HAÝYR SÖÝERLIK | Eserler | Ylýas Amangeldi

HAÝYR SÖÝERLIK

Esseler | 2 teswir | 1176 okalan


 

 

Ýaşaýyşdaky hereketlilik, nämedir bir zatdan gijä galyp barýan ýaly adamlaryň alňasap ýörişleri, bir tarapdan ýaşaýşy gyzykly edýänem ýaly. Adamlarda erjellik, göreşip gazanmak we gazananlaryň gadyryny bilmek artýana meňzeýär.

Elbetde, kim gaýkyny söýýär, kim küýküni. Kimiň dogumly, kimiňem parahat bolasy gelýär. Haýyr söýerligem şeýle. Şu günki ýaly ýadymda, bir gezek gijäň bir wagty ýolda ýeke galmaly boldum. Obama aşmak üçin elimi galdyrýan maşynlarym deňimden säginmän geçip dur. Ahyry biri saklandy. Mündüm. Maşynyň sürüjisi beýlekileriň durman geçmegini «Gijäň bir wagty tanamaýan adamsyny maşynyna mündürmäge çekinýändirler» diýip özüçe ýordy. Soňra bolsa şu rowaýaty gürrüň berdi.

«Adamlaryň ulagy entek eşek-düýekä, üç-dört düýe ýüki bilen bir ýana barýan ýolagçy, edil seniň ýaly ýolda durany, dözmän düýeleriniň birine mündüripdir. Eslije ýol ýöränlerinden soň bir ýerde düşläpdirler. Ýatyp dynç almakçy bolupdyrlar. Ýatyrkalar düýeleriň eýesi düýşünde, dözmän ýanyna alan adamsynyň ähli düýeleri ýükleri bilen ogurlap barýanyny görüpdir. Tisginip oýanypdyr. Görse, hakykatdanam hälki adam, düýeleri tirkäp, hol gözden ýitip barýar. Mal eýesi öz-özüne:

- Ogurlaýan bolsa mätäçdir. Alsyn, bu zatlaryň bary onuňky bolsun. Baýlyk gazanmak, mally bolmak uly bir mesele däl. Alla nesip etdirse, mal-baýlygyň özi geler. Inşallasa, yrsgymda bar bolsa, dört däl, kyrk düýäni gazanaryn. Ýöne men ýeke zada gynanýan, ol meniň ýüregimdäki haýyr söýerligimi ogurlady. Ine, şony nädip gazanyp bilerkäm? – diýipdir.

Ynsan bir-biriniň nämesini ogurlasa-da, haýyr söýerligini ogurlamasady. Ýogsa bir gezek agzyň bişse, soň suwy üfläp içmäge endik bolaýýaň...»

Dogry, agzyň bişse ýadyňdan çykmaýar. Olam ynsanlaryň bir-birine salýan söz ýarasy ýaly bitmesi kyn ýaralardan. Emma, ynsanyň ynsandan parhy gaharyny ýuwudyp bilşinde bolşy ýaly, bizi bir-birimizden tapawutlandyrýan ýene bir häsiýet, haýyr söýerligimiz bolsa gerek. Kimiň haýyr söýerligi diňe dilinden bolansoň, derrew agzy bişýär, kimiňki bolsa ýüreginiň jümmüşinden gaýdansoň tükenmäni bilmeýär. Çingiz Aýtmatowyň meşhur «Ak gämisindäki» Mömüniňki ýaly. Türkmen bular ýaly adama iç işik ýaly diýýär. Işigiň üstünden ýüz ýola ätläp geçersiň, ol bolsa seniň gapyň diregidir.

Kimdir birine haýyr etmek, köplenç ýagdaýda özüňe zor salmak bilen baglanşykly. Uzak ýolda ýanyňa göteren çöregiňi ýoldaşyň bilen paýlaşmak, eýýäm özüňi ýarym aç goýmakdyr. Dogry, özünde ynsan ysy bar adam muňa känbir ähmiýedem bermeýär. Gaýta, ýoldaşy uzadan cöreginden ýüz öwürse, şony gaty görýär. Oglankam dünýäniň käbir ýurtlarynda artykmaç çykdajysyndan gaçylyp, myhman, öýe çagyrylmaýarmyş diýenlerini eşidemde geň görerdim. Emma, soň-soň bazar ykdysadyýeti, tygşytly ýaşamak diýen ýaly zatlary gözümiz bilen görenimizden soň, munuň beýle bir geň zadam däldigine göz ýetirdim. Haýyr söýerlik wagtyňy, zadyňy, zehiniňi... bisarpa ulanmak ýaly görünmäge başlady. Haýyr söýerligiň «ogrulanan» ýagdaýlaram munuň üstüni ýetirdi.       

Haýyr söýerligini ogurlap, ynasanlaryň ödüni ýakýan, päli ýamanlaryň azalmagyny, men her zatdan öň Allatagaladan dilärdim. Şeýle hem iç işik ýaly ynsanlaryň barha köpelmegi üçin elimden gelenini gaýgyrmazdym. Elimden gelse, Ata Gowşudowyň «Mähri Wepa» romanyndaky Gurt kartyň gelni ýaly ýatdan çykmaýan ynsanperwer adamlaryň waspyny ýetirerdim. Megerem, haýyr söýerlik bilen, ony ogurlaýanlaryň arasyndaky uruş, haýyr bilen şeriň söweşidir. Bu uruş, döwletleriň däl, adamlaryň arasyndaky sowukdanam sowuk uruş nämä gerekkä? Onuň haýyr tarapa salýan pidasy jan pidasyndanam erbet bolsa gerek. Jan dünýä iner, kyýamat ahyra çenli ýaşaýyş dowam eder. Ýöne ol ýaşaýyşda haýyr söýerlik ýitip gitse, onuň gymmaty näme bolar?

Haýyr söýerligiň ýene bir ýagysy bar, ol hem onuň çyn ýürekden edilmezligi, başgaça aýtsam, ýasama haýyr söýerlik, bähbit aralyp edilen haýyrlar. Bähbit aralyp edilsin, göz üçin edilsin, haýyr edilip durulsa bolýar. Emma, kä halatlarda bu ýasama haýyrlar gelip bogazyňa tegek bolýar welin, gaýdyp haýyr söýer ynsanlardan gaça duranyňy kem görmeýäň. Şeýdibem, biweç ynsanlaryň «her mejlisde ýüz ýol» diline çolaýan haýyrlary, hakyky haýyr söýerligiň daşyna kerep bolup çolanýar. Ynsan hatda, ýagşylyk etmekçi bolanda-da «Maňa dogry düşünermikäler?» diýip kürtdürip durmaga mejbur bolýar.

Bir gezek sakaly döşüne düşüp duran bir ýaşuly «Men öz ýakynlaryma ýagşylyk etsem, hiç düşenok. Gaýta tersine bolýar. Eden ýagşylygym ertir başyma gowga bolup inýär. Keseki birine ýagşylyk etsem welin, ol ony hiç unudanok, gören ýerinde alkyş aýdyp ýör» diýdi. Menem içimden «Ýagşylyk toý sähedi däl ahyryn, düşüp-düşmez ýaly» diýdim. Emma, pikirimi ýüzüne aýdyp bilmedim. Çünki, onuň getirýän delillerinden üstün bolardan ejizdim. Dogrusy, ýagşylyklar, ýagşylyk edijek bolunşy ejizdi. Ýagşylyk edip ýaşamagy ömrüniň baş maksadyna öwürenleri barmak büküp sanamakçy boldum. Barmaklarymyň bükülmesi kyn boldy. Ýogsa haýyr söýerlik nähili beýik häsiýet! Ol şeýle bir beýik, «Sen özüň näçeräk hayr söýerdigiňi görkez, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýse bolar.

Hawa, ýaşaýyşdaky hereketlilik, nämedir bir zatdan gijä galyp barýan ýaly adamlaryň alňasap ýörişleri bir tarapdan ýaşaýşy gyzykly edýänem ýaly. Men bolsam haýyr söýerligiň gürrüňini gozgaýan...

Teswirler (2 sany)

Алп Арслан Түркмен:
08 Maý, 2012

Гелиң онда башдан башлалың. «Ягшылык я-да ягшы иш этмек», «хайыр иш этмек» сөзлерини кесгитлемекден башлалың. Ким-де нәхили кесгитлеме гөрнүши болса язмагыны хайыш эдйәрин!
Соңра онуң ким үчин эдилйәндигине (өз пейдаң үчин, илиң пейдасы үчин, ат-абрай үчин, Аллахың разылыгы үчин ве ш.м.), эдилиш формасына (мадды ве мадды болмадык, арасындакы тапавут), хайыр угрунда эдилен херекетиң я-да херекетсизлигиң гетирйән нетижесине (нетижәниң хайыр эдйәни гызыкландырып гызыкландырмаяндыгы) середелиң?
Шу сораглара жогап гөзлесек, элбетде эндик билен эдилйән хайырың ве хайрың хер әдиминиң йүрегиңде дуюлып эдилишиниң фазылатларынада дүшүнерис.
Херкимиң эдип билжек хайрына йүрекден чыкян, херкимиң гүйжи етмежегине-де жүбиден чыкян хайыр дийип категорияландырмалың. Жүбиден чыкяның йүрекден чыкмаяныны ким билйәр?
Хич ким мениң 10 манадым дәл-де 1000 манадым болсады 100 манатлык хайыр эдердим диймесин, 10 манады барка хайыр этмәге чалышсын. Ики саны окувчыны окатжак дийип тәзе көвүш алынып билмейәнлери гөренсиңиз я-да эшиденсиңиз. Хайыр небис билен гөрешилип эдиленде хас фазылетлимикә диййән. Гүлер йүз билен хайыр эдйәнлери кичелтжек боламок. Гүлер йүзли болмакда-да небис билен аз гөрешиленок. Бу жемгыетде гүлер йүзли нурана адамлара аз душянымызданам белли... Ислесеңиз гүррүңе авторың “Хайыр сөйерлик” макаласында довам эделиң. Ол ерде бу сорагларың энчемесине жогап бар экен. Хәзирликче весселам.

Ylýas:
13 Maý, 2012

Alp Arslan Türkmen dost. Ýokardak ýazgyny 10 adam okapdyr. Olardan seslenen birsen. Galany dymma ýa-da pikirini ýazmagy oňarmaýanlar öýdýän. Men haýyrsöýerlik hakynda pikirimi ýokarda ýazdym. Ony Nesil gazetinde çapam etdiler. Ýöne seniň aýdnlaryňam onuň üstüne goşsa boljak eken. Men seniň aýdanlaryň bilen doly ylalaşýan. Pikirleriňi ýazýanyň üçin sag bol.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.