Gündelik ýazgylaryma girmäge ýaýdanyp durun. Ýazsam haýyrlydygynam bilemok, biderek wagt geçirmekdiginem. Diňe öz wagtyma däl,okajak bolup sizem wagtyňyzy ýitirersiňiz. Iň soňunda-da okan zatlaryňyz känbir göwnüňizdenem turmaz. Aý, bor-da diýer geçersiňiz. Men bulary özüm üçin ýazýan diýsemem bu-da dogry däl. Özüm üçin ýazsam men olary iliň okajak ýerine ýazmazdym. Öz başyma bir ýerde ýazar goýardym. Okarsyňyz diýip ýazýan. Okaýanlaryňam bardygyna begenýän hem ýazgylarymdan tamaňyz çykýarmy şony bilmän galýan.
Bu martyňam ýarysy geçdi. Men bir zada gaty dürs akyl ýetirdim, hiç zat çalt hem gözüň alnynda boluberenok. Aýratynam bu okuwda şeýle. Birinji klasda harplary öwrenmek üçin ep-esli okalýar, soň bogunlara bölüp söz öwrenýäň. Şeýle haýal. Emma ulalaňsoň hat okamany aňsatjak hem çalt öwrenendirin öýdýäň. Hekaýa ýa roman ýazýaň. Sözme-söz, harpma-harp. 3 müň, 10 müň... söz ýazýaň. Ýazyp bolaňsoň aňsatjak ýazylandyr öýdýäň. Ussa giden diwaryň, tutuş öýüň ýekeje-ýekeje kerpiçden örüp boýuny galdyrýar. Başda ol beýdip ýeke kerpiçden örjek bolsa, haçan gutarar diýýäň. Bir görseňem gutarypdyr. Onuň jaýy gurmaga sarp eden wagty geçip gidipdir. Şeýle derejede geçipdir, ol eýýäm ýok. Jaý welin bar.
Häzir jigilerimden Wýetnamda okap ýörenleri bar. Olaram şeýdip günde kerpiç örýän ussaňky ýaly bilimlerini aňlaryna örüp gidip oturandyrlar. Bir görsek bilimli ogullar bolup gaýdyp gelerler. Bäş ýylmy, dört ýylmy okarlar. Şol dört-bäş ýyly tapmarsyň, emma olar bilimli bolandyrlar. Başda şol ýyllaryň geçmesi iň kyn mesele ýalydy. Soň seredip otursak, ýyl geçip, ýitip gidýär esasy zat - alan bilimleri eken. Şoňa düşünmeseler, olar wagtlaryny çaltyrak geçirmegiň aladasyny okuw okamakdan öňde goýýan bolsalar, hem bilimsiz galarlar, hem wagtlary haýal geçer. Dogrusy, wagt diýilýäni haýal ýa-da çalt geçirmek mümkinem däl. Ol öz kada-kanunyna görä geçýär. Ony diňe peýdaly ýa-da peýdasyz geçirip bolýar. Peýdasyz geçen wagty gözüne ýeňil, peýdaly geçen wagtam agyr görünýän adamyň soňy biderek bolýar. Sebäbi ol şeýdip, bütin ömrüni peýdasyz geçirýär. Wagtyňy peýdaly geçirmek diýmek, örüp oturan diwaryňa ýaltanman, gyşartman dogruja edip kerpiç goýmak. Näçe köp hem dogry örüp bilseň şonça-da saňa ussa eken diýilýär. Örüp bilmeseň bu-la elinden zat gelmeýän birisi eken diýýärler. Jigilerim şolardan bomazlar diýip tama edemsoň, olary mysal alyp ýazyp otyryn. Hakyna seredeňde özüm hakynda ýazjakdym. Öz ören diwarymyň näçeräkdigine seretjekdim. Özüňe baha berenden başga birine baha bermek aňsat. Dünýede hemme kişi şeýdip haýsysy aňsatka diýip ýörmükä? Özüne baha bermegiň ýerine jigisine, doganyna, goňşusyna, daýysyna, ýegenine... nätanyş birine-de içinden barmagyny çommaldyp ýörmükä? Ine meniň gorkýan zadymam şol. Kimem bolsa biri nämäňe ýazan bolup otyrsyň... diýäýjek ýaly. Ony diýjek ýazsamam, ýazmasamam tapylar. Bu-da dogry. Ýöne ýazsaň saňa çommalýan barmaklar hasam köpelýär...
Teswirler (4 sany)
agza adym:betje
parol:yunusberdiyew
teswir:erbet dal yone siz biznes kitaplar yazsanyz has gowy bolardy.
Adym:yunus
24.04.2024.
erbet dal
ylyas aga salam bolsun ylyas aga eserinizde biraz kemcilik ba ozuniz bilyanizmi?.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
erbet dal.eseriniz