GÖZÜME ÝAŞ AÝLANÝAR
Başym aýlanýar.
Oturgyç, galam, kagyz...
Degre-daşym aýlanýar.
Gündizler, gijeler, agşam aýlanýar.
Bu nähili beýle?
Belki, bardyr aýlanmaýan?
Aýlanmaýan ýok.
Ýadaýanam ýok aýlanmakdan.
Gulagyma ses geldi:
„Diýdiler: „Professormykan ýa dekanmykan?”
Sen bolsaň ne professor, ne-de bir dekan
Howlukman barýarsyň işiňe bakan...”
Ýene bakdym, töweregme, daşyma.
Aýlanýanlar, aýlanýarlar daşyma.
Ýa bir bela geljekmikä başyma?
Belki bu toýdur, şowhun, şagalaň,
Görýäňä, barysy - garrysy ýaşy aýlanýar,
Şadyýan, şat aýlanýar,
Tutuş dünýe oýny ýaly çagalaň.
Belki-de toýdur...
Arman, başym aýlanýar,
Gözüme ýaş aýlanýar.
Gulagyma ses gelýär:
„...Sen bolsaň ne professor, ne-de bir dekan
Howlukman barýarsyň işiňe bakan...”
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
uytgesik!!! 'haladym' diyen lik bolsady basardym..!!!