ÝAZYJYLYK | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÝAZYJYLYK

Hekaýalar | 1 teswir | 1224 okalan

 

Ol tanymal, üýtgeşik bir ýazyjy däldi. 3-4 sany ýeňil okalýan romanlary bardy. Olary okap, gowy gören öz okyjylary ony aram-aram duşuşuga çagyryp durardy.  Sorap-idäp üstüne-de gelerdiler, kitaplaryna ýadygärlik gol goýdurardylar. Hasam internetde ol gowy okalýardy. Bir gün şol okyjylaryndan biri internet arkaly onuň bien habarlaşmaga durdy. Ýazyjydan ony nädip tapyp bolýandygyny soraýardy. Kitaplaryny okandygyny, olary halandygyny, indem ýüzbe-ýüz görüşesiniň gelýändigini ýazýardy. Okyjy özüniň hakykatdanam onuň kitplaryny okaýandygyny bildirmek isläpmi ýa-da başga bir sebäp bilen: „Sizi häzir iň köp derde goýýan mesele näme, nämäň ejirini çekýäňiz?” diýen soragam beripdir.    Ýazyjy oňa haty üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňam özi bilen duşuşmak islän bir okyjysy bilen başdan geçirenlerini ýazdy. Hatynda berlen soraga-da, jogap bermäge synanşansoň ol uzyn boldy hem ep-eslije wagtyny aldy. Ine onuň iberen jogaby:

„Gadyrly okyjym ilki bilen soragyňyza jogap bermäge çalşaýyn. Meni gorky horlaýar. Ýok, ol eýmendiriji filmlerdäki göze görünýän albasdylardan ýa gorkunç jandarlardan gorkmak ýaly bir zat däl. Ony nähili atlandyrjagymam bilemok. Özümize meňzeş zatlar. Şahlaram ýok, gözlerem ýeke däl. Kän gykylygam edenoklar, topulanoklaram. Gelýärler-de içime girip gidýärler. Has dogrusy aňyma girýärler. Olar diýýän welin onuň ýeke bolmagam ahmal. Gelýär-de gybat etdiň diýýär. Menem ilki badalar gybat etmändigimi oňa subut etjek bolardym. (Kimdir başga biri bilen gürleşýänimi aňdyrmazlyk üçin gürleşip oturan söhbetdeşime ýüzlenýän şekilde jogap berýärdim.) Ol welin gaty arkaýyn, edil meni jenaýat  ýerinde tutan ýaly. Ýa-da ýatjak bolup düşegime geçýän welin gelýär-de: „Şu gün plan-plan ýerlerde ýalan sözlediň” diýmäge başlaýar. Ýa özüňi planyň ýanynda uly tutduň diýýär, garaz, meni günäkärläre zat tapýar. Ýogsa men çaga däl, ýalan sözläp ýörmek endigemem ýok, özümi terbiýeli adamlardan saýýaryn.

Günäkärläp oňsa ýene ýagşy. Eden günämi şeýle bir dörjeleýär, her sözi etimi iýip barýar. Bolýar, men günäkär diýibem sypyp bilemok. Nähili jezany saýlardyň diýýär. Otda ýanjakmy ýa gaýnap duran suwa gark boljakmy diýýär, muşakgat baryny ýagdyrýar. Ýa üstümden gülüp, meni masgara etmäge durýar. Göz öňüne getiriň özüň öz öňüňde masgara edilýäň! Adam girere deşik tapmaz eken.

Soň men oňa üns bermäýin diýip gördüm. Bolanok. Ol şeýle bir soraglar tapýar, şeýle bir gepe çeper, derrew ganyňy gyzdyrýar. Men onuň özündenem beter boljagam bolup gördüm. Bir gezek dagy gaharyna aňymdan zym uçan ýaly bolubam gitdi. Soňam esli wagtdan soň geldi-de: „Nätdiň, hezil etdiňmi?” diýdi welin inim tikenekläp gitdi. Ol ony şeýle bir çyny bilen aýtdy soragy beýnimi sarsdyrdy. Çünki ol gideni bilen hezil etmändim. Gaýta häli geler, şindi geler diýip özümi horladym. Gybat edip gördüm, ýalan sözläp gördüm, o welin gara-da berenok. Ine birdenem gelip: „Nätdiň, hezil etdiňmi?” diýip soraýar.

Indi oňa boýun alyk boldum. Ýuwaş-ýuwaş öwrenşerin öýtdüm. Emma öwrenşer ýaly däl. Her gezek degnaňa degjek başga-başga gepleri tapýar. „Kim menden gowy?” diýibem çykdym. Ol „Sen özüňe jogap ber” diýýär. Ondan ýüzümi sowup, ýeňsämi tüňňerdip ýatjagam bolýan.Ýöne ol içimde bir ýerlerde bolansoň ýüzümem sowup bilemok, gözümi ýumsamam görnüp dur. Hasam gije gelse horlaýar. Ýassygymyň bir ujy bolsun ýa ýorganymyň bir gyrasy agzymy urýan-da dişim bilen gysyp ýatýan. Biraz peýdasy degýär.

Käte gelip hiç zat diýmän ýylgyrybam gidýär. Men muňa edil hormat haty diýsemmikäm, ýok orden-medal alan ýaly begenýän. Diýmek, uzyn günde özümi günälener ýaly zat etmändirin diýýän. Ýöne indiki gelende meni bu pikirim üçinem günäkärleýär. Ine, dost, meni horlaýan, maňa ejir berýän zat. Seňem başyňy agyrtdym. Bagyşla, soramadyk bolsaň ýazmazdym. Dogrusy, gözi bilen görmedige ýa bu dert başyna düşmedik adama gülkünç görünmegem mümkin.

Indi, görüşmek hakyndaky meseläňe geçeli.

Arada edil siziň ýaly biri görüşsek diýip hat ýazdy. Häzir nirede işleýäňiz, salgyňyzy berseňiz özüm barardym diýýär. Menem iş ýerimiň salgysyny, telefonyny ýazdym. Onam az görüp: „Binaň üçünji gatyndadyryn. Iş otagymyň belgisi 310. Iň gowusy aşaky gatdan telefon edäýiň özüm öňüňizden çykaryn” diýip ýazdym. Ol minnetdarlyk bildirdi, ertir barjagyny ýazdy. Menem uzakly gün garaşdym, gelmedi. Ertesi gün internede girsem hat ýollapdyr. Şol gün agşam agyşda taýyp aýagyny gaňrylypdyr. Topugyndan çykypdyr. „Bir hepde 10 günden baraýmasam, häzir daşary çykybam bilemok” diýýär. Menem „Geçdigi bolsun, haçan gutulsaňyz geläýiň, men dynç günlerinden başga günler işimde” diýip jogap berdim. Bir hepde geçdi, 10 gün geçdi, bir aý geçdi. Ýaňky okyja internetiň sahypalarynyň birinde duşaýdym. „Aýaklar gutulyp gitdimi?” diýip ýazdym. Ýaňky „Ha-ha-ha” diýip jogap berýär. Menem nämä gülýäňiz diýsem, „Aýagym gül ýaly olara bolan zadam ýok” diýýär. Menem „Ýalan sözlemäňiz gelşiksiz bolupdyr. Ýöne oňa-da men günäkär, salgymy, telefonumy ýazyşdyryp „Bararyn” diýmekden başga çykalga goýmadym. Bagyşla, häzirem ýalan sözläniňizi aýtdyrdym. Adam gelmese gelesi gelýän däldir, oňa ýapyşyp ýatmam gelşiksiz boldy” diýip ýazdym. Olam „Özüňizi näme üçin günäkärleýäňiz, düşünmedim? Ýa meni has gaty utandyrjak bolýaňyzmy? Ýa özüňizi şeýle arassa adam edip görkezjek bolýaňyzmy?” diýip ýazdy. Menem: „Meniň utandyrjak bolmam gerek däl. Siz ýalan sözlemegiň, onda-da heniz görmedik, diňe adyny bilýän, kitaplaryny okan adamyňa ýalan sözlemegiň gelşiksizdigini şeýle-de bilýänsiňiz. Ýöne hakyna seretseň sizi ýalan sözleden men boldum. Meni tanamaýan bolaňyzda, aňyňyzda men ýok bolsadym, siz maňa görüşeli diýip hatam ýazmazdyňyz, soňundan ýalanam sözlemezdiňiz. Diýmek, meniňem günäm bar” diýdim. Şundan soň ol menden ötünç sorar öýdüpdim. Emma ol üstüme sürünmäge başlady: „Siz ýazyjylar nähili adamlar? Eseriňizde arkaýyn ýalan zatlary ýazýaňyz, özüňize ýalan sözlense-de çetiňize degýär” diýdi. Menem: „Haýsy eserimde ýalan sözläpdirin, anyk ýazsana?” diýdim. Olam soňky kitabymyň baş gahrymanynyň adyny tutup „Şol gyzy maňa görkezip bilermiň?” diýýär. Menem „Ol edebi gahryman, çeper eserde anyk bir adam hakynda ýazylmaýar. Ýazylaýsa-da ol tanalmaz ýaly üýtgedilip ýazylýar. Meniň gahrymanym ynandyrjylykly däl bolsa, şony mysallar  bilen aýtsaňyz, onda başga gürrüň” diýdim. Olam: „Siz ýazyjylaryň erbet ýerem şonda, şeýle bir ýalan sözleýäňiz, edil çyn ýaly. Şu aýdýany ýalan diýere ýer goýaňyzok. Emma bar ýazýanlaryňyzam toslanyp tapylan zatlar” diýdi. Soň men oňa jogap bermedim. Kimem bolsa, meni tanaýan adam bolmaly. Meni oýnajak bolýar diýen karara geldim.

Bu wakaň üçytünden ýene bir aý geçdi. Tanamaýan sesim meni soraýar.

-         Hawa, men şol. Aýadyberiň.

-         Siz bilen gürüşäýjekdim. Men häzir aşaky gatda. Ýeriňizdemikäňiz diýip jaň edýän.

-         Geliberiň. Iş otagymyň belgisini bilýäňiz dälmi?

-         Bilýän, bilýän.

„Kim bolup biler bu, allajanlarym?” diýip, çenimi çykaryp ýetişmänkäm, gapym kakyldy. „Giriberiň” diýerime mähetdel, saryýagyz dolmuşyrak ýigit içeri girdi. Edep bilen salamlaşdy. Yşarat eden eden oturgyçlarymyň birinde oturdy, özüni tanatmaga başlady. „Men şol, internetde topugym çykdy diýip ýazan” diýip, ýylgyryp otyr. Men tas: „Şol gezek sizi ýalan sözlemäge men mejbur etdim” diýip, ýene-de öňki gürrüňe başlapdym. Zordan dilimi dişläp, çaýa-süjä güýmenen boldum. Ol ýalan sözlemeginiň asyl sebäpkäri hakynda özi gürrüň bermäge durdy:

-         Men aldajagam däldim. Siz bilen öň görüşen bir dostum bardy. Niýetim şonuň bilen bile gelmekdi. Ertesi oňa gideli ýazyjy tanyşyň ýanyna diýsem, „Ýok-laý, özüň gidäýsene” diýip dur. Ol size bir işi bitirip bermegi boýun alypdyr, soňam ýaltanypdyr, etmändir. Indem utanyp gaçyp ýören eken. „Özüň gidäý, ýöne bir hiliräjik adamdyr” diýdi.

-         Bir hiliräjik bolanda nähili bolýaka?

-         Menem ony soradym. Şeýle gowy kitaplary ýazana meňzänok. Özümiz ýaly adam. Gaýta, bir hili saňa hyzmat etjek bolup dur diýdi. „Gowsy şol ýazyjyny öz göz öňüňe getirşiň has üýtgeşik. Barsaň, tanyşsaň şol tamaň çykmaz” diýdi. Menem bu zatlary ýazyp durmany gelşiksiz gördüm-de, topugym çykdy diýäýdim. Meni ýalan sözleden siz däl şol dostum boldy.

-         Geň. Beýle bolsa, gönüläp soraýar diýmäň, häzir näme üçin geldiňiz? Ýa dostuňyzyň aýdany dogrumy ýa ýalňyşmy şony anyklaýyn diýdiňizmi? (şol wagt içime girýän adam gelip: „Nämä gaharlanýaň? Men-menligiňe ýakanokmy?” diýdi. Men oňa tas: „Menem adam ahyryn” diýipdim.)

-         Ýok, beýle pikir düýbünden kellämde ýok. Men başga niýet bilen geldim.

-         Hany çaýyňy sowatma. Niýetiň bolsa soň aýdyberersiň – diýip, men giňlige saldym.

Bolaýsa oglumyň ýaşyndaky bir okyjym bilen gaharlanyşsam dogrudan aýp boljakdy. Ol şonda-da meniň gaharymyz geljek bolanyny aňdy. Gol çekdireýin diýip ýany bilen getiren kitaplarymdan birini elinden gaçyrdy.

-         Kitaplaryňy goýaý şu taýda – diýdim.

-         Sizden ýadygärlik goluňyzy alaýyn diýip ýörite getirdim.

-         O mesele däl.

Ol guýup goýan çaýymdan bir-ki owurt owurtlady. Özüni dürsedi. Boşadaňkyrlan käsesini ýerinde goýup ol ýene söze başlady. Ony ünsli diňläp durşuma käsesine çaý guýdum.

-         Şo gezek özüňiz toslap ýazýaňyz, ýalan sözleýäňiz diýen ýaly bir zatlaram diýäýipdirin. Siziň „Ýalan sözlemegiňize men sebäp boldum” diýmegiňiz maňa gaty täsir etdi. Öte geçenimi soň bilip galdym. Bu günem... bu günem şo ýazanlaryma ötünç soramaga ýanyňyza gaýtdym. Şo günden bäri ýazanlary kellämden çykmady.

-         Biri gelip „Şonda oňarmadyň” diýdi durdymy?

-         Hawa, edil özi, edil siziň diýişiňiz ýalyedip diýýär özem. Siz ony nireden bilýäňiz?

Ol özem bilmän ýerinden galdy. Gözlerini meniň gözümden aýyranokdy. Ýa maňa jadygöý öýtdümikä? Men gülüp goýberdim. Özümem ýerimden turup ýigidiň egnine kakdym-da otur diýip yşarat etdim. Özümem oturdym.

-         Şolar ýaly tersiräk iş edende özüni horlamak adamyň tebigatynda bar bolmaly. Wyždan diýilýän şol bolmagam mümkin.

Men oňa özümi horlaýan adam hakynda gürrüň bermedim. Onuň „toslama” diýerinden çekinibem däl-de, nämä gerek diýdim. Şeýle-de ýigit bar zada düşündi. Soň kitaplaryna gol çekip berdim. Ýörite ugratmaga iş otagymdan çykdym. Ol aşak düşüp barýarkak:

-         Agam sizden ýene bir zat haýyş edeýin-le – diýdi.

-         Baş üstüne.

-         Nädip kitap ýazýanyňyzy maňa-da öwredäýiň-dä. Menem ýazyjylyk etjek bolsam oňararmykam diýjek boldum.

-         Synanşyp gör. Zähmetinden gaçmasaň ýazarsyň.

-         Dogrudanam siz kitaplaryňyzy toslap ýazýaňyzmy?

Bu sowala şeýle bir gülküm tutdy, başga biri gürrüň berse hezil edip gülerdim. Häzir welin ýylgyryp zordan saklandym.

-         Ynha, sizi men hökman bir ýazýan zadyma gahryman edip edip alaryn.

-         Menimi? Meň nämäm bar, kitaba gahryman bolar ýaly?

-         Bir hilijek ýigit ekeniň.

Ol özüni saklajagam bolman hezil edip güldi. Menem goşulyşdym. Şeýdip men bu mymanymy ugratdym.

Okyjy dost, hatym gaty uzak boldy. Kellämiň gyzgynyna baryny jikme-jik ýazaýypdyryn. Eger görüşmekçi bolsaňyz men size ilki telefonymy bereýin, habarlaşalyň. Nirede görüşjegimizi şonda aýdaýaryn”

Ýazyjy hatynyň soňuna telefonunyň belgisini ýazyp hatyny ugratdy. Esli salymdan soň hatyna jogap aldy:

-         Munça ýalan sözlemän, „Işim kän, görüşip biljek däl” diýäýmeli ekeniňiz.

Ýazyjy derrew oňa jogap ýazdy: „Men ýalan sözlemedim-ä”. Emma özüne jogap gelmedi.  

 

 


Teswirler (1 sany)

Begmyrat :
25 Dekabr, 2012

çäk baradaky düşünjeler biderek. Şu ýazyjy haýsy hem bolsa bir ideologiýanyň ölermen guly. Ýek ýigrenýänim ölermenler. Sebäbi hakykat ýüzünde olar köplenç ikiýüzliler bolup çykýar. Ýa da bähbitparazlar... basybersin bähbitparazlar, basybersin...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.