ÝAGYŞLY GÜNÜŇ SETIRLERI | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÝAGYŞLY GÜNÜŇ SETIRLERI

Goşgular | 0 teswir | 956 okalan

Sowapdyryn ähli zatdan,

Güýz gününiň ýagyşy deý.

Güýz gününiň ýagyşy deý,

Hiç bir zada ýylym ýok.

Çüýşe ýaňagyna penjiräň

Çeksem-de nagyş

Ojaklaryň ýylysyny islämok..

 

Hem bilýärin, islenemok.

Ýok, men ýyly däl, ýok, sowuk,

Bolmanda, ýumşak garam däl.

Maňa bakan gidýär gagşap.

Aňryk itip durmuşy men

Ykbalymyň elli ýaşan

Ýüzün darap barýaryn,

Güýz gününiň ýagyşy men.

 

Güýz gününiň ýagyşy men...

Ýol ýakasynda agaçlaň –

Ýapraklaryndan dynyp,

Çaňlaryndan saplanan

Ýazyksyz, çyplak agaçlaň

Şahasyndan syrygýan,

Bogunlara ýygnanýan,

Hem olara gözýaş bolup

Ýere gaçýan... gaçýan ýere...

Olar maňa dertdeş,

Menem olara...

 

Ýa çyplak agaçmykalar,

Elli ýaşanlar?

Ömrüniň depesinden,

Aňryk aşanlar,

Bu günüň ýagyşy deý..

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.