DILEG | Eserler | Ylýas Amangeldi

DILEG

Hekaýalar | 1 teswir | 122 okalan

 Ala bahardy. Mämmet kärendesine alan üzümlerini keçip, günortan öýüne nahara gelipdi. Gektarlarynyň öýlerine golaýlygam dünýe malyna degýär. Ýanyňa nahar-beýleki göterip ýörmek aladaň ýok. Mämmet naharyny ýaňy öňüne alanda, daşardan biriniň ardynjyraýany eşidildi. Çykyp seretse, özi bilen deň-duş bir pyýada salam berip dur. Mämmet salamyny alyp ony öýe mürähet etdi. Nätanyş gaty parahat, ýaýdanman diýen ýaly içeri girdi. Ýöne nahar bilen kän ugry bolmady.

-         Geçip barýadym-da sowulaýdym. Meni tanaýanam dälsiňiz. Goňşy obadan. Adyma Nazar diýýäler. Sizligem kiçiräk meseläm bardy.

-         Çöregiňi arkaýyn iýmediň-ä. Meseläni gapdalyndan çözübereris. Näme goňşy-golamlaň birine gudaçylyga gelmek hyýalyňyz barmy? Ýa olardan biri size baryp ýörmi?

-         Ýok, olaň-a hiçisem däl. Aýtsam, ynanman ýaňsa alarmykaňyzam öýdýän.

-         Aýdyber, oglan-uşak däl-ä ikimiz, ýaňsa alar ýaly.

Myhman bir salym dymdy. Onuň aşakylyk bilen gözüniň içine seretmesini Mämmet halamdy. Çala bokurdagyny arçap tabagyndan yza süýşdi.

-         Siz iýiberiň, maňa... men...

Nazar sözüni nämeden başlajagyny bilmän ýaýdandy.

-         Aý, agam, siz menden ulusyňyz, menä göwnümdäkini aýdaýjak. Neme-le. Muňa bir aý töweregi bolup barýar. Näme dilesem bolup dur. Gapyda bogazja goýnum bardy. Ekiz guzlamazmyka diýsem. Ekiz guzlady. Şu günä işe gijä galaryn-ow, yzymdan tanyş ulagly ýetmese diýdim. “Şäheremiň goňşy” diýip biri ualgyny deňämde saklap dur. Başga-da kän bolan zat. Içimden diýenim bolup duran ýaly.

-         Be.

-         Göwnüme-de bolmagy mümkin. Ýöriteläp bir zady islesem ol bolanok. Bir hili toslap isleýänimdenmi, nämemi.

Ara dymyşyklyk düşdi. Mämmet bu tanamaýan adamsynyň edip oturan gürrüňine näme diýjegini bilmedi. “Hawa, bu zatlaň bize näme dahyly bar” diýen ýaly edip Nazara seretdi. Nazar şeýdiýiljegini bilýärdi hem munuň jogaby ony ýaýdandyrýardy.

-         Siz meni geň görmäň. Akylym-huşum ýerinde. Kesen üzümleriňiziň çybyklaryny çykaryp ýörkäňizem deňiňizden geçdim. Şo taýda gürleşjegem boldum. Ýene köçe gürrüňi däl diýip öýe gaýdýançaňyz güýmendim. Näme üçin muny sizden soraýanymam bilemok. Bir hili siz maňa dogrusyny aýtjak ýaly bolup dursuňyz. Onsoňam siz meni tanaňyzok, gybatymam edip ýörmersiňiz. Gürrüňimi edäýeňizde-de kim size ynanar?

Tanaýan adamsy bolanda Mämmet oňa bireýýäm “göterilsenaý” diýerdi. Içinden “Bir saçagyň başynda otyrdyk, soňuna çenli diňläýin. Mys-mysyň mustapasam bardyr” diýip ýylgyrdy.

-         Hawa, menlik näme mesele? Düşnükliräk aýtsana – diýdi.

-         Mesele bolup, mesele däl-le. Men dilegim göwnüme kabul bolup durmy ýa başgaçamy şony biljek bolýan.

-         Nädip?

-         Size-de bir dileg edeýin. Aýdyň göwnüňizden näme geçýän bolsa. Ýöne ýasama bolmasyn.

Mämmet bu gezek, ýylgyryp oňmady-da çalarak güldi.

-         Alýaňaý dost. Näme diläýin?

Onýança gapydan Mämmediň ýumuşa ýaran gyzjagazy tabaklary alyp gitdi. Çaýam getireýinmi diýip sorady. Mämmet howlukmaçdygyny gelen myhmana-da duýarlyk edip, “Çaýy termosa demläý, gyzym. Meýdanda içerin” diýdi. Nazar müýnli ýaly ýerinden turdy.

-         Arkaýyn çöregiňem iýdirmedimmi men saňa?

-         Ýok-laý. Özüň iýmediň. Nazar diýdiňmi adyňa?

-         Hawa. Bolmasa üzümleň başynda dowam edäýeli.

Mämmet myhmany bilen deňiräk aýak üstüne galdy. Içinden “Gara çynaý muň” diýip içini güldürdi.

-         Özüň näme kär edýäň? Şäherde işleýän diýdiňmi?

-         Hawa, şäherde işleýän. Üç günden bir gitmeli, smenli iş.

Olar daş çykdylar. Mämmet gyzynyň demläp getiren termosyny, käse-süýjüsini alyp üzümlerine tarap ýöräp ugrady. Nazar onuň bilen ýanaşyk ýöräp işi hakynda gürrüň berýärdi. Mämmet ondan näme kär edýäň diýip sorasa-da, näme kär edende-de onuň üçin parhy ýokdy. Ahyry ol durup bilmän:

-         Seň çynymy ýa oýun edýäňmi? – diýdi.

-         Çynym agam. Häzir siziň üçin etjek dilegimem kabul bolsa, bu ýönelige däl bolmaly.

-         Meňä üýtgeşik dilejek zadym ýok. Şu üzümleň hasyly azabymyza görä bolsa.

Nazar begenip “Boldy, agam” diýse-de, ýene ýaýdandy. Soňam:

-         Azap etseňiz azabyňyza görä-de bolar-da. Nädip bileris meň dilegimemi dälmi?

Mämmet hezil edip güldi. Tas ”Boldy-laý, dost. Meni işden goýmasana” diýipdi. Emma Nazar oňa maý bermedi.

-         Şu pelden aňyrsy başga biriniňki ýaly-la.

Mämmet başyny atyp takyrrak ýerde termosyny goýdy. Nazar janygyp sözüni dowam etdi:

-         Goňşyňkydan seňki iki esse köp bolsun diýeli. Şo bolsa meň dilegimden boldugy, deňiräk çyksa-da...

-         Sen onda... soňam gelmeli borsuň-da?

-         Geläýerin. Goňşy oba daş ýer däl.

-         Goňşy obada kimlerden-aý sen?

-         Tanasaň-tanaýansyňam. Atamyza Öwezgeldi aga diýýädiler. Dogtor.

-         Hä-hä, tanaýan. Ýene bir agaňam bolmaly seň, biz deň-duş. Şirli.

-         Hawa, men Şirliň inisi-dä. Diliňe berk bolawergin. Göwnüme gelşidirem diýýän. Ýöne bir gezek, iki gezegem däl-dä eýesiz. Kä wagt dagy içimden dileg etmäge-de gorkýan. 

-         Nämesinden gorkjak, gowy dileg edýänsiňä?

-         Erbet dileg edemok-la, şonda-da...

-         Üzüm bişinçä garaşjak ýörjekmi?

-         Aý... hasyla duranda-da bildirer-le. Goňşyň üzümine seredişem seňkiden pes däl ýaly. Gowy üzümleri bar. Tüýs isleýşim ýaly boldy. Seň goňşyňdan hasyly iki esse köp alsaň, ýagdaý aç-açan bolýa.

Mämmet Nazaryň üstünden henek atmaga başlady.

-         Aç-açan bolansoň nätjek?

-         Aý, şonam bilemok. Sesimi-üýnümi çykarman gezäýmesem.

-         Aýalyňa begenýändiraý?

-         Aýala-beýlekä aýdylýan däldir. Diliňe berk bol diýýänimem şondan. Ile bir ýaýradaýmawegin.

Mämmet Nazara näme diýjegini bilmedi. Kelç-külç adam däl. Salyhatly, gepi-gürrüňem ýerinde. Ýalan sözlejek, oýun etjek adama meňzänok. Nazar Mämmediň içgin seredýänini geňläbem durmady. Ýene bir gezek “Dilňe berk bolawergin” diýdi-de gidiberdi. Mämmet termosyna elini ýetirdi. Özünden entek känbir uzaklaşmadyk Nazara “Käsäni iki salypdyrlar” diýip çaý hödür etdi. Nazar “arkaýyn iç” diýip ýoluny dowam etdirdi.   

Mämmet onuň yzyndan garap oturşyna çaýyny guýundy. Ýylgyryp, başyny ýaýkady. Her ýerde baraý, işigaýdan. Her kim özüçe akylyndan azaşar diýýälermi? Mämmet özünden barha daşlaşyp barýan, daşlaşdygyça-da gözüne kiçelip görünýän Nazara “akylyndan azaşan” diýse-de, bir hili ünjä gitdi. Bir käse çaýyny içinçä her dürli pikirler aňyndan geçdi.

Biz hernäçe arzuw etsegem arzuw bir boş zat. Hasyl bolmadyk, boljagam näbelli göwün ýüwürtme. Ogul diýýäs, gyz diýýäs, toý diýýäs, uzak ýaş... hemmesem bolsa bolaýýar, bolmasa-da boş hyýallygynda galýar. Ýaňkam aýtdy, ýöriteläp dileg etsem bolanok diýip. Ownuk-uşak, ekiz guzy, işime ýetişsem... bular ýaly zatlar kimde bolanok? Mende-de bolupdy, edil perişdeler omyn diýen ýaly hasyl bolan arzuwlam. Şoň üçin basga galyp ýörübermelimi? Muňky başgaça bolaýmasyn? Bir ýerde okapdym öýdýän welileriň dört görnüşi bar diýip. “Weli bardyr welidigini özem biler, ilem. Weli bardyr welidigini özi bilmez, il biler. Weli bardyr welidigini özi biler, il bilmez. Weli bardyr welidikgini özem bilmez, ilem. Bu soňky welilerden bolaýmasyn?

Kellesine gelen bu pikire Mämmet ýene ýylgyrdy. Käsesiniň düýbünde galan şemli çaýy serpip goýberdi-de, üzmleriniň arasyna girip gitdi. Eýýäm üzümleriniň arasynda haýdap ýören goňşusynyň armasyny berdi. Gülküsi aňyndan uçdy.

“Silap üzümlerine mendenem köp azap edýär. Soňunda-da ýaňkyň dilegi kabul bolup, alan hasyly meňkiň ýarsy ýaly bolsa? Boljak zatmy şo? Bolaýsa näme? Üzümli dilegiňi goý diýmeli ekenim”.

Mämmet giçlik öýüne baryp, eşigini çalşyryndy-da Nazarlaryň öýüne ugrady.                         

Teswirler (1 sany)

:
28 Aprel, 2024

ylÿas aga salam bolsun hakykatdanam ka pille ozumizi içimizden bir dileg etsek bolya yone dasymyzdan dileg etsek bolanok

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.