Men barada | Ylýas Amangeldi

Men barada

Özüň barada ýazmak iň kyny. Emma, aslyna seretseň, edebiýatçy elmydam özüni ýazýar. Daşky sypatyny, başdan geçiren wakalaryny ýazmasa-da, (hatda olaram ýazýan wagty bolýar) ýazýan zatlarynyň çeşmesi, öz ruhy dünýäsi. Diýmek özi. Meniň begenjim-şatlygym, gaýgy-aladam... barysy ýazanlarymda. Olardan daşgary şulary aýdyp bilerin: Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýalkym obasynda, 1952-nji ýylyň 19-njy awgustynda doguldym. Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebinde on ýylyk bilim aldym. Soňra Oba-hojalyk institutynda (häzir ol uniwersitet boldy) ýokary bilim aldym. Kärim bag-bakjaçylyk agronomy. Bu hünärimi diňe mellegimde ulanýan. Esasy işim edebiýat. Ony bolsa mekdebiň 8-nji klasyndan bäri öwrenip ýörün. Ilkinji ýazan goşgularym "Edebiýat we sungat", "Ýaş kommunist" gazetlerinde çap edildi. "Sowet edebiýaty" žurnalynda sonetler çemenlerim çykdy. Dürli ýyllarda dürli gazet-žurnallarda birnäçe makalalarym çap edildi. Daşary ýurtlardan Türkiýede 3-kitabym çap edildi. "Üç nokadyň biri" Bu romany 2001-nji ýylda ýazdym. Ol şol ýyl Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň, Ýazyjylar birleşmesiniň geçiren roman ýaryşynda 2-nji ýer aldy. Ikinji kitabym "Günüň dogmasy aňsatmy?" Türkçe "Kalır dudaklarda şarkımız" diýen at bilen çap edildi. Häzir onuň 4-nji neşiri çykarylyp ýör. Üçünji kitabym "Ilki ýürek ölýär". 2009-njy ýylda ýazdym. 2010-njy ýylda türk dilinde çap edildi. Maşgala ýagdaýym barada aýtsam üç ogul, üç gyzym bar. Umuman üçlük san mende kän gaýtalandy. Çagalarymdan diňe körpe oglumyň "kör düýesi köprüden geçmedik". Agtyklarymyň sany, tüweleme 10-a ýetipdir. Häzir "Dünýä edebýady" žurnalynda işleýärin.

Tanyşlygyň mundan galanyny duşuşyklara goýdum.

 

Dogrusy men sizi tanamak islýärin, okyjym.