| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Aprel 07, 2015 | 0 teswir | 1153 okalan

Ýazyň çykany barha aýdyň bildirýär. Gapyda kesilen üzümler aglamasyny goýdy. Indi olaryň pyntyklary ýapraklap guşlary özüne çekýär. Howaň bulutlaşygy aýrylşyp Günüň gyzgyny barha artýar. Tüýs kino düşürmeli günler başlanýar. Biziň kinomyzam biraz yza süýşdi. Ýöne şonda-da erbet däl. Ýaşyl baýyrlar, dag etekleri, şol ýerlere çykyp häzirki dokumental filmimizi alyp ýörüs. Ertir has köp işleri bitirmeli.

Adam nähili gymmatly! Hasam bile tirkeşýän dostuň. Wagt geçýär, tirkeşmäň galyşýar, soň ol saňa dostam däl, ýoldaşam däl bolup çykýar. Görüp oturýaň welin onuň gymmatlygam wagtlaýyn eken. Çünki ol seni, sen ony ýadyňdan çykaryp gidip otyrsyň. Bile mekdebe gatnan ýoldaşlarymyz bardy. Biriniň gapysynda onam ýanymyz bilen alaly diýip garaşyşymyz ýadyma düşýär. Aýrylşasymyz gelenokdy. Mekdebede bile giderdik, bile öýe-de gaýdardyk. Bahana tapsak arasynda-da görşerdik. Häzir şol oglanyň nirelerdediginem bilemok. Bu ýekeje mysal. Adamyň özüne gerek wagty dost tutunyp, gerek däl wagtam ony ýadyndan çykarýany üçinem däl. Beýle egoistlik ýadyma-da düşenok. Ýöne wagt, üýtgäp duran ýagdaýlar adamlary birden biri-birine ýakynladýar, birdenem bilmän durkalar daşlaşdyrýar oturberýär. Duşmançylygyň ömri dostlugyňkydan uzak ýaly görünýär. Seni ýigrenen adam ömri ötýänçä seni ýigrenip gezýär, dost bolan welin belli bir wagtdan soň seni unudýar. Soň duşuşýaňam welin, bir bada köne gatnaşyklaryň ýadyňa düşüp gyzgyn görüşýäň, soňam häzirki daşlygyň ony ýene senden daşlaşdyrýar. Bu ýalňyş, beýle bolmaýyn diýseňem gaýta beteri çykýar. Çünki dostluk beýle bolaýyn, ýa bolmaýyn diýip ýaşadylýan zat däl bolmaly. Resul Gamzadyň "Dostlaryňyzy aýaň" diýip goşgular kitaby hem içinde bu temadan ýazylan gowy goşgusy bardy. Hakykatdanam dostluk aýalmaly zat. Çünki onuň ýitmesi aňsat bolýar.

Bu zatlaryň kelläme gelmeginiňem elbetde özüne ýetesi sebäbi bar. Ýöne ol sebäbleri gündelikde ýazmak gelşiksiz. Gelşiksiz sebäpleri ýazmaňda-da her kimde olar ýetik. Herimiz özümizden mysal alybermeli. Esasy aýtjagym dostlaryňyzy aýaň, özüme-de dostlaryňy aýa diýmekdi...   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.