ÖMRÜŇ SOŇKY MERDIWANY | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÖMRÜŇ SOŇKY MERDIWANY

Goşgular | 1 teswir | 1058 okalan

 

Basdym aýagymy bir merdiwana,

Men bir diwana.

Ýokary galýanmy, inýänmi aşak,

Aýaklaýyn düşýänmi, ýa gidýänmi başaşak?

Gurruk guýa inýänmi, ýa gaýýanmy howada?

(Şükür, hernä, dilim-aňym dileg bilen dogada).

Töwerek tüp yssy, üşüdýän wagtym,

Gözleýän sermenip, terk eden bagtym.

Düýşüm diýsem oýalygym, oýalygym düýşümmi ýa,

Aklym kesýär bar zada, hiç zada-da düşünmeýän.

Ak diýenim gar eken, ellerimde eräp dur,

Gara diýenim gül tohum, gögeripdir gülläpdir.

Ýük urjagym ala ýüp, boýnuma saralyp barýar,

Ýagty diýilýän jahan, gün-günden garalyp barýar...

Basdym aýagymy bu merdiwana,

Men bir diwana.

 


Teswirler (1 sany)

Alp Arslan Türkmen:
04 Aprel, 2012

Саловмалейким! Терк эден багтым диен сетир мана оран ярады. Арада бир гуррунде "Биз Оны (САВ) теркетсек-де ол бизи хич хачан теркетмеди." диен созлери эшидипдим. Равзайы Тахыры горан Осман Туркмен Довлетинин пашасынын Онын (САВ) янындан межбуры ягдайда айрылмалы болан (теркетмели болан) вака барада гуррун гидйарди. Бу сетирлер мана шол ваканы ятлатды, гозуме яш айланды...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.