna görenden boldumy Söýün atyň ýalyna nädip maňlaýyny goýanyny bilmedi. Şol barmana-da atyndan agyp gitdi. Gyrguş onuň ýanyndan aýrylmady. Annanyýaz ylgap gelşine ogluny ýerden galdyrdy.

-         Näme boldy oglum?

-         Ýadaýdym öýdýän, gözüm garaňkyraýar.

-         Suw ýokmy?

Oňa suw uzatdylar. Onýança „Tiz kömegiň” maşynam gelip ýetdi. Ýöne olaryň kömegine zerurlyk bolmady. Ataly-ogul Gyrguşyň uýanynyň hersi birýanyndan tutup, baýrak berilýän ýere barýardylar. Olara Prezidentiň gowşurjak baýragy garaşýardy.

 

 

 

 


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.