BIZI BAGYŞLA
Gelerden uzakda, giderden golaý,
Ýaşadyň perdeler çekmän ýüzüňe,
Sen hakda diýerdiler:
„Sen ony goýaý.”
Sen bolsa, tutduryp barýaň,
Üm-düzüne.
Algyňam ýokdy hiç kimden,
Bergiňem ýokdy hiç kime.
Gündizde gün bardy, gijede-de aý,
Algyňam, bergiňem solar bilendi,
Aýa arkaýyn garap, göni seretmek islärdiň güne.
Söhbediňi şemal bilen ederdiň,
Aglaňda aglardyň ýyldyzlar bile.
Hiç zat ýetmezdi çägiňe,
Senem çykmazdyň çägiňden.
Gijeler düýşüňde, öten-geçenler,
Elleşip giderdiler,
Derdinşip giderdiler.
Aglardyň.
Ertesi düýşüňi ýoranlar,
Begenjeksiň diýerdiler.
Begenmek gynamak däldi aladaň,
Aglap-aglap aladaňdan,
Belki dynjyňy alýansyň,
Dynç alynýar ahyr gijeler.
Başlap baryn ýaňadandan,
Ýüzüne urup ünjüleň,
Azajygam bolsa islärdiň ýaşamak,
Ýaşamak, ýaşamak...
Allahym, bu islegi üçin,
Günäleme bendäňi,
Bagyşla gaýta,
Bagyşla.
Teswirler (2 sany)
Ýok, semiz 3-lük.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
5-lik