GYLDANAM INÇE... | Eserler | Ylýas Amangeldi

GYLDANAM INÇE...

Esseler | 1 teswir | 1352 okalan

 

 

Ömrüň tanapyna-da gyl ýaly inçe diýýärler. Syrat köprüsem gyldan inçe, gylyçdan ýitimiş. Gyl sözi, halk rowaýatlarynda, aýtgylarymyzda-nakyllrymyzda kän geçýär. Ýogsa ol siňe seretmeseň känbir göze-de ilenok. Durmuşda-da inçe senediň ussadynyň çyzyklary mysaly, ujypsyzça mähir ýürege üýtgeşik gözellik bolup ornaýar.

Meniň ýuka ýürek aýal doganym bardy. Her görende „Bize geleňizok” diýip zeýrenerdi. „Barýas-a pylan eje. Günde-gün aşa baryp durmagyňam nämä geregi bar? Üýtgeýän zat ýog-a” diýerdik. Emma, üýtgeýän, ýütgejek zat bar eken. Häzir o bende ýogaldy welin, öýlerine günde barasym gelýär. Arman ol öýe barmaga indi aýagym diýen etmejek bolýar. Ýene „daýy-da daýy” bolşup duran ýegenjiklerimi görmäge barýan. Her gezegem, içimden „Pylan ejem bilýän eken, üýtgeýän zat bar eken” diýip, uludan dem alanymy duýman galýan.

Atam pahyr, ýaşy segsene ýeteňkirlänem bolsa, „Pylan dostumy görmäge gitjek” diýip, eşegini münüp gidende ýarym günlük, gelende ýarym günlük ýol aşar eken. Ýogsa, barany bilenem, göreni bilenem üýtgän zat ýokdur. Üýtgänem bolsa, köplenç göze-de ilmeýän gyl ýaly – ömür tanapyna deňelýän gyl ýaly üýtgändir... Kakam ýogalanda keslläp düşekde ýatan dosty ogullaryna özüni düşegi bilen maşyna mündürdip, ony soňky ýoluna ugratmaga geldi. Geleni bilenem üýtgän zat ýok, gelmänem bilerdi. Gelmän bilmedi. Ömründen galanja günlerini gyl ýuwudan ýaly bolup geçirmezlik üçin geldi. „Men öňürti giden bolsam, olam şeýdip gelerdi” diýip geldi.

Kerim agaň „Ýazmasy kyn düşen goşgusy” ýadyňyzdadyr. Belki şol „geler, geler” diýlip garaşylan ogulam getirmedik zat gylça-da ýokdur. Gara şaýa degmeýän wezipeparazlygymydyr, ýa „Baramda barmanymda üýtgejek zat barmy?” diýen boş düşünjesidir. Durmuşda sebäp gytmy?! Müňläp saçymyzdan birjigi iýenimizi burnumyzdan geler ýaly edip bilýär ahyryn! Ýogsa bir gyldyr...

„Bir ata kyrk oguly eklär, kyrk ogul welin bir atany eklemän biler” diýilýär. Bir görmäge, kyrk ogula bir atany eklemek hiç zat, gaýta bir ata kyrk ogly eklemek kyn düşmezmi? Bu ýerde-de gyl ýaly inçelik bar. Ata atalygyny berjaý etmäge borçly. Şol ata-da biriniň ogly, olam öz atasyny eklemedimikä? Kim bilýär „Özi-özüni ekläp ýör-ä. Meniň ony eklejek bolmam nämä gerek?” diýendir. Şeýle atalardan biriniň şäherde ýaşaýan ogluny saklap: „Oglum sen maňa indiki geleňde hoz getir. Kaka, şuny saňa aldym diý-de öňümde goý. Men getiren hozuňy döwünerin. Maňzyny oglum saňa, senden bolan agtyklaryma iýdirerin. Maňa daşynyň gabygam bolýar” diýenini eşitmänmidiňiz? Eşidensiňiz. Eşitmedikleriňizem eşidip, bu gyl ýaly inçe sözlere ünsem eden däl bolmagyňyz mümkin...

Bir şahyr dostumyň öz enesi hakynda beren gürrüňi hiç hakydamdan çykanok. Goý, ol menden aýp etmesin, inçe zatlaryň gürrüňini açaňda, sözüňi diňleýjiňe ýetirmek üçin iň ýüregiňe ýakyn zatlary mysal almaly bolýar. Şahyrlaryň köpüsi ýaly, hemmesi diýsemem, ýalňyşmazlygym mümkin, ol dostumam goşgy ýazmaga mekdepde okap ýörkä başlapdyr. Ýazan goşgularyny bir gün enesine-de okap beripdir. Enesi agtygynyň başyny sypap: „Oglum beýdip, kelläňe agram salyp goşgy ýazmaňda bolanokmy?” diýipdir. Emma, ýazma-da diýip bilmändir. Soň bir gezek enesi agtygynyň goşgularyny garalamadan ak kagyza göçürip oturanyny görüp oňa özüçe düşünipdir-de: „Hä, şeýledir-le, başga biriniňkini göçürýänsiňem öýdüpdim-le. Kelläňe agram salmajak bolaýgyn, oglum” diýipdir. Gül sen, agla sen, ene ýüregi şeýle inçe bolýar. Bu inçeligiň ýanynda gylam ýogyn geler.

Dogry, beýle inçelik bilen ýaşamak kyn. Ýüpem inçe ýerinden ýolunýar. Ýöne bu tebigatda hatda kaktuslaram gülleýär. Onda-da nähili owadan gülleýär! Bu gudrata haýran galýaň. Nergiz güli hakynda-da bir inçe rowaýat bar.

Gadym zamanlarda Nergiz diýip bir görmegeý ýigit bar eken. (Mümkin gyzdyr, ýöne rowaýat üçin bu ähmiýetli däl). Ol owdanlygyna begenjinden günde kölüň boýuna gelip, ondaky öz şekilini synlamagy gowy görer eken. Öz owadanlygyna imrine-imrine bakyp, ol ýigit bir gün özüniň köle ýykylanynam bilmän galypdyr. Şeýdibem suwa gark bolupdyr. Soň onuň gark bolan kenarynda nergiz diýen owadan gül gögeripdir.

Oskar Uaýat diýen beýik ýazyjy bu rowaýaty soň şeýle inçelik bilen dowam etdiripdir.

„Köldäki suw perileri ol ýigit gark bolandan soň kölüň suwunyň şorlaşanyny duýupdyrlar.

-                             Köl-köl, sen nämä aglaýaň? Ol ýigit saňa uzak wagtlap sereder oturardy ahyryn. Näme onuň görkünden ganmadyňmy?

-                             Wah, men ony bir gezegem synlap ýetişmedim ahyryn. Her gezek kenaryma gelip maňa bakanda, men onuň gözleriniň çuňlugynda özümi görerdim”.

Nähili inçelik! Gark bolan Nergiziň owadanlygyny mundan çeper edip beýan etmek mümkinmikä beri?!

Ine ýene-de bir inçe hekaýat.

Bir söweşde şehit bolan esgeriň ejesi, oglunyň şehit bolandygyny ýa bolmandygyny anyklamak isläp, Muhammet pygamberimiziň ýanyna gelipdir. Pygamberimiz oňa: „Ogluňyz şehit boldy, isleseňiz men ony size görkezibem bilerin” diýipdir. Şonda ol ene: „Ýok, men gözlerime däl, saňa iman etdim” diýipdir. Pygambere iman etmegiň nämedigini şundan çuň beýan etmegem mümkin däl bolsa gerek.

Ilçilikdir, aramyzda bu mysallary okap, „Peşeden pil ýasaýanlardanam ýadapdyryn” diýjeklerem bardyr. Ýöne, meniň göwnüme olar şol „peşeler” gije ýatmaga goýman, baryp ýüreginden dişlese-de duýmaýanlardyr. Adama duýgurlyk diýibem bir ukyp berlipdir. Şol ukybyň bolmasa gögerip oturan agaç, şol bir gögerip oturan agaçlygynda galýar. Agajyň şahalaryny guşlar gonsun diýip gerýändigi, güllände arylar gonsun diýip, miwelände çagalar ýolsun diýip miweleýändigi oňa görünmeýär. Pikir edip görüň, agaja bu häsiýetler berilmänem bilerdi ahyryn. Guşlar simlere gonubam, arylar öňlerine goýlan emeli nektardan daşabam, bizem miwe suwunyň ýerine hoştap ys berlen emeli suwlary içibem oňup bilerdik. Gijäniň Asmanyna ýyldyzlaryň nämä geregi bar? Adamlar azaşmaz ýaly, bar, Demirgazyk ýyldyzy dursa dursun, Ýedigen diýdi, Ülker diýdi, Ýaldyrak diýdi olaryň nämä geregi bar? Olar astronomlar bilen şahyrlar çöreksiz galmasyn diýip dogýan bolaýmasa?!

Bu düşünjedäki adama gijäniň gözelligini nädip düşündirjek? Ýa-da simfoniki orkestr barada „Skripka diýdi, weolonçel diýdi, kontrabas diýdi, bir topar saz guralyny bir ýere ýygnapdyrlar. Biriniň çalýanyny beýlekisi eşidenok. Biri ulurak, biri kiçiräk diýmeseň ýaňkylaň baram bir zat. Onsoň olaryň nämä geregi bar? Diržoruna çörek diýäýmeseň” diýýän adam saza nädip düşünip biler?

Aslyýetinde, agajyň, asmandaky ýyldyzlaryň, simfoniki sazyň gözelligine düşünmeýänler aňry çäkdäki adamlar. Olar aramyzda juda azdyr diýip kabul edeliň. Durmuşyň inçeligine, süýjüligine, gussasyna-şatlygyna... enesine-atasyna, doganyna-jigisine  düşünmeýänler, hatda düşünmek hem islemeýänler, belki olardanam azdyr. Eger beýle däl bolsa, onda diýmek ýaşaýşyň tagamy gaçýar. „Doganyň dogana bahasy ýokdur” diýen Magtymguly atamyzyň ýalňyşdygy bolýar. „Jennet eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr” diýlen ganatly sözlere ynanmagymyzy goýdugymyz bolýar. Atalarymyzyň bizden näçe göwni galýan bolsa, biz atalarymyzdan näçe daşlaşýan bolsak, şonça-da Möwlanananyň „Mesnewilerinden”, Döwletmämmet Azadyň „Wagzy Azadyndan” daşlaşdygymyzy aňladýar. Şükür edýärin, gaty inçe zatlara duýgur hem parastly atam-babam, halkym bar.

Ýadyma düşýär, mekdep partasyndakak bize ululary sylamalydygyny, awtobusda ululara ýer bermelidigini öwredýärdiler. Häzirem öwredilýän bolmagy mümkin. Ýöne, mekdepde öwredilsin-öwredilmesin, bir türkmen ýaşulusy awtobusa münende bir türkmen çagasynyňam muňa parhsyz garap oturmagy mümkin däl bolsa gerek. Bir gezek şeýle bir wakanyň şaýady boldum. Awtobusa bir mapraç aýal bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran oglanjyk mündi. Eneli-ogul bolmaklaram mümkin. Awtobusdaky boş ýerleriň birinde özi oturan aýal, meniň ýanymdaky boş ýere-de oglanjygy oturtdy. Özem „Turup, ýeriňi başga birine beräýmegin, dyknyşykda aýagyňy basarlar” diýip tabşyrdy. Hakykatdanam bir-iki duralgadan soň awtobus doldy. Oturara boş ýer ýokdy. Dik duranlaryň arasynda saçlary çalaran elli ýaşlaryndaky birem bardy. Oglanjygyň iki gözi şol adamdady. Turup ýerini beresi gelýärdi hem enesiniň tabşyrygynam tutjak bolýardy. Ahyry oturyp bilmedi, turup özünden ula ýerini berdi. Soň biz oglanjygy aramyzda oturtmakçy bolduk, teý etmedi.

Türkmen çagasyna ulyny sylamagy diýip etdirjek bolsak, onda, öňde-de biriniňki ýaly, olary „diýenimi edýär” diýip urubermeli bolar. Türkmen çopanyna buýruk berip malyna gowy seretdirjek bolsak, ýa-da, daýhanyna buýruk bilen eken ekinini idetdirjek bolsak, bu ýerde başga bir näsazlyk bardyr. Türkmene özüniň türkmendigine bolan buýsanjy, beýle derejede pese gaçmaga ýol bermez. Ýöne munuň üçin ol Mylly agany, Pürli agany, Sahy agany, Çuwal bagşyny... gana-gana diňlemelidir. Döwletmämmet Azadyny, Magtymgulyny, Göroglyny... gana-gana okamalydyr. Kerim Gurbannepesiň, Gurbannazar Eziziň, Italmaz Nuryň goşgularyndan ýatdan aýdyp biler ýaly bolmalydyr. Öýünde maşyn halysy däl, gelnejesiniň dokan el halysy ýazylgy durmalydyr. Çünki haýyry-şerden, halaly-haramdan, gözelligi-betnyşanlykdan, ygrary-lebizsizlikden... saýgarmak ýaly duýgurlyk ýaradylşynda baram bolsa, açylman, ösmän, çüýräp biler.

Gyl ýaly kiçijik zadyň gürrüňi, gör, nähili uly zatlaryň üstünden eltdi, eý dost! Belki-de men öte geçendirin?


Teswirler (1 sany)

Алп Арслан Түркмен:
27 Aprel, 2012

Белент жайларда гоңшысындан бихабар мениң ялы йүреги даша өврүлип барян түркменлере азажык өте гечип, яңкы пеше ялы йүрегинден чакмасаң түркменлиги ятлажакмы... Bravo

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.