ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ

Goşgular | 0 teswir | 1150 okalan


Saman şlýapaly garry bikäniň,

Yzyndan selkilläp güjügi barýar.

Ýok, güjük däl, bir biçäre ýekäniň,

Döşünden itilen geljegi barýar.

 

Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk,

Baransoň öňüne nan bir oklansa.

Gitmez ol ýüzüni birýana sowup,

Gijäň köçe itlerinden gorkansoň.

 

Ýyldyz sanap Aýa üýrýän ol itler,
Tüýdüm-tüýdüm eder, cyka
ý
sa birden.
Bikesini taşlap ol asla gitmez, -
Ejiz gelýär zynjyrjygyn üzerden.

 

Bikesiniň inçe zynjyrjygy däl,

Ýekelikdi ony bogýan hem gysýan…

Dostum, bu ülkede şeýle bir it kän,

Hemem ýalňyz galan bir giden ynsan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.