| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Noýabr 28, 2015 | 0 teswir | 1330 okalan

Gürlemek aňsat däl. Iň aňsady dymmak. Emma dymdygyňça dymasyň gelýär. Menem şeýle gündelik ýazmak kyn, ýazmazlyk aňsat. Ýazmadygyňça ýazmanyň gowy diýýäň. Birdenem näme üçindir dymasyň gelenok. Aýdasyň gelýär.

Aýdasym gelýär. Päklik hakynda. Daglaryň gary ýaly arassa, gözleriň ýaşy ýaly dury, gojalaryň sakgalynyň aklygy ýaly parlak. Göwünler kir tutanda ondan hapa zat ýok. Göwün kirlese ony ýuwara-da zat ýok. Dagyň gary kirlese erär gider.Ak sakgal kirlese ýuwup bolar. Gözýaş bolsa hiç haçan kirlemeýär. Hatda göz batyl bolsa-da ondan akan ýaş dury. Belki göwünem kirleýän däldir? Ony görübem bolanok Ony gizlemegem, görkezmän gezmegem mümkin däl. Syryňy saklap bilersiň, emma ýüregiň hapasyny gizlemek mümkin däl. Oňa kirleýän däldir öýdüp özüňi aldatma. Muny özüňde görmek has-da gorkunç. Her gün irden ilkinji gaýgym ýüregimiň kiri. Hezreti Omaryň özüniň mynafyk däldigine göz ýetirip bilmeýşiniň azaryny göz öňüne getirip gördüňizmi? Söýüp bolar. Emma söýgiň söýýän zadyň 100-den biriçe-de ýokdugyny görmek nähili aýylganç! Öňüňe, yzyňa garanarsyň. Almakçy bolýan zadyňa puluňy ýetirjek bolup jübüleriňi dörüşiňdenem beter, beýniňi, ýüregiňi, ruhyňy, düşünjäňi... dünýäňi dörersiň. Emma ýeke şaýylygam zadyň ýok bolsa, aljak zadyňam alyp bilmän galsaň.... Ähli baýlygyňy göwnüňdäki kir basypdyr. Arça, gaza, owkala, ýenç hapaňy bolmanda azajyk ýukaltmaga dyrjaş. Belki bazaryň sowulmanka ýuwula-ýuwula göwnüň kiri ýukalar. Belki-de aljagyňa borluk baýlygyň üsti açylar?! Açylmaz diýme. Diýdigiň päklenmäňi goýarsyň. Arassadyrynam öýtme, eliň boş çykarsyň. Her gün, her gije, her pursat ýuw kalbyňy. Ol bedeniňi ýuwmak üçin sypyrnandanam utandyryjy bolup biler.  Emma aýp däldir. Ýüregiňdäki kir aýpdyr. Ony görmedik bolmak, oňa ýodur diýmek, ony ýuwup bilmezlik aýpdyr. Arça beýniňi, gazala kalbyňy, özüňi ýenç, ýöne päklen. Päklen... päklen....       

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.