ESGER OGLUMA HATLAR | Eserler | Ylýas Amangeldi

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 4 teswir | 1604 okalan

 

          Birinji hat.

 

Körpe saglykmydyr!

 

«Kakam näme üçin maňa hat ýazanok, hat ýazsyn-la» diýeniňi okap, saňa hatyň birini däl, ikisini, üçüsini ýazaryn diýdim içimden. Menden geljek hatlaň nähili mazmunda boljakdygyny aňýansyň-a. Ýa kakaň «takal okamasyny» diňläsiň geldimi? Ýanymda, garşymda oturmaýanlygyňdanmy ýa indi esli wagt gözümden uçanyňdanmy saňa takal okap, akyl öwredesimem gelenok. Esgerlik edip ýör, indi uly adam çykdy diýip göwnüme gelýän bolmagam mümkin. Garaz, başardygymdan takal okamajak bolaryn.

Özüm barada aýtsam, seni esgerlige ugradan günümiziň gijesi, ýatýan jaýyň boşdugyny görüp bir hili bolup gitdim. Ýogsa ol boş bolaýmalydy. Senem on sekiz ýaşadyň, il deňinde esger bolduň. Şonda-da ýüregimiň niresindedir bir ýerlerindäki damarlary dutaryň çekilen kirşleri ýaly dartylyp gitdi. Atalaryň ogularyna bolan söýgüsi diýilýän şu bolsa gerek. Şol söýgüniň dartymyna çydaman ogluny gullukdan alyp galjak bolup ýörenlere-de, ogluny öýüne ýakyn bir ýerde guluk etdirjek bolup ýörenlere-de dogry düşünmeli. Emma, «Illeň kakasynda şeýle söýgi has güýçli eken, meni kakam ýanynda-da alyp galjak bolmady» diýen pikir seniň göwnüňe gelendir öýdemok. Göwnüňe gelenem bolsa, sen ony yzyňdan baramyzda-da, öýe ýazýan hatlaryňda-da birjigem syzdyrmadyň. Sen indi atasynyň ogluna bolan söýgüsiniň beýle zatlar bilen ölçelmeýändigine düşünerçe ýaşa-da ýetdiň. Onsoňam men seni tanaýan ahyryn, sen beýle pikir etjek ogullardanam däl.

Senem o taýda düşegiňe geçip ýatmakçy bolaňda, töweregiňde öwrenşenje zatlaryň ýokdugyndan, kakaňdan, ejeňden, öýňüzden uzakda bir ýerdedigiňe bir hili bolup gidensiň. Bizi ýeke-ýeke ýatlansyň, hatlaryňda-da ýatlap dursuň. Ýatmaga gideňde «sag-aman ýatyp turalyň» diýip gitmek endigiň bardy. Indi bolsa ony içiňden diýýänsiň.

Öýňüzden aýraçylyk onuň gadyryny has bildirendir. Ine iki ýyl özüňem bilmänkäň geçip, öýňüze dolanaňda oňa garaýşyň başga bolar. Köçämiz, jaýymyzyň pessejik basgançagy, reňki soluşyp ugran gapymyz... hemmesi göz öňüňdedir. Öýe aladasyz girip-çykyp ýörkäň bu gapyň, bu basgançagyň özüni şeýle küýsetjegini göwnüňe-de getiren dälsiň. Olaryň şeýle ezizdigini, şeýle mähremdigini, şol wagtlar aýdan bolsam, sözlerime ýylgyrar oňardyň. Ine, bu günem durmuşyň özi muny saňa düşündirdi. Öz öýüňden, öz köçäňden eziz zadyň ýokdugyny onuň düşündirişi has ýiti, hem has aňyňa ornarlykly bolandyr.

Hawa-da, ynsan ilki öýüni söýer, köçesini, obasyny, soň tanap-bilip, il-ýurduny söýmäge başlar. Diňe «ülpüldäp gezen pişikler» muny bilmeýär, dogry dälmi, körpe?

Sen gideliň bäri mellekdäki ekinlere idegi gowşatmajak bolup menem jan edýän. Düýn günortan bir elimde pil, bir elimde dyrmyk, tohumly bedre ýüklenip gelýärdim. Meni görüp degişgen goňşymyz Mahmyt aga: «Goňşy, arma-da. Allahutagala saňa üç el beräýmeli eken» diýdi. «O näme üçin Mahmyt aga, yzymda zat goýman alyp gaýtdyma» diýsem, «Döşüňdejik bir kiçiräk eliň bolsa ýüzüň derini sylyp berip durmaga gowy boljak eken-dä» diýdi. Soňam ýene suňşurdy: «Aý, ýöne goňşy, sen ol eliňem boş goýasyň ýok». Gülüp hezil etdik. Soň seni, berýän kömekleriňi ýatladyk. Şeýdip işläp, ýaşap ýörüs.

Ejeň seň toýuňda öldüreris diýip bakýan öküzi äpet zat boldy. Aý hawa-da, agzyna seredilýär, näçe iýse öňünde. Ejeňem şony hor etmejek bolup gara-gaýgy-da. Şol öküze bize seredendenem gowy seredýärmikä diýýän. Ejeň tüweleme, alan bäş gektar pagtasyna-da ýetişýär. Beýle diýsem menden oňa kömek ýokdur öýtme. Menem mellekden sypynsam gektarda. Ýöne şu günler mellege eken käşirlerimizem ot basyp barýar. Käşiriň bu ýyl bahasam bar. Bazara eltip bilseň bolany. Gektardan nesip etdirenjesinem wagtynda alyp bilsek, seň toýuňa puly karz almasyz bolaýmagymyzyam ahmal.       

Hany özüňden habar bersene, nähili, aýagyňa geýen ädigiň agyr gelmän durýarmy? Gullugyň sowulansoň gulukdaşlarym diýip toýuňa çagyrjak, her gelenlerinde öýüň töründe oturtjak, deň-duşlaryň bilen dostlaşýaňmy? Ýa henizem öwrenşip bilmän, biri-biriňize gyňyr-gyňyr bakyşýaňyzmy? Ulusyran bolup, kiçiňize, täze gelenlere göwni ýetmezçilik eden bolýana däldisiňiz-dä hernä? Düýn özüňem şolar ýalydygyňy ýadyňa sal. Sen şol wagt nämä mätäçdiň, ýersiz-ýere yrsaramalaramy ýa-da ýyly söze? Agasy inisine ilki goluny uzadar. Öz gören horlugyny inisine görkezmejek bolar. Aý bolýar, indiki aýtjaklarymy sen «takal» diýip kabul edersiň. Onsoňam birinji hat üçin besdir-dä.

Saglykda görüşeli, körpe.  

 

Kakaň.

2-nji hat.

 

Saglykmy, körpäm!

Esger ýigit neneň onsoň, ýagdaýlar? Görseň, kakaňam hat ýazyp bilýändir! Ýoldaşlaryma-da okamaga berdim diýip, elden-ele geçirip ýörmäň, how, ony. Men-ä näme aklyma gelse ýazaýdym.

Näme aklyma gelse diýemde bir eşiden gürrüňim ýadyma düşdi. Öňem biri balyk tutýarmyş. Özem onuňky şeýle bir şowunamyş, çeňňegini zyňdygy bes, me saňa balyk! Ýöne bu balykçyň geň häsiýeti bar eken. Ol tutan balygyny elindäki taýajyga deňäp görüp, balyklaryň irilerini yzyna goýberýärmiş, ownuklarynam bedresine atýarmyş. Muny synlap duranyň biri çydaman, onuň ýanyna gelipdir. «Edýäniň näme? Il-ä uly balyk tutup bilenok, senem olary yzyna goýberýäň?» Ýaňky balykçy elindäki taýajygy görkezip: «Şundan ululary öýdäki sajyma syganok» diýipdir.

Ine körpe, aýdylan gürrüňiiň manysy kelle çanagyna sygmaýanlar edil ýaňky balykçy ýalydyr, kabul etmez, «iň ulularyny» yzyna goýberer durar. Jüpüne düşen tymsaldan, ýerlikli meňzetmeden oňa peýda ýokdur.

Hatymy elden-ele geçirip okaýan bolsaňyz, bolsa-da, siz beýle ogullardan däl ýaly. Ýöne, senden bir zat soraýyn, Mahmyt agaň degişmesini okaňda üç elli kakaň göz öňüňe geldimi ýa-da maňlaýymdaky, hakykatdanam, iki elimem boş bolmansoň sylyp bilmän gelýän derimiň ýüzümden syrygyşy? Ine şular ýaly gizlenip ýatan sowallar hatda başga-da kändir.

Indi bolsa, men saňa ýene bir rowaýat aýdyp bereýin. Pygamberimiziň döwründe o ýurtlara erbet gurakçylyk yz-yza gelipdir. Açlyk düşüpdir. Adamlar iýmäge zat tapman başlapdyrlar. Şeýle günleriň birinde bir musulman bendesi «Allahyň Resuly meni doýurar» diýip, Pygamberimiziň gapysyndan gelipdir. Emma, Pygamberimiziň gapysy mydam adamly bolansoň, ol ýerde bu myhmany doýurara zat tapylmandyr. Şol wagt sahabalardan biri Allahyň Resulyna «Rugsat berseňiz, bu bendäni men myhman alaýyn» diýipdir. Rugsady berlensoň, ony öýüne alyp gaýdypdyr. Öýüne gelşine aýalyna bolan zatlary aýdyp beripdir. «Bu Pygamberimiziň myhmany ony doýurmasak bolmaz. Sen çagalary irräk ýatyr. Özüňem şu gije gaýrat et. Bize nahar äbereňsoň, bir bahana bilen şemi ýanymyzdan äkit» diýip tabşyrypdyr. Aýaly adamsynyň aýdyşy ýaly edipdir. Bişirenje naharynyň ählisini bir tabaga guýup äberip, soňam şemi alyp gidipdir.

Öý eýesi: «Myhman, agzymyzy görmek aladamyz ýok-la, iýibereli, şem aýalyma, tikin-çatyna gerekdir» diýip nahary myhmana hödür edipdir. Myhman näçe günüň ajy bolansoň, şem boldy-bolmady diýmän nahary alypdyr. Iki kişi tabagyň daşyna geçipdirler. Emma, öý eýesiniň çemçesi her gezek tabaga degse-de boş gatnapdyr. Garaňkyň içinde muny görmedik myhman hezil edip doýupdyr. Soň, aç galan öý eýesi boşan tabagy aýalyna aýyrdypdyr.

Ertesi irden myhman bilen öý eýesi ertir namazyny okamaga Resulyllahyň mesjidine gelipdirler. Resulyllah olary görüp ýanyna çagyrypdyr. Myhmany öýüne äkiden sahabadan agşam nämäň bolup geçenini sorapdyr hem özi barada Kuranyň bir aýatynyň inendigini oňa buşlapdyr...

Hawa, körpe, şeýle adamlar gelip-geçipdir, bu dünýeden. Şeýdip bir myhmany doýurjak bolup özi, çagalary, aýaly aç galan sahaba muny nämäniň hatyrasyna etdikä? Megerem, ol adamlara garnyny doýurmakdan, ruhuny, wyždanyny doýurmak has möhüm görünendir. Nahara çykýan wagtyňyz, naharhanadakaňyz bu rowaýaty ýatla. Hernäçe aç hem bolsaň, gara garnyň aladasyny, ruhy halyňdan öňe geçirme. Nobatyňa garaş, hakyňa kaýyl bol. Açgözlügini basyp bilmegi, ynsan özüne ýaşlykdan öwretmelidir. Munuň saňa soň gaty köp ýerde peýdasy deger.

Şu ýerde ikinji hata-da nokat goýaly. Bu gezek kelläňi agyrtdym öýdýän. Ýöne sen entek sabyr edip üçünji hatam okamaly bolarsyň.

Saglykda görüşeli, körpäm.

Kakaň.

 

3-nji hat.

 

Saglykmy, körpe.

Öňki hatymy iki gezek okap çykdym diýipsiň. Iň ýakyn dostlaryň bilen maslahatlaşybam okapsyň. Bu meni begendirdi. Dogry aýdýaň, men saňa açgözlügiň nämedigini düşündirmek isledim. Ýöne ýene-de bir zada üns ber, Pygamberimizi gurşan, Hakyň hakyky dostlary gör nähili wyždanly ynsnlar eken.

Bu hatymda men seniň iň uly aladaňa, gullukdan soň kim bolmaly, nähili ýaşamaly diýen soraglara degmekçi.

Ruslaryň dünýä belli teatr režessýory Stanislawskiý bir gezek ýanyndaky artistlerden: «Guş nädip uçmaga başlaýar? Guşuň ucuşy nämeden başlanýar?» diýip sorapdyr. Artistleriň hersi bir jogap beripdir. Hatda arasynda guşuň roluny ýerine ýetirip görkezmäge başlanlaram bolupdyr. «Guş howadan küküregini doldurýar, soň aýaklary bilen ýeri itekläp bat alýar, soňam ganatlaryny kakyp uçup gidiberbär.» Bu jogap Stanislawskiýni kanagatlandyrmandyr. Öz soragyna özi jogap beripdir: «Guşuň uçuşy guşuň özüniň guşdugyna düşünmegi bilen başlanýar. Guşa uçmak üçin ilki özüniň guşdugyny bilmegi gerek.»

Ine körpe, akylly adamlar gör, nähili pikir edip bilýär! Guşa uçmagy üçin özüniň guşdugyny bilmegi gerek! Bu diňe guşlara degişli däl, ynsanam şeýle. Stanislawskiý artistlerine guşlar hakynda aýdýarka, «Özüňiziň artistdigiňizi aklyňyzda gowy özleşdiriň. Ýogsa, bu kär başartmaz» diýýärdi.

Goňşymyz Mahmyt agaň köp ýyllap obamyzdaky mekdepde mugallymçylyk edendigini, mekdep direktoram bolandygyny bilýänsiň. Ol bir gün menden, sen hakda gyzyklanyp: «Ogluň gullukdan gelensoň, oňa näme kär etdirmekçi bolýaň?» diýip sorady. Menem «Garawul bolaýmasa» diýdim.

-                           Goýsana ýaş oglanam bir garawul edilermi? Tapýan zadyna seret, o nämäň garawuly?

-                           Şeýle bir garawulçylyk bar, Mahmyt aga, giden gül-gülälek meýdan. Meýdanyň gutarýan ýerem uçut bir gaýa. Ine, şol ýere-de, garawul gerek. Adamlar, meýdanda oýanap ýören çagalar şol uçudy görmän ýykylmaz ýaly. Oglumy şo ýere garawul goýsam diýýän.

-                           Hä... Gepiň mundan çyk-dow.

Mahmyt aga bir salym sesini çykarman oturdy. Soňam: «Mugallym etjek diýýäňmi?» diýip sorady. Hökman mugallymçylyk däl, ol uçuda esewan bolardan mugallymlaryň sany az bolýar diýdim. Mahmyt aga ýene esli wagt sesini çykarmady. Soňam: «Goňşy, men saňa bir gören düýşümi aýdyp bereýin. Bir gije düýşüme, ho-ol gaýraky köçedäki Tahyr giripdir. Içegenräkdirem. Hor tap ýaşaýandyrlar. Içegen bolansoň belli bir işleýän ýerem ýok ýaly. Ana, şol düýşüme giripdir. Oglan wagty men olaň klas ýolbaşçysydym. Edil şu gün ýaly, ýaňkyň ogalnlygy, elinde-de galstuk meni kowalap ýör. «Dyr, ýoldaş mugallym. Şu galstuk bilen seni asyp öldürmesem içim sowamaz. Sen maňa okuw öwretmediň, akyl öwretmediň, diňe şu galstugy boýnumdan aýyrmasam saňa ýeterlikdi. Indem şu galstuk bilen seni bogaryn» diýip gygyrýar. Menem gyssanjyma özümi aklajak bolýan: «Klasda ýeke sen däldiň. Beýleki okuwçylar adam bolup gitdiler. Olar-a meni kowalap ýörenok. Günäni özüňden gözle» diýýän. Olam: «Beýleki klasdaşlarym tutup getir diýip meni iberdiler. Seni üýşüp asýas» diýýär. Tisginip, gara der bolup oýanypdyryn. Şondan bärem şol klasyň okuwçylaryny görsem özümi müýnli duýýan. Olaňky dogry. Şol döwür biraz, gün-güzeranymy gowlajak bolup, mugallymçylygyň daşyndan söwda-satyk edipdim... Ogluňy kim etseň etgin welin halalja işlär ýaly etgin. Köp adam halal işlemek diýmek, ogurlyk-jümrülik etmezlikdir öýdüp düşünýär. O-da dogry. Ýöne, ine şu radioda gepläp durany diňle, şolam halka bir diňlär ýaly zadyň gürrüňini etmese, halal işlemedigi bolýar» diýdi. Ýanymyzda Mahmyt agaň kiçijik el radiosy çalaja aýdyp durdy. Ony ýanyndan aýyrmaýanyny bilýänsiň.

Ine, körpe saňa üçünji hatymda aýtjagym şulardy. Galanynam öý gel, maslahatlaşybereris.

Kakaň.         

 

  

 


Teswirler (4 sany)

Almaz:
25 Fewral, 2012

Oglunyza gowy nesihatlar beripsiniz Ylyas aga! Oglunyzy beyle nesihatlara gulak saljak ogul bolup yetishendir diyen umydynyz, oglunyza beyle nesihatlar yazansynyz. Dusunmejegini bilsediniz yazmazdynyz dogry dalmi eysem? Indiki yazan hatlarynyzy heniz okamadym, yone olaram okamakcy nesip bolsa, yone yene bir soragym bardy, oglunyz ozune degisli bolan hatlary basgalaryndan gabanmadymyka? Bu yere yazmazdan oninca ondan rugsat alypmydynyz? Korpe: "Kakam bu hatlary mana yazmandyr eken" diymezmi? "Bu hatlar kakam ikimizin aramyzdaky duygularymyz, duygularymyzam bizin syrymyzdy" diymezmi?

Ylýas:
25 Fewral, 2012

Alamaz dost, "Esger ogluma hatlaryň" sizde gowy täsir döredendigine begendim. Olary men ogluma ibermändim. Ýogsa, ogullarymyň üçüsem gulluk etdiler. Hat şekilinde ähli ýaş esgerlere bermek islän maslahatlarymy, ogluma ýazýan şekilde ýazdym. Olar hususy bir adama degişli däl. Olary "Nesil" gazeti çapam etdi. Men bu hatlary häzirem dowam etdirmegiň pikirinde. 50 hat çemesi bolanda bir kitap etmekçi. Beýlekilerinem okap pikirleriňi aýdarsyň diýip tama edýän.

Ylýas:
25 Fewral, 2012

Alamaz dost, "Esger ogluma hatlaryň" sizde gowy täsir döredendigine begendim. Olary men ogluma ibermändim. Ýogsa, ogullarymyň üçüsem gulluk etdiler. Hat şekilinde ähli ýaş esgerlere bermek islän maslahatlarymy, ogluma ýazýan şekilde ýazdym. Olar hususy bir adama degişli däl. Olary "Nesil" gazeti çapam etdi. Men bu hatlary häzirem dowam etdirmegiň pikirinde. 50 hat çemesi bolanda bir kitap etmekçi. Beýlekilerinem okap pikirleriňi aýdarsyň diýip tama edýän.

Almaz:
25 Fewral, 2012

Bu hatlaryn bizin watancy yigitlerimize, esgerlerimize terbiye taydan uly tasir etjegine ynanyan. Aslynda, 50 dal, ahlak meselelerinin her birinin ustunde dursanyz, hat seklinde olara yuzlenersiniz diyip garashyan, bir kitap bolmasa iki kitap bolsun. Deyl Karnegi yaly jemgyyetde ozuni alyp barmaklygy owredyan bir yazyjynyn kitaplaryny okayan halk, sizinem bu yazygylarynyzdan peydalanar diyip umyt edyarin. Sozlerinin sony bolmadyk Mutekellim size sozlerinizde yardam etsin we sizin sozlerinizden basgalaryny hem peydalandyrsyn.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.