BEDEW ATA SIMFONIÝA
Nejip Fazyl KYSAKÜREK
BEDEW ATA SIMFONIÝA
Giriş
Bedew ata simfoniýa ýa-da ata bagyşlanan roman... Atyň taryhy, pelsepesi – barysy içinde...
Dokuz ýaşymda ata mündüm. Ýalan bolmasyn, şondan bäri bir gezegem ondan ýüz öwürmedim. Her münemde beýgeldim, her düşemde kiçeldim. At meniň gözümiň öňüni, eserimi gaplap alyşy ýaly, ynsan ruhundan ýere damyp öz şekilini alypdyr hem soňra buşlukçy bolup, adamy üstüne mündürmäge gelipdir. Ýeňişiň, üstünligiň we jogapkärçiligiň buşlukçysy...
Bir şahyryň, döredijilik adamsynyň ähli ukybyny, başarjaňlygyny atyň waspyny etmäge bagyş etmegini dogry hasap etmejekler we bu ugurda sarp edilen zähmete seňrik ýygyrjaklar hem tapylyp biler. Gomeriň Odiseýasynda gahrymanynyň eline balykgulak berip, ägirt okeany diňledişi ýaly, olary atyň üsti bilen dünýäniň soňsuzlygyna tomaşa etmäge çagyrýaryn. Diňe ata düşünseler bolýar... Ata münülmez, ata çykylar.
Lukmançylyk kitaplaryndaky anatomiýany, fiziologiýany okap adama nähili düşünip bolýan bolsa, bedew atlara hem gylýalçylyk, olaryň ösdürilip ýetişdirilşi, seýislenişi hakyndaky kitaplary okap şol şekilde düşünip bileris. Şonuň üçin meniň kitabymda ata degişli gurak maglumatlar, häsiýetlendirmeler ýokdur. Ähli manysy bilen we adama peýdasy degjek derejede şol mana şekil bermäge çalşan bu kitabym, tutuşlygyna at romany...
Adamdan we jemgyýetden doýgunlyk ýaly aladam-derdim bolmansoň, atyma münüp şäher daşyna çykamda teselli tapardym diýip biljek däl. Älem-jahany galyň diwarlardyr galalar bilen gurşalan bir künjek edip görkezmek mümkin bolsady, şol erteki dünýämiň bürnç derewezesinden diňe at bilen girilip bilinjegini subut ederdim.
Şonuň üçin hyýalymdaky adamzatdan we gahrymanlyklardan hiç birini dessana mynasyp görmämsoň, bu kitaby ata bagyşlap ýazdym.
Bütin dünýäde şeýle garaýyş bilen aty doly beýan etmäge bagyşlanyp ýazylan eser barmy, ýokmy bilmeýändigim üçin, onuň gymmatyny kesgitlemegi at aşyklarynyň özüne goýýaryn.
Nejip Fazyl Kysakürek.
ATYŇ MANYSY
Dört gözýetim
Dünýämizde dört dürli barlyk bar: jemad (jansyz zatlar), nebat (ösümlikler), haýwanat we adamzat. Bularyň hersinden iň ösen görnüşi, bişişe-bişişe, kämilleşe-kämilleşe özünden ýokardaky topara ýakyn gelýär we ýokardaky toparyň aýratynlyklaryny özünde görkezmäge başlaýar. Bu ýagdaýa – jemaddan, nebada, nebatdan haýwanata, haýwanatdan adamzada, adamzatdan mübärek adamlyga tarap ösüşe älemdäki kanuny ýagdaý hökmünde garalýar.
Ine, düşünje horjunlarynda iň mährem, iň tämiz hikmetleri göterýän yslam tasawwufçylary, ezeli we ebedi ösüş kanuna görä jemadyň nebat, nebatyň haýwanat, haýwanatyň adamzat bilen baglanşykdadygyny aýdyp, bu başlangyçsyz hem soňsuz kerwende, toparlaryň arasyndaky bir-birine iň ýakynlaryny seçmek babatda şeýle täsin netijä gelipdirler:
Jemad dünýäsiniň gözýetiminiň çürbaşynda duran, başgaça aýtsak nebata iň ýakyny merjendir. Çünki, onuň edil ösümliklerdäki ýaly kökleri bardyr we olar guma gömülendir.
Nebat dünýäsiniň gözýetiminiň haýwanata iň ýakyn ýerinde durany bolsa hurma agajydyr. Çünki, onuň erkegi-urkaçysy bardyr we golaýynda bolsun, daşda bolsun bu agaçlaryň erkegi urkaçysyna tarap abanýar we tohumlaryny taşlýar.
Haýwanat dünýäsiniň gözýetiminde adama iň ýakyny bolsa atdyr. Çünki atyň edil adamdaky ýaly ruhy ýaşaýyşy bar we ol düýş görýär.
Adamzadyň ýüzi bolsa soňsuzlyga, ebedilige tarap...
Ýaradylşyň syrlaryny köki-damary bilen öwrenen we syrlar äleminde akylyňy haýran edýän hakykatlara ýeten beýik düşünje alymlaryna görä, at hawanatyň tamamlanyp, adamzadyň başlaýan nokadynda duran, ady dillere dessan bir barlykdyr.
At haýwanat toparyndanam bolsa-da, haýwanlardan tapawutly bir jandardyr.
At nämedir?
Bedew ata ne haýwan hökmünde, ne-de oba hojalygynda ulanylýan mal, ne ykdysady, ne harby, ne ýaryş – sport nukdaý nazaryndan, ne-de bularyň hemmesini birikdirip garamak mümkin. At bu ugurlaryň ählisine bir tarapy bilen jogap berýän, emma olardan başga-da gymmaty we manysy bilen has ýokarda durýan mahlukdyr.
At şudur:
Jemaddan nebata, nebatdan haýwanata, haýwanatdan adamzada, adamzatdan mübärek adamlyga tarap akýan ösüşde maddy we ruhy ýeňişlerine mynasyp görüp, iň köp azap çekýän we agyr jogapkärçilik boýnuna ýüklenen adamzada Allanyň bagyş eden iň begendiriji serpaýy atdyr we bu serpaýyň birgiden peýdalary bardyr...
Ebediligi gazanyp bilýän ynsanýetiň nazarynda daşky owadanlygy, beden gurluşy, hereketleri we ukyplary bilen gahrymanlygyň iň kaşaň simwoly atdyr.
At we adam
Adam ruhunyň dürli ýagdaýdaky gahrymançylygyny özüne çekiji, iň ideal şekilde beýan etjek bolsaň, ne tagt üsti, ne kürsi, ne piramidalaryň çür başy onuň at üstündäki şekilinden öňe geçmez, heýkelleşmez. Şonuň üçin maddy dünýäň ýeňijileriniň ählisi – tiranlar, Sezarlar, han-begler, serdarlar, goşunbaşylar, liderler, il gahrymanlary mydama at üstünde göz öňümizde janlanýar. Olary atlaryndan düşürsek, eginleri gysylar, oturtma saçy gaçan aktýora çalym ederler. Ruhumyzyň gahrymanlary hem manewi at üstündedirler. Egilip duran sypatlaryna, kelte boýlaryna garamazdan olary beýleki adamlardan üstün eden we depeden seretdiren gudrat hem atdyr, emma ol at göze görünmez.
Älemleriň Serweri, Allanyň söýeni, pygamberimizi miraç gijesinde ylahy, wysal älemine uçuran, ýagtylygyň tizligindenem ýokary tizlikde hereket edýän diýlip wasp edilen „Byragyň” ganatly at şekilinde ýaradylmagy hikmetdir, Allanyň ata beren beýik manysydyr we oňa goýan uly hormatydyr!
At, adamogluna şanyndan, höwesinden, keýpinden başlap iň umumy, ýönekeý zerurlyklaryna çenli ähli meselede kömek etmegi öz üstüne alan tebigy, şeýle janaýakyn, hünärli gul, wepaly kömekçi, peýdaly dostdur. Tebigatda hiç bir jandara onuň derejesinde adama hyzmat edip bilmek, şeýle ýakyn durmak berilmändir. Adamy adam hökmünde tanatmak gudraty hem ýaradylyş taýdan diňe ata berlen aýratynlykdyr. Üstüne münülýän jandarlardan hiç biriniň atyň ýanynda güýçli ýükçiliginden başga görkezip biljek häsiýeti ýokdur. Pilden eşege çenli atdan başga ähli haýwanlar her tüýüne bir hünji dakyp bezeseňem ýükçüliklerinde galarlar. At welin, aýaklarymyzy ýerden üzen pursadymyzdan başlap, üstündekäk edýän hereketleri, oýnaýyşy, duruşy, uzaklara nazaryny dikip burnuny parladyşy, müň bir dürli aýak urşy, on iki süňňi bilen dünýämize girip ruhumyzy göterişi – aty bilimizden aşak, ýarym göwrämize öwürer, biz bilen bütewileşdirer. At misli, içimizdäki duýgularyň we idialymyzyň fiziki ýüze çykmasy ýalydyr. At adama gutarnykly şekil berer.
Jigitlik
Orta asyryň ýapraklary polatdan agaç ýaly töweregine şaňňyrdap ýaň salan jigitleri (kawalerleri, muşkatýorlary) ähli manysyny atdan alýar. Hatda özlerem, olaryň göterýän ady hem atlaryndan gaýdýar. Olara öz dillerinde (Chevaleri) “Atly adam” diýilýär. Munda şeýle many bar: baryny-ýoguny haýyr işe bagyş etmekden başlap, bir ejizi görende ony gorajak bolmaga çenli mert, buýsançdan ýaňa gözüňe ýaş aýladýan hereketleriň ählisini özünde jemlän adam jigitdir. Dogrusy jigitlik bir hereket – jigit bolup bilmek!
Jigitler asyllydyr, mertdir, batyrdyr, sadykdyr, dürsdür, pidakärdir, hormatlydyr, duýguçyldyr we at onda bu häsiýetleriň bardygyna güwä geçilip basylan möhür ýalydyr. Jigit özünde gizlenip ýatan merdanalyk ahlagyny atda tapypdyr, atyň päk keşbini öz ruhuny siňdiripdir.
Taryha ser salsak jigitlik duýgusy tutuşlygyna atyň adamda, adamyň hem bedew atda şöhlelenmesini görýäris.
(DOWAMY BAR)
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Ylýas aga, salawmaleýkim! Gowumy ýagdaýlaryñyz! Men bir zada düsünemok- näme üçin türkçeden türkmençä terjime edilen eserleri okanyñda birhili büdrejek ýaly bolýarsyñ? Okaýan mahalyñ bir çukura gaçaýjak ýaly. Umuman türkçeden türkmençä edilen terjimeleriñ hilini pes görýän men-ä. Belki, bu diñe meniñ üçin seýle bolmagam mümkin, ýöne terjime edilen eseriñ asyl türkçesini okanyñda akgynly, endigan okalýar köplenç. Okap otyrkañ setirleriñ arasynda gorpa gaçjak bolup durañok. Belki-de türkçeden türkmençä edilen terjimeleriñ suw gysymlan ýaly bolmagyna (meniñ göwnüme) bu iki diliñ biri-birine juda ýakynlygy sebäp bolýandyr? Ýa terjimeçiniñ ussatlygy pesmikä? Ýa-da eseriñ özi gowsak ýazylandyr? Bolmasa-da okyjynyñ özündendir? Sular barada pikiriñizi paýlasaýsañyz.