Şu gün köp garşylyklary içmde ýeňip gündelik ýazmaga girişdim. Ol gündelik bolup eden ýa-da etmekçi bolýan zatlaryn barada bolmaz. Edebiýat hakynda özüm bilen (okyjylar bilen) pikir alyşma ýaly bir zat. Saýtyň eserler bölümi açylypdyr. Ondan öň ähli hekaýalarymy ýygnap bir ýere jemlemegiň pikirini etdim. Hekaýalarym başly-barat, eýesiz ýaly bolup ýatyrlar. Hersi bir ýerde. Olary kitap ýaly jemlemek, yzygider goýmak, gowşaklaryny ýok etmek ýaly işler edilmän ýatyr. Bolmanda olaryň bir ýere jemlenen görnüşi bir bolsa. Elimiň degdiginden muny hökman etmeli. Esseler bir ýrer jemlenen görnüşde bar. Goşularam esasan jemlenen. Hekaýalaram şeýdip bilsemgowy boljak. Arada birine soňky hekaýalarymdan birini iberdim welin ýalňyşyp gutarylmadyk wariantyny iberipdirin. Bir hekaýaň 3-4 wariantynyň bar ýerlerem bar. Olardan gowsuny seçip gazete iberendirin. Ýöne iberilmedikleriň içinde-de gowy zatlar bar ýaly bolup dur. Umuman işlemeli/
Teswirler (2 sany)
agam menem awtorlyga agza bolup bilerinmi!
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Şeýtseňiz gaty gowy bolardy. Kitaplaryň hem iň soňky wariýanty bolmaly saýtda. Men hem şeýle, biri ertir çap etjek bolsa "meh" diýer ýaly çapa taýýar görnüşe getirmekçi ýuwaş ýuwaşdan.