Bu gün 1-nji mart! Gurbannazar neressäň doglan güni. Irdenden bäri kellämden çykanok. Okan zatlarymda-da, gören zatlarymda-da, eşidenlerimde-de, gündelik adaty zatlarda-da ol ýadyma düşdi durdy. Hasam töweregimdäkileriň hereketlerinde ony görmäge çalyşdym. Haýran galaýmaly, bu ýagdaý maňa köp zady aýtdy. Adamlar bilen öňkümden has mähirli bolmaga çalyşdym. Gören, okan zatlarymy şahyrlarça aňymdan geçirdim. Bir topar goşgulyk pikirler kelläme geldi. Olary belläp almasam ýadymdan çykmagam mümkin. Ýöne bellärin. Sähelçejigem gaharlanmadym. Gaharlanjak bolamda-da Gurbannazar ýadyma düşüp nädip gowşanymy bilmän galypdyryn. Gaharymy getiren zadyň bolgusyzlygy gözüme dürtüldi. Bir gynanan zadym, adamlaryň barha ownaýandygy hakynda gürrüň boldy. Men ony diňläp öz ownuklygym, häzirki dostlaryň ownuklygy ýadyma düşdi. Mundan 50-ýyl öňem beýle däldi. Kerim aga-da, Mämmet aga-da, Gurbannazaram, Nury Halmämmedem... bardy. Häzir olaryň ýerini kimler tutdy? Şolar bolmalylaryň atlarynam tutasym gelenok. Has beterem özümden utanýan. Nähili bolaýdyk? Ýaş nesil biz siziň öňüňizde günäkär. Özümizden ulularyň bize beren galamyny size geçirip bilmedik. Nähili beýle boldy? Ýa biz şol galamy aslynda alybam bilmedikmikäk? Ýyllaram deň gelenok. Mümkin bu-da şoňa meňzeş bir ýagdaýdyr? Ýok, özümi aklajak bolmaýyn...
Gurbannazara bagyşlap bir goşgy ýazdym. Ony häzir goýjak.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Es-selamy aleykum! Men sizin saydynyza täzelikde girdim... bir hepde bolandyr hemme hekayalarnyzy okap gundeliginize geçdim. 2011inji yyldakydan 2015inji yylyn birinji mart ayyna gelipdirin. Dogrusy gaty many alarlyk, boś wagt tapdygym saydynyza girip galan ÿerinin yzyny okamana howlugyan... Yazasym gelyan, pikir alyśasym gelyan zatlaryn koplugindenmi, name yazjagymy bilman duryn. In esasy aydasym gelyän zat yazgylarnyzdan gorelde aljak okujalaryn koprak bolmagyny, "śägirt ussadan ozmasa kär yiter" diyliśi yaly Soñy bilen okujalaryn(yaślaryñ) arasynda käri yitirman sizdenem ozmaklaryny isleyän! Kop kop sag bolun gundeliklerñizi paylaśyanyñyz üçin!!